Mende Seniň suratyň bar.
Özem bir däl dört sany,
Seredemde olar meň,
Tenimden aldy jany.

Sençe gyzy görmändim,
Husunda hem häsýetde,
Ýogsa öňler bolupdym,
Köp gyz bilen söhbetde.

Gözleriňniň seredşi,
Göýä, keýik, maraldyr,
Kirpigiň hem kirpik däl,
Ol bir sowuk ýaragdyr.

Dolan Aý Sen Ýerdäki!
Düşer Asmana şöhläň,
Hemem Çaý Sen dagdaky,
Käbededir Seň çeşmäň!

Soramankam suratyň,
Maňa bergin Sen diňe!
Menden baş:ga görkezme,
Her bir ilki ýetene!

Başgalar Seň suratyň,
Ýüzon gezek dilesin,
Ýa-da olar ölsünler,
Soň muň üçin direlsin!


Ýolagçy

Edebiýat, Umman tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir