UÇÝAN TARELKA

Raýon gazetinde okan täsin habarym meni bir hili oýlandyrdy. Uludan demimi alyp, zöwwe ýerimden galanymy özümem duýmandyryn. Görseñizläñ, gum içinde ýerleşýän Görelde obasynyñ gaýra gyrasyna uçýan tarelka gonanmyş. Eý, ho-o! Ony hakyt gözleg-burawlaýyş kontorasynyñ bir şofýory görüpdir. Adyna-da Meretdurdy diýýärler oñ. Abraýly sowet metbugatynda çykan makala ynamsyzlyk etmäge mende esas ýok. Onsoñam soñky döwürde başga planetalylar özleriniñ tarelkasy bilen o ýere gonanmyş, bu ýere gonanmyş diýen ýaly habarlar häli-şindi eşidilip dur. Hamana diýersiñ, biziñ planetamyza bal çalnan ýaly. Bu ýerdäkileriñ özleri oñuşman, biri-biri bilen gyrlyşyp ýörler. Siziñki näme diýsene, ýa mesligiñize çydañzokmy? Habarlary ýokdur, iş salyşýanyñ ýerliler bolsa, derrew planetañdan dynarsyñ. Hawa, biziñkileri kän bir öwrenişdiribirligi ýokdur.
Kelläme bir ajaýyp pikir geldi, özem şo tarelkalar bilen baglanyşykly. Has dogrusy, bir zadyñ kül-külüne düşdüm. Hudaýa şükür, häzir biziñ ýurdumyzda dört tarapyñam açyk, azar berýän ýok. Näme hokga çykaryp bilseñ çykarybermeli. Käbir edaralar, hatda aýry-aýry adamlar hem daşary ýurtlar bilen kontraktdyr şertnama baglaşyp hezil edişip ýörler. Öñler beýle-beýle zatlara ýol berilmezdi, o hakda pikir etmegem gorkulydy. Bir topar býurokratik germewler öñüñe böwet bolardy. Ynha, indi welin hezillik. Arzuw edilen ajap zamana geldi!
Näme üçin daşary ýurtlar bilen şertnama baglaşyp bolýa-da, başga planeta bilen bolmaýamyş, hä?! Garagyna gül salarys. Hawa, daş ederis ony. Gaty gidiberseler, bular ýaly täzelik üçin hökümet maña serpaýam ýapmaly bolar. Ýyldyzjyk dakaýanda-da gelişmän duranok.
Men öýden-öwzardan bizar bolup, gitdim ýañky tarelkañ gözlegine. Görelde obasynyñ gaýrasynda bir hepde töweregi boldum. Görem zadym bolmady. Arasynda iýer-içer ýaly zat alaýyn diýip öýe bardym. Keýwanym iñirdäp başlady.
- Nirä ýitirim bolýañ? Öýüñe bir köwlenjek borlar wagtynda. Başyñy alýañ ötägidýäñ ýöne. Näme, bi, çagalar ýeke meñkimi?..
Akgañlañ ýanynda bahana gytmy. Başga bir zat diýip güwledip goýberdim. Oña dogryñy aýtsañ, derrew dünýä jar edäýer. Ýok, entek bu zatlary özüm bilen Hudaýdan başga hiç kim bilmeli däldir.
Bir zada göz dikip garaşsañ erbet bolýan eken. Uçýan tarelka gijelerine düýşüme-de girip çykdy. Bolsa-da, ahyry yhlasym ýerine düşdi how.
Ynha, dañyñ ümüş-tamşynda, geldi, gündogae tarapdan bir zat süýnüp. Onuñ daşyna bir hili kümüş çaýylan ýaly, lowurdap gözüñi alyp gelýär. Geñ göräýmeli, nähili mähnet zat hem bolsa, sesi ýok. Gitdigiçe pessaýlap elli ädim ilerimde gondy. Näçe gün bäri garaşyp ýörenem bolsam, birden baraýmaga eýmendim. Sen-men ýok, alyp gidiberseler näderin. Aý, nirä barsañam şu ýerden erbet däldir-le. Onsoñam "Töwekgeliñ işini Tañry oñar" diýipdirler. Bagty synap göreýin. Wiý, ýogsa-da olar bilen haýsy dilde düşünişip bolarka. Men-ä öz ene dilimde gürlärin. Düşünmeseler öwrensinler, ýogsa-da gonmasynlar biziñ diýara. Türkmen diliniñ döwlet dili bolanlygyny, goý, başga planetalylar hem bilsinler. Ýaýdanjyrap, bardym tarelkañ duran ýerine. Ardynjyradym. Telegraf sütüni ýaly, şilliñ uzyn bir zat çykdy, ýañkyñ içinden. Görenimden endamym jümşüldäp gitdi. Lap edip aýtdygym däl, edil azot içen ýaly, boýy üç metr gowrak bar. Kellesem kesek gysan ternä çalymdaş, süýnmek. Reñki dagysy näteñet. Göm-gök-laý, üç sanam gözi bar. Olaryñ biri ýazzy mañlaýynda ýerleşýär. Özem çyra ýaly lowurdap dur. Elindäki kiçijik gutujygyny maña tarap öwürdi welin, ýylan gören serçe ýaly, duran ýerinde doñaýdym. Gorkymdanmy-nämemi, sesim bir hili bazzyk-buzzugrak çykdy.
- Essalawmaleýkim, Göguzyn aga!
Ol meniñ bilen elleşip salamlaşdy. Soñ näme-nämän bolanyny bilemok. Bir özüme gelsem korablyñ kabinasynda otyryn. Olar üç dagy bar eken. Öwrenişseñ gaty bir gorkunjam däl ekenler-laý. Ýerdäki adamlañ bir enteginden-ä ýüz esse gowy, sähel zat üçin jabjynyp ýüzüñi alyp duranoklar. Bä, olaryñ ýeserdigini, derrew türkmençe gürläp başladylar. Şeýle bir arassa gürleýärler welin, bi, işigaýdanlañ añyrsy türkmen bolaýmasyn diýen pikirem kelläme geldi. Meni öz planetalaryna gezelenje çagyrdylar. Neden, bilet tapdyrarmyka diýipdim. Hernä wagtynda dilimi dişläpdirin. Ondan-mundan gürrüñ edip, men ahyry öz matlabymy aýtdym. Meniñ bilen ilki elleşip görşen:
- Şertiñi aýt - diýdi.
Öñden ýüregimde besläp ýören arzuwym bardy. Parahorlardan, býurokratlardan... dynmaly. Goja ýeri şolardan arassalamaly. Nebsimi şaglatmaýyn, hemmesini birden däl.
- Raýonymyzy parahorlardan saplap berseñiz. Häzirlikçe bolany şo.
Gürrüñdeşlerimiñ gülküsi oturan korablymyzy lerzana getirdi. Soñra olar öz aralarynda nämedir bir zatlar gürleşdiler. Haýsysynyñ ýüzüne seretjegimi bilmän, gözümi elek-çelek edip añkaryldym. Bolsa-da, derrew ylalaşyga geldik. Ýeriñ ýeke-täk wekili hökmünde resmi ýagdaýda şertnama gol çekdim-de, hoşlaşyp düşüp galdym.
Şondan birki gün soñ raýonymyzdan o ýitipmiş, bu ýitipmiş diýen howsalaly habar eşidilip başlady. Meniñ welin içim gülýärdi. Öz obamyzyñ başlygyny-ha ilki apardylar. Dagy näme, her beren mellek ýeri üçin müñläp-müñläp kakdy kolhozçylardan.
Bir gün işden gelsem, seni prokuror çagyrýa diýip aýalym aglaýhak bolýar.
- Arada näçe günläp ýitdiñ welin, bir ýykan-ýumranlyk edensiñ. Çagajyklam atasyz galjak-da. Gidersiñ indi aýagyñy sallap. Wah, şor mañlaý...
Hernä mertsiränem bolsam, gitdim bir iñkise. Be, prokurorlañ başga planetalylar bilenem gatnaşygy barmykan-aý?! Hyýk, o tarelkaly gelenler diliniñ eýesi däl ekenler-ow. Bi, indi meni yrsarap basaýmasa ýagşydyr. Bardym, içimi gepledip. Ol meni güler ýüz bilen garşylady, nirede oturtjagyny bilmedi. Öñümde kişmişli çaý goýdy. Bu zatlaryñ yzy näme bilen gutararka, alla janlarym. Ol menden zat gizläp oturmady, göni gürrüñ etdi.
- Gardaş, ýagdaýa düşün. Men şun dañ bilen başga planetadan geldim. Raýonymyzyñ ýolbaşçylarynyñ köpüsi şol ýerde. Kökerlip goýlan ýaly. Uly başlygymyzy dagy kurortda dynç alyp ýören ýerinden ýygnaýypdyrlar. Pahyr "Men olar ýaly zat edemok" diýip sypjak bolýar-aý. O zaññarlara ähli zat aýan eken. Alyjylar jemgyýetiniñ başlygynyñ ýakasyndan tutup ýañkyñ ýanyna eltdiler welin, görgüli özünden gidäýdi. Milisiýanyñ naçalniginiñ-ä özi boýun aldy oturyberdi, gyssadylar welin. Etrap sowetiniñ başlygam näçe adama binobat maşyn berip çilen eken, hersinden ep-eslijäni. Siziñ kolhoz başlygyñyzam şo ýerde, mellek...
Hemme zat düşnükli. Şeýdip raýonymyzy, ýok, respublikamyzy, tutuş dünýäni parahorlardan arassalasak, gör, nähili oñat bolar. Indiki gezek býurokratlaryñky. Ýogsa-da, bi, prokuroryñ özi nädip sypdyka? Ýa hiç kimden hiç zat alanokmyka?! Içimden edip oturan pikirini daşyma çykaraýypdyryn.
- Menem ölümiñ öýünde sypdym. Prokuror bolamsoñ kanunlara beletdär-aý. Onsoñam bir iş edilende hemme tarapy seljerilýändir. Göz ýumup, basylyp oturlandyr öýtme...
- Gözüñ aýdyñ, sag-aman gelen bolsañ - diýip, men turmakçy boldum.
- Şertnama ýanyñdamy? Şony yzyna gaýtarsañ-a ikimize-de ep-eslije düşjek. Pikirlen. O ýerdäki, bendilikde oturanlar boýurganyp-boýurganyp haýyş etdiler, how. Rehimiñ insin, gardaş...
Ikirjiñlenip elimi owkalaşdyrdym. Meniñ bolup durşuma ol özüçe düşündi.
- Alada etme, almalyja zady olardan özüm alaryn, garaklaryna basyp. Tejribe köpdür. Sen ýöne razyçylyk berseñ bolýa...
Prokurordan puryja alyp öýe gaýtdym. Gözümiziñ ody alnypdyr, göni gañyrşyna gaýtmaga gorkdum, gapjaýmagy mümkin.
Be, dogrudan hem şertim şahyma edäýsemmikäm?! Aý, ýok, şolar tetelliñ pulam gerek däl, özem.
Ýöne meni häzir başga bir zat biynjalyk edýär. Olar hernä şol ýerini bir parahorlañ mesgenine öwräýmezler-dä?! Berim gökden ýol-a ýasaýandyr.

Täçmämmet JÜRDEKOW.

Alnan çeşme:
http://www.kitapcy.ga/news/ucyan_tarelka_satiriki_hekaya/2019-09-17-8159

BELLIK: T.Jürdekowyñ ähli satiriki hekaýalaryny www.kitapcy.ga saýtyndan okap bilersiñiz.

Edebiýat, wagt tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir