Ahyrzamanyñ alamatlarynyñ biri ymam Mäti geldimi ýa indi gelmeli!?



Yslam dünýäsinde dünýäni uly gowga salan zatlaryñ biri hem Ahyrzamandan öñ peýda boljak Ymam Mäti hakdaky garaýyşlar, ol hakdaky ýazylan kitaplar indi ençeme ýyllar bäri her kimiñ üns merkezinde saklanýar.
Ymam Mäti hakynda her dürli garaýyşlaryñ bardygy çyn.
Mätiniñ adynyñ arapça ''Al-Mehdi'' ( المهدي‎) ''Hak ýol bilen barýan'', ''Hidaýata duş bolan'' diýen manylary bar. Ymam Mäti Yslam dininde Ahyr zamandan öñ geljekdigi ynanylan şahsyýet hökmünde görülýär. Gurhany Kerimde Mäti hakda açyk aýat ýok bolsa gerek.
Şygalaryñ ynanç ygtykatlaryndan saýylan Mätiniñ indi dogjakdygy hakdaky ynançlar taryhda tasawwuf we tarykat merkezli jemagatlar öz ýolbaşçylaryny Mäti, özlerini bolsa Mätiniñ jemagaty hökmünde görmek isleýän Sünni ynanjynda-da görmek bolýar.
Mäti bilen baglanyşykly çeşmelerde Deçjal, Sufýan Melhame, Ahyrzaman ýaly eskatologiki gorkyny berip gelýär.
Ymam Suýutynyñ pikiriçe Eshaby-Kehf Mätiniñ kömekçileri bolmaly, Isa pygamber oñ döwründe asmandan inmeli we Deçjal bilen harb açyp söweşmeli. Deçjala garşy Isa pygamber Mätiniñ tarapynda bolýar.
Käbir ýazyjylar Yslamdaky Mäti bilen baglanyşykly ynançlaryñ aslyny mejusylyk ýaly persleriñ köne dini ynançlaryndan gaýdan hasaplasalar, käbir ýazyjylar bolsa bu ynanjy Ýahudy-hristiýan ynanjyndaky ''Mesih'' bilen alternatiw baglylygyñ bardygyny aýdýarlar. Ýahudy-hristiýanlar bu düşünjelerini Wawilondaky sürgün edilen döwürlerinde ýaýran Mazdeizm ynanjyndan alypdyrlar.
Aýtmaklaryna görä şol Mäti Ahyrzamandan öñ dünýä gelmeli. Indi bu hakda biziñ metbugat merkezlerimizden çykan kitaplar näme diýýär? Geliñ bilelikde yzarlalyñ.
B. Amansaryýewiñ ýolbaşçylygynda A. Orazowyñ redaksiýasy bilen taýýarlanylan ''Musulman rowaýatlary'' atly kitapçanyñ 20-nji sahypasynda Ymam Mäti hakda umumyrak düşündiriş berilipdir: ''Mäti (Mähti, Al-Mahdi, Al-Mihdi ''Hak ýol'' bilen barýan) ㅡ ''Allatagalanyñ nazar salan'' ynsanynyñ, kyýamat gününiñ öñ ýanyndaky dini täzeleýjiniñ ady. Musulman adatynda Mätiniñ Muhammediñ neberelerindendigi, onuñ kyýamat gününiñ eýmenç sudundan birnäçe ýyl öñ peýda boljakdygy, ýer ýüzünde ýamanlygyñ, kapyrçylygyñ möwç uran döwründe munuñ amala açjakdygy barada nygtalýar. Şonda Mäti Teçjaly (Deçjal) öldürmeli (käbir wersiýalarda bu rol Isa degişli edilýär) we ýer-ýüzünde adalatlylygy berkarar etmeli. Mäti adamlary güýç bilen Allatagalanyñ ýoluna salmaly we yslamyñ kanunlary boýunça ýaşalýan jemgyýeti döretmeli diýilýär. Onuñ gysga wagtlaýyn hökümdarlyk döwri (3 ýyldan 9 ýyla çenli) bolçulyk döwri bolmaly. Mätiniñ hökümdarlygyndan soñra (munuñ bilen bir wagtda Isanyñ hem ýere dolanyp geljekdigi we wepat boljakdygy), ölüleriñ direldiljekdikleri, ýowuz günüñ elhenç sudunyñ başlanjakdygy nygtalýar.
Şaýylaryñ garaýşynda möhüm ähmiýete eýe bolan Mätiniñ keramatly missiýasy, sünniler üçin rol oýnamaýar. Şaýylar Mätä ýamanlygy ýok etmäge we adamzady hakykatyñ ýoluna gönükdirmäge ukyply adam hökmünde garaýarlar...'' Bu hakdaky düşündirişler Yslam çeşmelerinden salgylanan kitaplarda bolsa has giñişleýin maglumatlar bar.
''Garaşylan Mäti'' kitabynyñ ýazyjysy Ibn Hajer el-Heýtemi Welid bin Muslimden aýdylan şeýle rowaýaty ýazyp alypdyr. Şol rowaýatda: ''Mätiler üç sanydyr: 1) Mehdiýýul haýr: Bu Omar bin Abdylezizdir, 2) Mehdiýýuddem: Ol gan akmasyny bes etdiren hakyky Mehdidir (Mäti), 3) Mehdiýuddin: Hz. Isadyr (a.s)''. Görşümiz ýaly eýýäm Omar bin Abdyleziziñ halyflyk eýýamynda oña Mätidir öýdülmesi ýokardaky Musulman rowaýatyndaky aýdylanlary tassyklaýar.
Ebu Saidiñ aýtmagyna görä Resulalla (s.a.w) şeýle diýipdir: ''Ymmatymyñ başyna Ähli beýtimden inçe uzyn burunly, alny açyk biri geçer, zulum we haksyzlygyñ dolan ýer ýüzüni, adalaty bilen gurşap alar we şol şekilde ýedi ýyl höküm sürer''. Şu rowaýatyñ aşagynda bolsa şeýle sözler ''Bu rowaýaty Ebu Ýala we Heýtemi rowaýat edipdir. Soñunda Ady bin Ebi Umareden aýdylan rowaýat Sahyhynyñ (hakyky ynamdar) rowaýatydyr'' diýlip ýazylypdyr. Özem bu rowaýat Mäti bilen baglanyşykly bölümde agzalyp geçipdir diýmeseñ şu ýokarky Muhammet pygamber (a.s) aýdan hadysynda şahsyýetiñ kimligi, onuñ ady aýdylmaýar.
Ibn Hajer Heýtemi Resulalladan gelen şeýle hadysy rowaýat edýär: ''Hezreti Mehdi meñ zürýatlarymdandyr. Kyrk ýaşlaryndadyr we ýüzi edil ýyldyz nury ýalydyr. Sag ýañagynda gara meñ bardyr. Pagtadadan edilen iki sany jüpbesi bardyr. Egin-eşigi hezreti Musanyñ döwründäki Beni Ysraýylyñ köýneklerine meñzeşdir. Ýerasty hazynalary çykarar we şirk goşanlara göz görkezer''.
Resulalla (s.a.w) şeýle diýipdir: ''Onuñ ady meñ adym bolar, ahlagy meñ ahlagym bolar we lakamy Ebu Abdylla bolar''. Ol ýene şulary aýdypdyr: '' Nebsim ýedi gudratynda bolan Allaha ýemin bolsun, Mätiniñ kakasy kureýşidir. Eger bolsady ony iñ soñky kakasyna çenli sanap bererdim. Sebäbi Mäti Yslamyñ soñy boljak''. Bulary Ibn Hajer el Mekki (Haýtemi) rowaýat edipdir.
Görnüşi ýaly bu hadyslarda Mätiniñ sypatlary beýan edilýär. Yslam pygamberi Muhammet pygamber Mätiniñ adynyñ Muhammet ady bilen baglanyşyklydygyny, kakasynyñ adynyñam Ebu Abdylladygy, pygamber ahlagy bilen deñ boljakdygyny, inçe uzyn burunly, sag ýañagynda gara meñ barlygy, gözüniñ garasynyñ ululygy, pagtadan jüpbesi bolup, egin-eşigi beni ysraýyllylaryñ geýýän köýnegine meñzeş boljakdygyny tekrarlap sypatlandyrýar.
Yslam alymlary, çeşmeleri ymam Mäti indi çykmaly diýip tekrarlaýarlar. Ýokarda ymam Mätiniñ alamatlary, sypatlandyrmalary bilen tanyş bolanyñda olar ýaly şahsyýet göwnüñe bolmasa, indi gelmeli ýaly bolup dur!
Ýöne Yslam alymlaryndan XII asyrda ýaşap geçen Häkim Ata diýlip tanalan ýazyjy, özem ''Ahyrzaman kitabynyñ'' awtory Süleýman Bakyrgany Ymam Mätini biziñ döwrümizden öñ çykan hasap edýär.
S. Bakyrgany 1186-njy dünýeden ötüpdir. Ol Ymam Mätini öz döwründen soñ, biziñ döwrümizden bolsa öñ çykaryp, belkäm Ahyrzamany hem gelip geçen edip hasaplaýar, muny bilmek hem her birimiz üçin juda gyzyklydyr. S. Bakyrgany Kyýamat alamatlary bilen Isa pygamberiñ, ymam Mätiniñ çykjak wagtyny şeýleräk görnüşde ýazypdyr:

''Isa iner, dokuz ýüzüñ başlarynda,
Deçjaly öldürler biliñ şol ýylda,
Mätini ymam eder Isa hem şonda,
Mundan başga erbet zatlaram bolar.

Dokuz ýüzde on bäşde Ýajuj çykar,
Mäti bilen Isa barar Tury aşar ,
Ol kapyrlar bu dünýäni ýok ederler,
Mundan başga erbet zatlaram bolar.

Howadan guşlar iner, daşlar zyñar,
O daşlar ýajujlary heläk eder,
Ol Alla haýbaty bile höküm eder,
Mundan başga erbet zatlaram bolar''.
ㅡ S. Bakyrgany Isa pygamberiñ, Mätiniñ, Ýajuj bilen Mäjujyñ çykjak wagtlaryny, gyzykly tarapy hem Ysrafyl perişdäniñ hem sur çaljak wagtynam ýañzydyp geçipdir:

ㅡ Dokuz ýüzde ýene erbet bir zat bolar,
Ysfaryl emir bilen surun çalar,
Asman, Ýerde janly-jemende galmaz,
Mundan başga erbet zatlaram bolar.
 
Indi hijri ýyl hasaplary görkezilen sanlar görä milady ýyl hasaby bilen deñeşdirip göreliñ. Isa pygamber 900-nji hijri ýyllarda dünýä gelen bolsa, milady ýyl hasabyndan alsak bu sene 1495-nji ýyla gabat gelýär.
915-nji hijri ýylynda hem Ýajuj-mäjuj çykýar. Bu hem miladynyñ 1510-njy ýyllaryna gabat gelýär.
Belkäm S. Bakyrganynyñ hasaplap çykaran ýyllary 1900-1915-nji ýyllar bilen gabat gelýän bolmagy hem gaty ähtimal. Sebäbi şol ýyllarda 1-njy jahan urşunyñ turmagy kyýamatyñ bir alamatymy?
Belkäm alym 1500-nji ýyllarda Ýewropanyñ uly açyşlary, koloniýalary, dünýäni paýlaşyşlary ýaly taryhy hadysalar bilen Ahyrzamany baglanyşdyryp netije çykarjak bolýarmy? Ony-ha bilemok welin Süleýman Bakyrgany şol senäni hijri ýylyñ 900-nji ýyllary diýip görkezipdir.
Yslam taryhynda her bir şahsyýet özüni Mäti diýip yglan edipdir ýa-da halk köpçüligi haýsydyr bir täze lideriñ Mätidigini dilden düşürmändirler. Ine taryhdan bir-iki sany mysaly okap görenler, Mäti dogrudanam ýaşap geçenmikä diýip pikir ederler.
Sedideddin Muhammet bin Muhammet Awfynyñ ''Jamygul Hikaýat wel wamygur-rowaýat'' atly kitapda Abu Muhammet Mäti atly ýaşap geçen bir arap halyfy hakda maglumat bar: ''...Abu Muhammet Mätiniñ ykbal baýdagy parlady. Ol ýedi ülkäniñ her etrabyna öz bellän kişilerini ugratdy. Ülkeleriñ etraplaryny öz eline aldy. Ýurt işleri mäkämleşensoñ, Allanyñ öýüne haj etmegi we resulyñ guburyna zyýarat etmegi berk niýet etdi. Ol ýolda oña şeýle bir köp mal harç boldy welin, taryhda hiç kim onuñ ýaly harç edilen beýan etmändir. Her gün ähli haja baranlara tagam berdi. Pyýadalardan birnäçe müñ adama azykdyr ulag berdi. Bäş ýüz düýe buzdur garyñ astynda ýegşerilýärdi. Buzdyr garyñ baryny meşiklerde ýerleşdiripdi we olary teşnelere berýärdi. Hiç bir taryhda Mätiniñ halyflyk eden döwründen başga wagt hiç kim Mekgede we Medinede gardyr buz görmändi...
Mukanna Mätiniñ döwründe orta çykypdyr. Onuñ bir gözi kör eken, emma ol mekir we hilegärdi. Jadygöýlükden we tilsimlerden peýdalanypdyr. Ol tabasuh mezhebinde bolupdyr. Aýdyşlaryna görä, onuñ ady Hekimdi. Oña hemişe öz ýüzüne nikap çekýändigi, özüniñ nämübärek we gelşiksiz ýüzüni görkezmeýändigi hem-de ''Älem ýolbaşçysynyñ jany bedeninden çykansoñ, ol howadady. Men jahana inenimde meniñ bedenime girdi. Men Muhammet pygamberdirin'' diýip, dawa edýändigi üçin Mukanna diýýärdiler.
Möminleriñ emiri Mäti Horasanyñ emiri Mugaz Muslime leşger çekip, ony tutmagy buýruk berdi. Mukanna Horasandan gaçyp, Keşe gitdi we ol ýerde ''Aý tilsimini'' oýlap tapdy. Mukanna guýudan Aý çykan ýaly edip jadygöýlik görkezipdir...
Birentek halk onuñ bu tilsimine aldandy...'' Ine şu ýazgylary okap oturana Mäti bilen Deçjal bar ýaly görünip biler. Muhammet Mäti halyflyk döwründe bereket bol bolupdyr. Mukanna atly jadygöý şoñ döwründe orta çykypdyr. Bir gözem kör eken (ýagny bir gözi bar). Guýydan Aý çykaryp halky aldapdyr. Şol döwrüñ gözi bilen seredeniñdä Mukanna Deçjal, Muhammet Mätä bolsa ymam Mäti diýseñ bolmazmyka!?
Yslam çeşmeleri on iki ymamlaryñ biri bolan, 869-njy ýylda dünýä inen Hezreti Alynyñ agtygy, Hasan el-Askeriniñ ogly Muhammet Mätini Kyýamatyñ öñ ýanynda peýda bolmaly diýip açyklaýar. Ähli-Beýt neberesinden bolan on ikinji ymam Mätini kakasy gizläp saklaýar eken. Isna aşeriýýe ygtykadynda ol integem gaýyp hökmünde gizlin saklanylýar.
Belki Ahyrzamandan öñ peýda boljak Mäti hut şol bolsa gerek.
Fransuz bilgiji Miçelýe de Nostradamus 2016-2020-nji ýyllarda musulmanlaryñ Mätisiniñ täzeden doguljakdygyny aýdypdyr.
Türkiýe jumhuriýetini guran Mustapa Kemal Atatürkiñ nesil şejeresini Muhammet aleýhissalamyñ agtygy Hezreti ymam Huseýiniñkiden hasaplap, ony hem Mäti edip goýdular.
Muhammet aleýhissalam ahyrzamandan öñ Deçjala garşy peýda boljak yslam baştutanynyñ (Mätiniñ) öz neberesinden boljakdygyny aýdany üçin Atatürki şol diýip hasaplaýan bolmaklaram ahmal.
Ýöne hadys alamatlaryndan çen tutsañ belki bular olar däldirem.
Ymam Mäti bu ady agzalanlar däl bolmaly we sözümiziñ soñunda Magtymguly Pyragynyñ (XVIII a
) aýdyşy ýaly:
''Mäti ýerden çykar Isa asmandan,
Deçjaly ol iki är harap eýlär,
ㅡ diýen weliligini tassyklap ymam Mäti we Isa pygamber indi dünýä gelerler diýip hasap edýäris
Siziñ bu barada nähili garaýyşlaryñyz bar!?



Afrasyýap Turanly

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir