HAÝDARABATDAN AŞGABADA SALAM

● ýa-da diňe Kawkazda däl-de, Hindistanda döwlet döreden Garagoýunly türkmenler – Kutub şalary barada söhbet

Professor Ýegen Atagarryýewiň «Akgoýunly we Garagoýunly türkmenler» atly makalalar toplumyndan okyjylar habarlydyr. Makalada Eýranyň demirgazyk-günbatarynda, häzirki Ermenistanyň we Azerbaýjaýyň territoriýalarynda berkarar döwlet dereden Garagoýunly türkmenler hakda söz açylýardy. Nesip bolsa, biz Ýegen aganyň Akgoýunly türkmenler baradaky, türkmenleri Ermenistandaky yzlary hakdaky makalalaryny-da okyjylarymyza ýetirmekçidiris.
Garagoýunly türkmenleriň döwleti hakdaky makala gazetde çap bolup çykandan soň, «Nesiliň» redaksiýasyna ýaş žurnalist Baýramgeldi Çaryýew geldi we Garagoýunly türkmenleriň – Kutub şalarynyň Hindistanda hem kuwwatly döwlet döredendikleri baradaky makalasyny okyjylara ýetirmegimizi haýyş etdi. Ululygy boýunça Hindistanyň bäşinji şäheri bolan ajaýyp Haýdarabat şäheriniň düýbüni tutan hem Hindistandaky Garagoýunlylar döwletiniň soltany Muhammetguly Kutub şa eken. Garagoýunly türkmen şasy Soltanguly Kutub al Mülküň iň uly ogly Haýdaryň hormatyna «Haýdarabat» diýlip atlandyrylan şäher häzir Hindistanyň 90 million ilatly Andra Pradeş ştatynyň paýtagtydyr.

▶ GIRIŞ

Türkmen topragyndan emaý bilen galan «Boing-737» uçarymyz birnäçe sagat uçandan soň Deliniň Indira Gandi adyndaky aeroportuna gondy. Ugrumyz aňryk, ekwator çyzygyna ýakyn ýerleşýän günorta Hindistanyň Haýdarabat şäherine tarap bolansoň, biz 300 adamlyk aerobusa mündük. Az salymlyk uçuşdan soň uçaryň ilýuminatoryndan gijeki Haýdarabadyň lowurdaýan çyralary, 6 milliona ýakyn ilatly şäher görnüp başlady, Tutuş Gündogarda almazyň, dürüň, lagyl-göwheriň mesgeni, Garagoýunly türkmenleriň guran Kutub şalar hökümdarlygy bilen taryha giren Haýdarabat şäheri bizi tizden öz gujagyna gysyp, tükeniksiz täsinlikleri, bilen gurşady.
Hawa, Hindistan özboluşly tebigaty, halklaryň dürli-dürli urp-adatlary, gadymy medeniýeti, filosofiýasy, ajaýyp reňkleri, ýabany haýwanlary we iýmitleri bilen her kişini derrew özüne çekýän ýurt. Bu ýurduň ýaşaýyş çelgisi, durmuşy özüniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Hindistanyň dünýäniň ähli halklarynyň medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň, dinleriniň öýi diýlip atlandyrylmagynyň hem ýöne ýerden däldigine bu ýurda gelen her bir myhman derrew göz ýetirýär. Demirgazyk Kaşmir daglary, uç-gyraksyz okean kenarlary, bulagly derýalary bilen tanalýan Hindistan Ýewro-Aziýanyň öýi hasaplanýar. Gadymyýetde bu ýurda ilkinji «düşlegçi myhmanlar» drawidler, ariýler bolupdyrlar. Soň pahlawlar, sitianlar, saklar, grekler, türkmen taýpalary kuşanlar, hunlar, mogollar, araplar, parslar, owganlar we ýewropalylar gelipdirler.
Türkmen-hindi gatnaşyklary öz gözbaşyny örän gadymy asyrlardan alyp gaýdýar. Türki hanlyklaryň, Hun, Baktriýa, Parfiýa, Kuşan, Gaznewidler döwletleriniň Hindistan bilen ýakyn aragatnaşyklary netijesinde, olaryň medeniýetleriniň we dilleriniň biri-birine täsir edendigini subut etmek onçakly kyn düşenok. Biz taryhyň sahypalaryna ser salyp, türkmen soltanlyklarynyň, şalyklarynyň diňe bir merkezi Aziýany alman, eýsem Owganystanda, Eýranda, Hindistanda, Arabystanda uly-uly döwletleri gurandyklaryny bilýäris. Uzak wagtlap gadymy Parfiýa döwleti Hindistanda harrap siwilizasiýasynyň gülläp ösmegine täsirini ýetiripdir. Parfiýa döwletinde ýetişdirilýän ýerli çig mal önümleri, üzüm, gawun, ak bugdaý, haly, söweş atlary Hindistanda iň geçginli harytlar bolupdyr.
Merkezi Aziýanyň iň gadymy halklarynyň biri bolan türkmenleriň döreden Kuşan döwleti tutuş sebitde senetkärçiligiň, zergärçiligiň, zikgeçiligiň düýbüni tutupdyr. Kümüş, altyn pullaryň köpçülikleýin çykarylmagy bu döwletiň ykdysadyýetine, onuň golastyndaky Owganystan, Hindistan we beýleki döwletleriň içki hal-ýagdaýyna täsirini ýetiripdir. Hut gadymy oguz türkmenleri Gündogaryň köp döwletleriniň döremegine ýakyndan gatnaşypdyrlar. Olar özleriniň döwletçilik däplerini şol döwletlere ornaşdyrypdyrlar.
Hindistanyň gadymy, irki we orta asyrlardaky ösüşini Merkezi Aziýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Muny her bir taryhçy alym hem tassyklaýar. Allatagalanyň eçilen medeni, ruhy baýlyklaryna eýe bolan gadymy oguz raýatlarynyň täsiri bilen diňe Hindistan däl, eýsem Rum, Arap, Pars, Kawkaz, Yzraýyl döwletleri hem uly ösüşlere eýe bolupdyrlar. Muňa taryh şaýat.
X asyryň aýaklarynda gaýy türkmenleriniň esaslandyran Gaznewiler döwleti Hindistanyň demirgazyk-günbatar etraplaryny basyp alypdyr. Mahmyt Gaznewi öz döwletinde iň jogapkärli işleri türkmenlere ynanypdyr. Şeýlelikde, Gaznewiler döwründen başlap, Hindistanda türkmenleriň gaýydar, hiljiler, ýagny halaçlylar, garlar, çowdurlar, salyrlar we beýleki taýpalary ornaşyp başlaýarlar. X-XII asyrlarda, orta asyrlarda tutuş sebitde dürli sosial we köpmilletli gurluşlar döreýär. Düýbi tutulýan döwletler içki we daşky täsirler bilen tiz dargaýardylar.
Döwlet meselesine çynlakaý çemeleşýän oguz türkmenleri irki orta asyrlarda özara garşylyklar, daşky zarbalar netijesinde daş-töweregindäki ülkelerde, ýakyn Gündogarda özbaşdak, ownukly-irili ýigrimiden gowrak döwletleri döredipdirler. Mysal üçin, Hindistanda hut şol we soňraky döwürlerde dörän we höküm süren türkmen soltanlyklary bolan Halajylar (1290-1320), Togalaklar (1320-1390) hem-de Garagoýunly Kutub şalar (1512-1687) döräp, olar taryhy sahnada uly rol oýnapdyrlar.
Söhbetimiziň barşynda bir sowal ýüze çykýar. Näme üçidir biz şu döwre çenli Hindistanda «hanlaryňhany» Baýramhandan öň dörän we soň onuň döwürdeşleri türkmen şalyklary, imperiýalary barada ýeterlik bilmeýäris!
Hawa, sowetler döwründe gadymy taryhyň gatlaryna siňip giden biziň edermen ata-babalarymyz, milli şahsyýetlerimiz dogrusynda söz açmak gadagandy. Hudaýa şükür, indi beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň baştutanlygynda taryhy şahslarymyz täzeden dikeldilýär.
Onlarça ýerlerde dörän we olary dolandyran garaşsyztürkmen şalyklary, hanlyklary, emirlikleri we imperiýalary biziňtaryhymyzda entek doly öwrenilip ýetişilenok. Nesip bolsa, türkmeniň deňsiz-taýsyz taryhy barada alada edýän taryhçylarymyzyň bu ugurdaky zähmetleri ýerine düşer. Türkmeniň altyn asyrynda aslymyz, emer-damarymyz, kökümiz, gahrymançylykly geçmişimiz barada söhbet açýan hakyky taryhymyz doly dikeldiler.
Hormatly okyjylar, geliň indi orta asyrlarda, has dogrusy 1512-1687-nji ýyllarda asyr ýarymdan gowrak Hindistanda, Golkondada şalyk süren Garagoýunly türkmenler – Kutub şalar barada gürrüň edeliň.

▶ DÖWLET GURMAK ISLESEŇ, TÜRKMENE AÝT

Aslynda, dünýä taryhçylary orta asyrlary «türkmen täsinligi» diýip atlandyrýarlar. Bu hakykatdanam şeýle. Türktaryhçysy Faruk Sümeriň «Oguzlar – türkmenler» diýen kitabynda belleýşi ýaly, orta asyrlarda türkmenleriň içindedöwlet döretmedigi galmandyr diýen ýaly.
Irki we orta asyrlarda düýbi tutulan islendikdöwletleriňählisinde diýen ýaly türkmen tire-taýpalaryndan bolan ýigitler goşun birikmelerine serkerdelik edipdirler. Olar goşuny ussatlyk bilen dolandyrypdyrlar.
Golkonda şalygynyň düýbüni tutujy Soltanguly Türkmen hem oz durmuş ýoluny günorta Hindistanda Bahmany hökümdarlygynyň köşgünde ýönekeý esgerlikden başlaýar. Onuň çylşyrymly söweş tärlerine, at üstünde oturyp, duşmana al salşyna hemmeler haýran galypdyr. Soltanguly Hemedan welaýatynyň Saadabat obasynda eneden bolýar. Ol Garagoýunly türkmenlerindendir. Hemedan şäheri şol wagtlar Garagoýunly döwletiniň ykdysady, medeni taýdan gülleýän künjegi eken.
Orta asyrlarda Garagoýunly türkmenler bilen Akgoýunly türkmenleriň agzy alarýar, ara agzalalyk düşýär. Garagoýunly döwletiniň dargamagy bilen, olar Akgoýunlylara boýun egmän,Horasana tarap süýşüp, soňra Hindistana geçýärler. Garagoýunly döwletiniň iň barly-barjamly, mally-mülkli wekillerinden bolan Soltanguly hem öz ýakynlary bilen
Golkonda gelýär. Şol döwürlerde günorta Hindistanyň aglaba bölegi Bahmani hökümdarlygy astyndady. Bahmany hökümdarlygynyň ýolbaşçysy Mahmud şa Soltanguly Türkmeni ilki özüniň köşk goragyna, soňra Telenganyň häkimligine belleýär.
Bir gezek Soltanguly Türkmen Mahmud şany daşky duşman çozuşyndan halas edýär. Şeýlelikde, Mahmud şa Soltangulyny goşun serkedesi edip belleýär hem-deoňa Kutub al Mülk derejesini berýär. Soltanguly Türkmen gysga döwrüň içinde tutuş Dekkanda özüniň gaýduwsyzlygy, mertligi, guramaçylygy bilen tanalýar.
Mahmud şanyň aradan çykmagy, Bahmany hökümdarlygynda iki sany syýasy we dini birleşmäniň emele gelmegi netijesinde ýurt ysgyndan gaçyp başlaýar. Afaklar we dekkanlar ady bilen emele gelen dini toparlaryň häli-şindi özara gandöküşlikli urşy Bahmany döwletiniň iki bölünmegine hem-de onuň doly dargamagyna getirýär. Bahmanylar döwletiniň synmagy bilen 1512-nji ýylda günorta Hindistanda Dekkanda Soltanguly Kutub al Mülk döwletiň garaşsyzlygyny yglan edýär. Patyşalygyň merkezi şäheri Golkonda bolýar. Şeýlelikde, Hindistany territoriýasynda ýene-de bir özbaşdak Garagoýunly türkmenleriň Kutub şalar dinastiýasy emele gelýär.

▶ KUTUB ŞALAR WE GÜLLEÝÄN GOLKONDA

Türkmeniň gadymy döwlet dolandyryş däpleri we usullary esasynda döredilen hem-de ýöredilen Kutub şalar hökümdarlygy özüniň adyl, düzgün tertipliligi bilen aýratyn tapawutlanypdyr. Garagoýunly türkmenleriň bir ýarym asyrdan gowrak hökümdarlygy döwründe Dekkan topragy, tutuş sebit gülläp, ösüşlerine eýe bolup başlaýar. Şol wagtlar obalaryň sany köpelýär, şäherler abadanlaşdyrylýar. Kutub şalar Dekkanda täze suwaryş desgalaryny gurup, tutuş oazisi hasylly, bitginli ýere öwürýärler.
Döwletiň syýasy strukturasy esasy iki ýerli synpa bölünip, olar goşunbaşylara hem-de brahmanlara bölünýärler. Goşunbaşylar goşun bölümlerini we şalygy dolandyrsa, brahmanlar döwletiň merkezi diwanynda hasapçylar, mürzeler we emeldarlar hökmünde işläpdirler. Dekkanda dörän Garagoýunly Kutub şalar hökümdarlygyny ýedi arka, biri-birini çalşyryp duran mirasdarlyk görnüşinde dolandyrypdyrlar.
Hindistanda dörän Garagoýunlylar döwletiniň ilkinji şasy Soltanguly Türkmen 1543-nji ýylda aradan çykandan soň, onuň ogullary Jemşitguly (1543-1550), Suwhan Jemşit (1550), Ybraýymguly, Muhammetguly (1550-1580), Muhammetguly Ybraýym (1580-1612), Muhammetguly bin Muhammetguly (1626-1672) hem-de Abdyllanyň ýegeni Abulhasan (1672-1687) dagylar döwleti dolandyrýarlar.
Garagoýunly türkmenleriň – Kutub şalaryň hökümdarlygy döwründe Dekkanyň paýtagty Golkondada içki we daşky söwda gülläp ösüpdir. Dokmaçylyk tutuş Hindistanda iň ösen derejä ýetipdir. Hatda Golkondanyň ýüpek we gyzyl parçalary Delide, Gujaratda, Lahorda, Kabulda iň geçginli harytlaryň biri eken. Bu ýurduň söwda, haryt gatnaşyklary Merkezi Aziýa bilen has-da ysnyşýar. Diňe bir Golkondada däl, eýsem Hindistanyň ähli abadanlarynda (welaýatlarynda) XVI-XVII asyrlarda türkmen atlaryna, halylaryna isleg has güýçli bolupdyr. Her ýyl olaryň müňlerçesi Kabul bazarlarynyň üsti bilen Hindistana ýetirilipdir. Kutub şalygynyň düýbüni tutujy Soltangulynyň hut özi türkmen atlaryny köpeltmek we seýislemek bilen meşgullanypdyr.
Ol goşunda-da diňe türkmen atlaryny münüpdir. Kutub şalaryň dolandyran döwründe Golkondada hünärmentçilik, külalçylyk ösüpdir. Golkonda gap-gaçlary Hytaýyň gap-gaçlaryndan pes oturmandyr. Hünärmentler ýokary hilli demri gazyp çykaryp, söweş ýaraglaryny ýasap, olary içeri bazarlara we daşary ýurtlara satypdyrlar.
Golkonda günorta Hindistanda iň baý ýurtlaryň birine öwrülýär. Onuň esasy baýlyk çeşmeleri ýer, ösen hünärmentçilik, dokmaçylyk, gämi gurluşygy, demir, almaz, dür, göwher känleri bolupdyr. Ýurtda banantüwi, kokoshozy, çaý, hoşboý ysly otlar öndürilip, olar ýurduň daşyna çykarylypdyr.
Gymmat bahaly almaz, dür, göwher öndürmekde Golkonda Parsaýlagy ýurtlary Afrika bilen bäsleşipdir. Merkezi Aziýadan, Uzak we Ýakyn Gündogardan, Ýewropadan gelen tüçjar baýlar, täjirler gymmat bahaly daşlary suw we gury ýer üsti bilen öz ýurtlaryna alyp gidipdirler.
XVI asyryň aýaklarynda Kutub şalar dinastiýasynyň 5-nji arkasyndan bolan Muhammetguly Kutub şa gür oturan Golkonda şäheriniň ilatyny demirgazyk tarapa, Musi derýasynyň kenaryna göçürip başlaýar. Bu bolsa şäheriň arassa howa, ýer, suw, amatlyklaryny giňeldýär. Hut Muhammetguly Kutub şanyň içgin aladasy bilen 1590-njy ýylda Haýdarabat şäheriniň düýbi tutulýar. Bu ýaş şäher tizden özüniň şöhratly dür, almaz, lagyl, merjen satylýan bazarlary, köp sanly täsin gurluşyklary, saýlama gözel binalary bilen sebitde we tutuş Hindistanda iň baý, uly we owadan şäherleriň birine öwrülýär. Şäherde senetkärleriň we täjirleriň birentek ýaşaýyş jaýlary hem-de ähmiýetli jemgyýetçilik desgalary gurulýar. Dünýäde iň tanymal dört minaranyň «Çar minaryň» gurluşygy hem şu döwürlerde, has takygy, 1531-nji ýylda başlanýar.
Minaranyň dört minarasynyň uzynlygy 53 metr bolup, ol dört tarapy – günortany, gündogary, demirgazygy, günbatary aňladýar. Häzirki döwürde hem «Çar minar» Haýdarabadyň ýüreginde, söwda merkezinde, hyň berýän şowhunly bazarlaryň ortasynda seleňläp otyr.
Dört minaranyň üstüne çykmak üçin içerki aýlawly merdiwanlar hem-de dört sany inli guşak bar. Şu minaranyň adatdan daşary uly ähmiýeti, özboluşlylygy bar. Muhammetguly Kutub şanyň Merkezi Aziýadan, Arabystandan ýörite çagyran ussalary «Çar minary» bina etmekde türkmen gurluş tärini ulanypdyrlar. Ussalar şanyň köşgi-eýwanlaryny gurmakda hem şu täri ýerli şertler bilen baglanyşdyryp, özleriniň ölmez-ýitmez sungatlaryny görkezipdirler. Bu ussatlyk hut Golkonda köşgüniň alkymynda ýerleşýän Kutub şalarynyň guburhanalarynda-da duýulýar. Günorta Hindistanda iň ajaýyp bina bolan «Çar minaryň» mähellesi hemişe-de ýetik eken. Bu ýerde her gün dünýäniň çar künjünden myhmanlaryň ýüzlerçesi gelýärler. Olar Binanyň ýanynda ýadygärlik surata düşýärler.
Yslam medeniýetiniň ýene-de iň uly sungatlarynyň biri «Çar minaryň» ýanynda gurlan Mekge metjididir. Bu metjidiň hem düýbi Muhammetguly Kutub şa tarapyndan tutulýarda, onuň gurluşygy Mogol imperiýasynyň çozuşy zerarly doly tamamlanmaýar.
Şol döwürlerde Hindistanda kuwwatlanýan Mogol imperiýasy ýurduň günorta böleginiň iň naýbaşy, ykdysady güýji, almaz, demir känleri, gymmat bahaly daşlary bilen tanalýan Golkondany özüne tabyn etmegiň kül-külüne düşýär.
Golkonda galasy ugrunda başlanan aldym-berdimli söweş iki aý dowam edýär. Aurengzebiň ägirt köp Mogol goşunlary Muhammetguly Kutub şanyň goşunlaryndan rüstem gelýär. Netijede, iki aýlyk gabawdan soň, tutuş Golkonda galasy, şanyň köşgi basylyp alynýar. Golkonda basylyp alnandan soň Muhammetguly Kutub şa Mogollara ummasyz paç tölemeli bolýar. Onuň üstesine Dekkanyň Ramgir okrugy Jahan şanyň ogly Aurengzebiň garamagyna doly geçýär. Şol döwürde Aurengzeb öz hökümdarlygyny giňeldip, onuň merkezini Döwletabat şäheri diýip yglan edýär.
Gymmatbahaly almaz känleriniň (Krişna derýasynyň ýalpaklygy) Mogol imperiýasynyň raýatlygyna geçmegi, salgytlaryň salynmagy netijesinde Golkondada, tutuş Dekkan topragynda agyr ýaşaýyş başlanýar. Soltanguly Kutubyň esaslandyran şöhratly döwleti Mogollara ýarym garaşly ýagdaýda tä bu topraga iňlisleriň gelmegine çenli ýaşaýar.
Ýöne haýdarabatlylar şu günler hem özleriniň geçmişdäki düýpli ykdysady, medeni ösüşini Garagoýunly türkmenleriň esaslandyran Kutub şalar dinastiýasy bilen berk baglanyşdyrýarlar. Olar Kutub şalaryň bitiren hyzmatlaryna aýratyn sarpa goýýarlar.

▶ BERK DIWARLY GOLKONDA WE DÜRLER
ŞÄHERI HAÝDARABAT

Golkonda galasyny öz gözüň bilen ýakyndan synlamak, daşlaryny elläp görmek biz üçin durmuşda ýatdan çykmajak pursatlaryňbiri boldy. Golkonda galasyhäzirki Haýdarabat şäheriniň gündogar tarapynda ýerleşip, ol belent gaýada ägirt uly desgalary bilen seleňläp görünýär. Biz awtobusdan düşüp, ilkinji synlan ýerimiz giň galanyň aşaky tarapynda Kutub şalaryň guburhanalary boldy.
Tutuş günorta Hindistanyň iň kuwwatly hökümdarlary bolan Kutub şalarynyň guburhanalary bolan jaýlaryň tehniki taýdan kämilligine, berkligine, gözelligine öz ýanyňdan çäksiz buýsanýarsyň we olaryň üç asyrdan-da köp wagtdan bäri keşbini üýtgetmän durandygyna haýran galýarsyň. Ýolbeledimiz bize ýer ýüzünde şular ýaly ägirt uly guburhanalaryň onçakly köp däldigini aýtdy. Ol Mogol şasy Şajahanyň aýaly Mumtaz Mahalyň hormatyna galdyrylan Täçmahal guburhanasynyň we Kutub şalarynyň guburhanalarynyň Hindistanda iň beýik we owadanlarynyň ilkinjileridigini aýtdy.
Bir günlük ýoldan görünýän Galkonda galasynyň daş-töweregi beýik diwarlar bilen gurşalypdyr. Birwagtlar almaz bazarlary bilen dünýäde meşhurlyk gazanan Garagoýunly türkmenleriň Golkondasynyň diwarlary entegem öňküsi ýaly berk dur. Günorta Hindistanda iň belent gala diýip tanalýan Golkondanyň merkezi derwezesinden girenimizden ýolbeledimiz bize garap:
– Hany, şu ýerde duruň-da, eliňizi çarpyň, soňra diň salyň – diýdi. Ho-ol ýokarda salgym bolup görünýän şanyň maslahat jaýyndan el çarpyşygyň gaýtawul sesi geldi. Munuň manysy näme diýip, biz soradyk. Ol bize bu gala garawullarynyň aragatnaşyk hereketleri bolupdyr diýdi. Galanyň garawullary gelen myhmanyň kimdigini, maksadyny, tüýsüni, jynsyny biri-birine sesleri, ümleri bilen düşündirip, soltana tiz habar beripdirler.
Galanyň içinde ýörite goşun esgerleri üçin giň türgenleşik zallary bar eken. Ol ýerde goýlan agramlyk synag daşy baranlaryň ünsüni derrew özüne çekýär. Eger kimde-kim şanyň galasynda gulluk etjek bolsa, olara şu agyr synag daşyny götermek şert goýlupdyr.
Golkonda galasynyň içinde suwdan doldurylýan goragly howuzlar saklanyp galypdyr. Göwrümi boýunça uly, ätiýaçlyk suw howuzlary galanyň iň ýokarsyna çenli beýikdiginde hem bent edilip gurlupdyr.
Beýik gaýanyň çür depesinde ýerleşýän Kutub şalaryň maslahat jaýyna tarap ýokary göterilýän 500-e golaý diwar basgançaklary sanap ýokary çykjak bolsaň demiň ýeter ýaly däl. Şol beýiklige sekiz sany daýaw esger türkmen soltanyny tagt arabasynda günde mündürip-düşüripdir. Duşmanlar üçin ýeňilmez gala bolup görünýän bu galanyň beýik Maslahat jaýyndan göni aşaklygyna we soňra «Çar minara» çenli 7 kilometr aralyga şalaryň ýerasty gizlin ýoly bar eken. Maslahat jaýyna galyp synlasaň, galanyň diwardan belent halkasy äpet egrem-bugram ýylany ýadyňa salýar. Bu kuwwatly galanyň beýik diwarlary bir ýarym asyrdan gowrak wagtyň dowamynda türkmen şalaryna sarsmaz gala, almaz, dür, gymmat bahaly daşlaryň sandygy bolup hyzmat edipdir. Galanyň boýy 8-10 metre ýetýär. Onuň diwarlary 2-3 metre ýetýän galyňlykda daşdan örülipdir.
Biz bu belent ymaraty ýokarsyndan synlap, ony Görogly begiň Gyraty bilen uçup geçen galasyna meňzetdik. Bä-ä, hut şu ýerde Göroglynyň kinosyny surata düşüräýseler diýip, biz öz ýanymyzdan pikir etdik.
Ýolbeledimiz bize Golkonda galasynyň jemi 9 sany derwezesiniň bardygyny aýtdy. Esasy girelge «Fateh» derwezesi, ýagny «Ýeňiş» derwezesi demirden guýlupdyr. Ony açyp ýapmak üçin onlarça pilleriň güýjüni ulanypdyrlar. Galanyň içinde Kutub şalaryň, goşunbaşylaryň köşkleri, haremhanalar, bazarlar, athanalar, ýarag we ok däri dükanlary bolupdyr.
Söz ugruna bir zady bellemek gerek. Soltanguly Kutub al Mülk we türkmen soltanlarynyň bäşinji arkasy Muhammetguly Kutub şa örän zehinli bolupdyr. Olar şygyr düzmekde, goşgy aýtmakda ussat eken. Olaryň şygyr we kyssa bilen ýazylan kitaplary häzir Haýdarabat şäheriniň Osman uniwersitetiniň Urdu dilleri fakultetinde öwrenilýär. Magtymguly atamyz hem bu şahsyýetlerden habarly bolupdyr. Onuň:

«Owazasy düşüp Rum-u Ýemenge
Müsür, Şam-u, Hindistan-u Dekgenge»

- diýen goşgy setirleri hem muny doly tassyklaýar. Onuň döredijiliginde Dekkanyň ady Dekken diýlip, birnäçe ýerde tutulýar.
Gün batyp, garaňky gatlyşyberende, öňki şa köşgüniň ornunda amfiteatrda Golkonda galasynyň şöhratly geçmişi, Kutub şalar dogrusynda teatrlaşdyrylan gürrüň berilýär eken. Hindistanyň içinden, daşyndan Golkonda gijeligini synlamaga gelen jahankeşdelerden ýaňa amfiteatrda ýer ýokdy. Biz hem 5 türkmen oglan bolup, bu galanyň diýseň gyzykly taryhyny oturyp diňledik. Biz çet ýurtlularyň arasynda buýsançly oturyşymyza, özümiziň beýik türkmen soltanlarynyň, hanlarynyň nesilleridigimize guwandyk.
Görsene, türkmen täsinligini. Şeýle üýtgeşik. Türkmen aňynyň keramatyndan kemala gelen bu üýtgeşik beýik bina gözellik diýen zadyň bakydygyny Ýer ýüzüne jar edip, başyny buýsançly tutup, özüniň syrlaryny daşlaryna siňdirip otyr.

▶ SOŇLAMA

Bengal aýlagyna ýakyn, ýer we suw üsti söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen hem-de öz ösüşi, ähmiýeti boýunça sebitde iň uly şäher hasaplanýan Haýdarabat häzir Hindistanyň 90 million ilatly Andra Pradeş ştatynyň paýtagt merkezidir.
Ol ululygy boýunça Hindistanyň bäşinji şäheri hasaplanýar. Onuň düýbüni 1590-njy ýylda, ýokarda belleýşimiz ýaly, türkmen Muhammetguly Kutub şa tutupdyr. Ilki Haýdarabat Muhammetguly Kutub şanyň aýaly Bagnagaryň hormatyna «Bagnagar» diýlip atlandyrylýar. Soňra şäheriň adyny iki-üç gezek üýtgedipdirler. Iň soňunda Soltanguly Kutub al Mülküň iň uly ogly Haýdaryň hormatyna «Haýdarabat» şäheri diýil atlandyrýarlar.
Häzir Haýdarabat şäheri Andra Pareş ştatynyň medeni we syýasy merkezi bolup, ol sebitde ösen derman senagaty zawodlary, dür öndürýän kärhanalary gadymy arhitektura ýadygärlikleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Haýdarabatlylaryň aýtmaklaryna görä, Hindistanyň öňki premer-ministri Narasimho Raohem hut şu ştatda doglupdyr.
Haýdarabat şäherinde däp bolup gelen hindi we türkmen, parsy äheňli gurluşyk desgalary, häzirki zaman äheňli ýaşaýyş jaýlary, ştatyň iň uly okuw jaýy Osman uniwersiteti. Salar Ýuň muzeýi, dünýä meşhur dür we kümüş ýuwelir dükanlary bar.
Şäheriň Salar Ýuň muzeýi 35 müňden gowrakantikwe gadymy, orta asyrlardan ýygnan fondy bilen öz tomaşaçylaryny haýran galdyrýar. Türkmen halylarynyň birgiden kompozisiýasy hem bu muzeýde uly orun tutupdyr. Şäheriň merkezinde türkmen halylarynyň dükanlary bolup, ol halylar bu ýerde örän gymmat bahalanýar.
Birnäçe asyr söwda, medeni gatnaşyklar netijesindetürkmen-hindi gatnaşyklarynda has ýakynlaşma bolup geçdi. Bu ýagdaý, esasan, orta asyrlarda dörän Halajylar, Togalaklar we Kutub şalar hökümdarlygy döwründe has ýiti duýulýar. Maglumatlara görä, türkmenleriň we beýleki türkleriň täsiri bilen hindi sanskrit sözlügine 4000-den gowrak türkmen sözleri goşulypdyr. Mysal üçin, türkmen dilinde ulanylýan dükan, bahar, sirke (a), nan, baba, döner, kebap, tamdyr, mirasdyr, mülk, raýat, janym, halal, ussa ýaly we beýleki sözler hindi dilinde köp ulanylýan sözlerdir.
Türkmen-hindi gatnaşyklaryndaky ýakynlaşma dogrusynda Türkmenistanyň Hindistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Aşyr Ataýew taryhy maglumatlara salgylanyp, köp zatlary gürrüň berdi. Ol: «Häzir Delide gadymy türkmenleriň – salyrlaryň, halajylaryň, çowdurlaryň nesilleri ýaşaýar. Olar atlarynyň soňuna tirkeşik dakma atlary goşup, öz ata-baba däp-dessurlaryny saklap gelýärler. Ýöne olar dillerini ýitiripdirler – diýdi. Ol bize irki orta asyrlarda Hindistanda dören we hökümdarlyk edentürkmenleriňDeli soltanlygy, Togalaklar hem-de Bengal türkmen hanlary dogrusynda gyzykly gürrüň berdi. Ol sözüniň üstüni ýetirip, türkmen soltanlarynyň esaslandyran we abadanlaşdyran Togalakabat, Fyruzabat, Döwletabat, Adylabat, Haýdarabat, Deli ýaly şäherleri hem-de köşgi-eýwanlary, galalary barada, olaryň şu günlere çenli hyzmat edýändigi hakda buýsançly aýtdy.
Hawa, biz beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň merhemeti bilen Hindistanda bolup, üç aýdan soň Türkmenbaşymyza we türkmen halkyna tükeniksiz hindi salamyny alyp, ata Watana gaýdyp geldik. Uçaryň telewizorynda bolsa Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýylgyryp duran keşbi görünýär.
Dogrusy, Serdarymyzyň ata-babalarymyzyň hindige tarap guran ýüpek ýollaryny ýürek ýoluna öwürmekde bitiren beýik işleri, çäksiz mümkinçilikleri öz miwelerini bolluk bilen eçilýär. Biziň alys ýurtda Garagoýunly türkmenleriň döreden Kutub şalar hökümdarlygy baradaky söhbedimiz hem Prezidentimiziň döreden mümkinçilikleri bilen dünýä indi. Munuň üçin, goý, Serdarymyzy Alla ýalkasyn, ömrüni uzak etsin!

Baýramgeldi ÇARYÝEW,

Aşgabat – Haýdarabat – Aşgabat.
1999 ý.

Çeşme: www.kitapcy.ga

Edebiýat, wagt tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir