ÝÜZ ON ÝAŞYŇ ÝATLAMASY

Bagdagül eje Nohur etraplarynda "uzak ýaşadym" diýen adamlaryň biri. Birwagtlar daýaw, edenli bu aýal, ýumruk ýalyjak bolup otur. Elbetde, wagt öz hökümini ýöredýär.
Bagdagül eje häzir Aşgabat şäherinde ýaşaýar. Ol birçak Ahal etrabynda Tüşi mergen ady bilen tanalan edermen adamyň ogly Nury mergeniň ýanýoldaşy bolmaly. Nury mergeniň bolsa iki aýaly bar eken.
Bagdagül ejäniň ýatkeşligi oňat. Ýöne ol "Gözüm gowy görenok" diýip zeýrenýär.
Men golaýda Bagdagül eje bilen söhbetdeş boldum. Gadymy Nohur barada, onuň tanymal adamlary hakda gürrüň edip oturdyk. Şol gürrüňleriň käbirini men okyjylara hödürlemegi makul bildim. Bagdagül ejäniň bu gürrüňleriniň ýene birnäçe wagtdan nähili gymmatynyň boljakdygyny düşündirip oturmasa-da bolar.

▶ TÜŞI MERGEN

Tüşi mergen Dykma serdaryň nökeri bolan. Özi gysga boýludy. Bir gezek "Nohura talaňçy döküldi" diýen habar gelýär. Tüşi mergen şonda bir borjagyň aşagynda girip oturýar. 100 atly gelýär. Atlylaryň serdary golaý geliberende ony atyp goýberýär. Ol atdan agdarylýar. Muny gören atlylar basga düşüp yzlaryna serpikýärler. "Meni şonda Dykma serdar tapmandyr. "Wah, mergen galandan teke bilen nohurlynyň ýüzi galany gowy" diýip, ol aýdypdyr. Soň barsam, meni görüp gujaklap, ýüzümden öpdi" diýip, mergeniň beren gürrüňi ýadymda. Şol gün olar yzlaryna gaýtjak bolanlarynda: "Ýene-de ýüz atly gelýär" habary gelýär. Olar ýene-de ýüz atlynyň öňlerinden çykmaly bolýarlar. Şolaryň içinden biri gaýtmankalar: "Ýigitler, gitmäň. Bir adam bar weli ädigimiň boýundan belent däl, bir tüpeň atanda oky ýere gaçanok, birem ses edýär weli, atlar yzyna gaçýar" diýipdir diýýä. Olar munuň sözüne ähmiýet bermän gaýdypdyrlar. "Bir zadyň aşagyna girip durýan" diýýärdi-de, näbileýin. Ýene gelýäler diýýä. Öňlerinde-de daýaw atly adam. Serdarlary. Golaýladyp atyp goýberdim weli ýykyldy. Beýleki atlylar ýene-de yzlaryna gaçdylar" diýdi.
Ýaňky atlylar Nohur obasynyň üstüne dökülip, malyny gyrjak, gyz-gelnine degjek, soňam Arçmana geçjek. Arçmanda tekeleriň üstüne döküljek. Emma olaryň bet niýeti başa barmandyr.
Nirä gidilse-de Dykma serdar Tüşi mergeni öz ýanyndan goýmaýan eken. Hemme adamdan gowy görýän eken. Biri Dykma serdar bilen gepi azaşyp, oňa "Seniň agzyňdan çaparyn" diýip haýbat atypdyr. Dykma-da "Mergen, ýagdaýlar-a şeýle" diýip aýdypdyr. "Biz şondan soň atly ýigrimi günläp, şo adamyň üstüne dökülip, onuň agzyndan çapyp, ýene-de ýigrimi gün diýlende yzymyza geldik" diýip, mergen gürrüň berýärdi. Olar jemi kyrk günläp ýolda bolupdyrlar.

Nohurda bir gala bardy. Diňli zatly. Indi ýykylypdyr. Nohuryň ähli gyz-gelnini, çagasyny şoňa ýygnaýan ekenler. Şo galaň içinde üç diňi bardy. Şolar biz gyzkagam bardy. Üç diňde-de mergenler oturyp, gelýäni atyp, yzlaryna gaýtarýan ekenler. Tä orus gelip, ýurdy alýança, uruş edilipdir. Kürtler bularyň kellesini alarmyş, bular kürtleriňkini alarmyş. Ur başyň görünmesinmiş-dä! Nohurlylar daga, hatda, şo-ol Älemli arçanyň ýanyna-da mallary-hallary, özleri aňsat çykyp bilmezlermiş. Mydam töwerekleri adammyş. Ondan soň orus gelensoň urşam galypdyr, dawa-da galypdyr. Gepem-gürrüňem galypdyr. Her kim birýana, Jülgedir Könegümmeý, Gargyly diýip dagapdyrlar.
Tüşi mergen-ä at göteren adam. Mydam Dykma serdaryň ýanynda bolupdyr. Mergenem, onuň aýaly-da 100 ýaşap ýogaldylar.
Tüşi daýym otuzynjy ýyllarda adamlar tutulmanka ýogaldy. Şo wagt oglanlary bardy. Gaýyn enem oglanlary tutulyp gidenden soň öldi. Otuz ýedide mergeniň iki ogly tutuldy. Ikisem gelmedi. Nury mergenem gelmedi. Täji mergenem.
Şonda Nohurdan 200-denem kän adam ýygnaldy. Hatda 300 diýsemem ýalançy bolman. Nähak ýerden il bendäni süräýdiler. Onuň yzyndanam uruş turdy. Täze döränlerem urşa äkitdiler. Uruşdanam gelen geldi, gelmedigem gelmedi.
Obada ilki kolhoz guranam Tüşi mergeniň çagalarydy. Täji gaýynagam oba şurasy boldy. Kolhoz başlygy boldy. Abdyrahmanyň kakasy Nury hem birgat bolup işledi.
Tüşi mergeniň üç ogly bardy. Ikisi basyldy. Biri galdy. Ýamanlapdyrlar. Ýogsam basylmaly adamlar däldi.

▶ GOÇMYRAT AHUN

Goçmyrat ahyn goňşymyzdy. 4-50 hüjresi bardy. Hüjrede okadýardy. Oraz ahuna, Nepes ahuna ahunlyk patasyny berenem Goçmyrat ahun. Ol biziň iň uly ahunymyzdy. Atanyýaz ahun oňa görä kiçiräkdi. Olam daş ýerlerde okap gelipdir.
Goçmyrat ahun perişde ýaly adamdy. Talyplary okadyp, ahunlyga ýeteni hatym edýärdi. Süleýman molla diýýär, Mämmetgulynyň ogly ahunlyga ýetdi. Onam 37-de basdylar. Ilki Eýrana gitdi. Şo ýerden tutup getirip basdylar. Goçmyrat ahun bu ýagdaýlary görmedi. Öň ýogalypdy. Onuň öňünde gepläp biljek adam ýokdy. Allajan ony uçurýarmy, nämemi, gidip Käbede ertir namazyny okap, ýene-de Nohuryň ertir namazyna ýetýärmiş. Muny özi aýdanokdy. Görenler diýýärdi.
"Bu ahun-a pylan güni Käbede namaz okap otyrdy. Ýene-de bu ýerde" diýip aýdýardylar. Ine, Goçmyrat ahun şeýledi. Doganlaryna Molla Ysmaýyl ahun, Remezan molla, Nurmämmet molla, kakasyna Mollaly ahun diýýärdiler. Bularyň bir gardaşyna Ybraýym eke diýýän ekenler. Kellesini kürt kesipdir, jesedini getirip jaýlapdyrlar. Mollaly ahun kellesini satyn alyp gelipdir. Ol bütin nohurlyny ýygnap, "Geliň, men oglumyň mazarynyň üstüni açýan" diýipdir. Açsalar oglunyň jesedi şu wagt jaýlanan ýaly. Şehit-dä, pahyr. Kellesini "Bismilla yrrahman irrahym" diýip, goýupdyr weli, ýara-da ýok, para­da, ýok, düp-düz boldy duruberdi diýýä. Onsoň muny jynaza okap, ýamaşgandan jaýlapdyrlar.
Goçmyrat ahun bir bilimli alym adam. Özem goňşudyk. Tarpa-taýyn ölenok. Bir aý dagy düşekde ýatdy.
Garawul diýen ýerde çarwa oturýardy. Şo ýerde kesel tapynýar. Ata, düýä ýüklemän, adamlar ony paýu-pyýada eginlerinde göterip, Nohura getirdiler. Yzynda ogly-gyzy galdy. Bir ogly özünden soň öldi. Giýewsi öldi. Agtyk­-çowluk diýäýmeseň, onuň indi özünden galan adam ýok.
Goçmyrat ahunjanyň ölenine wagt geçdi-dä. Ýetmiş ýyl dagy geçendir.
Goçmyrat ahundan pata alan Oraz ahunam, Nepes ahunam Eýrana geçdiler. Jesetleri Eýrandadyr. Ahunlar döwründe Nohurda üç metjit bardy. Goçmyrat ahunyň metjidi şu wagtlaram bar. Beýlekileri weli kolhoz gurlanda sklada öwürdiler.

▶ ATANYÝAZ AHUN

Atanyýaz ahunjanam bir eli açyk adamdy. Ýaz aýlary şu gün bir süri dowar gelse, öldürenini öldürip, galanyny ile paýlardy. Bir at getirseler, ony obadaky galtaman adama bererdi. Baý bar, galtaman bar owal. Meň galtaman diýýänime geň galyp oturmaň. Öňki döwürler­de garyp-gasara gedaý diýmän, galtaman diýilýärdi. Gedaý birhiliräk görlerdi-dä.
Atanyýaz ahunjanyň çagasy bolmansoň dört sapar öýlendi. Ilki bir gyz aldy, bolmady. Soň hojalardan bir gyz aldy. Ondanam zat önmedi. Onsoň dogrup duran bir dul aýala öýlendi, ondanam çaga bolmady. Soň öz agasynyň gelnini aldy. Şondan bir ogul boldy. Olam birki ýaşynda Eýrana gitdiler. Mazarlary Eýranda galdy pahyryň. Onuň bilenem Nohurda goňşy bolup ýaşapdyk.

▶ MUHAMMETGULY ATABAÝEW

- Muhammetguly Atabaýy görüpmidiňiz?
- Äý, olary görsegem, tanaýan zadymyz ýok. Olar orus bilen boldular. Orsuň içinde boldular. Ýöne atlaryny eşitdik, özlerini weli göremzok. "Atabaýlar, Atabaýlar" diýip atlary tutular. Orus gelende olar şolar bilen boldular.
Atabaý arçyn üç dogandy. Birine Atabaý, birine Anna baý, beýlekisine-de Mämi baý diýerdiler. Özleri baý adamlar. Mäminiň dört aýaly, Anna baýyň iki aýaly, Atabaýyň iki aýaly bardy. Üç gardaşyň sekiz aýaly bardy. Bulardan bolan çagalaram, hökümet gelenden soň, okamak bilen boldular. Atabaý obanyň arçynydy.

▶ GELDI HAJY

Geldi Hajy baý adamdy. Olaram üç-dört gardaşdylar. Şolar baýdy. Geldi hajy obada agyzly adamdy. Ol Goçmyrat ahunjan bilen bile Käbä gidip, hajy bolup gelipdir.
Obada hamana biri gelip bellejek bolýar, ýa­da bir zat satyn aljak bolýar. Özüniň elinde zady ýok. Şonda oňa "Geldi hajyny getir-de, kepil et" diýerdiler. Geldi hajy-da "Üzüp bilmese, özüm üzerin" diýse, gelin berýäs, gyz alýas, ýa mal berýäs, ýa-da mal alýas, tapawudy ýok, meseläniň çözüldigidir.
Geldi hajy bilenem goňşy ýaşadyk. Ol il-günüň işini bitirýän adamdy.

▶ OTUZ ÝEDINJI ÝYL

Ilk-ä baý diýip adamlary ýygnadylar. Mälikler diýip, bardy. Baý diýip olaryň köpüsini tutdylar.
Bäş gardaş bol, üç gardaş bol, bir gijede süpläp gidýärdiler. Ertir tursaň "Nuruşyň dört ogly gidipdir, ýene biriniň üç ogly, ýene biriniň iki ogly" diýip eşidýärdik.
Tüşi mergeniň ogullaryny iň soňundan ýygnadylar. Gelenler "Sizi tutmak üçin gelemizok. Ýüzleşdirmek üçin sizi Bäherdene äkitmeli" diýdiler. Eltipdirler. Başda ýamanlan adamlar, olaryň üstüne töhmet baryny ýagdyrypdyrlar. Şo gidişlerine-de gaýdyp gelmediler pahyrlar. Tüşi mergeniň üç oglam mergendi. Täji mergen, Nury mergen, Gurban mergen. Üçüsem agyzly adamdy. Ejiziň arkasyny çalýardylar.
Çagasy köp, horrak ýaşaýan adamlary öz sürülerine çopan ederdiler. Rehim-şepagatly adamlardy. Özleri ekip, özleri dikip, özleri orup, özleri döwek döwerdiler. El bilen orup, öküz bilen ýer sürýärdiler. At aýlap, samanyny, bugdaýyny getirip goýardylar indiki ýyla çenli. Zähmetkeş, işeňňir admlardy. Ellerinden hemme zat gelýärdi. Öýem salýardylar. Äpişge-gapy-da ýasaýardylar. Ellerinden gelmeýän hünär ýokdy. Eýer, hatap ýasaýardylar. Her günde Gökdepeden, Bäherdenden on adam gelýärdi. Hatda bagdady gapysyny hem ýasaýardylar. Üstümiz mydam doly adamdy. Ejizi horlatmaga goýmazdylar.
Tüşi mergeniň ýany hemişe adamlydy. "Aý, mergen geçenden gürrüň ber" diýseler, agşama çenli gürrüň berer oturardy.

▶ URUŞ ÝYLLARY

Erkek kişiler obadakalar biz agyr iş diýlen zady bilmedik. Myhmanlaryň çaýyna, naharyna ýetişsek, boldugydy.
Bular gidensoň, bilimizi berk guşadyk. Kiçisi Abdyrahman bary-ýogy iki aýlyk. Mundan ulusy iki ýaşynda. Abdyrahmanyň ejesinden iki gyz, iki oglan galdy. Bular tutulandan soň, çagalary nähili eklemeli?! Meňem o wagt bir gyzym durmuşa çykypdy, bir gyzym ýanymda.
Orak oran bilen orak orup, harman döwen bilen harman döwüp, ýer depen bilen ýer depip, kolhozyň ýerlerini suwarmaly diýseler, suwaryp, artel işläp gün görmeli boldy. Aw-owlak norma berseler, getirip çagalara bermelidi. Ýaz aýlary dagda halwan diýip ot ösýär. Ýeralma ýaly. Ak. Özi weli awy ýaly ajy. Şoňa ýetsek, bugdaýa çy­kan ýaly görýärdik. Ýatyrlaýyn daga gidip, gazyp­gazyp alyp, göterip bilenimizi göterip getirýärdik. Bulary ilki bilen ýuwup-ardyp, ap-ak edýäs. Jamyň içinde daş goýup, olary daşa çalmaly. Un etmeli. Muny dört-bäş gün dagy jamda suwa salyp goýmaly. Günde bir ýa iki gezek suwuny çalyşmaly. Süýjänsoň ony gatyk bilen kaçy çalmaly. Kaçynyň üstüne-de gatyk döküp iýmeli. Bolsa gaýmak döküp iýerdik. Elimize bugdaý düşýänçä, şony iýip oňmaly bolýardy.
Abdyrahmanyň ejesi ýaş diýip, ony bir ýere-de ibermezdik. Könekesire gitmelem bolsa gidýärdim. O ýerde Tüşi mergeniň gyzy ýaşaýardy. Agtyklary bardy. Oňam äri ýogaldy. Iki ogly, iki gyzy galdy. Gaýynagasynyň ogluna dakyldy. Ondanam iki ogly boldy. Eýrana geçdiler. Könekesirde weli iki ogly bilen iki gyzy galypdy.
Menem şolaňka barýardym. Men, Täjiniň hemem beýleki gaýynagamyň aýaly zat bolup gidýardik. Baramyzda-da ogrynça barmalydyr. Baran dessimize bizi gizleýärdiler. Ýogsam serhetçiler tutýardylar.
Bizi gizläp, özleri gije serhede golaý baryp, aýdym aýdan bolup ýagdaýy düşündirýän bolarly. O ýerdenem az-owlak bugdaý berýärdiler. Getirip, bize ýükläp berýärler. Gar ýagyp durandyr. Gije Kesirden Nohura pyýada gaýtmaly. Eşegimizde-de az-owlak ýük. Onsoň pyýada ölüp-ýykylyp, hamana bir gün ýöräp, gijäňem bir wagty Garawul diýen oba gelerdik. Bu ýerde-de tanyşlarymyzyňka düşüp, bu gije ýatyp, ertir irden Nohura ugrardyk. Kürüjdeýde öz gyzy hemem Abdyrahmanlaryň daýylary bardy. O ýerlere giderdik. Pahyrlar tapdyklaryndan üç putdan, dört putdan eşek ýüklär ýaly edip berip goýbererdiler. O ýerdenem pyýada gaýtmalysyň. Gar-ýagmyram ýagyp durandyr. Egrem-bugram dag ýollaram onuň üstesine.
Duzlydepede ýegenler ýaşaýardy. Oňa gatnaýardym. Ýanymda-da aýal ýoldaşym bar. Şolaňka baramyzda, Baýgeldi diýip kolhoz başlygy bardy. Adamkärçiligi gowy adamdy. Olam eşegimizi ýükäp goýbererdi.
Näwagt gelsegem, Garawul obasyna sowulýardyk. Çünki şo ýer­de Nury mergeniň gardaşlykdyryn diýen adamy ýaşaýardy. Oňam üç dogany Eýrana geçdi, galanlary hem tutulany tutulyp, her zat bolsa galany galypdy.
Indi bizde zat ýok. Hökümedem salyp bilen salgydyny salýar. «Müň manat nagt pul beriň, müň manat zaýom beriň, dowaryňyzyň ýüňüni beriň, çöpürini beriň, süýdüni beriň. Onsoň biz näme iýeli? Şeýdip alýarlar. Normasyny berýänçäk, olardan biziň çagalarymyzam datmaly däl. Munuň ýüňüni, çöpürini üzüp bilmesek, bir dowar berip: "Üzüliň menden diýýän. Çagalary bir atasyna gowşuraýyn" diýdim. Allajan gowuşdyrmady. Abdyrahmandan ulusy on dokuz ýaşynda öldi. Öý-işiklidi. O gyzymam on alty ýaşynda öldi. Abdyrahman bilen bir gyzy galdy. Atalaram gelmedi. Horluk gördük. Kän horluk gördük. Soň Täji gaýynagamyň ogly ýetişip artel başlygy boldy. Abdyrahmanyň ejesi artele girip işledi. Şondan soň birneme elimiz harçlandy.
Uruş gutarandan soň dokluga çykdyk. Arkamyza şemal çalan ýaly boldy.

1992 ý, sentýabr.

Allaýar ÇÜRIÝEW.

Alynan çeşme: www.kitapcy.ga

Edebiýat, wagt tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir