Salyr han kim?


Türkmenistandaky türkmen tire-taýpalarynyñ (esasanam: Teke, Ýomut, Ärsary, Salyr, Saryk we ş.m.)hemmesiniñ diýen ýaly aslynyñ Salyr handan gaýdýandygyny taryhçy alymlaryñ agzamadygy ýokmuka diýýärin.
Salyr han hakynda ýazylan makalalar juda az sanly diýen ýalydyr.
Ine türkiýedäki osman-türkmenleriniñ köpüsiniñ asly Oguz hanyñ Gaýa atly oglundan gaýdan neberäniñ daşyna birleşip uly Osmanly hökümdarlygyny guran bolsalar, ine bizem Merkezi Aziýada Salyr urugynyñ daşyna üýşen türkmen tire-taýpalary bilen birlikde Garaşsyz Bitarap Türkmenistan döwletini gurduk.
Eger biz Salyr hanyñ kimdigini, nähili şahsyýetdigini öwrenjek bolsak geçmişde galan edebi-mirasymyzy öwrenmelidiris.
Kimkä bu Salyr han! Ol näçinji ýyllarda, nä wagt ýaşap geçen şahsyýet?
Geliñ şu soraglara ideal düşünip jogaplamaga çalyşalyñ!
ㅡ Aýdylmagyna görä Salyr han Oguz hanyñ on ýedinji agtygy, bäşinji ogly Dag hanyñ iñ uly oglydyr.
Rowaýatlarda aýdylmagyna görä Oguz han öz ogullaryna we agtyklaryna her hili derejeler bermek üçin çadyrlar dikdiripdir. Şonda Salyr hana sol (çep) tarapdan üçünji çadyrda orun berlipdir.
Bu hakda Abylgazy Bahadyr han şeýle diýýär: ''Üçünji çadyrda Dag hanyñ uly ogly Salyry oturtdylar, çep aşykly ýiligi ülüş berdiler. Eýmir ony dogrady. Kalaç atlaryny tutdy''. Diýmek Salyr hanyñ hyzmatynda Eýmir oña nahar taýynlapdyr Kalaç bolsa attutary bolupdyr.
Salyr hana berilen tagma esasan towuk ýa-da gaz guşuñ aýak barmagyna meñzeş, ýa-da peýkamyñ ujyna meñzeş üç burç çyzykly tagma bolupdyr.
Bu tagmany orta asyryñ yslam taryhçylarynyñ hersi özleriçe belgiläp goýupdyrlar. Käbiri şol üç burç çyzykly tagmanyñ gapdalyna ýene bir kese çyzyk goýup belgileýärler. Bu belgi arap harpyndaky ''Sin'' harpyna meñzeş.
Salyr sözüniñ manysy ''Sal'' salmak, (türkçe ''saldır'' - çoz) sokmak, ''Ur'' gylyç bilen Urmak, ''Sal'' we ''Ur'' diýen sözden döräpdir. Bular dogrusynda Soltanşa Atanyýazow özüniñ Şejeresinde şeýle maglumat berýär: ''Adyñ manysy barada bu alymlaryñ pikiri şeýle: Reşideddin: ''Nirä barsa, gylyç we çalygy (naýzasy) iş görür''; Ýazyjy ogly: ''Sal, ur, ýagny kanda bolsañ, gylyç bilen çomagyñ rowan bolsun''; Salar Baba: ''Her kişi ýetse, gylyç we çalak urgaý''; Abylgazy: ''Gylyçly''...''
Salyr han hakda XIV-XV asyrlarda ýaşap geçen taryhçy Abu Bekr at-Tährany al-Isfahany özüniñ ''Kitab Diýarbekriýe'' atly eserinde gyzykly maglumatlary galdyrypdyr: ''Salyr han Türküstan ülkesinde ýaşady we bir ýüz elli ýyl patyşalyk etdi. Salyr hanyñ zamanasynda Süleýman pygamber bolupdy. Kowus hem Salyr hanyñ döwürdeşidi'' diýýär. Bu gysgajyk gymmatly maglumatyñ özünden peýdalanyp tutuşlygyna bir kitap ýazyp bolardy.
Gymmatly maglumat diýýänimiñ sebäbi Salyr hanyñ Türküstanda hökümdarlyk edýän wagty Palestina Kuds ýaly ýerlerde eýýäm Dawut pygamberiñ ogly Süleýman pygamber höküm sürýär eken.
Eger taryhçy Abu Bekriñ ýokarda berýän maglumatlary dogry bolsa onda Dawut ogly Süleýman pygamber dünýäniñ alymlarynyñ bellemeklerine görä b.e.öñki 932-nji ýylda Ysraýylyñ Iýerusalim şäherinde dünýeden ötüpdir.
Eger şu maglumat dogry bolsa Dag hanyñ ogly Salyr han hem b.e.öñki X ㅡ b.e.öñki IX asyrlaryñ sepgidinde ýaşap geçipdir.
Özüne berilen miras baýlyga gadymy kitaplary satyn alan osman-türkmenleriniñ alymy Hajy Halypa Mustapa ibn Abdylla Kätip Çelebi özüniñ ''Takwim et Tawarih'' atly eserinde Adam atadan gaýdýan ýyl ýazgylarynda, Adam atanyñ Ýere gelen wagtyndan 4391 ýyl geçenden soñ Süleýman pygamberiñ dünýä gelendigini aýdyp şeýle diýýär: ''4391-nji ýylda Dawudyñ ogly Süleýman aleýhyssalam dünýä indi''.
Diýmek Adam ata Ýer ýüzüne ineninden 4300 ýyldan gowrak wagt geçensoñ Salyr han ýaşap geçipdir.
Soñra Kätib Çelebi Süleýman pygamberiñ 4443-nji ýylda elli iki ýaşynda dünýeden ötendigini hem ýatlaýar.
Diýmek Salyr han hem 4300-4400-nji ýyllaryñ sepgidinde ýaşap geçipdir.
Abylgazy Bahadyr han (1603-1664) özüniñ ''Şejereýi teräkime (türkmenleriñ nesil daragty)'' atly eserinde Salyr handan gaýdýan şejeräni şeýle sanap geçýär: ''Ugurjyk alpyñ kakasy Gara gazy beg, onuñ kakasy Garaja, onuñ kakasy Binam gazy, onuñ kakasy Buruç gazy, onuñ kakasy Kilal gazy, onuñ kakasy Ýynal gazy, onuñ kakasy Süleýman gazy, onuñ kakasy Haýdar gazy, onuñ kakasy Utgurly oruz, onuñ kakasy Gazan alp, onuñ kakasy Engeş, onuñ kakasy Under, onuñ kakasy Ata, onuñ kakasy Leýmir, onuñ kakasy Salyr, onuñ kakasy Dag han, onuñ kakasy Oguz han...'' diýip Abylgazy bu şejerede esasy meşhur, atly-abraýly adamlaryñ adynyñ ýazylandygyny, galan peder-atalaryñ adynyñ ýazylmandygyny janygyp aýdýar we muny şeýle düşündirýär: ''...Bu ýazylan on alty adamyñ Oguzuñ oglanlarydygy, bar, dogry diýeli. Ugurjygyñ atalarydygy hem bar, dogry diýeli. Ýöne il içinde haýsy adam meşhur bolsa, onuñ adyny ýazyp, beýleki meşhur däl adamlary bolsa ýazmaýarlar. Bu ýazylan adamlaryñ arasynda on bäş ýa-da ýigrimi adamynyñ ady ýazylman galan bolsa, ony hudaý bilsin...''
Ine Abylgazy Bahadyr hanyñ aýdanlaryndan çen tutsañ onuñ zürýatlarynyñ arasynda ady unudylan nebere atlary hem bolmagy mümkin.
Ýene gyzykly pikir ýöretmelerimiziñ biri hem Salyr hanyñ Türküstanda, ýagny Turanda höküm sürendigi bilen bagly maglumat. Eger Salyr han b.e.öñki X ㅡ IX asyrlarda ýaşap geçen diýip çen tutsak onda dünýä taryhy muñ üçin sessiz galaýmaly däl.
B.e.öñki X ㅡ IX asyrlarda Türküstanda kimler höküm sürdükä? Haýsy taýpalar ýaşap, taryhyñ sahypalarynda haýsysy ýok bolup gitdikä! Muña jogap tapmak üçin şol eýýama nazar aýlamaly! Taryhyñ üsti açylmadyk syrly sahypalaryny elekden geçirmeli.
Ine şonda garañky taryhyñ altyndan ýasalan gymmatly sahypalary geljegimize nur çaýar.
Eger dogrudanam şol eýýamlarda Salyr han we oguz-türkmenler höküm süren bolsalar onda Abu Bekr Tährany ýaly alymyñ eserini hakyky taryhy çeşme edip peýdalanyljakdygyna ynanýaryn...
Salyr urugy hakda S. Atanyýazow şeýle diýýär: ''Salyr ㅡ özbaşdak taýpadyr, ol tire hökmünde saýatly we hydyrili taýpalarynyñ düzümine hem giripdir. Bularyñ bir bölegi 1263-nji ýylda Kryma göçüp gelipdir, hatda şu ýerdäki Salgir derýasynyñ ady hem şu salyrlar bilen baglanyşyklydyr.
Gökleñlerde salar diýen taýpa bar. Hytaýyñ Sýunhua welaýatynda (Pekiniñ ýakynynda) ýaşaýan türkmenlere-de salarlar diýilýär. Olar 1370-nji ýylda Samarkant welaýatynyñ häzirki Nurata we Goşrabat raýonlaryndan bu ýere göçüp gelip, öz milli däplerini, dilini şu wagta çenli saklapdyrlar.
Stawropol ülkesinde ýaşaýan igdirleriñ düzüminde hem salargazan tiresi bolup, ol salyrlardan şu taýpa geçipdir...
Sözümiziñ ahyrynda salyr diýen etnonimiñ il içinde salar görnüşinde-de ulanylýandygyny, ärsary, saryk, teke, ýomut ýaly ençeme türkmen taýpalarynyñ hem salyrlar (daşky salyrlar) bilen etnik taýdan baglanyşyklydygyny ýatladýarys''.
Hytaýa göçüp giden salarlar hakynda ylmy-taryhy eserler ýazan rus alymlary bar. Olar M. W. Newerow, F. Poýarkow, N. M. Pr£ewalskin, G. Ý. Grum-Gr£imaýlo, G. N. Potanin dagylardyr.


Peşeñ ogly Afrasyýap


23.01.2020

Bilim, Jeksparro tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir