8-nji MART HALKARA ZENANLAR GÜNÜNIÑ TARYHY 

8-nji mart Halkara zenanlar güni ýa-da Bütindünýä işçi zenanlaryñ güni - aýal-gyzlara garşy jynsparazçylykly düşünjä garşy göreşmegiñ günüdir. Mundan 153 ýyl öñ deñhukukly işe deñ aýlyk hakyny talap edip we iş ýerlerindäki ýaramaz şertlere garşy janlaryny orta goýup aýaga galan aýal-gyzlaryñ bu günki-gün atlary ýatdan çykyp gidenem bolsa, olar başyny başlan göreşli ýollarynyñ häzirki günlerde-de gahrymany bolup gelýärler. Bu gün ýer ýüzüniñ zenanlary şol döwüriñkiden kän-kän tapawut etse-de, dowam edip gelýän bökdençlikleri şol atsyz gahrymanlaryñ başyny başlan göreşinden mysal tutup dillenip bilýärler. 1857-nji ýylyñ 8-nji martynda ABŞ-nyñ Nýu-Ýork şäheriniñ tekstil kombinatynda işleýän ýüzlerçe aýal aýlyk haklarynyñ pesligine, iş wagtynyñ kadadan artykdygyna we adamkärçilige sygmajak ýaramaz şertlere nägilelik bildirip iş taşlaýyş yglan edýärler. Iş taşlaýyşlar dowam edip durka, ýüze çykan ýangynda kombinatyñ öñünde gurlan barrikadalary taşlamandygy sebäpli 129 işçi zenan ölüpdir. 

Makalany doly okamak ü.n aşakdaky linke giriñ:

http://www.kitapcy.ga/news/8_nji_mart_halkara_zenanlar_gununin_taryhy/2020-03-09-10737

Edebiýat, wagt tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir