TÜRKÜSTANYÑ TARHAN OGLY:
TARHAN NIZEK

Türkmen halkynyñ müñ ýyllyklara uzaýan taryhy geçmişiniñ her döwründe hakydalarda asmandaky ýyldyzlar ýaly şugla saçan beýikden-beýik milli şahsyýetlerimiz bolup geçipdir.
Olaryñ biri hem XVIII asyrda ýaşan we basybalyjy araplara garşy mertlerçe söweşen Tarhan Nizekdir.
Tarhan Nizegiñ ady belki-de, köpüñize tanyş däl bolmagam mümkin. Belki-de, musulman taryhçylary omeýatlar (Emewi halyflygy) diktaturasynyñ arap serkerdesi, zalym basybalyjy Kuteýbe ibn Muslime garşy göreşendigi üçin onuñ watansöýüjiligine nädogry düşünip, beýik gahryman Tarhanyñ yslama garşy gidenleriñ hataryna goşandyrlar, belki-de şonuñ üçin onuñ ady erkinligi jyga edinen halkyñ hakydasyndan öçürilmäge çalşylandyr.
Taryh syýasata görä ýazylmaýar. Ýazylsa-da iru-giç syýasata görä ýazylan galp taryhyñ sepi açylýar.
Taryh duýguçyllyk esasynda-da ýazylyp bilinmez. Taryh diñe biziñ penjirämizden (şahsy ideologiýamyzdan) ybarat däldir. Oña hemme penjirelerden bakmak gerek.
Tarhan Nizek boýun egmezekligi üçin yslamy perde tutunyp türkmenleri köpçülikleýin gyrmakda tapawutlanan zalym Kuteýbe tarapyndan boýny oñurylyp öldürilýär we onuñ kellesi Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) sahabalarynyñ ganyna galmakda ýaka tanadan beýleki bir zalym Hajjaja ugradylýar.
Taryhy çeşmeleriñ habar bermegine görä boýny oñurylyp öldürulen watanperwer türkmenleriñ sany 12 müñdenem geçipdir. Öldürilenleriñ arasynda Tarhan Nizegiñ maşgalasy (kiçijik çagalary bilen birlikde), egindeşleri hem bar eken. Tabary, Belazuri, Dineweri, Ibn Esir ýaly ynamdar taryhçylaryñ taryhy kitaplary-da edilen bu zalymlygy doly tassyklaýar.
Tarhan Nizek barada häzire çenli öz taryhçylarymyz-da, suwytly iş bitirmändirler. Şonuñ üçin bu gezegem köplenç bolşy ýaly doganlyk ýurtlaryñ taryhçylarynyñ ylmy işlerine ýüzlenmeli bolduk. Netijede Türkiýe respublikasynyñ Atatürk uniwersitetiniñ Edebiýat fakultetiniñ professory, doktor Enwer Konukçynyñ "Bir Akhun hökümdary Tarhan Nizek" atly makalasyny türkmen dilinde siziñ bilen paýlaşmagy müwessa bildik.

◆ ◆ ◆

AKHUN HÖKÜMDARY TARHAN NIZEK

Ak hunlar (eftalitler ýa-da abdallar, abdal türkmenleri - t.b.), I-VI asyrlarda Eýran, Hindistan we Hytaý aralygynda ýaýylyp ýatan ümmülmez imperiýanyñ, has dogrusy beýik türkmen kaganlygynyñ eýesidiler. Şonuñ üçin olaryñ ady taryhy çeşmeleriñ hemmesinde diýen ýaly geçýär. Şol sanda olaryñ ady her taryhy çeşmede dürli-dürli görnüşde agzalýar. Yslam çeşmeleri hunlaryñ bir şahasy bolan bu taýpany "Abdal" sözüniñ gadymy irki görnüşi bolan "Haýtal", "Habdal", köplük sanda-da "Haýatila" ("Haýtallar") diýip atlandyrypdyr. Tabaryda, Belazuride, Belamide, Dineweride, Ýakutda, Masudyda, Mukaddeside, Abylkasym Ferdöwsiniñ "Şanamasynda" Haýtal-Haýatila ady ýygy-ýygydan agzalýar.
Haýtallar VI asyrda Aziýanyñ iñ uly regional syýasy güýji bolup durýardy. Günbatarda Sasanylar, gündogar-demirgazykda türkler (Tu-kiue), günortada hindi rajalyklary bilen araçäkleşýärdiler.
Hytaý bilen syýasy we diplomatik gatnaşyklar adatça bolşy ýaly ikitaraplaýyn ilçiler arkaly amala aşyrylýardy. Sasanylar bolsa özlerine dostluk goluny uzadyp durýan Haýtallara hemişe diýen ýaly duşmançylykly göz bilen seredýärdiler. Firuzyñ (459-488) we onuñ oruntutary Kawadyñ döwründe Haýatila garşy yglan edilen uruşlar Ahşunwaryñ paýhasly syýasaty netijesinde Sasanylaryñ öz zyýanyna tamamlandy. Kawad Mazdagyñ gozgalañy turanda kyn ýagdaýa düşüp, Haýtallardan kömek sorady. Haýtallar goñşy hatyrasyny saklap, olara kömek etdi we gozgalañy basyp ýatyryp, Sasany döwletiniñ asudalygyny we içki tertip-düzgünini dikeldip berdi. Şondan soñra Sasany-Haýatila dostlugy bir salym dowam etdi. Anuşirwan Adyl ady bilen rowaýata öwrülen Nowşirwan (531-579) günbatarda Wizantiýa garşy göreşýän döwründe gündogarda syýasy arenada täze peýda bolan Göktürk(men)ler bilen arasyny sazlady. Haýatilanyñ ýanynda hiç hili harby we syýasy taýdan soýuzdaş bolmady we ol ýene-de ýeke galyp, öz başyny özi çaramaly boldy. Munuñ netijesinde olaryñ Owganystandaky we Mawerannahrdaky häkimiýeti ep-esli gowşady. Nowşirwanyñ we Göktürk hökümdary Istemi hanyñ birleşen güýçleri iñ soñky ölüm urgusyny urup, bu türkmen döwletiniñ soñuna nokat goýdular.

■ Haýatilanyñ milli gahrymany ~ TARHAN NIZEK

Mawerannahrda (şol sanda Türkmenistanyñ ähli ýerinde), Owganystanda we demirgazyk Hindistanda häkimiýet guran Haýatila (akhun, huna) Sasany-Göktürk bileleşiginiñ garşysynda pese gaçandan soñra käbir toparlar göreşi bes etmeýärler. Toharystanda Haýatilanyñ agzyny birikdirmäge çalyşýan milli gahryman orta çykýar. Ol gahrymanyñ ady Tarhan Nizekdi. Tarhan Nizegiñ şol ýyllarda alyp baran göreşi barada maglumatlar juda az saklanyp galypdyr. Sasanylaryñ araplaryñ garşysynda ýeñlişe uçramagy bilen Haýatila täze güýç hökmünde ýañadandan tirsegine galýar. Göktürkler bilen Nizegiñ gatnaşyklary barada taryhy çeşmelerde häzire çenli maglumata duş gelinmedi. Emma käbir arheologik barlaglardan çen tutup, Nizegiñ öz adyna pul çykardandygyny anyklamak başartdy.

■ Nizek ady barada

Tabarynyñ kitaplaryna salgylanýan taryhçylar Nizek barada kän ýerde agzap geçýärler. "N.z.k" ýa-da "N.i.z.k" görnüşinde ýazylan adam adynyñ gapdalyna titul hem goýup ýazypdyrlar. Ol titulam gadymy türk(men)lerde asylzadalygy añladýan "Tarhan" (ýa-da "Tarkan") sözüdir. Hytaý senenamalarynda bolsa bu söz "Tte I", "ssu-nan-cu/Tireç" görnüşinde agzalýar. Nizek sözi diñe türki kowumlarda ulanylan söz däldir. Belki-de bu sözüñ aýdylyşynda ýa-da ýazylyşynda bir ýalñyşlyk goýberilýändir. Çünki "T.z.k" sözündäki dyngy belgileri ýerini çalşanyñda "T.r.k" sözi orta çykýar.
Mahmyt Kaşgarlynyñ kitabynda "Tirek/Direk" (direg, söýeg, ýa-da sütün manysynda) sözüniñ agzalýan ýeri bar.
Tang döwrüniñ ýazgylarynda araplaryñ ýa-da ýerlileriñ Nizek ady hytaýlylar tarapyndan "Nose" görnüşinde ýazylypdyr. Balhda we onuñ töwereginde "Na-zek Şah" ady has köp ulanylýar. Bu adyñ "Nozeg" görnüşiniñ hem bardygyny aýtmak gerek. Abdylla ibn Hazymy we Selm ibn Zyýady hojaýyn hökmünde ykrar edip, çykarylan metal pullarda "Tarka(n) Şaho/Tarka(n) Nizaga" ýazgysyny okamak mümkin. "Şaho" parslaryñ ulanýan “Şah” ("Şa") sözüniñ irki görnüşidir. Gadymy tradisiýa VII asyrda-da dowam etdirilýärdi. Bu adyñ türki söz bolup biljekdigini ünsi çeken ilkinji taryhçy, professor A.N.Kuratdyr. Onuñ Nizek hakyndaky pikirlerine doktor Emel Esin şeýle baha berýär:

“Bagdis/Hyratyñ hökümdary bolan bir türk(men)iñ ady yslam çeşmelerinde Tarhan Nizek diýip geçýär. A.N.Kurat Tabara we Asam al-Kufa salgylanyp Badgisiñ hökümdarynyñ "Tarhan Terik" titully bir Türgiş beginiñ bolandygyny subut etdi. "Tarhan Tirek" sözündäki "Tirek" käbir ýerlerde üýtgeşmä sezewar bolup, "Nizek" görnüşunde ýazylypdyr. Tirek hem edil Tarhan ýaly türk(men) titulydyr".

Belli alym Gumilýow bolsa Nizek sözüne düýbünden başgaça çemeleşýär. Ol "Nizek/Bižan" görnüşi üçin şeýle diýýär:

“Belazuri we Tabary Nizek Tarhandan söz açýar. Emma Ferdöwside onuñ adynyñ Bižan Tarhan görnüşinde agzalýandygyny öñe sürýär. Şol sanda Ferdöwsi Bižanyñ halkynyñ Samarkantda ýaşaýandygyny aýdýar. Çžançžou (ýagny "Jabgu" - "inji" manysyny berýär) 653-nji ýylda Badgisde öldürilýär. 709-njy ýylda öldürilen Nizak Tarhan onuñ baş häkimidi. Eger bu çaklamany dogry hasaplasak onda Tarhanyñ ady Nizek däl-de, Bižan bolup çykýar. Arap çeşmelerinde agzalýan Nizakda arap elipbiýinde "ž" harpynyñ ýokdugy üçin, asyl bolmalysyna Bižan diýsek dogry bolar".

■ Ýezdigerdiñ ýeñlişi we Tarhan Nizegiñ oña hemaýat goluny uzatmagy

B.e.öñ IV asyrda persleriñ başyna gelenler indi Sasanylaryñ başyna gelipdi. Çünki arap halyflygynyñ goşunlary Medaýyny eýeläp, Eýrana aralaşypdylar.
Ýezdigert III (633-651) Sasanylaryñ iñ soñky patyşasydy. Ol Şähriýaryñ ogly we Hysrowyñ agtygydy. Kadisiýäni, Medaýyny, Nihawendi elden gideren hökümdar Media şäherine gaçýar. Ol ýerde-de uzak galyp bilmeýär. Gyssaga düşen Ýezdigert Toharystandaky Tarhan Nizekden we beýleki türkmen kethudalaryndan kömek sorady.
Şol wagt ony yzarlap barýan Ahnef ibn Kaýs Sasanylaryñ üstüne hüjüm etmek üçin halyf Hezreti Omardan (r.a) rugsat sorady. Halyf oña ejaza berýär. Netijede Owganystanyñ iñ möhüm şäherleriniñ biri Hyrat eýelenýär. Hyrata Sahhar ibn Fulan häkim bellenýär. Ahnef ibn Kaýs Amyderýa tarap hereket edýär we Merwe çenli gelýär. Ýezdigert bolsa Merweruda tarap gaçýar. Jany burnuna gelen Ýezdigert Hytaý we türk kaganyndan kömek sorap ilçi ugradýar. Şeýle-de bolsa, onuñ haýyşy ret edilýär. Ýezdigert mejbury ýagdaýda Balha çekilýär.
Belazuri Ýezdigert bilen Tarhan Nizegiñ arasynda bolup geçenler barada şeýle ýazýar:

"Ýezdigert bu ýagdaýy görüp, Horasana gitdi. Merwiñ golaýyna gelende Merwiñ marzbany Mahyýa ony hormat bilen garşylady. Bu duşuşyga Tarhan Nizegem geldi we ýanynda getiren eşiklerini Ýezdigerde sowgat berdi. Bir aý ýanynda bolubam, soñ öz işi bilen gümra boldy. Soñra Tarhan Nizek Ýezdigerde hat ýazyp, onuñ gyzyna öýlenmek isleýändigini aýtdy. Ýezdigert bu teklibe gaharlanan boldy. Ol Tarhan Nizegi pes derejeli gul hökmünde görmek bilen onuñ bu teklibini edepsizlik hasaplady. Bu bolsa önem jany gylyñ üstünde duran Ýezdigerdiñ öz zyýanyna boldy".

Soñra gadyrbilmez Ýezdigert Mahiýeden özüne hasabat berilmegini talap edýär. Paýhasly we ederini bilýän şahs Mahiýe muny görüp, Tarhan Nizege hat ugradýar. Ol hatynda şeýle diýýär:

"Yeñilip we masgara bolup ýurdundan kowulan adam ýañadan häkimiýetine gowuşsyn diýip, sen-ä oña kömek edýärsiñ. Olam seniñ mertebäñi kemsidip nämeleri ýazdy..."
(Seret: Belazuri).

Has soñra Mahiýe bilen Tarhan Nizek Ýezdigerdi öldürmek için güýç birikdirýärler. Tarhan Nizek taýpasynyñ başyna geçýär we El-Junabize gelýär. Ol ýerde-de Sasany goşuny bilen garşyma-garşy gelýärler. Ilkibaşda iki tarapam üstünlik gazanyp bilmeýär. Emma söweş türkmenleriñ ýeñşi bilen tamamlanýar. Goşuny doly pytran Ýezdigert Tarhanyñ eline düşmejek bolup Merwe gaçyp gelýär. Emma şäheriñ ilaty oña gapylaryny açmaýar.
Bialaç galan Ýezdigert atyndan düşüp pyýada ýöräp gidýär. Ahyrynda Murgap derýasynyñ boýunda ýaşaýan bir kilwanyñ öýüne barýar.
Ýezdigert bir maglumata görä, Mahiýäniñ adamlary tarapyndan, bir maglumata görä bolsa, öýüne baran öý eýesi kilwan tarapyndan öldürilipdir.
651-nji ýylda bolup geçen bu waka Sasanylaryñ taryh arenasyndan doly çekilmegine getirdi. Dinastiýadan diñe Firuz diri galdy we ol hem türk(men)lere sygyndy. Biraz wagt geçenden soñ türk(men)ler ony öýli-işikli edipdirler we öýlendiripdirler. Şunlukda Firuz olaryñ arasynda ýönekeý bir raýat ýaly ýaşapdyr.
Tarhan Nizek Sasanylar ýaly äpet döwletiñ ýok bolup gitmegi netijesinde bu gezek araplar bilen ýekme-ýek galmaly boldy. Käte dostlukly, käte duşmançylykly dowam etjek syýasy gatnaşyklaryñ mundan beýläk başy başlaýardy.

■ Kuteýbe ibn Muslime çenli Balhyñ we Toharystanyñ syýasy ýagdaýy.

Ahnef ibn Kaýsyñ ýolbaşçylygynda başy başlanan arap ýörişleri Kuteýbe ibn Muslimiñ häkim edilip bellenmegine çenli Kaýs ibn el-Heýsem, Abdylla ibn Hazym, Rebi ibn Zyýad ibn Enes ibn ed-Deýýan el-Harisi tarapyndan dowam etdirilýär.
Tabarydaky we Belazuridäki maglumatlar garym-gatym berilendigi üçin wakalary hronologik tertipde yzarlamak kyndyr.
Ahnefden soñra Balhda Esid ibn Müteşemmis peýda bolýar. Kaýs ibn El-Heysem hem Toharystanyñ eýeleýjisi hökmünde taryhy çeşmelerde ady agzalýar. Onuñ Samangan sebitlerine çenli gelendigi aýdylýar.
Kaýsyñ Nowbahary (Nowbahar-y Balh) weýran etmegi ilatyñ arasynda tolgunşyklary döredýär. Barmakylar neberesiniñ ylym we medeniýet merkezi bolan bu ybadathana Kaýsyñ bellän serkerdesi Ata ibn eş-Şaib tarapyndan ýer bilen ýegsan edilýär. Nyzamul Mülk "Syýasatnamasynda" Barmakylary hormat bilen ýatlap geçýär. Ata ibn eş-Şaib ol ýerde üç sany köpri saldyrýar. Bu köprüler Atanyñ ady bilen uzak wagtlap ýatlanylýar.
Belazuriniñ habar bermegine görä, 665-nji ýylda Kaýs el-Heýsem Merweruda, Nafy ibn Halid et-Tahi Hyrata/Badgise, Umeyr bolsa Merwde häkimiýeti ellerine alýarlar. 671-nji ýylda Balhda häkimiýeti başga biri eline alýar. Şol wagt Horasanyñ häkimi Abdylla ibn Hazimdyr. Tarkan Nizek onuñ bilen dostlukly gatnaşyk saklapdyr we oña tabynlygyny görkezmek üçin çykardýan pullarynda onuñ Abdylla ibn Hazimyñ adyny hem ýazdyrypdyr. Emma 691-nji ýylda turan gozgalañda Abdylla ibn Hazim öldürilýär we onuñ kellesi halyf Abdylmälige ugradylýar. "Ýakasy gaýyşly" zalym Hajjajyñ döwründe bolsa Kuteýbe ibn Muslim sahna çykýar.

■ Ilkinji dört halyfyñ we Emewileriñ Horasandaky häkimleri.

Yslam dini Arabystanda ýüze çykdy. Ol öz töwereginde çaltlyk bilen ýaýrap başlady. Ilkinji dört halyf (Dört Çaryýarlar) we Emewiler (Omeýatlar dinastiýasy) Eýran meselesini üns merkezinde sakladylar we munuñ netijesinde yzly-yzyna uly-uly ýeñişleri gazandylar. Horasanda oturan arap häkimleri ol ýeri strategik merkez hökmünde ulanypdyrlar we Mawerannahra, Toharystana, türkmenleriñ beýleki ýaşaýan ýerlerine ýörişleri dowam etdiripdirler.
Ahnef ibn Kaýs Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) döwründe dünýä inenem bolsa, ony görmändir. Ol Seýistan tarapdaky türkmen şäherlerini doly eýeleýär. Soñra ol Kufä häkim edilip bellenýär. Hajjaç bilen arasy bozulýar we türk(men) mäligi Rutbiliñ ýanyna gaçyp barýar. Emma 704-nji ýylda Rutbil ony öldürip, kellesini Hajjaja ugradýar.
Tarhan Nizek bilen gatnaşyk saklan beýleki bir arap serkersesi Kuteýbe ibn Muslimdir. Emewi halyfy Abdylmälik ibn Merwanyñ döwründe Reýde, halyf el-Welidiñ döwründe Horasanyñ häkimi bolýar. Seýistan, Horezm ýaly türkmen diýarlaryny basyp alýar. Doly ady Ebu Hafs Kuteýbe ibn Muslim ibn Amr ibn Hüseýin ibn Rebia Ebu Hafs el Bahilidir. Ejesiniñ ady Dyrar binti Dyrar ibn Kakadyr.
Kuteýbe ibn Muslimiñ "Beýik Fatih" hökmünde yslam çeşmelerinde ady geçýär. Ol Mawerannahrda, Toharystanda ýatdan çykmajak işleri amala aşyrdy.
Türkmenleriñ baş serkerdesi hökmünde tapawutlanan Tarhan Nizek bilenem käte dostlukly, käte duşmançylykly gatnaşyk saklady. Emma ýüze çykan bir gozgalañ zerarly Tarhan Nizek bilen çaknyşyga girýär. Ol Tarhany aldawa salyp, galanyñ agzyna getirýär we daşyny gabap ýesir alýar.
Kuteýbe ibn Muslim halyf Süleýman ibn Abdylmälige garşy pitne turuzanam bolsa, tabynlygyndaky esgerlerden goldaw tapmaýar. Soñunda ol 715-nji ýylda Waky ibn Hasan el-Temimi tarapyndan öldürilýär.

■ Tarhan Nizek bilen Ýezidiñ çaknyşygy (703)

Ýezit ibn El Mühelleb ibn Ebu Sufra VIII asyryñ başlarynda tanymal arap serkerdeleriniñ we häkimleriniñ biridi. Kakasynyñ aradan çykmagy bilen Horasanyñ häkimi bolýar. Ol Hajjajyñ iñ ynamdar adamlarynyñ biri bolupdyr. Çeşmeleriñ habar bermegine görä, Ýezit Toharystan we onuñ hökümdary Tarhan Nizek meselesini çözmek bilen meşgullanýar. Türkmenler bilen araplaryñ arasyndaky ylalaşygyñ bozulmagyndan soñra Ýezit Toharystana gaýtadan girýär. Ençeme taryhy çeşmelerden peýdalanan Ibni Esir öz kitabynda bu barada Kab ibn Madanyñ ýazan şygyryny hem ýerleşdiripdir. Hususanam ýeñiş habaryny beýan edýän Adwanly Ýahýa ibn Ýameriñ Hajjaj bilen bolan gatnaşyklaryny-da ýazan Ibni Esir Badgisiñ eýelenmegi, Tarhan Nizegiñ özüni alyp baryşy barada şu aşakdakylary ýazýar:

“Bu ýylda Ýezit ibn Muhelleb Nizegiñ galasyny basyp aldy. Ýezit jansyzlaryñ üsti bilen Nizegi gözegçilikde saklaýar. Tarhanyñ galadan çykandygyny eşiden Ýezit galanyñ alynmagyna özi gatnaşýar. Bu gala iñ berk galalaryñ biridi. Ol bu galanyñ diwarlaryna gözi düşen wagtynda galanyñ öñünde seždä egilerdi. Eşkarly Kab ibn Madan bu barada şeýle diýýär:

“Ol Bazegis ki, onuñ depesne çykan,
Bütin hökümdarlardan güýçli bolýandyr;
İslese asýandyr, isle kesýändir.
Ol ýer alynmandy mundan owallar
Sansyz leşger bilen gabalynmansoñ.
Alysdan seretseñ tüm gijelerde,
Ol ýerdäki ýanýan otlañ yşygy
Asmandaky ýyldyzlary ýatladýar".

Şygyrda Ýezidiñ galany alyşy barada şeýle diýilýär:

“Neýzeki Bazgisden kowdy, çünki ol ýeri
Barça hökümdarlañ güýjün gaçyryp
Henize çen alynmadyk galady.
Ol ýer başy al-asmana direýän
Baharyñ ýagyşsyz buldy ýalydy".

Ýezit galany eýeländen soñra bu barada Hajjaja hat ugradýar. Ol hatynda şeýle ýazýar:

"Biz duşmanymyza gowuşdyk. Alla bize olary omuzlaryndan tutmaga mümkinçilik döretdi. Olaryñ köpüsini öldürdik, köpüsini ýesir etdik, köpüsi bolsa gaçyp gitdi".

Hajjaç haty okap, Ýezidiñ kätibiniñ kimdigini soraýar. Kätibiñ Ýahýa ibn Ýamerdigi aýdylanda, ol Ýahýanyñ öz ýanyna ugradylmagy barada görkezme berýär.

■ Mufaddalyñ Badgis ýörişi (704)

Mufaddal 702-nji ýylda Horasanda ölen Muhellebiñ ogludyr. Doly ady El-Mufaddal ibn el-Muhelleb Ebu Sufradyr we Ýezidiñ doganydyr. Hajjaç tarapyndan 704-nji ýylda Horasana häkim bellenýär. Ol bu wezipesinde dokuz aýa çenli oturyp bilýär. Mufaddal hem "gaza" bahanasy bilen Badgise hüjüm edýär we ol Badgisiñ eteklerini añsatlyk bilen basyp alýar. Ymgyr kän olja edinilendigi üçin Mufaddalyñ emri bilen her adama 800 dirhem paýlanýar. Badgisden soñra-da ýörişlere dowam edilýär. Ýörişleriñ dowamynda Mufaddal Aherun, Şuman şäherlerini basyp alýar. Şol ýyl Hajjajyñ bäsdeşi we halyflyk tagtynda oturan Abdyleziz ibn Merwanyñ aradan çykandygy barada habar gelýär. Emma Tarhan Nizek bu halyf bilen däl-de, Hajjaç we onuñ Horasandaky häkimi bilen gatnaşykdady.
705-nji ýylda Mufaddalyñ ýerine Horasanyñ häkimi edilip Kuteýbe ibn Muslim bellenýär. Kuteýbäniñem Tarkan Nizek we Toharystan boýunça Mufaddaldan gowy ýeri bolmady. Olam häkimlik etjek ýyllarynda olja maksatly birnäçe ýörişleri amala aşyrjakdy.

■ Tarhan Nizek we Kuteýbe ibn Muslim

Kuteýbe ibn Muslim Horasana häkim bellenen badyna öñünde duran meseleleri çözmäge girişdi. Olam başgalary ýaly Hajjaja garaşlydy we onuñ adyndan hereket edýärdi. Goşunyñ serkerdeligine Ylýas ibn Abdylla ibn Amr bellenýär. Ol Ylýasa Merwde oturmagy we daş-töwerege esewan bolmagy tabşyrýar. Şol wagt Osman es-Saidi hem salgyt-hyraç işleri boýunça gözegçilige bellenýär. Ondan soñra Kuteýbe Talekana gidýär. Balh we onuñ töweregindäki dehkanlar (kethudalar) oña tabynlyk bildirýärler. Ol Toharystana üns berýär. Çünki Balh meselesi entegem doly çözülenokdy. Ýerli ilat sähel mümkinçilik tapsa, araplara garşy aýaga galýardy. Barmakylaryñ Nowbahar medeni merkeziniñ ýumrulmagy bilen araplara garşy ýigrenç hasam möwjäpdi. Kuteýbe ibn Muslimiñ dogany Abdylla ibn Muslim Barmakynyñ aýalyny özüne olja edip alypdy. Emma Kuteýbe ýaraşyk baglaşandan soñ ony öz maşgalasyna gaýdyp beripdi.
706-njy ýylda-da Tarhan Nizek bilen Kuteýbäniñ arasynda ýaraşyk şertnamasy baglaşyldy. Ylalaşyga görä Tarhan Nizek elindäki ýesirleri boşatdy we Kuteýbäniñ özi bilen duşuşyk geçirdi. Kuteýbäniñ Badgise girmezlik barada äht etmegi bilen duşmançylyk doly aradan aýryldy. Kuteýbe pursatdan peýdalanyp Amyderýanyñ añyrsyna geçdi we Mawerannahrda täze harby hereketlere başlady. 708-nji ýylda Buhara basylyp alyndy. Buhara alynanda Tarhan hem Kuteýbe bilen bile hereket edýär. Ibni Esir “Tarhun ýurduna dolananda, Kuteýbe-de Tarhan Nizek bilen bile yzyna dolandylar” diýip ýazýar.
Buharadan dolanan Tarhan Nizegiñ birdenkä Kuteýbä bolan garaýşy üýtgeýär. Iki serkerde Amulda biri-biri bilen aýrylýar. Tarhan Nizek Toharystana dolanýar. Biraz wagt geçensoñ Kuteýbe Mugyra ibn Abdyllany ýanyna çagyrýar we Tarhany berk gözegçilikde saklamagy tabşyrýar. Mugyra türk(men)leriñ Hulm geçelgesinden aşandyklaryny eşidip, yzarlaýyşy goýbolsun edýär.
Nobatyñ özüne gelendigine ymykly göz ýetiren Tarhan Nizek derhal Balh, Merwerud, Talekan, Farýab, Jüzjan şäherlerinden kömek soraýar. Onuñ niýeti ýaz gelen badyna Kuteýbäniñ üstüne hüjüm etmekdi. Kabulşah hem bu babatda olary umytlandyrypdy. Tarhan Nizek Toharystanyñ ýabgusynyñ ýagdaýy göwnüne ýaramansoñ, ilki bilen ony zyýansyzlandyrýar. Kuteýbe meýilleşdirilýän bu gozgalañ barada gijikmän habar alypdy we olam öz taýynlygyny görýärdi. Ol dogany Abyrahmana 12 müñ esger bilen Burukanda garaşmak barada görkezme berdi. Tabarydan we başga çeşmelerden peýdalanan Ibni Esir Tarhan Nizegiñ ölümi barada şu aşakdaky maglumatlary berýär:

“Kuteýbäniñ Nizegiñ üstüne gaýtmagyndan soñ, Talekanda näme bolandygyny we ol ýerde ol ýerde kimleri öldürendigini aýdyp geçipdi. Kuteýbe Talekany eýeländen soñra ol ýere dogany Omar ibn Muslimi häkim edip belläpdi. Talekan hökümdarynyñ Kuteýbä garşylyk görkezmäni üçin, Kuteýbe-de oña zat diýmändir".

Talekanda birnäçe ogry-jümriler hem bolupdyr. Kuteýbe olary ýekän-ýekän ele salyp, dar agajyndan asýar, soñam Fariýaba tarap gaýdýar. Farýabyñ hökümdary Kuteýbä boýun egýändigini mälim edýär. Kuteýbe onuñ tabynlygyny kabul edýär. Fariýabda hiç kimi öldürmeýär we ol ýere öz maşgalasyndan birini häkim edip belleýär.
Ýagdaýdan habarly bolan Jüzjanyñ hökümdary halkyny taşlap daga gaçýar. Kuteýbäniñ Jüzjana goşun çekendigini eşiden jüzjanlylar onuñ ýanyna gelip tabynlyklaryny bildirýärler. Kuteýbe olaryňam tabynlygyny kabul edýär we hiç kimi öldürmeýär. Jüzjana Amyr ibn Mälik el-Himmanyny häkim edip belleýär.
Kuteýbe soñra Balha gelýär. Balhlylar tarapyndan gowy garşylanan Kuteýbe ol ýerde bir gün galýar we Hulm geçelgesine ýetişmek üçin dogany Abdyrahmany ugradýar. Nizek daga tarap çekilýär. Aýratynam ol Hulm geçelgesiniñ giriş bölegine we dar ýerlerine özüni goramak maksady bilen yzynda birnäçe saýlama esgerleri ýerleşdirip çykýar. Şol bir wagtyñ özünde arka tarapda ýerleşen berk bir galada-da birnäçe söweşjeñ esgerleri ýerleşdirýär. Kuteýbe birnäçe günläp dar geçelgede söweş bilen başagaý bolup galýar. Çünki ol geçelgeden başga ýerde nirde ýol bardygyny bilenokdy. Haýsy tarapa ugrasa daglaryñ nämälim gatlarynda Nizegiñ ýerleşdiren gaýduwsyz esgerleri bilen garşyma-garşy bolýardy. Alajyny ýitiren Kuteýbe añk bolup galýar. Şol wagt onuñ ýanyna bir adam gelip, geçelgäniñ arka tarapyndaky galany görkezse, özüniñ goýberilmegini soraýar. Kuteýbe ony goýberjekdigine söz berýär we halkyna dönüklik eden ol kişiniñ ýanyna birnäçe esger goşup goýberýär. Ol kişi araplary Hulm geçelgesiniñ arka tarapyndan gidýän gizlin ýol arkaly gala çenli alyp barýar. Duşmanyñ çozuşyna garaşman oturan galadakylaryñ üsti duýdansyz basylýar. Ortadan urulansoñ yzda galanlar we geçelgedäkiler aljyrap gaçyp başlaýarlar. Şeýlelikde Kuteýbe geçelgä girýär we galanyñ düýbüne çenli gelýär. Ol ýerdenem göni Siminjana baryp, birnäçe gün bolandan soñra ýene dogany Abdyrahmany öñden goýberip, Nizegiñ yzyndan kowýar.
Ýagdaýdan habarly bolan Nizek ýoly dowam edýär. Ol Fergana jülgesini aşyp gymmatbahaly goşlaryny we emläklerini Kabulşaha ugradýar. Özi bolsa Kürzde düşleýär. Kowguçy Abdyrahmanam onuñ yzyndan galmaýar we wagt ýitirmän Kürzüñ dik mañlaýyna gelip ýerleşýär. Kuteýbe hem Abdyrahmandan iki parsah uzaklykda goş ýazdyrýar. Kürze diñe bir ýoldan girip bolýardy we ol ýoluñ kert ýol bolandygy üçin ulag haýwanlary bilen geçmek mümkin däldi. Kuteýbe garşydaşlaryny tutuş iki aýlap garawullady. Ahyrynda Nizegiñ azyk serişdeleri tükenip başlaýar we wariola (натуральная оспа) atly ýokanç kesele ýolugýarlar. Kuteýbe gyşyñ ýakynlap gelýändigi bu meseläni çaltrak çözmeklik üçin Suleým en-Nasihi ýanyna çagyryp, şeýle diýýär:

"Nizegiñ ýanyna git we bir alajyny tap-da, ony meniñ ýanyma getir. Eger-de Nizegi getirip bilmeseñ seni asyp öldürerin".

Suleým bolsa oña şeýle diýýär:

"Onda meniñ aýdanymdan çykmazlygy üçin Abdyrahmana hat ýaz".

Kuteýbe doganyna Suleýmiñ islän hatyny ýazyp berýär.
Suleým Abdyrahmanyñ ýanyna baryp: “Meniñ ýanyma ýoly saklamaklary üçin käbir adamlaryñy ugrat. Nizegi ýanyma alyp çykanymy görenlerinde olar arkamyzdan gelip biziñ bilen ýoluñ arasynda dursunlar" diýýär.
Suleým ýanyna ep-esli azyk serişdelerini alyp Nizegiñ ýanyna barýar we oña: “Sen Kuteýbä ýamanlyk etdiñ we oña beren sözüñde durmadyñ" diýýär. Bialaç galan Nizek: "Ýeri bolýar, indi seniñ pikiriñ nähili?" diýýär. Suleym oña şeýle jogap berýär:

"Meniñ maslahatymy alsañ, sen onuñ ýanyna bar. Çünki ol indi bu işi çözmese yzyna gaýtjaga meñzänok. Belki diri galar, belki öler, emma ol häzirki duran ýerinden gyşy geçirmese butnar öýdemok".

Nizek: "Ýeri, onda men onuñ ýanyna nädip barsamka?" diýende, Suleým oña: "Saña bolan ters pikirleri sebäpli, ýanyna goýbererem öýdemok. Çünki sen ony gahar-gazaba atardyñ. Şol sanda berjek maslahatym, eýtde-beýtde elinden tutup ötünç sorajak bol. Belki ol utanyp seni bagyşlar" diýýär. Umydyny ýitiren Nizek: "Bu çykalga dogry bolarmyka? Ol maña gözi düşenden öldüräýmese?!." diýýär. Suleým oña şeýle jogap berýär:

"Seniñ ýanyña diñe öz teklibimi aýtmak üçin geldim. Eger aýdanymy etseñ halas bolmagyña umyt bar. Teklibimi kabul edip etmezlik öz ygtyýaryñda. Etmeseñ menem yzyma dolanybererin".

Soñra Suleým ýanyna alyp gelen azyklaryny olara hödür edýär. Aç-suwsuz tapdan düşen adamlar oña topulýarlar. Iñkise giden Nizek näme etjegini bilenokdy. Suleým oña ikilenç seslenýär: "Men saña iñ gowy çykalga salgy berdim. Göreñokmy tarapdarlaryñ gözgyny halyny. Gabaw uzaga çekse seniñ günäñi bagyşlajaklaryna ynamym ýok. Şonuñ ücin ýeriñden tur-da, Kuteýbäniñ ýanyna git". Nizek onuñ bu sözlerine şeýle jogap berýär:

“Onuñ maña zyýan ýetirmejegine, meni öldürmejegine ynamym ýok. Şonuñ ücin onuñ ýanyna öz rugsadyny alman gidip biljek däl. Şol bir wagtyñ özünde görüşmäge rugsat bereni bilenem barybir meni öldürmän goýmaz. Hernäme-de bolsa, rugsadyny alyp ýanyna arkaýyn gideýin".

Suleým: "Ol eýýäm saña rugsat berdi. Men bu babatda ýalan sözleýändir öýdýäñmi?" diýýär. Nizek: "Ýok!" diýip jogap berýär. Nizegiñ egindeşleri-de oña: “Suleymiñ sözüni kabul et, çünki ol hakykatdan başga zat aýtmaz" diýýärler.
Nizek mundan soñ Jebguýäniñ hökümdary Sul Tarhany, howpsuzlyk güýçleriniñ serkerdesi Habs Tarhany, ýegeni Şükrany ýanyna alyp galadan çykýar. Geçelgeden geçen batlaryna Suleýmiñ yzda öñden ýerleşdirip goýan atlylary zompa çykyp Nizegiñ öz egindeşlerini ýanyna alyp çykmagyna päsgel berýärler. Nizek bada-bat: "Ynha, ähdiýalanlygyñ başlangyjy!" diýip seslenende, Suleým oña: “Bularyñ bärde galmaklary seniñ üçin has peýdaly bolar" diýip jogap berýär.
Suleým Nizegi we käbir adamlaryny Kuteýbäniñ ýanyna alyp gelýär. Kuteýbe olary tussag astyna alyp, Nizegi öldürmek üçin Hajjaja hat ýazýar. Kuteýbe Uleýmli Mugawyýa ibn Amy Alkamäni ugradyp, Kürzde galan mallary we adamlary getirmek üçin ugradýar. Soñra olar bilen baglanyşykly indiki etjek işleri üçin Hajjajyñ hatyna garaşýar. Kyrk günden soñ Hajjaçdan hat gelýär. Hatda Tarhan Nizegiñ öldürilmegi buýrulýardy. Kuteýbe egindeşlerini çagyryp Nizegi öldürip-öldürmezlik barada olara sala salýar. Dürli pikirler orta atylýar. Ahyrsoñy Dyrar ibn Hüseýin şeýle diýýär:

“Men seniñ: ‘Maña mümkinçilik döretse, Nizegi öldürjegime Alladan ant içýärin" diýeniñi eşitdim. Indi bu antyñy berjaý etmeseñ Alla-da seni oña garşy ebedilik muzaffar (ýeñiji) etmez".

Kuteýbe şondan soñ Nizeki ýanyna çagyrýar we hut öz eli bilen onuñ boýnuny oñurýar. Şol sanda Sulyñ we Nizegiñ ýakyn egindeşlerinden 700 adamyñ öldürilmegini buýurýar. On müñ (12 müñ) adamyñ öldürilendigini habar berýän çeşmeler hem bar. Kuteýbe Nizegiñ ýegenini asýar we Nizegiñ öz kellesini bolsa Hajjaja ugradýar. Nohur ibn Tewsiýa Nizegiñ ölümi barada şeýle habar berýär:

“Ant içýän, Nizekden ar alyp beýgelen bu goşunyñ gazasy juda ýerine düşdi".

Abbas el-Bahiliniñ erkin guly Zinnir Nizege degişli jöwher torba alýar. Tarhan Nizek juda baý, altyn-kümüşi köp adamdy. Ol Jebguýe Welidiñ aradan çykan wagtyna çenli Şamda bolýar. Her kim Kuteýbäniñ Tarhana beren sözünde durmandygyny gürrüñ edýärdi. Şol wagtyñ şahyrlarynyñ biri bu barada şeýle diýipdir:

"Sen ähdiñde durmazlygy edermenlik saýmagyn,
Beýdip beýgelenleriñ, bir gün aýagy taýar gider".

Kuteýbe Nizegiñ ganyna galandan soñra Merwe dolanýar. Jüzjanyñ daga gaçan hökümdary ilçi ugradyp onuñ bilen duşuşmagy isleýär. Kuteýbe hem oña razylyk berýär. Jüzjanyñ hökümdary oña ikitaraplaýyn zamun teklip edýär. Kuteýbe oña Abdylla ibn Habyp el-Bahilini berýär, hökümdar bolsa maşgalasyndan käbir adamlary girewine goýýar. Soñ Jüzjanyñ hökümdary Kuteýbe bilen ýaraşyk baglaşýar. Jüzjanyñ hökümdary yzyna dolanansoñ, Talekanda tarpa-taýyn aradan çykýar. Muny gören jüzjanlylar: "Biziñ hökümdarymyzy zäherläp öldürdiler" diýip, alaga-da Abdylla ibn Habyby öldürýärler. Kuteýbe hem olardan kem galman, ýanynda zamuna goýlanlary gylyçdan geçirýär.

Kuteýbe ibn Muslim ondan soñra Mawerannahra ünsüni berdi we Syrderýanyñ boýlaryna çenli gitdi. Araplaryñ öñünde indi olary gündogara tarap gitmeklerine böwet bolmaga çalyşjak başga bir uly döwlet bardy. Ol döwlet Hytaý döwletidi. Halyf Hişamyñ döwründe Toharystana häkim edilip Nusaýr ibn Seýýar ugradyldy. Esed ibn Abdylla bolsa Huttal meselesi bilen gyzyklandy. Esed ibn Abdylla bir gezek Balha hem gelip, şäheriñ abadanlaşdyryş işlerine gözegçilik edýär we diwanlaryñ Balha göçürilmegini üpjün edýär. Huttelanlylar, balhlylar, toharystanlylar ýene-de araplara garşy aýaga galýarlar. El-Jüneýit ibn Abdyrahman Toharystandaky tolgunşyklary basyp ýatyrmak bilen meşgullanýar. Gylyjyñ zory bilen sebitde asudalyk üpjün edilýär. Tarhan Nizekden soñra hem azatlyk ugrunda alnyp barylan göreşleriñ yzy üzülmän dowam edýär. Rutbiller, ýabgular, huttelanlar, türk(men)ler garaşsyzlyk ugrundaky göreşiñ nobatdaky dowam etdirijileri boldy.

Professor Enwer KONUKÇY,
Atatürk uniwersiteti.

◆ ◆ ◆

■ Giñişleýin öwrenmek üçin seret:

1). N. Gumilýow "Gadymy türkler";
2). R. Ghirsman "Les Chionites-Hephtalites, Le Caire", 1948;
3). B. A. Litvinsky "The Hephtalit Empire" (History of civilization of central Asia), III tom, B. A. Litvinsky, Paris 1996;
4). Zekeriýa Kitapçy "Türküstanyñ musulman araplar tarapyndan eýelenmegi", "Yedikubbe" neşirýaty;
6). Zekeriýa Kitapçy "Orta Aziýada yslamyýet we türkler", "Yedikubbe" neşirýaty;
7). «Зов предков. Великий Туран» — 1- ая часть ист.кинодилогии «Зов предков», совместного пр. Узбекистана и Алжира, (çeper filim, 1995);
8). «Зов предков. Согдиана» — 2-ая часть ист.кинодилогии «Зов предков», совместного пр. Узбекистана и Алжира, (çeper film, 1995).

Taýýarlan: © Has TÜRKMEN.

# www.kitapcy.ga

Edebiýat, wagt tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir