▶ ABDYRAHYM HAN – TÜRKMEN GUWANJY!

Abdyrahym hanyň kümmetine ir säher bilen bardyk. Daşy haýat bilen aýlanan ýadygärligiň daş-töweregi birenaýy baglara bürenip otyr. Türkmeniň serkerde oglunyň kümmetine alyp barýan ýodajygyň iki gyrasyna jäheklenen güljagazlar, agaçlar türkmen şahyrynyň aramgähine barýan ýodanyň iki tarapyna bezeg berip, göýä gelene gollaryny uzadyşyp: «Hoş geldiňiz!» diýýän ýalydy. Abdyrahym hanyň aramgähi Mathura köçesiniň ugrunda Nyzamuddin piriň ýadygärliginiň garşysynda ýerleşýär. Aýdyşlaryna görä, Abdyrahym han ölmezinden öň öz jesedini keramatly piriň golaýynda jaýlamagy wesýet edipdir. Humaýunyň mawzoleýiniň günorta-gündogar tarapynda bolsa Abdyrahym hanyň gurduran meşhur Nila gümmez (Gök gümmez) binasy howalanýar. Bu gümmezi ol ölmeziniň öň ýanynda gurdurup ýetişýär.
Beýik türkmen serkerdesiniň aramgähiniň daş-töwereginiň aýratyn ruhy howasy bar. Bu ýerde bir görnüş göz öňümde galdy. Mawzoleýiň basgançaklary bilen ýokary galyp barşymyza aramgähiň mährabynyň öňünde halta ýaly sallanyp duran bal arylarynyň ketegine gözümiz kaklyşdy. Şonda men öz ýanymdan: «Ýagşylykda özüňi tanadan türkmen ölikä-de sahawatyny paýlap ýatyr» diýenimi duýman galdym. Ary balynyň ysy bolsa çarýana kükäp dur. Ýazgyt depderi hindi topragynda dolan türkmen gerçeginiň kümmetinde asyrlaryň dişän yzlary mesaňa bildirýär. Aramgähiňortarasynda Abdyrahym hanyň mübärek mazary, çykalgasynda bolsa onuň aýaly Mahy Banu Begimiň mazary ýatyr. Bu ýere Abdyrahym han Türkmeniň göwrümli guburynyň başujuna zyýarata gelip, sežde edýänleriň sany-sajagy ýok.
Baýram hanyň ogly Abdyrahymyň geçen şöhratly durmuş-ýoly her bir türkmen üçinem gyzykly. Ol 1556-njy ýylda Lahorda doglup, 1626-njy ýylda (70-71 ýaşlarynda) Delide aradan çykypdyr. Abdyrahym hem öz pederi ýaly harby adam bolup, oňa-da batyrlygy, başarjaňlygy, ökde serkerdeligi üçin, «Hanlar hany» diýen dereje berilýär. Mysal üçin, Gujeratdaky bir söweşde ol özüniň bir müň atlysy bilen ýigrimi müň esgerden ybarat duşman goşunyny kül-peýekun etmegi başarypdyr. Ol özüniň ukyplylygy, paýhaslylygybilen Hindistanyň Mogol nesilşalygynyň döwlet gurluşynda syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda görnükli rol oýnap, taryhda uly yz galdyran döwlet hadymlarynyň biri. Bu barada görnükli hindi syýasatçysy Jawaharlal Neru şeýle diýýär: «Ekber özüne hem maksadyna wepaly iň oňat adamlary töweregine toplapdyr. Olaryň arasynda belli doganlar Faýzi we Abulfazl, Birbal, Man Singh we hanlar hany Abdyrahym dagy bolupdyr».
Ol Abdyrahym hakyndaky pikirlerini dowam etdirip, şeýle diýýär: «Padmawatyň» awtory Mälik Muhammet Jaýsy we Ekberiň köşgüniň birinji begzadalaryndan hem onuň atalygynyň (Baýram hanyň) ogly hanlar hany Abdyrahym dagy hindi dilinde goşgy ýazan şöhratly şahyrlar bolupdyr. Hanlaryň hany (Abdyrahym) arap, pars hem sanskrit dillerini gowy bilipdir we hindi dilinde we hindi dilinde goşgy ýazan beýik şahyrdyr».
Hakdan içen şahyr öz kakasy Baýram hanyň şahyrçylyk kesbini başarjaňlyk bilen dowam etdirip, meşhur şahyr bolupdyr. Ol türki dilde döreden eserlerini Rahymy ady bilen ýazypdyr, Taryhy maglumatlar onuň köp eserleririniň bolandygyny habar berýär. Mundan başga-da, Abdyrahym terjimeçilik işleri bilen hem meşgul bolupdyr. Ol meşhur «Babyrnamany» türki dilden parsça terjime edýär. Hindi diplomaty Surendra Kumaryň ýazmagyna görä, Abdyrahym han Mogol hökümdary Jahangiriň tabşyrygy bilen gadymy hindi eserleri «Ramaýanany», «Mahabharatany» we «Upanişady» sanskrit dilinden pars diline terjime edipdir.
Muhammet Aýýup Kadyryň «Meäsirul Umara» atly kitabynda ýazylyşyna görä, Нanlаг hany ýerli dilleriň ählisinde gürläp bilýän eken. Onuň dürli dilleri oňat bilendigi ençerhe edebi, taryhy çeşmeler, dürli tezkireler görkezýär. Bu hakda şahyryň döwürdeşi Samy molla Abdylbaky Nahabendi özüniň birnäçe tomdan ybarat bolan «Maasyry-Rahymy» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Ol döwlet işlerine serenjam beren mahalynda, herbirtaýpa bilen olaryň öz dillerinde sözleşýärdi. Eger-de, işi düşüp gelen adam pars bolsa onuň bilen pars dilinde, hindi bolsa hindi dilinde gepleşmegi oňat başarýardy». Munuň üstesine-de, şahyr şanyň buýrugy boýunça hristianlaryň, ýagny, ýewropalylaryň hem dillerini öwrenip başlaýar. Gündogaryň meşhur şahyrlarynyň (Sagdynyň, Hafyzyň, Nyzamynyň) döredijiligi bilen düýpli tanyşýar.
Hindileriň diliniň, dininiň aýry bolmagyna garamazdan, Abdyrahym hanyn, umuman, türkmenleriň Hindistana, hindi halkyna bolan söýgüsi egsilmez bolupdyr. Muny biz ykbalyň emri bilen hindi topragyna düşen islendik adamyň durmuşyndan, taryhyň saralan sahypalaryndan hem okap, aň ýetirip bilýäris. Orta asyrlarda özüniň açyşlary, üýtgeşik döredijiligi bilen orta çykan Abu Reýhan Biruni Hindistanyň gadymy medeniýetini, dilini, dinini öwrenip, uly açyşlaryň üstünden batypdyr. Ol «Hindistanyň taryhy» atly kitabyny ýazmak üçin örän köp kitaplaryň gatyny açypdyr. Dogrusy, türkmen alymy dünýä taryhyna goşuljak bu eserini ýazmak üçin hindi halkynyň gadymy eserleri bolan «Mahabharatany», «Ramaýanany», «Upanişady», «Arhaşastrany», «Kalia we Dimnany» okap, tanyş bolupdyr. Bu barada akyldar: «Men mümkin boldugyça, bar bolaýmagy ähtimaldyr öýdülen ähli ýerlerden hindi kitaplaryny ýygnamaga, şeýle hem olaryň gizlenip ýatan ýerlerini bilýän adamlary gözläp tapmaga özümiň ähligüýjümi sarp etdim» diýip ýazýar. Biruni hindileriň ýüregine ýol salyp, olaryň birtopary bilen dostlaşypdyr. özüniň ýaşynyň 44-e ýeten-digine garamazdan, sanskrit dilini öwrenmäge başlapdyr. Şunuň ýaly mysaly biz Baýram hanyň we beýlekileriň mysalynda hem kän getirip bilerdik. Umuman, Hindistanyň medeniýetini, edebiýatyny ösdürmek-de Baýram hanyň we Abdyrahymyň bitiren hyzmatyna bu gün hindi halky, şol sanda türkmen halky bilelikde guwanýar. Olaryň dürli dillerde döreden nepis şygyrlary türkmen we hindi halkarynyň milli guwanjy, ruhy baýlygynyň genji-hazynasynyň aýrylmaz bir bölegidir.
Ataly-ogul öz töwereklerine ençeme şahyrlary, sungat işgärlerini toplaýarlar, olaryn arasynda türkmen şahyrlary-da köp bolupdyr. Mysal üçin, Mir Dosty, Kyblan beg, Haşym Kyssa, Ýolguly Enisi, Molla Şeýda Tekeli ýaly şahyrlar Baýram hanyň we Abdyrahym hanyň penakärliginde öz döredijiligini ösdürýärler. Abdyrahym han Hyratda parahat ýaşap bilmedik Ýolguly Enisini maddy we magnewi jähetden goldaýar. Şunlukda, talantly şahyr özüniň ukyplylygy bilen kärdeşleriniň arasynda şöhrat gazanýar. Onuň meşhur «Mahmyt we Aýaz» atly poemasy biziň döwrümize gelip ýetipdir. Şahyryň bar bolan eserleri, esasan, pars dilinde ýazylypdyr. Ýolguly şahyr 1606-njy ýylda Burhanpur diýen ýerde aradan çykýar.
Elbetde, beýik ynsanlaryň kynçylyklar we aladalar bilen dolup-daşan örän manyly ömür-durmuşyny we ýagdaýyny bir makalada beýan etmek mümkin däl. Şonuň üçin beýanymyzy geregiçe gysgaltmagy ýüregimize düwdük.

Baýramgeldi ÇARYÝEW.

Çeşme: www.kitapcy.ga

Edebiýat, wagt tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir