"DÜNÝÄNI SÖÝGI HALAS EDER!"

"Tomaşaly däli dünýäniñ soñy,
Gugaryp boş galar, halydyr-haly".
Seýitnazar Seýdi / "Doludyr-doly"

"Häzir adamzada oýlanmak gerek,
Ýaşamalymy ýa-da oda köýmeli?!"
Öwezdurdy Nepesow / "Faeton" planetasy"

Dünýäniñ we adamzadyñ ömrüniñ paýawlap barýandygy baradaky howsalaly pikirler eýýäm ýarym asyrdan gowrak wagt bäri dünýä jemgyýetçiligini gulgula salyp gelýär. Soñky ýyllarda bu hasam güýjeýär. Şonuñ üçin dünýäniñ ahyrky günleri baradaky dürli-dürlo howsalaly sýužetler kinofilmlerdir çeper eserlere-de ýeterlik täsirini ýetirýär. Baryp 1951-nji ýylda "Dünýäniñ soñlanan güni" ("День, когда остановилась Земля" / "The Day the Earth Stood Still") atly atly kinofilmi ekranlaşdyrylypdy (kinofilm 2008-nji ýylda gaýtadan surata düşürildi). Häzire çenli adamzadyñ soñy hakyndaky kyýamat sýužetli döredilen kinofilmleriñ sany altmyşdan geçdi. Ýöne belli ýazyjy Juma Hudaýgulynyñ "Zamana ahyr bolarmyka?" makalasynda hem aýdyşy ýaly, "barybir ertir ýok bolup gitjek bolsak, şol filmleri görkezmekligiñ nämä gerekdigine..."[1] düşünemzok. Çünki, şular ýaly kinosýužetleriñ bu howsalaly kinofilmlere biparhlyk bilen tomaşa edýänleriñ kalbyny hapa işlerden azajygam bolsa daşlaşdyryp, adamkärçilige ymtylma duýgusyny döredýändir öýdemzok. Megerem, munuñ gelejekde bolaýjak ýa-da asla bolup bilmejek katastrofalary ýörite iş edinen kinorežissýorlardyr, prodýuserleriñ, senaristleriñ kisesine, umuman kinoindustriýa pudagyna millionlarça dollar girdeji getirmekden başga zada peýdasy ýok bolsa gerek. Çeper edebiýat hem mundan ýetdik paýyny alýar. Esasan ylmy-fantastiki žanrda döredilýän şeýle çeper eserlerden amerikan ýazyjysy Sýuzen Kollinziñ "Açlyk oýunlary" ("Голодные игры" / "The Hunger Games") romanlar tapgyryny, rus ýazyjysy Dmitriý Gluhowskiniñ "Metro 2035", "Metro 2034", "Metro 2035", amerikan ýazyjysy Kurt Wonnegutyñ "Galapagos", ýapon ýazyjysy Hideýuki Kikutiniñ "Amneziýa atly şemal" ("Ветер по имени" / "A wind Named Amnesia"), amerikan ýazyjysy Kormak Makkartiniñ "Ýol" ("Дорога" / "The Road") romanlaryny görkezmek bolar. Hatda şeýle žanrdaky hekaýa ýazmaga şu setirleriñ awtory hem synanşyk edipdi.[2]

makalany dolulygyna aşakdaky linke girip okap bilersiñiz:

http://www.kitapcy.ga/news/dunyani_soygi_halas_eder/2019-09-27-8256

Edebiýat, wagt tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir