Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunda geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisine Türkmenistanyň dokma senagatynda ulanylýan enjamlaryň öndürijileri hem gatnaşdy.

Pagta süýmünden ýüplük öndürýän, şeýle hem olary dokaýan enjamlary öndürýän Şweýsariýanyň “Rieter” kompaniýasy Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bir hatarda türkmen telekeçileri bilen hem hyzmatdaşlyk saklaýar.

Kompaniýanyň satuw işleri boýunça wekili Pýer Kübler "Biznes Türkmenistan" internet neşirine beren beýanatynda Türkmenistanyň dokma senagatynda bolup geçýän ösüşleriň öz tehologiýalarynyň dünýä tanalmagyna ýardam berýändigini belledi.

“Häzirki wagtda Türkmenistanda hereket edýän birnäçe enjamlarymyz bar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýarys. Türkmenistanyň dokma senagatyndaky ösüşine kömek edýändigimize buýsanýarys” diýip, Kübler aýtdy.

Kompaniýanyň Türkmenistanyň dürli ýerlerinde ulanylyan enjamlarynda tehnologiýanyň soňky gazananlaryny ýerleşdirýändiklerini aýdan Kübler, Balkanabat şäherinde ýerleşýän “Batly gadam” hususy kärhanasynyň hem “Rieter” kompaniýasynyň enjamlaryny ulanýandygyny belläp geçdi. 2018-nji ýylda esaslandyrylan “Batly gadam” hususy kärhanasy bir günüň dowamynda 50 müň jübüt jorap öndürýär.

Täzelikler, yashalym tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir