NOHURGYŞLA OBASY WE NOHUR KÖLI

"Hormatyña hormat bilen baş egip,
Gülüñ ysgap, şerbetiñden içdim men,
Daglaryñdan aşyp, suwuñdan ýüzüp,
Ol gujakdan bu gujaga düşdüm men.
Nahçewan ýolunda ýylçyr daglara
Gül tylla teññeler sepen çagynda.
Töweregi bir dem synlamak üçin
Balyklar böküşdi Araz çaýynda".*

■ Nohurgyşla obasy

Kawkaz ýurtlarynyñ türki dilli ilatynyñ ata-babalary oguz-türkmenlerdir. Muña Türkmenistandaky ýer-ýurt we tire-taýpa atlarynyñ Kawkazda, ylaýta-da Azerbaýjanda, Daglyk Garabagda, Nahçewanda bire-bir gaýtalanmagy hem doly güwä geçýär.
Şeýle ýerleriñ biri hem Türkmenistanyñ Köpetdag dag gerişleriniñ günbatar zolagynda ýaşaýan nohurly türkmen taýpasy bilen adybir gabat gelýän Azerbaýjanyñ Nohurgyşla obasynyñ nohurly ilatydyr.
Nohurgyşla (Nohurqışlaq) obasynyñ taryhy XVII asyryñ başlaryna, XVIII asyryñ ahyrlaryna uzaýar. Obanyñ territoriýasy gyşlaglar deregine ulanylypdyr, soñ-soñlar ilatlaşyp, ýaşaýyş dört pasylam dowam edipdir. Obanyñ "Nohurgyşla" adynyñ birinji "Nohur" bölegi Nohur etrabynyñ adyndan, ikinji "gyşla" bölegi bolsa, ýokarda aýdyşymyzdan hem görnüşi ýaly öñ gyşla bolandygy üçin galan goşma sözdür.
Nohurgyşla obasy etrap merkezinden 6 km demirgazyk-gündogar tarapynda, Alazan-Hefteran jülgesinde ýerleşýär. obasynyñ demirgazygynda Uly Kawkaz daglary, gündogarynda Wendam derýasy, günortasynda Tüntül obasy, günbatarynda Demiraparan derýasy bar.
XIX asyrdan galan bir maglumatda etrabyñ ilaty Wendam obasyndan çykan hojalyklaryñ XIX asyryñ ortalarynda Nohurgyşla göçüp gelendigi habar berilýär.
Nohurgyşlada Demiraparan we Wendam çaýlarynyñ sil suwlaryndan we ýerasty suwlaryndan toplanýan adybir uly suw howdany hem bar. Gowaça meýdanlaryny suwarmak üçin ulanylýan suw howdanynyń suwy emeli kanal bilen Gökçaý derýasyna akdyrylýar.
2009-njy ýylyñ ilat ýazuwynyñ berýän maglumaty, obada 3041 adam bardygyny habar berýär.
Nohurgyşla obasynda bir orta mekdep, çagalar bagy we metjit bar. 2011-nji ýylda Nohurgyşla obasynyñ orta mekdebi Azerbaýjan respublikasy boýunça "Ýylyñ mekdebi" diýen hormatly ada eýe boldy.
Nohur kölüniñ golaýyndaky Kenar pensionaty (Sahil pansionatı) taryhy-rowaýaty ýerlerden hasaplanýar. Nohur köli 1950-nji ýylda ulanylmaga berlipdir. Obanyñ ýolunyñ Gabala-Ysmaýylly gara ýoly bilen kesişýän 2,5 km ýerine asfalt düşelen.
Nohurlylaryñ suw ätiýaçlygyny üpjün etmek üçin artezian guýysy gazylypdyr, 25 tonna suw sisternasy goýulypdyr we 120 hojalyga suw geçiriji çekilipdir.
Obada döwrebap bilim bermek üçin 480 okuwça niýetlenen täze mekdep binasy hem gurulypdyr. 2008-nji ýylda sporta höwesek ýaşlaryñ türgenleşmekleri üçin sport stadiony we başga-da telefon stansiýasy gurlup ulanylmaga berildi.
Edil Türkmenistandaky nohurlylar ýaly Nohurgyşlanyñ hem juda zähmetkeş we myhmansöýer nohurlylary bar.

■ Nohur köli

Nohur köli ýa-da Nohurgyşla suw howdany - Gabala şäherinden 3 km gündogarda, Nohurgyşla obasyndan 1 km demirgazykda, Gülliburun, Göýdag we Ýumry** daglarynyñ arasyndaky tebigy çöketlikde, deñiz derejesinden 700 metr beýiklikde ýerleşýär.
1949-njy ýylda tebigy köl ýagdaýynda bolan Nohur kölüniñ daş-töweregi gür gamyşlyk we ösgün suw ösümlikleri bilen gurşalan batgalykdan, sary-ýaşyl reńkli ýata suwlardan gurşalandy. Şol ýyl Nohur kölüniñ günortasynda tarapyndaky Gülliburun dagy bilen Ýumry dagynyñ arasynda uzynlygy 850 km, boýy 8–10 metr, ini 4–6 metr bolan bent çekilip, suw howdany guruldy. Suw howdanynyñ häzirki uzynlygy 1925 metr, ini 1355 metr, meýdany 240 gektardyr. Kölüñ iñ çuñ ýeri 24 metr, köl suwunyñ agramy 16 million kub metr hasaplanylýar.
Nohur kölüne Demiraparan (70%) we Wendam (30%) derýalarynyñ suwy akdyrylýar. Kölde durlanan suwy bolsa Gabala, Akdaş, Göýçaý, Ujar etraplarynyñ suw ätiýaçlygyny üpjün etmek üçin ulanylýar.
Nohur kölüniñ kenarlarynda dynç alyş zolaklarynyñ döredilmegi bilen bu ýer häzir azerbaýjanly we daşary ýurtly turistleriñ iñ köp gelýän ýerine öwrüldi. Şol sanda kölüñ balygy hem boldugy üçin balykçylyk hojalygynda möhüm rol oýnaýar.
Gyş aýlary çakdanaşa sowuk gelen wagty Nohur kölüniñ ýüzi tutuşlygyna doñýar. 1953-nji ýylyñ aýazly gyş paslynda kölüñ ýüzüniñ buzy 40-50 sm-e ýetipdir. Şonda mundan peýdalanan nohurgyşlalylar Nohur kölüniñ demirgazygyndaky dag gerişlerinden odundyr beýleki zerur materiallary tehnika we el güýji arkaly kölüñ üstünden göni daşapdyrlar. Nohur kölüniñ ýüzi 2007-2008-nji ýylyñ gyş paslynda-da tutuşlygyna doñupdyr.
Kölden daşlaşdykça suwunyñ özboluşly gara öwsüp görünýändigi üçin oña Garanohur köli hem diýilýär.

■ Peýdalanylan çeşmeler:

1). Şelale Mehýeddin gyzy "Gabala Kawkazyñ merjeni" ("Qəbələ Qafqazın incisi") "Oğuz Eli" neşirýaty, Baku- 2009.

2). "Azerbaýjan toponimleriniñ (ýer-ýurt atlarynyñ) ensiklopedik sözlügi" ("Azərbaycan Toponimlərinin Ensiklopedik Lüğəti"), Azerbaýjanyñ Milli YA-nyñ Nesimi adyndaky diller instituty, "Şərq-qərb" neşirýaty, Baku-2007. sah.427.

3). Azerbaýjan respublikasynyñ ilatynyñ hasaba alynmagy. Azerbaýjanyñ Döwlet Statistika komiteti. Baku-2010. sah.629

4). MÜSƏLMAN DİNİ İCMALAR - 2018-ci ildə qeydiyyatdan keçənlər. scwra.gov.az (azərb.)

5). Seret: wikipediýa: Nohurqışlaq kendi, Nohur gölü (azerbaýjan dilinde).

■ Giñişleýin öwrenmek üçin seret:

1). "Türkmenler (musulman oguzlar) we Häzirbegjan türkmenleri", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/turkmenler_musulman_oguzlar_we_hazirbegjan_turkmenleri/2018-12-31-4288

2). "Skifler we Azerbaýjan", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/skifler_we_azerbayjan/2019-01-29-4862

3). "Azerbaýjan türkmen edebiýaty", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/azerbayjan_turk_men_edebiyaty/2019-01-04-4424

4). Sinan BILGILI "Azerbaýjan türkmenleriniñ taryhy", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/azerbayjan_turkmenlerinin_taryhy/2019-01-02-4358

http://www.kitapcy.ga/news/azerbayjan_turkmenlerinin_taryhy_dowamy/2019-01-02-4359

5). Soltanşa Atanyýazow "Azerbaýjanda türkmenleriñ ýaşaýan ýerleri bilen baglanyşykly geografiki atlar", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/azerbayjanda_turkmenlerin_yasayan_yerleri_bilen_baglanysykly_geografik_atlar/2018-12-31-4275

_______________________________________
*Berdinazar Hudaýnazarowyñ "Azerbaýjan hakynda aýdym" goşgusyndan, saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/azerbayjan_hakynda_aydym/2018-07-11-1250

**Ýumry dagy - şeýle dag gerşi Bäherden etrabynyñ Nohur obasy bilen Magtymguly etrabynyñ Kürüždeý obasynyñ arasynda hem gabat gelýär.

# Internet maglumatlary esasynda taýýarlan:
Has TÜRKMEN.

http://www.kitapcy.ga/news/nohurgysla_obasy_we_nohur_koli/2019-06-13-7343

Edebiýat, wagt tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir