YNAMYNY WE WYŽDANYNY ÝITIREN ADAM JEMGYÝET ÜÇIN IÑ HOWPLY MAHLUKDYR

▶ Tanymal ýazyjy, filosof Röwşen Abdylla ogly bilen söhbetdeşlik

● Ilkin Izzet: - Eger Hudaý bolmadyk bolsa, her bir bolýan jenaýat ejazaly bolarmydy?

● Röwşen Abdylla ogly: - Hudaýa bolan mäkäm ynam, durnukly ideologiýa adamy düýpgöter özgertmäge ýeterlik bolýar. Eden etmişine görä onuñ özüne alyp barşyna gönükdirilýän özboluşly dartyş emele gelýär. Bu dartyş ony hapa işleri etmekden hemişe saklaýar. Etmişi üçin ony jezalandyrmagyñam zerurlygy ýok. "Eger Hudaý ýok bolsa, näme etseñ edibermeli" diýen meşhur aýtgy-da muña yşarat edýär. Birnäçeleri, hatda Žan Pol Sartr hem bu aýtgynyñ Dostoýewskä mahsusdygyny aýdýar. F.Dostoýewskiniñ "Doganlar Karamazowlar" romanynda şeýle diýilýän ýeri bardyr:

"Adamyñ bakylyga bolan ynamyny ýok ediñ. Şol wagt onda ähli mähir-muhabbet, hatda bu pany dünýädäki ýaşaýşyny dowam etmegi üçin gerekli janly dartyş güýji zym-zyýat bolar. Şeýlelikde, ahlaksyzlygyñ ähli formasy geñ görülmez, näme etseñ edibermeli bolar, hatda antropofakiýa (adam iýmek) başlanar".

Hut şonuñ üçinem Eflatun (Platon) ateizmi jemgyýet we döwlet üçin iñ uly howp hasaplapdyr. Onuñ pikirine görä Hudaýa ýa-da "hudaýlara" ynanmaýan adamy iñ ýowuz jezalar bilen ölüme ýa-da zyndana sezewar etmelidi.
Eflatun aýtmyşlaýyn, "Şahsyñ gursagynda Hudaýa bolan hakyky ynam bar bolsa, onda ol hiç wagt bilkastlaýyn bela-betere duçar bolmaz". Orta asyrlarda dine uýýanlar, hatda filosoflaram ateizmiñ garşysyna çykyş ederdiler. Meselem, Leýbnis, Frensis Bekon, Jon Lokk we başgalar...
Umuman alanda birnäçe, hatda siwilizlenen ýurtlarda-da ateistlere garşy kanuny we sosial diskriminasiýany görmek mümkin. Bize mälim bolan maglumatlara görä, käbir ýurtlarda döwlet edaralaryndaky işlerde ateistlere has az ynam edilýär. Diýmek, köpçüligiñ añynda ateizm jenaýat, ahlaksyzlyk, dünýäparazlyk ýaly ýaramaz hüý-häsiýetler bilen bile assosirlenipdir.

● - Dogrudanam, ähli ateistler ahlaksyz bolýarmyka?

● - Ýok! Elbetde, ýok. Adamy ahlak gymmatlyklaryna baglanyşdyrýan amallaryñ iñ esasysy we iñ güýçlüsi ~ hakyky ynamdyr.
Wyždan, sosial porisaniýe, ilden çykmazlyk, watansöýüjilik ýaly adamkärçilik duýgular ateistlerde-de bolup biler. Şahs Hudaýa ynanman biler, emma beýleki ýagşy amallaryñ çygryndan çykmanam hereket edip bilýär. Eflatun özüniñ "Kanunlar" traktatynda ateistleri ahlak aýratynlyklary taýdan iki topara bölýär:
Birinjisi: hapa işleri etmekden saklanýan ateistler, ikinjisi: Hudaýy tanamak bilen birlikde öz nebsiniñ hapa islegleriniñ öñüne böwet basyp bilmeýänler.
Eflatun aýtmyşlaýyn, "Ikinji topar uçursyz zehinli we giñ düşünjeli, şol sanda olar örän pis bolýar". Eflatunyñ pikirine görä tiranlar, demagoglar, rehim-şepagatsyz jeñbazlar ikinji kysym ateistleriñ arasyndan çykýar.

● - Dinleriñ öñe sürýän taglymyna gulak gabartsañ, adamlar üçin ahlak gymmatlyklaryny diñe dinler üpjün edip bilýärmişin? Adam din bolmazdan haýsydyr bir işiñ erbet ýa-da ýagşy işdigine göz ýetirip bilmezmi?

● - Hemmeleriñ kabul eden umumyadamzat ahlagy ýa-da hukuk kodeksleri dine-de, filosofiýa-da, ateistik mekdebe-de mätäçlik duýanok. Ýalançylygyñ ýaramaz gylykdygyny, ogurlygyñ erbet zatdygyny, hyýanatyñ, bigünä adamy öldürmegiñ, zulum-sütemkärligiñ ýigrenji hereketlerdigini hemmelerem bilýär. Hemmeler adamkärçiligiñ, mertligiñ, gumanizmiñ adamzadyñ iñ ajaýyp gylyklaryndadygyna gowy düşünýär. Ylahy kitaplar ahlak we hukuk gymmatlyklary barada hiç zat aýtmadyk ýagdaýynda-da, bu ajaýyplyklara göz ýetirmek üçin diñe adamyñ öz akyl-paýhasy hem ýeterlik bolardy.

● - Eger şeýle bolýan bolsa, ýagny adamlar bu meselelerde umuman birmeñzeş düşünýän bolsa, onda şunça gapma-garşylyklar, uruş-jenjeller, zulum-sütemler nirden döreýär?

● - Mesele onda däl. Sütemkär adamy horlamagyñ nämedigini ikimizden gowy bilýär, beýlekisi zynahorlugyñ, ýene biri parahorlugyñ nämedigini gowy bilýär. Esasy mesele biziñ bilýän zatlaryma amal etmeýänligimizde. Adamlar ýagşy amallary şahsy bähbitlerine we nebsiniñ isleglerine gurban edýärler. Ynha, biz şu hususa has köp üns bermeli.

● - Ýeri bolýa, onda jemgyýete näme howp salyp biler?

● - Aslynda jemgyýet üçin iñ howply zat ~ gara nebsiniñ ýesirine öwrülen adamdyr. Şeýle adamyñ haýsy ynanja degişlidigi, ateistligi ýa däldigi esasy zat däl. Adam goýberýän säwligini has mantykly we tutaryklaryny has esasly hasaplamalara görä saýlap almaýar. Ol diñe öz haýu-höweslerine kybap gelýän ýoldan gidýär. Hezreti Alynyñ (r.a) meşhur bir sözi bar:

"Siziñ üçin iki zatdan ha beter gorkýaryn. Olaryñ biri nebsiñe gul bolmakdyr. Şuny ýatda saklañ: öz nebsiñiziñ isleglerine uýmak sizi dogry ýoldan azaşdyrar, hakykatyñ ýolundan ýöremegiñize päsgel berer".

Adam bu ýalñyş ýoly emosional taýdan saýlap alandan soñ, özünkini dogry görkezmek üçin "ylmy argumentler" we logiki tutaryklar toslap tapmaga başlar.

● - Ynamy we ynamsyzlygy saldarlap görenimizde, ideologiýa özüni haýsy tarapda görkezerkä?

● - Ynam we dini idelogiýa amal derejesinde iññän effektleýindir. Ol adamy ýagşy işleri amal etmäge çagyrýan iñ uly güýç bolup durýar. Ateizm, deizm, agnostisizm bu derejede hiç zatdyr. Statistiki hasaplara görä, Hytaýda ýylda 5.000 adam ellä golaý jenaýat maddasy (statýa) bilen aýyplanyp ölüm jezasyny alýar. Şeýle-de bolsa, bu ýurtda ölüm jezasynyñ bardygyna garamazdan, korrupsiýanyñ, jenaýatlaryñ öñüni almak häzirem mümkin däl. Dünýä boýunça amala aşyrylýan jenaýatlaryñ, etmişleriñ 80-90 %-i ynanjy bolmadyk, hususanam ynanjy gowşak adamlae tarapyndan edilýär. Eger şol adamlar durnukly ideologiýa we mäkäm ynama eýe bolan bolsadylar, onda olar jenaýata her hili ýagdaýda-da baş goşmazdylar.

● - Siz ýañy Eflatundan mysal getirdiñiz. Dogrudanam, Eflatunyñ aýdan ideologiki diskriminasiýasynyñ geregi barmy?

● - Hiç kim meniñ ýaly düşünmegiñ mejburyýetinde däl, menem başga biriniñ düşünjesi ýaly düşünmäge mejbur däl. Ideologiýanyñ talaplaryna görä kimdir birini ynanjy üçin tankyt etmek, ynançlylary, ateistleri ýa-da başgalary ýazgarmak dogry däldir. Ýöne kim bolanda-da, garşylyklaýyn pikir çekişmesini etse bolar. Ateisti, hususanam ynanjyna seredip hiç bir tutaryksyz gelejekde haýsydyr bir jenaýaty edäýmesin diýip öñünden jezalandyrmak, horluga sezewar etmek düýbünden ýalñyşdyr.
Käte kimdir biriniñ eden etmişleri esasynda onuñ ynanjy umumy stereotip formalaşdyrylýar. Şeýdibem bir gurrumsagyñ oduna günäsiz kişilerem ýanýar.

● - Hudaýa ynanan her bir mömini wyždanly we ahlakly hasap edip bolarmy?

● - Ýok!

● Eýse, bir adamda hem imanyñ hem ahlaksyzlygyñ bar bolmagy paradoks dälmi näme?

● - Ýok, däl. Siziñ aýdanlaryñyz kämil imana dogry gelmänem bilýär, ýöne käbirlerindäki kemis iman bilen hemme zat birleşip bilýär. Gurhanyñ "Ýusup" süresinuñ 102-nji aýatynda şeýle diýilýär:

"Ýöne olaryñ aglabasy şirk goşup Allaha iman etdiler".

Eger bir kalpda iman bilen şirk ýerleşip bilse, onda hemme zat kemis iman bilen jemlenip biler. Adam hapa işlerden imanyny kämilleşdiren mahalynda daşlaşyp bilýändir.
Eflatun "Kanunlar" eserinde Hudaýa ynanan adamyñ erbet iş etmeginiñ mümkinligini aýdýar, ýöne şeýle adam Hudaýyñ adamlaryñ durmuşyna gönüden-göni esewan edip durýandygyna durky bilen ynanasy gelenok. Eflatunyñ aýtmagyna görä, Hudaýy ýeterlik derejede tanaýan adam erbet iş etmeýär.

● - Siziñ pikiriñizçe, Hudaýa bolan ynamyñ psihologiki effekti nähiliräk?

● - Wilýam Jeýms, Wiktor Emil Frankl, Karl Gustaw Ýung, Deýl Karnegi ýaly tanymal psihologlar, Dostoýewskiý, Tolstoý, Kant ýaly şahsyýetler ynamyñ psihologiki zerurlygyny, onuñ adamyñ ahlak taýdan özüni alyp barşyna ýetirýän täsirini ýeterlik delillendirip bildiler. Ýöne häzire çenli Hudaýa bolan ynamyñ peýdasy diñe psihologiki jähtler bilen ölçeldi.

● - Röwşen halypa, eger Hudaý bolmadyk bolanlygynda, ony ýalandan toslardyñyzmy?

● - Ýok, boljak zat däl! Hudaýa bolan ynamyñ praktiki, ahlak, maddy we sosial bähbitleriniñ bardygyna garamazdan, bular ýaly çynlakaý meselede ýalandan toslamagy hç bir babatda dogry hasaplamaýaryn. Çünki ynam hiç wagt ýalanyñ üstünde uzak ýaşap bilmez. Ynam diñe we diñe ylmy ýakynlyk esasynda bina edilmelidir. Ylmy ýakynlygyñ ýok ýerinde ynamyñam düýbi çüýrük bolýar.

● - Haýsy ideologiýany ýa-da dini terrorizme has ýakyn hasaplaýarsyñyz?

● - Terrorizmiñ dini-de bolmaz, milleti-de bolmaz! Şoña görä hem şeýle nukdaýnazardan seretmegi ýalñyş hasaplaýaryn. Käte yslamy, umuman dini ynançlylygy jemgyýet üçin howply görýärler, ateistde bolsa bu sosial howp bolmaýar, çünki ynamsyz kişi has gumanist bolup, jemgyýetiñ aladasyny has köp edýär. Bu düşünje bilenem ylalaşamok. Men jemgyýeti püçege çykaran köp sanly ateist we dinsiz şahslary mysal çaky bilýärin. Meselem Sowet Soýuzy. Stalin ateizmiñ iñ fundamentalist tarapdarlaryndan we iñ görnükli wekillerindendi. Orta atylan pikire görä, ol dünýäniñ iñ gumanist (ynsanperwer) adamy bolmalydy. Rus taryhçysy, ýazyjy, Nobel baýragynyñ eýesi Aleksandr Isaýewiç Solženisynyñ "Gulag arhipelagy" romanynda aýtmagyna görä, 1917-1959-njy ýyllarda SSSR-de sowet režimi tarapyndan açlykdan, türmelerde, sürgünlerde, terrordan 66 milliondan gowrak adam öldürildi. Staliniñ şowinistik syýasaty netijesinde SSSR-de, esasanam Ukrainada, Belarussiýada, Uralda, Kawkazda, Gazagystanda birnäçe gezek köpçülikleýin açlyk döredi. 1932-1933-nji ýyllarda dörän köpçülikleýin açlyk netijesinde SSSR-de 7-8 million adam açlykdan gyryldy. Ukrainada bolan 1932-33-nji ýyllardaky açlyk ukrainalylary gyrmak üçin gurnalan genosid hasap edilýär. Geliñ, XVIII asyrda ýüze çykan Beýik Fransuz Rewolýusiýasyndan mysal alalyñ. Bu rewolýusiýa döwründe ateistler we deistler köne sosial gatlaklara garşy göreş bahanasy bilen monahlary, ynançly gatlaklary, we aristokratlary köpçülikleýin gyrdylar. Käbir taryhçylar bu rewolýusiýa wagtynda azyndan 600.000 adamyñ öldürilendigini aýdýar. Fransuz taryhçylary bolsa, bu ganly ynkylabyñ pidalarynyñ hakyky sanyny hiç wagtam anyk bilip bilmejeklerini boýun alýarlar. Müñlerçe monahyñ, ýepiskopyñ kellesi şalgam kimin kesilipdir. Fransuz rewolýusiýasy sözüñ doly manysynda "Köpçülikleýin terrorizmiñ möwç alan döwrüdir". Ýagny ynkylapçylaryñ düşünjesi bilen ylalaşmaýan şahslaryñ köpçülikleýin öldürilmegidi, ýakobinçileriñ ýurt boýunça durmuşa geçiren reaksioner hereketleri, köpçülikleýin teraktlary.
Ikinji Ispaniýa respublikasynyñ dowam eden 1931-39-njy ýyllarynda respublikaçylar häkimiýet başyna gelende ynançly adamlara garşy köpçülikleýin teraktlary amala aşyryp başladylar. Şol döwür 50-ä golaý buthana oda berildi, 7.000-e golaý monah we ruhanynyñ ganyna galyndy. Ateist respublikaçylaryñ wagşyçylykly syýasaty dini ynançly ýönekeý adamlaryñ başyndanam towky bolup indi. On müñlerçe adam özünde "mukaddes atribut" göterýändigi üçin janyndan el üzmeli boldy. Bu ganhorçylykly çäreler dini ynanja şahsy ýigrenç esasynda amala aşyrylan çärelerdir. Olaryñ gulaklaryny kesip, boýunlaryndaky haçlaryny ýuwutmaga mejbur edýärdiler, ruhanylar diriligine oda atylyp, monah zenanlar jynsy zorluga sezewar bolýardy, dini ynançlylar haça çüýlenýärdi. Olaryñ häkimiýeti sud etmän öldürmek, garşydaşlaryna garşy görkezen şahsy zalymlyklary bilen halkyñ hakydasynda galypdyr. Olar üçin adamyñ dini ynanjynyñ bolmagy, ýa-da monah, ýa bolmasa din bilen uzakdan-ýakyndan bir baglanyşygynyñ bolmagy onuñ öldürilmegi üçin ýeterlik bahana bolup bilýärdi.
"Gyzyl terror" ady bilen tanalan bu ganly wakalarda diñe dini ynançlylara däl-de, syýasatçylara, aristokratlara, köp mülke eýeçilik edýän baýlara, senagatçylara garşy hüjümler hem gurnalypdy. Munuñ netijesinde watanyny taşlap gaçyp gitmäge mejbur bolanlaryñ hetdi-hasaby ýokdy.
Ýa bolmasa, Hytaýda Mao Szedunyñ hökmürowanlyk süren ýyllaryna ser salalyñ. Mao Szedun "beýik galkynyş" we "medeni öwrülişik" şygary astynda iki uly reformasiýany amala aşyrdy. Aslynda muña halkyñ üstüne çöken apat, halky köpçülikleýin gyrmak diýip at bersek has dogry bolardy. Netijede köpçülikleýin açlyk, aristokrat gatlaklaryñ terrorçylygy, repressiýalar möwç urdy. Bu "galkynyş" 10 milliona golaý bigünä adamyñ ölümine sebäp boldy. "Medeni öwrülişik" şygary astynda 53.000 alym, 3.000-e golaý döredijilik we medeniýet işgäri, ýazyjylar, 142.000 pedagog we möhüm wezipelerde oturan adamlar ölümiñ gujagyna oklandy. Olardan başga-da dürli bahanalar bilen ýüz münlerçe adam öldürildi. Mao Szedun özüne basdaşlyk edip biläýjek syýasy partiýalardanam 5 million adamyñ ganyna galdy, olaryñ ýerine öz aýdanyndan çykmaýan adamlary oturtdy. Käbir maglumatlar Maonyñ häkimiýetiniñ 100 million adamyñ ömrüni kül edendigini habar berýär. Ynanasyñam gelmeýär, ýöne Maonyñ häkimiýeti döwründe rewolýusiýa garşy gidenleriñ beden agzalaryny iýmek partiýa we Szeduna bolan söýgiñi, wepalylygy görkezmek hasap edilipdir. Birnäçe kişi wezipä göteriljek bolup, şeýdip özüni görkezipdir.
Taryhyñ masgaraçylygy diñe şu sanalanlar bilenem gutarmaýar. Kambojada Pol Potuñ režimini mysal getireliñ. Pol Pot ne-hä Hudaýa ynanypdyr, ne-de dinlere... Onuñ boýnunda iki milliona golaý adamyñ gany ýatandyr. Pol Pot progrese, ylma duşmançylyk edipdir. Çünki ol bulara buržuaziýanyñ elementleri, öz syýasy diktaturasynyñ duşmany ýaly garapdyr. Şonuñ üçin intelligensiýa wekilleri, häkimler, pedagoglar, alymlar köpçülikleýin gyrgynçylyga sezewar bolupdyr. Häkimiýeti elinde saklaýan režim kitaphanalary ýok edipdir, sungatyñ her dürlüsine garşy gidipdir, aýdym-sazy, sport çärelerini, baýramçylyklary gadagan edipdir. Şeýdip, Pol Pot bir halkyñ tutuş medeniýetini, halkyñ beýnisi bolan intelligensiýany, ylmy-medeni ösüşini ýom-ýok etdi. Ol diñe öz durmuşynda üns berýändigi üçin ýurduñ ähli künjegini agrar sosializme öwürmek hakynda kanunlar kabul edipdir. Şäherlileri öz diktarurasynyñ hyzmatyny etmäge mejbur edipdir. Siz pikir etmäñ, Pol Pot sowatsyz we nadan biridir öýdüp. Ýok, gaýtam ol Pariž uniwrsitetini okap gutaran ylymly şahsyýetdi. Pol Potuñ gorag gullugynda gulluk edýän esgerler çagalykdan taýýarlanypdyr, olara adamyñ gany içirilipdir. Şeýtmek bilen esgerleri garadangaýtmaz goragçy edip ýetişdirmek isläpdirler. Görşüñiz ýaly, bu adamlar dini ynançlary bolmasa-da, näme üçin şeýle rehim-şepagatsyz işleri amala aşyrdylar? Olarda adamlara bolan şunça ýigrenç nirden peýda boldy? Bu adamlar dine garşy we dini kabul etmeýän şahslar bolup, ateist bolmagy olary gumanist edip bilmändir. Diýmek, gumanizmiñ adamyñ ateist bolmagy bilen degişli ýok. Tersine, adam Hudaýa bolan ynamyny ýitirdigiçe iñ howply mahluga öwrülýär. Taryhda bolup geçenler muny subut edip dur. Adatça buddizmi iñ gumanist din hasap edýärler, çünki buddizmede adam öldürmek iñ uly günädir, onuñ kanunlary adamsöýüjilige has örklenipdir. Beý diýsem, yslamda, ýa bolmasa beýleki ylahy dinlerde adam öldürmek günä hasaplanmaýandyr öýtmäñ. Adam öldürmek dije buddizmde däl, ähli dinlerde iñ uly günä hasaplanýar. Dinleriñ ählisi zulumy halamaýar. Yslamyñ kanunlary hak-hukuk meselesine iññän seresaply çemeleşýär. Buddistden terrorçy çykmaýar diýip pikir edýänler Ýer planetasyna gaýyp düşendir. Şeýle pikir edýänler "buddist terrorizmi" diýip internetiñ gözleg düwmesine, habar portallaryna basyp görsünler, gözleri näme görýär... Goý, buddizmi iñ gumanist din, oña eýerýänleri-de iñ hoşniýetl adam hasap edenler öz pikirlerinde galsyn. Eger buddizm adamy iñ gumanist şahsyýete öwürýän din bolýan bolsa, onda buddizmiñ iñ köp ýaýran ýurtlary dünýäde jenaýatlaryñ we uruş-dawalaryñ iñ az bolýan ýeri bolardy. Bu ýurtlar Hytaý, Butan, Ýaponiýa, Hindistan, Kamboja, Korea, Laos, Mongoliýa, Mýanmar, Nepal, Tailandiýa, Şri-Lanka... ýaly ýurtlardyr. Bu ýurtlaryñ jemgyýetiniñ käbiriniñ agramly bölegi, ýagny 80-95%-i buddistdir, käbirinde ondanam agdygrak. Ýöne bu ýurtlaryñ taryhyna ser salanyñyzda, ençeme aýylganç we ganlt söweşleriñ bolup geçendigini bilersiñiz. Jenaýat we adam öldürmek boýunça-da bu ýurtlar öñde barýar. Bu ýurtlarda iñ gorkunç we ganly teraktlar buddist ynançlylaryñ eli bilen amala aşyryldy. Görşüñiz ýaly, näme üçin olaryñ gumanist buddizmi bu jenaýatlaryñ garşysyna göreşmedikä? Bu soragy bir gapdala oklap, buddist ruhanylaryñ eden-etdilikerinden söz açalyñ.
Aşin Wiratu buddistleriñ ýolbaşçysydy. Ol on dört ýaşyndan bäri buddist ruhanysydyr. Şeýle-de bolsa, Wiratu buddist ruhanylaryny Mýanmarda musulmanlaryñ ýaşaýan posýoloklaryna hüjüm etdirip, birgiden musulmanyñ ganyna galyp, öýüni ýumurmaga meçew beren ganojakdyr. Hut Wiratunyñ çagyryşy bilen buddistler metjitlere hüjüm edip, musulmanlaryñ söwda merkezlerini weýran edipdiler. Dünýäniñ habar beriş serişdeleri Wiratunyñ adyny "buddist terrorynyñ simwoly", "Birmanyñ Gitleri", "Buddist Bin Ladeni" ýaly lakamlar bilen tutýar. Onuñ esaslandyran "969" reaksioner guramasynyñ maksady ýurtda ýaşaýan ähli musulmanlaryñ soñuna sogan ekmek. Wiratu we onuñ şägirtleri ýurduñ çar künjeginde gahar-gazap, ýigrenç syçraýan çykyşlary gurnadylar. Şri-Lankada-da şoňa meñzeş "Bodu Bala Sena" ("Buddist güýji") atly terrorçylykly gurama bar. Olaram ýurtda hem musulmanlara, hem hristianlara garşy teraktlar amala aşyrýar, olaryñ söwda merkezlerini, ybadathanalaryny paýhynlaýar. Bu guramanyñ azyndan on müñlerçe agzasy bar, özem olaryñ köp bölegi ruhanylardyr. Bu sanawa Ýaponiýada hereket edýän "Aum Sinrikýo" atly buddist terroristik guramasyny-da goşmak mümkin. Bu gursm Tokioda metronyñ partladylmagy zerarly ençeme adamyñ wepat bolmagyna sebäp bolupdy. Özem bu gurama dünýäde dörän ilkinji terroristik gurama bolup, öz ildeşlerine garşy himiki ýaraglary ýygy-ýygydan ulanýar. Şu ýerde Hindistandaky we Koreadaky buddist terrorlaryndanam söz açsa bolar. Hindi rajalarynyñ adamlara buddizmi zor bilen kabul etdirmek üçin amala aşyran gyrgynçylyklaryny ýatlap geçsek gowy bolar.
B.e.öñ III asyrda patyşa Aşoka buddizmi Hindistanyñ döwlet dinine öwürmegi niýetine düwüpdir. Aşoka buddist permanlara boýun egmeýänleri öldürip, başga ynançlylara garşy gazaply göreş alyp barýardy. Başga-da birnäç buddist rajalaryñ amala aşyran ganly teraklaryny mysal getirip bolar.

● - Netijede kimi iñ howply adam hökmünde görüp bileris?

● - Ne Hudaýy, ne wyždany bolan adam iñ howply adamdyr. Bular ýaly adam ateistleriñem, deistleriñem, musulmanlaryñam, hristianlaryñam, buddistleriñeñem arasyndan dürli-dürli ýagdaýda ýüze çykyp bilýär. Oksforf uniwersitetiniñ professory Alister Makgrat bir makalasynda: "Wagtyñ geçmegi bilen ateizmde islenilen dindäki ýaly pyrryldakçy, psihopat (şizofren) we wezipeparazlar (karýeristler) peýda boldy" diýip ýazýar. Pyrryldakçy üçin oña haýsy şygaryñ astynda kölegeläni esasy zat däl. Ol öz dünýägaraýşyny haýsam bolsa bir ideologiýa tüýs ýüregi bilen ynanýandygy üçin däl-de, diñe öz şahsy bähbitlerine, ýa-da psihologiki ýagdaýyna kybap gelşine görä kesgitleýär.

● - Siziñ pikiriñizçe jeza çärelerini ýowuzlaşdyrmak arkaly jenaýatyñ köküni köwlemek mümkinmi?

● - Meniñ pikirimçe, beýtmek kähalatlarda effektli bolup biler. Nebsiniñ ýesirine öwrülip, hapa isleglerini amala aşyrmak isleýän adam kanunyñ eli ýetmeýän ýer tapan badyna päline düwen işini eder. Hudaý saklasyn, nebsine ýesir düşenlerden biri kanunyñ başyna geçse, onda näme etjek? Beýle mümkinçilik eline geçen adamyñ edýän bozgakçylyklaryny ne yns biler, ne jyns...
Biz ilki jenaýatyñ döremegine eltýän başlangyç şertleriñ köküni köwlemeli. Ýagny adamlaryñ düşünjesinde, kalbynda ynkylap döretmeli. Her bir adam tutuş düýrmegi bilen jenaýatyñ ähli görnüşlerine ýigrenç duýmaly. Diñe şeýdilende kanunlaryñ eli ýetmän galan ýerlerinde jenaýat bolmaz.

● - Nazaryýete görä seretsek, yslam kämil din hökmünde musulmanlaryñ hemmetaraplaýyn kämilleşmegine ýardam etmeli. Onda näme üçin muny musulmanlaryñ ählisinde görüp bilemzok?

● - Muny diýmek bilen; sebäbiñ öz täsirini ýetirmegi üçin iki şertiñ bolmagy, birem bökdençligiñ ýoklugy wajypdyr. Meselem bugdaý tohumynyñ bugdaý bolup ýetişmegi üçin onuñ topraga garylmagy, wagtynda suwarylmagy, seredilmegi gerek. Elbetde, munuñ üçin hiç bir päsgelçiligiñ bolmazlygy hökmanydyr. Ylahy hökümleriñ, ruhy gymmatlygy bolan amallaryñ adamy beýgeltmekde täsiri uludyr. Ýöne bu täsiriñ adamda, jemgyýetde, ýurtda, dünýäde özüni görkezmegi üçin gerekli şertleri we päsgelçilikleri nazara almal gerek. Eger şertler ýerbe-ýer bolsa we ortada hiç hili päsgelçilik bolmasa, anyk netijeleri gazanyp boljakdygy şek-şübhesizdir. Sowatly, janypkeş mugallymyñ çöññe okuwçylary gowy bahalary alyp bilmese, mundan mugallym sowatsyzdyr, iş başarýan däldir diýen netijäni çykarmak dogry bolmaz. Eger şondan soñam tutuş ýüz ýyllap şobir düzgün dowam edip, okuwçylar çöññeligine galsan ýene-de mugallymy günäkärläp bolmaz. Bu örän ýönekeý we düşnükli logikadyr. Şeýle deñeşdirme edip göreliñ: Hatda eger bütin musulman ýurtlary Aftikadaky taýpalar ýaly ösüşden, medeniýetden uzak ýaşan bolsadylar, ýene-de mundan Gurhanyñ we yslamyñ ýalñyşlygyny gözlemek juda gülkünç bolardy.
Uniwersitetiñ ähli talyplary jemlenip, ýalñyş hasaplamalary işleselerem, jübütlik ýalñyş diýen netijä gelip bilmezler. Jübüt sandan ýalñyşlyk gözlemän, jübüt sanyñ özüni öwrenmek gerek.

● - Käte käbir musulman ýurtlarynyñ gynandyryjy ýagdaýlary olaryñ dini ynançlary bilen baglanyşyklydyr diýýänler bar. Bu hakykatdanam şeýlemikä?

● - Biz bular ýaly manysyz çemeleşme bilen şeýle netije-de çykaryp bileris: Eger musulman bolmazlyk ýurduñ ýa-da adamyñ medenileşmegine ýa-da kämilleşmegine täsir edýän bolsa, onda Merkezi Afrika Respublikasy dünýäniñ iñ ösen ýurtlaryndan biri bolardy. Halkynyñ 80-85%-i hristian bolan MAR dünýäniñ yzagalak we iñ garyp ýurdy bolmagynda galýar. "WIÇ" (Ви́рус иммунодефици́та челове́ка) keseliniñ hem iñ köp ýaýran ýeri şol ýerdir. Zambiýañam aglabasy hristian, onuñ bary-ýogy 5%-i musulman. Ynanjynyñ hristian bolmagy olary eşretli durmuşa ýetirmändir. Muña meñzeş ýagdaýy halky butparaz, ateist bolan ýurtlarda-da görmek bolýar. Wýetnamyñ we Estoniýanyñ halkynyñ aglabasy ateistlerden ybarat. Emma ol ýerde-de göze dürtülip duran ösüş we siwilizirlenen durmuş göremzok.

● - Käbirleri "kämil döwür ateizme mahsusdyr" diýýärler. Siziñ pikiriñizçe muña nähili düşünmeli?

● - Ateizm XX asyryñ birinji ýarymyna çenli aktuallygyny saklady. 70-80-nji ýyllarda-da öz güýjüni saklady diýen ýaly. Ýüze çykan käbir syýasy, ylmy we jemgyýetçilik dünýägaraýşyndaky üýtgeşmeler ateizmiñ aktuallygyny gaçyrdy. Ateizm indi ösen döwrüñ jemgyýeti üçin özüne çekiji däl. Häzirki wagtky köp sanly ylmy merkezler ateizme ylym hökmünde pitiwa edip duranok. Diýmek, ateizm indi ünsden düşdi. Meniñ pikirimçe, ateizmiñ ünsden düşmeginiñ düýp sebäbi onuñ ylmy tutaryklarynyñ gowşaklygyndadyr, käbirleri muña ahlak we ruhy ýetersizligi-de dahylly edýär.
Oksford uniwersitetiniñ professory Alister Makgrat amerikan žurnallarynyñ birinde, gelejekde ateizmiñ düýpgöter azaljakdygyny ýazýar. Ol bu azalyşy iki faktor bilen baglanyşdyrýar: Birinjisi ylmy ýetersizlik, ikinjisi ateistleriñ ýokary ahlak gymmatlyklarynyñ bolmazlygy.

● - Onda siz haýsy pelsepewi akymy dine garşydaş hasaplaýarsyñyz?

● - Deizmi we agnostisizmi. Siwilizirlenen dünýäde bu iki dünýägaraýyş giñden ýaýraýar. Ylym we düşünje taýdan köpsanly sowallara jogap bermekden ateizmiñ ejiz gelýändigine görä, eýýäm-häzirden birnäçe alymlar we adamlar deizme we agnostisizme tarap gönükdiler. Tomas Nagel ýaly käbir ateist alymlar ösen ylmy teoriýalarynyñ birnäçe ylmy sowallaryna jogap bermekde ejizlik edýändiklerini boýun alýar.
Amerikanyñ Milli saglygy goraýyş institutlarynyñ (NIH) ýolbaşçysy, genetik Frensis Sellers Kollinz bolsa ateist dünýägaraýşyndan el çekip, hatda Hudaýyñ barlygy hakynda "Hudaýyñ dili: Alym Hudaýa ynanmak üçin delil getirer" atly kitap ýazdy. Şeýle-de dünýäde ösen ateizmiñ iñ güýçli ideologlaryndan hasaplanýan iñlis filosofy Entoni Flýu hem ömrüniñ soñky galan alty ýylynda Hudaýa ynanyp ýaşandygyny yglan etdi. Bu garaşylmadyk çykyş uly çekişme döredipdi.

● - Siziñ pikiriñizçe gelejekde jemgyýet esasan haýsy ugruñ täsiri astynda galar?

● - Deizmem edil ateizm ýaly belli bir müddetden soñ alymlar we jemgyýet üçin öz manysyny gaçyrar. Çak edişimçe, başga-başga ugurlar üns merkezine getirilmäge çalşylar. Her niçigem bolsa meýdany boş goýmajak bolarlar we ynanç mekdepleriniñ garşysyna bir zatlary taparlar. Ylahy ynanç mekdebiniñ garşysyna dürli-dürli akymlar durjak bolar, ýöne olaram ylmy-logiki "şarpyklara" döz gelmän ýok bolup giderler.

● - Ýeri, netije nähili bolar?

● - Ahyrynda adamzadyñ dünýägaraýşynda, ideologiýasynda düýpli üýtgeşmeler bolup geçer. Ylym dünýäsinde, epistemologiýada, dünýä pelsepesinde düýn ýörgünli bolan konsepsiýalar güýjüni ýitirer. Edil häzir bolsa adamzat tejribe döwrüni başdan geçirýär, dürli akymlary sagadata we hakykata utgaşdyrmak umydy bilen synagdan geçirýär.

28.08.2017 ý.

# Milli.Az

Alynan ceşme:
Saýtyň materiallary kopiýalamakdan goralan / www.kitapcy.ga © 2020 |

Edebiýat, wagt tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir