GOÇMYRAT AHUN

Bismyllahahir Rahmanir Rahym!
Köpetdag etegine Ahalda damana diýip aýdýarlar. Köpetdagyñ demirgazyk arkasy manysynda Ahaly Arkaç diýibem atlandyrýarlar. Ine, şu damanada Daşaýagyñ gadymy Arçman obasy dag eteginiñ baýyrlygyna göwsüni berip otyr. Bu ýerden dik günorta on sekiz kilometr ýol geçseñ, bagy-bossanly gadymy Nohur obasyna barýarsyñ. Bu oba şo-ol keramatly Goçmyrat ahunyñ obasydyr. Arçmanyñ deñinde joşgunly Hazara tarap alyp barýan suw ýaly gara ýoldan Nohur ýoluna öwrüleninde uly gonamçylyk bar. Baharda baýyrlaryñ ýüzi bilen bark urýan bu ýerdäki ýatan müñlerçe merhumlaryñ gonambaşysyna arçmanly Nepesdurdy işan diýýärler.
1815-1875-nji ýyllarda Nepesdurdy işan, Nohurdan Mollaly ahun, Mollaly ahunyñ ogly Goçmyrat ahun, Daşaýak batyrlaryndan Çopan batyr bir döwürräkde ýaşap geçipdirler.
Nepeadurdy işanyñ öñden görmek weliligi ýiti bolupdyr. 1875-nji ýylyñ gyşynda Çopan batyr öz obalaryndan nökerleri bilen Gökdepäniñ Germaw galasyndaky daşky duşmanlara goşun çekip barýarka, edil ikindinaralar Nepesdurdy işan pete-pet öñlerinden çykýar. Saglyk-amanlykdan soñ, goşun çekip barýan Çopan batyra ýüzlenip:
- Batyr, ugur haýyr bol-a! - diýipdir.
- Ugur-a işan aga, haýyrdyr. Gökdepe göbek ganymyzyñ dökülen topragy, ony kese ýerden gelenlerden şu gije arassalamakçydyrys.
Işan aga ýaýdanyp: "Batyr, agşamyñ haýryndan, ertiriñ şeri" diýipdirler. Ýoluñyz garañky görünýär. Ertir irdenjik ýola düşäýiñ!" diýipdir. Çopan batyr:
- Işan aga, şuñ ýaly ýagdaýda dirilik bilen kazanyñ arasy näçe gün bolar?
Işan aga agras jogap beripdir:
- Kyrk gün, batyr.
- Işan aga, şu gün öleniñ bilen ýene-de kyrk günüñ tapawudy ýok.
Şol söweşde Çopan batyr şehit düşýär. Şol gezek batyr öz nökerleri bilen gözden ýitýänçä işan aga Çopan batyryñ yzyndan seredip durşuna: "Sag bol, Batyr! Ýoluñ garañkydyr, beýik Tañry kuwwat bersin!" - diýip aýdypdyr.
Bu gürrüñi Nepesdurdy işandan söhbet açyp başlamagymyzyñ öz sebäpli baglanyşyklary bar.
"Türkmen ili" žurnalynyñ 1931-nji ýylyñ maý-iýun aýyndaky sanynyñ 81-nji sahypasynda tutuş nohur tireleriniñ çyzgysy berlipdir. Nohuryñ ýokarky obasy on dört bölekden durýar. Aşaky Nohur obasy tutuş zertliler tiresindendir. Goçmyrat ahun çaryklar tiresindendir. Çaryklardan Mollaly diýen ylma höwesek adam Eýranda, onda-da Kumda birnäçe ýyl sowat alyp gelýär. Emma onuñ musulmançylyk ylmynda sünniler mezhebi üçin haýsydyr bir ýetmezçilikleriñ bardygyny ozal Hywa-Buharada okap gelen Nepesdurdy işan derrew duýupdyr. Ol: "Menden göwün-garyn edip ýörme. Şeýle zehinli adamynyñ näçe ýyllap ýaban ýatyp, doly sowat alyp bilmänine menem gynanýaryn" diýipdir.
Mollaly:
- Işan aga, nirede, nämede ýöwsellik edýärin? - diýip sorapdyr.
- Men şerigatyñ ýoly bilen jogap berýärin. Tähran, Gum şaýy mezhebiniñ ugrundan ýokary sowat berýändir. Buhara, Hywa ilinde sünni mezhebinde adam bolunýar.
Nepesdurdy işanyñ aýdanlary onuñ ýüregine jüñk bolaýypdyr. Mollaly ep-esli wagt dymyp oturyp, "Işan aga, men näme işläýin?" diýip sorapdyr.
- Ýagşy niýetleriñ gursagyñda köýmesin. Buhata gitseñ, 4-5 ýylda öz ylmyña özüñ düşünersiñ. Sen diñe ugruñy düzetmeli.
Mollaly birnäçe ýyl okap geleninden soñ Nepesdurdy işany görmäge barypdyr. Ol: "Işan aga, eger-de men Buharada okamadyk bolsam, bu dünýäden bisowat gitjek ekenim. Ozal-a Alla Tagalla, galyberse-de Siziñ özüñiz dogry ýola düşmegime sebäp bolduñyz, tañryýalkasyn. Iki dünýäñuz abat bolsun" diýip, Nepesdurdy işana alkyş aýdypdyr.
- Mollaly ahun, ol ylmy saña Nepesdurdy işan berenok. Ony size Allatagala berýär. Ylym, sowat, akyl-paýhaslylyk bir ýere jem bolanynda onuñ öñünde hiç kim durup bilmez - diýip, Nepesdurdy işan aýtdy. Mollaly ahun onuñ şeýledigini bilýärdi. Öz durmuşlarynda görüpdi. Goñşy ýurtlaryñ bozgaklary Nohur sebitlerine, dag jülgelerine, Garabugra ýaýlalaryna gübürre çozup, mal-garany çolugy-çopany bilen olja alyp gidýärdiler. Mollaly ahun daş öz obalarynyñ ýaşululary bilen Nepesdurdy işana sala salypdyr.
- Ahunlar, işan-mollalar şerigatyñ ýoluny özbaşdak aýdyp bilerler. Bu sowalyñyzy Çopan batyr bilen maslahatlaşmaly - diýip, batyryñ bar döwründe hem oña maslahat berer ekeni.
Nohur adamlary Çopan batyryñ üstüne şu maslahat bilen gelenlerinde ol ýüzüniñ ugruna jogap beripdir:
- Arçman atanyñ çeşmesinden günorta üç müñ ädim ädip, beýik seññer galdyryñ. Onsoñ olar Nohura gelmek däl, Nohura tarap dogry seredip hem bilmezler.
- Batyr aga, bu seññer gurdurjak bolýan ýeriñ Nohurdan tersiräk tarapda bolaýmasyn? - diýipdirler.
- Bu seññeriñ kime geñeşilip gurulýanyny olar ertiriñ özünde eşiderler. Arkaýyn ýatyñ. At toýnagynyñ güpürdisi bolaýanlygynda hem siziñ batyryñyz bar ahyry.
Şondan soñ Arçman şypahanasynyñ günortasyndaky gadymy diñ gurlup, "Çopan seññer" adyny alypdyr.
Nohur obalary asudalykda ýaşapdyrlar. Sebäbi dagdan añyrda eýýäm bu bolan gürrüñleri eşidipdirler...
Mollaly ahunyñ alty ogly bolupdyr. Bir gün Nohura Arabystan tarapdan iki sany derwüş gelipdir. Şonda Mollanyñ: "Wah, bolmady. Ogul ýetişdirip, Hywada, Buharada okatmasam, bu dünýeden armanly ötmeli boljak" diýip, Nepesdurdy işana aýdan sözi ýadyna düşüpdir. Ol: "Baryñ, şol derwüşleri öýe çagyryñ! Çaý-suw bereliñ" diýip, adam iberipdir. Derwüşler Mollaly ahunlara ýetip gelýärkäler ahun aga olaryñ Nohuryñ derman ýaly çeşme suwundan içjek bolup duranlaryny göräýipdir. Mollaly ahun olary synlapdyr. Derwüşler torbalaryndan bir çümmük toprak alyp, kiçijek kädilerine atyp, üstüne suw guýup, toprak düýbüne çökeninden soñ içipdirler. Mollaly ahun öz ýanyndan: "Hä, bular öz içleriniñ bozulmazlygy üçin doglan obalarynyñ topragyna suwy tagamlandyryp içýärler. Bu derwüşler araby bolmaly. Buhara tarap barýandyrlar" diýip oýlandy.
Bir salymdan derwüşler geldiler. Olaryñ biri Baýramalyda gonambaşy jaýlanan Hoja Ýusup Baba ýaly, diýseñ daýaw, syratly, saçlaryna, üst-başyna timar berlen derwüşdi. Ol türki dilde arkaýyn düşünişýärdi. Beýlekisi boýy pesräk derwüşdi. Daýaw derwüş añyrdan gelşine goja çynaryñ aşagynda duran Mollaly ahuna ýüzlenip: "Bu çynar azyndan müñ-ä ýaşandyr. Iki müñem bolmagy ähtimal. Çynar garrap-gojaldygyça göze görünmeýän tozga goýberýär. Bu tozga haýwan-ynsanyñ demalgyjyna gidýändir. Aşagynda durmagyn. Şonuñ üçinem çynaryñ aşagynda ýassyga ýaplanyp ýatan adama duşmarsyñ" diýdi. Mollaly ahun öz ýanyndan: "Ba-aý, bu derwüş" okumyş eken-ow" diýip pikirlendi.
- Hawa, beýik Tañrynyñ bendesi, ynha, gurhan okalyñ, onsoñ näme gulluk bolsa aýdyberiñ! - diýip, daýaw derwüş aýtdy.
Keçäñ üstüne geçirdiler. Duz datdylar. Gurhan okaldy. Derwüşler sessiz-üýnsüz otyrdylar. Olar Mollaly ahuny, girip-çykýanlary synçylyk bilen nazar astyna alýardylar.
Mollaly ahun:
- Meniñ alty oglum bar. Şolaryñ birini Hywa ýa Buhara ugradyp, beýik yslama göz ýetirer ýaly okatmaga ugratmagy niýet etdik. Emma hemmesem öz çagamyz, hemmesem deñ däl. Olaryñ haýsy birini saýlap aljagymyzy bilemzok. Eý, Allanyñ nazary düşen adamlar, kömek ediñ! Size ynanýaryn - diýip ýüzlendi. Kiçi derwüş lal ýaly dymyp otyrdy. Ulusy gürledi:
- Ogullaryñ atlaryny aýt?
Mollaly ahun bäş oglunyñ adyny aýdyp, birine gezek galanynda saklanyp, onuñ adyny tapmady.
- Zeleli ýok, ogullaryñy çagyr - diýip, derwüş ýüzlendi.
Oglanlar öýe girdiler. Derwüşler oglanlary synladylar. Emma gürleşmediler. Bir sellemden geplemezek derwüş öz dilinde ýoldaşyna bir zatlar aýtdy. Daýaw derwüş şeýle diýdi.
- Bu ýigitlerem gowy adamlar, ýalançy giñdir, at-abraý alarlar. Ýöne ylym adamlary däl. Ylmyñ nyşany bularda ýok. Hany, ýene biri bolmaly ahyry. Öýde ýokmudy?
Onýança gyzlaryñ biri tot-tozana, küle bulanyp, el-aýagy torlap giden, kirliklerine çenli tozgalap duran 4-5 ýaşly oglanjygy süýräp diýen ýaly alyp geldi. Mollaly ahun öz çagasyny görkezenine utandy. Emma garaşylmadyk bir ýagdaý boldy. Oglanjyk olaryñ ýanyna geleninden bütinleý üýtgedi. Çuslanyp: "Essalawmaleýkum, Tañrynyñ bendeleri!" diýip, iki elini uzadyp, oturan myhmanlar bilenem, beýleki adamlar bilenem salamlaşyp çykdy. Derwüşler oturan ýerlerinden gozgalañ tapdylar.
- Ýañky ady ýadyña düşmedik ogluñdyr-ow. Hany, bu ýagşy ýigifiñ adyny aýdyñ? - diýdiler.
- Bu oglumyzyñ ady Goçmyrat.
- Goç - Musa pygamberiñ goýun malyndan özüne saýlap alan iñ ýakyn janlysydyr. Şonuñ üçin aýt-gurbanlygam, ýagdaýy bolsa, goçdan edilýär. Myrat bolsa maksadyña ýetmekdir. Şu ogluñyzy Alla tagalanyñ ýoluna çykaraýyñ. Enşalla, maksat-myradyñyza ýetersiñiz - diýip, derwüşler aýtdylar.
Mollaly ahun çözgüdi onçakly unamadyk ýaly keşbe girdi. Uy derwüş parasatly gürledi:
- Çaganyñ üstündäki tozan-topury ýuwsañ aýrylar. Emma Allatagalanyñ oña salan nazaryny hiç kim aýryp bilmez. Onuñ giñ mañlaýy, asuda we oýlanyşykly nazary bar. Gel, oglum, geç meniñ ýanyma - diýip, derwüşler Goçmyrady gapdallaryna geçirdiler.
Gurhan okadylar. Goçmyrat hem şol kir-kimiri bilen edil uly adam ýaly bolup oturyşyna musulmançylygy berjaý etdi. Uly derwüşiñ owadan we owazly sesi, labzy bar ekeni. Onuñ hoşroý seso Nohuryñ keremli, yrsgally daglaryna siñip gitdi.
Derwüşler sylag-serpaý bilen ýola salnypdyr. Mollaly ahun Tañrynyñ ýoluna sadaka edip, Goçmyrady ýörite terbiýeläp başlaýar. Üç ýyllap elipbiýi we ondan soñky başlangyç sapaklary kakasy Mollaly ahundan alýar. Mollaly ahun öz ogluna Sopy Allaýaryñ güýçli pelsepede ýazylan, adamzat bilen Tañrynyñ arasynda bolmaly zatlar bilen bagly goşgularundan örän köp setirleri, Wepaýynyñ "Rownakyl yslam", "Yslamyñ nury" eserlerinden köp böleklerini ýat tutdurdy. Goçmyrat üç ýylyñ dowamynda öwrenen setirlerini ýüreginde doly bişişdirdi. Mollaly ahun öz ogluny 8-9 ýaşlarynda Buhara medresesine alyp geleninde pirlerem, sopularam oña onçakly üns bermediler. Diñe onuñ bilen bile okamaga gelen ildeşi Nepesdurdy işanyñ ogly: "Goçmyrat, Sopy Allaýardan okasana, Hoja Ahmet Ýasawydan okasana!" diýip, oña guwanýardy.
On-ýigrimi günden soñ hemme zat aýan boldy. Garry pir Mollaly ahuna:
- Goçmyrat, tüweleme, okap biljek. Zehini güýçli. Ýanyndaky oglanam, ikisinem goýda arkaýyn gaýdyber - diýip, ony ýola saldy. Oglanlar Buharada galyberdiler.
Merkezi Aziýada yslam dinini öwrenmegiñ ojagy hasaplanýan Buhara şäheri oglanlaryñ edep-tertibine, sowadyna düýpli täsir edip başlady. Başlangyç medreselerdäki özleri ýaly oglanlykdan saýlanyp başlan çagalaryñ hemmesiniñ duw-ak, arassa talyp geýminde, müşki-anbar gülap suwuny sepinip, asyllylyk bilen köçelerden geçýän topar-topar oglanlar bulara-da täsir edýärdi. Olaruñ agzy salamly, hoşgylawlygy özüne çekijidi. Olar iki ýylyñ içinde tanalmaz ýaly özgerdiler. Sesleri az-kem ýognapdy. Özleri ýalylar bilen, tüweleme, juda gowy gatnaşykdadylar. Aýratynam Goçmyrat pirleriñ, sopularyñ ünsüni çekipdi. Ilkinji duşuşan deñ-duşlary derrew: "Siz Buharalymy? Samarkantdan geldiñizmi?" diýip soraýardylar. Munuñ sebäbi Goçmyrat eýýäm iki-üç ýylyñ içinde özbek dilinde arkaýyn arassa gürleşip bilýärdi. Iñ uly arap taýpalarynyñ dördüsiniñ dilinde asmandan inen Gurhany-Kerimiñ diline aralaşyp başlapdy. Nepesdurdy işanyñ oglam zehinlidi. Ikisi basdaşlyk bilen gijäniñ bir wagtyna çenli hüjräniñ çyrasyny söndürmezdiler.
Bir gezek boş wagtlarynda Buharanyñ bazarynda kiçijek-kiçijek kitap dükanlarynyñ öñünde aýlanyp ýörkä, öz öýlerinde gözi öwrenişen, beýnisi ganan "Rownakyl yslamyñ" satylyp duranyny göräýdi. Onuñ obalary ýadyna düşüp, ýüregi jigläp gitdi. Arap elipbiýinden ýazylan, arap dilinde we türki dillerdäki añyrsy görünmeýän satlyk kitaplaryñ öñünde duranam oglanlaryñ ýadyndan çykypdy. Birden-de Goçmyrat ýañky kitaby eline alyp, sahypalaryny açman, gadymy Nohur bossanlyklaryny göz öñüne getirip; onuñ setirlerinden aýdyp durdy. Kitap satýan goja: "Siz näme okaýarsyñyz?" diýip sorady.
- Wepaýy atamyñ "Rownagyny" okaýaryn.
- Siz nireden?
- Biz - türkmen, Köpetdagdan. Hazar derýasynyñ şark ugrunda.
Kitapçy ýaşuly onçakly düşünmedik bolmaga çemeli, ondan:
- "Rownakyl yslamy" ýazan atañmy? Ol dirimi? - diýip sorady?
- Hawa, ol hemme türkmenleñ atasy. Ol mundan 4-5 garyn ozal ýaşap geçen adam. Biziñkiler Eýranyñ bäri ýüzünde ýaşaýarlar.
Şu pursatda olaryñ gürrüñinde gapdalda duran, daýaw bir adam goşuldy;
- Siz Goçmyratmy?
- Hawa.
- Tüweleme! Uly adam bolupsyñ. Haçan geldiñ? - diýip, ýañky nätanyş adam sorady.
- Eýýäm dört ýyl boldy.
- Dört ýyl diýsene. Meniñ Size baranyma hem eýýäm ýedi ýyl. Ýadyñdamy, siziñ öýüñizdd çaý içipdik. Gurhan okapdyk. Sen ol wagtlar 4-5 ýaşlyja oglanjyk. Indi bolsa, tüweleme, jahyl çykypsyñ.
Şu pursatda Goçmyradyñ çagalygy, öýlerine iki sany derwüşiñ gelip, kakasy Mollaly ahun bilen gürrüñdeş bolanlary düýşdäki ýaly ýadyna düşdi. Derwüşiñ şol öñki keşbidi. Uzyn saçly, sypaýy daralan, daýaw syratly adamyñ Nohurda oturanyny ýadyna saljak bolup, Goçmyrat jan edýärdi.
Derwüş sansyz kitaplaryñ arasyndan bir kitaby satyn aldy. Ony salar ýaly mawut bukjanyñam teññesini töledi. Kitapçy ýaşuly añk bolup durdy. Derwüş içi kitaply mawut bukjany Goçmyrada berip: "Şu kitap menden saña söýünji bolsun. Giden wagtyñ kakaña salam aýt. Ýurduña aman dolan. Alla seni öz penasynda aman saklasyn" diýip, köpçüligiñ içine siñip gitdi.
"Köp okamaly. Öwrenen ylmyñy il-güne paýlamaly. Azady atamyz: "Alan ylmyñy, sowadyñy ile-güne ýetirmeseñ, onda sen üstüne gowy kitaplar ýüklenen hara ogşarsyñ" diýip aýdypdyr. Sag-aman oba baraýyn, medrese açaryn, nesip bolsa..."
Goçmyrat ahun Buharada on dokuz ýarym ýyl okady. Ýigrimi ýedi ýaşynda öz iline gaýdyp geldi.
Ine-de bir gün okuwlaryny tamamlap barýarkalar, medresäniñ garry piri Goçmyrady ýanyna çagyryp:
- Tañrynyñ öñündäki bir borjuñy berjaý etdiñ. Ähli diwanlary çykdyñ. Ylmyñ añrysy ýok. Ölýänçäñ ahyrete çenli okap ýörmeli. Alladan razy bol! - diýdi.
- Alladanam, Sizdenem, hemme pirdir sopulardanam razydyryn. Uly ilimi ýaradan beýik Tañrydan köp razy.
- Goçmyrat, şu günden beýläk size ahunlyk berilýär. Ol-a bir, ikinjiden, sen medresede galmaly.
Goçmyrat ahunyñ on iki süññi gyzyp gitdi. Gulaklary şañlady. Goçmyrat ahun pirine tagzym edip, şeýle diýdi:
- Eý, beýik Perwerdigär! Seniñ gudratyñ bilen şular ýaly, Allatagala ýakyn pirler öz penasynda saklap, öz çagasy ýaly edip mańa ylym, terbiýe berdiler. Öz hatarlaryna goşup, medresede galmagy makul bildiler. Meniñ bolsa garry ahun atam öz perzendine şunça ýyllap göz dikip otyr. Iñ ýamany, Ahal ilinde obalarymyz medresesiz, mollasyz kynçylyk çekýärler. Eý, pirim, maña gaýtmaga mümkinçilik tapyp ber.
Üns bilen diñläp oturan pir: "Ertir azandan soñ ýanyma geliñ!" diýdi.
Ertesi pir Goçmyrat ahuna garaşyp otyrdy. Öýe gaýtmak kynçylygy birýana, ýigrimi ýyllap okanam birýana bolup, Goçmyrat ahun uzyn gije oýlanypdy. Muny añan pir ýylgyryp: "Saña gaýtmaga rugsat berdiler. Başga bir zada göwnüñi açaýyn. Özüñ bilýäñ, medresäni gutarýanlar öz alan bilimine görä, haýsy hem bolsa bir kitaby şu ýerden alyp gidip bilýärler. Size bolsa iñ gymmatly üç kitap almaga rugsat berdiler. Ynha, indi, nesip bolsa, sähelçe günden ýola düşübermeli.
Goçmyrat ahunyñ dünýäsi giñedi. Zöwwe turup bardy-da, pirinñ alkymynda çöküne düşüp, Tañrynyñ ýoluna gurhan okady. Pir köp razydygyny aýtdy. Şeýdibem ol Buharadan Nohura gelipdi. Goçmyrat ahun öz obasyna gaýdyp geleninde Mollaly ahun bar ekeni. Ol ogluny medresä salyp, obanyñ çagalaryny okatmagyna alñasapdyr. Hany-manyny sarp edip, medres gurdurypdyr. Iýmäge-geýmäge zat galmady diýen ýaly, pukara güne düşüpdir. Emma medrese, metjit salypdyrlar. Mollaly ahun bir obanyñ namazly adamlaryny, öz obalaryndan başga goñşy obalardan gelip okajak talyplar üçin salnan her biri dört talyplyk ýigrimi hüjräniñ täzeje diwarlaryny sypap lezzet alypdyr. Bir gün heniz okalyp başlanmadyk medresäniñ bosagasynda kyblasyna bakyp, çöküne düşüp, Tañrynyñ öñünde sygynypdyr. Ogluny ýanyna çagyryp:
- Gel, oglum Goçmyrat, ýanymda otur. Ömrümiñ ahyrynda saña guwanaýyn. Onsoñ ýene bir zat, çaga wagtyñ saña göwnüm ýetmejek bolupdy. Bir sebäp bilen obamyza düşen derwüşler ähli çagamyñ içinde seni okatmalydygymy maslahat berdiler. Şeýle-de etdim. Menden razy bolgun, oglum! Biz indi aýagyny göre sallap oturan adamlardyrys - diýipdir.
Goçmyrat ahun bu derwüşe Buharanyñ bazarynda duşandygyny, onuñ özüni tanandygyny, kakasyna salam iberendigini aýtdy.
- Hawa, aýdypdyñ oglum. Sizi Tañrynyñ ýoluna salmaga sebäp bolan derwüşlere-de tañryýalkasyn. Indi meniñ näçe ömür sürjegim belli däl. Ýöne ýüregime düwenimi Alla berdi. Ahun ogully boldum. Il-günümem nägile däl.
Şondan soñ Mollaly ahun uzak ýaşamady.
Goçmyrat ahun öz medresesinde okuwyñ başlanýan we medresäniñ tamamlanýan wagtyny, gündelik okuwyñ wagtyny örän tertipli kesgitläpdir. Okuwyñ bu ulgamyny medreselerde ilkinji gezek başlanandygy üçin käbir adamlar unamajak hem boldular. Emma okamaga höwesliler şeýle bir köpelip başlady welin, daşky obalardan gelenler bir ýüzdenem köpelip, hüjreler hyryn-dykyndy. Obanyñ uly ýaşlylaram okuwyñ guralyşyny gowy gördüler, okaýanlar 300 adama golaýlapdy. Şol döwürde kimdir biri: "Goçmyrat ahun hüşür-zekat alýarmyşyn. Oña zekat düşenok. Alany-iýeni haram bolýar" diýip, özi gelmän, başga birinden sarýar. Goçmyrat ahun hem şol gelen adamdan yzyna habar berýär:

"Meniñ mal-garam, gyzyl-kümüş, hiç hili baýlygym ýok. Ýalñyz medresäm we Allanyñ öýi bolan metjidim bar. Ine, ähli baýlygym. Talyplarymyñ aç-suwsuz günlerem bar. Olara hüşürem, zekadam düşýän bolsa gerek. Özüñ görüp gitseñ, belkem, siziñ ýaly, gurply adamlaryñam ýüregine Alla rehimlilik salyp, pukaralara sadaka berersiñ".

Badyhowa habar iberen adam onuñ ýanyna ylgap gelip, ötünç sorap gidipdir.
Medresede okaýanlaryñ ýigrimisi örän tapawutly okapdyr. Olaryñam içinden on ýedi sanysyng saýlap alyp, güýçli sapaklar bilen öñe sürüp okadypdyr we Buhara medreseleriniñ mysalynda olary ýetişdiripdir. Şol ýylam olar bilen Käbä gidip, hajy bolup gelipdir. Gelenlerinden soñ birnäçesinde ahunlyk berlip, Sumbar derýasynyñ ugurlaryndaky nohur obalaryna iberip, hemmesiniñ çagalary okatmagyby ýola salypdyr. Şol döwürde Wepaýynyñ "Rownakyl yslam" kitaby medreselerde maksatnamaly okalýan eken. Ol Buharada hem şeýle bolupdyr. Goçmyrat ahun okuwdan gaýdanynda alyp gaýdan "Rownakyl yslamyny" talyplara zerurlygy üçin hatdatlara on sany edip göçürdipdir. Derwüşiñ özüne beren şyh Bahaweddiniñ sopuçylykda döreden ugruna degişli kitaby, Sopy Allaýart we başga-da ençeme kitaplary medresesiniñ okuwyna girizipdir. Goçmyrat ahun Buharadan gaýtmanka, entek medresäni tamamlamazynyñ öñ ýanlarynda medrese açmagyñ, okuw maksatnamalarynyñ alnyp gidilişini öz pirleri bilen maslahatlaşyp bitiripdir. Sumbar derýasynyñ akymyndaky çagalary okadýan hajy-ahunlaram Goçmyrat ahunyñ ýörelgelerinden ugur alýarlar.
On dört sany uly tireden durýan ýokarky Nohur obasynyñ öwezgeldi urugyndan bolan Atanyýaz ahun hakynda köp gyzyklandym. Bir maglumatda ol Goçmyrat ahun bilen bile okapdyr diýilýär. Irkiräk maglumatlarda bolsa "Öwezgeldi tiresinde Atanyýaz ahyn Oraz ahun bilen Goçmyrat ahunda okapdyrlar we tapawutly öñe saýlanypdyrlar" diýen maglumatlar bar. Şu soñky maglumatlary bizem dogry hasap edýäris. Sebäbi şeýle bir waka bolupdyr.
Könegümeýiñ aşak tarapynda Pekeçekliniñ gapdalynda Goçguly atly bir daýhan adam ýaşapdyr. Ol bagbançylyk etse-de, mal saklasa-da, ak ekin ekse-de hasyl almagy başarýan adam bolupdyr. Özem sowatsyz, iliñ hakynam iýmeýän, ile hakynam gidermeýän jepakeş adam ekeni. Goçguly aganyñ baglary bossanlyk ekeni. Bir gün suw küýzelerini, suw kädilerini depelerinde göterip, çeşmeden suw alyp gelýän bir aýal adamyñ Goçguly aganyñ igdesinde öý tutan balarylaryna gözi düşýär. Suwdan gelýän gelin-gyzlar: "Heý-wiý-de, heý-wiý!" diýşip, muña gülşüp balarylarynyñ bolşuna höwes edip seredýärler.
Balarysyny tapan Bajygyz eýýäm baldan doýana dönüpdir. Goçguly aga olara: "Size aram ýok, balam ýok. Bag meñki" diýip, olary bermändir. Bajygyzam göleli sygryny gaplañ uran ýaly, allaniçigsi bolyp: "Goçguly aga, menem öz tapan arymy alyp bilmesem, Isgenderiñ aýaly bolmadygym!" diýip, tapan zadyny aljak bolupdyr. Ikisi oñuşman Oraz ahuna ýagdaýy düşündiripdirler. Oraz ahun: "Hiç zat ýok-la. Oñuşaýyñ. Tapan aryñyzam, balyñyzam paýlaşyñ" diýipdir. Goçguly aga bermändir. Magadyna ýetmek üçin Atanyýaz ahunyñ üstüne barypdyr. Bu wakalaryñ hemmesi Goçmyrat ahunda okanlaryñ Sumbaryñ boýundaky işleýän döwründe bolýar. Atanyýaz ahun Oraz ahunam, aryny tapan Bajygyzam alyp, Goçgulynyñ üstüne gelýärler.
- Goçguly aga, paýlaşaýyñ - diýipdir.
Goçguly aga diýen etmändir.
- Sadagañyz gideýin ahun agalar, jigim, Bajygyz ýeññe, siz bir zada düşüniñ. Bag meñkimi? Meñki. Şu wagt şu bagyñ üstünde bir bendäniñ maslygy ýatan bolsa, Bajygyz ýeññem meñ bilen onuñ günäsini paýlaşmazdy. Onsoñam "Tapan begener, tanan alar" diýip aýdypdyrlar. Razy däl - diýipdir.
Goçguly aga şu gürrüñi aýdyp durka, Goçmyrat ahunyñ sapak berýän wagtlary: "Ylym we kanunlar çözgüde ýeterlik däldir. Bu ýerde akyl hem gerekdir" diýýäni Atanyýaz ahunyñ ýadyna düşüpdir. Aryny baly bilen Goçgula beripdirler. Goçguly aga soñ bäş-üç gün geçeninden soñ dadar ýaly bal bilen bir bölek aryny Isgendere berip: "Öýkeląp ýörme. Men öz hakymy aldym. Ynha, indem Size-de dadyrýaryn. Bajygyz ýeññem öýkeläp ýörmesin" diýipdir. Isgender gülüp: "Paýlaşanyñda-da şunça ýeterdi ahyry" diýipdir. Goçguly aga başgaça aýdypdyr:
- Men garybam bolsam, zadyñ gürrüñini edemok. Öz hakyña eýe bolmagyñ kyndygyny size düşündirjek boldum. Nohur obasynda Öwez hoja atly bir sowukganly adam bolupdyr. Onuñ gapysy haçan görseñ dälirän adamdan doly eken. Il-günem dälisini Öwez hojalarda taşlap gideninden soñ, tä gutulýança indemelidirem öýtmändirler. Bir gün dälilere bermäge zat tapman otyrka, bir görse Atanyýaz ahun geçip barýa diýýä. Öwez hoja ony saklap: "Ahun aga, bor sorag berjek. Dogry jogap berseñ, men öýñüze baryp, ähli talybyñy naharlaýyn. Dogry jogap bermeseñ, gelip meñ dälilerimi naharlarsyñ" diýipdir.
Atanyýaz ahun razy bolupdyr:
- Ahun aga, ölüde näçe hal bardyr? - diýip, Öwez hoja sorapdyr. Atanyýaz ahun bir diýip başlaýşyna 39-a ýetiripdir. Emma kyrkynjyny tapmandyr.
Olar Goçmyrat ahunyñ üstüne gidýärler. Şol ýerde Goçmyrat ahun: "Janym bar, halym bar!" diýýär welin, kyrkynjy jogap Atanyýaz ahunyñ ýadyna düşýär. Emma Atanyýaz ahun Öwez hojañ dälilerini naharlap beripdir. Bu sorag ýogalan adamyñ yzyndakylara galan zadyny bölmek bilen bagly bolan kyn soraglaryñ biri eken.
Goçmyrat ahun diñe Nohurda däl, tutuş Ahalda abraýly bolupdyr. Ol Nepesdurdy işanyñ ogly bilen bile okany üçin Arçmana gelip durar eken. Üstesine okadýan sopularynyñ birem arçmanly eken.
Goçmyrat ahun gökdepeli Gurbanmyrat işan bilen içgin gatnaşykda bolupdyr. Ol Gökdepä köp geler eken. Bäherdeniñ Garagan obasyndan Öwezmämmet ahun Hywada okap geleninden soñ Goçmyrat ahuna gabat gelýär. Ol: "Nädýäñ, medrese-metjit açyp bilýärmiñ?" diýip, Öwezmämmet ahundan sorapdyr. "Obamyz gum etegindäki Galajyk diýen ýerden dag etegine göçüp başlady. Iki-üç aýlap başa barjak däl ýaly" diýipdir.
- Ýör, Nohura gideli. Hojagalalylar bize molla ýetenok diýip, öýkeläp ýörler. Ýör, gitdik. Ýerlemeseñ, bärde gerek bolsañ, derrew getireris.
Öwezmämmet ahun razylyk beripdir. Soñ obalary gadymy Garagan obasyna göçüp gelip, metjidiñ gurluşygy başlanaýmaka, Öwezmämmet ahun öz obasyna gelipdir.
Olar soñ-soñlaram çözmesi kyn meselelerde biri-birine maslahat salypdyrlar. Öz atlaryndan adam iberipdirler.
Goçmyrat ahunyñ sylagy uly bolupdyr. Bamy, Börme gapdallarynda bir bendäniñ iki ogly birden öldürilipdir. Olaryñ gapysyndan töwella baryp bolmandyr. Goçmyrat ahunyñ üstüne gelip, çök düşüp aglapdyrlar.
- Ahun aga, günä edilendir. Gaýrat et-de, töwella baryp ber - diýip ýalbarypdyrlar. Bir günem, boýun alan güni Goçmyrat ahun ýas tutup oturanlaryñ üstüne barýar. Ol atdan düşüp, ýasly bendeleriñ gapysynda tebärek çykýar. Oglanlaryñ kakasy Goçmyrat ahuny öýe çagyryp: "Ynha, şu çagajyklary bilen bagyrtlap ýatan iki gelni görýäñmi?! Şularyñ öñüne düşüp, töwellañy alýaryn. Ýöne şu çagalar gireninde-çykanynda odugyp durmasynlar. Olar tiresi bilen göçsünler" diýipdir.
Goçmyrat ahun soñ-soñlaram: "Şol iki gelniñ ahy-nalasy gulagymdan gidenok. Henizem ýüregim ezilip dur" diýip, aýdar ekeni.
Obalarda gezip ýören bir pukara adam beren eken. Bir gün ol Goçmyrat ahundan "Ýüregiñi ýaralaýan bolsa, näme üçin töwella gidýärsiñ?" diýip sorapdyr. Goçmyrat agun uludan demini alypdyr. Ýere seredip oturşyna:
- Dünýäde iñ agyr iş gan bilen baglanyşykly töwella gitmeklikdir. Bigünä ölüp gidenlerem, hossarlaram ahy-nala bilen eñşeşip otyrlar, elini gana bulanlaryñam hossary hem ile çykyp bilenok. Şonuñ üçinem iñ gowusy, Allatagala hiç bir bendäñ üstüne töwella gitmelem etmesin, töwella almalam etmesin. Bu iş dünýäde iñ agyr ýükdür. Töwella gidip bermedok adamyñam, töwellany almadyk adamynam Allatagala halamaýar, janlarym! - diýer eken.
Goçmyrat ahunyñ näwagt dünýä inenini bilmek kyn boldy. Bäherdeniñ Arçman obasynda Serdar arap diýip, bir köp ýaşan adam bolup geçdi. Ol durmuşa, köp zatlara göz ýetirip bilýän adamdy. Bir gezek, bir wagtlar, Serdar aganyñ bar wagtynda men ondan Çopan batyr bilen bagly gürrüñleriñ arasynda:
- Şu Goçmyrat ahun näçe ýaşandyr diýýärsiñ? - diýip, soradym. Ol: "Hä-ä!" diýip, oýlanyp oturdy-da: "Goçmyrat ahun azyndan pygamber ýaşyny dolan bolmaly. Biz jahylkak Goçmyrat ahunyñ ak goýun sadakasyna gidemizde, sil gelip, ýoldan geçip bilmän iki gün eglendik diýip aýdýanlar-a bardy. Ýöne ýogalan wagty 1920-nji ýylyñ bahary bolmaly" diýip gürrüñ berdi. Ahun aganyñ ýogalan senesi birneme dogry gelýär. Onuñ gubrunyñ başynda hem: "Goçmyrat ahun. 1919" diýen sene bar bolmaly. Goçmyrat ahun ýogalmazynyñ öñ ýanybda Atanyýaz ahuny çagyryp:
- "Görýän welin, indi meñem çeýnejek yrsgalym azalyp ýören bolmasa-da ýagşy. Dindarçylygam size ýeñil düşmez. Bäş-on sany kitap bereýin welin, şular tapmasy kyn bolan gyt kitaplar bolmaly - diýip, Buhara medresesinde berlen, derwüşiñ beren kitaby we beýlekiler bolmaly diýipdir. Sebäbi Buhara medresesinde berlen bir kitap örän galyñ we uly eken. Daşy gön teleton bilen jiltlenilgi eken. Muny Atanyýaz ahunyñ özi gürrüñ beripdir.
Goçmyrat ahun özüniñ ikinji tapgyrda okadýan talyplaryny gutartmak üçin alñasap başlapdyr. Ýedi ýyla boýun bolup, kemsiz okap ýörenler bu ahun aganyñ näme üçin alñasaýanyna düşünmändirler. Birinjiden, Goçmyrat ahun şol döwürde Daşkentde bolan uly dini ýygnaga gatnaşyp gelipdir we öñküligini tapmandyr. Ikinjiden, ýaraman başlapdyr. Ol ýene-de iki-üç aýdan ahunlyk patasyny almaly oglanlara: "Gaýrat ediñ, janlarym, çynyñyzy edip okañ!" diýip, her gezek göreninde tabşyrar ekeni. Ol öz mal-garalarynyñ öri meýdany bolan "Kiçi garawul" diýlen ýere, açyk howada seleñläýin diýip, gidipdir. Sopularyna etmeli tabşyryklary beripdir. Şol ýerde hem kazasy dolup, oba alyp gelipdirler.
Gölegçiler ýere-göge sygmandyr. Ahy-nala, gam-gussadan ýaña belent-belent gaýalaram, goja daglaram susdular.
Atanyýaz ahunyñ boýnuna mundan soñ agyr ýük düşüpdir. Agyr halkyñ garamaty bardy. Emma munuñ bilen oñşup boljakdy. 1930-njy ýylda partiýanyñ kararyndan soñ Aşgabat we Çärjew okruglaryny dindarlardan we baýlardan arassalamalt duýlen karar bilen Atanyýaz ahuny hem gara maşyna mündürip alyp gidipdirler.
Atanyýaz ahun şu wakanyñ edil iki-üç gün öñ ýanynda rejäni halaman öýübde bolan ähli kitaby iki sany ata ýükläp, dagdaky bir gowagyñ içinde gömüp gaýdanyny garyndaşlaryndan birine syryny beripdir.
Tussaglykda oña çalarak tanaýan adamy duşýar. Ol munuñ Atanyýaz ahundygyny tanap: "Şu ýerden sypsañ, özüñi atmaga ýer taparmyñ?" diýip sorapdyr. Ol "Hawa" diýen manyda başyny atypdyr. Öýe gelip, diýenini edenleri bilen serhetden geçipdir.
Häzirem Goçmyrat ahunyñ metjit-medresesiniñ deregi saklanyp galypdyr. Bütin ömrüniñ men diýen wagtyny Buhara medresesine bagyş eden, Nohurda yslamyñ ylym ojagyny döreden Goçmyrat ahunyñ gadymy Nohur obasy ýañy-ýañylara çenli gamgyn halda perişandy. Azan sesiniñ ýatanyna onlarça ýyl geçipdi. Türkmeniñ iner ogly Saparmyrat Türkmenbaşynyñ ýolbaşçylygynda ýurdumyz täzeden dünýä indi.
... Şu günlerde Nohur obasyna myhman bolsañ, her säher mukaddes Azan sesi ertir namazyna çagyrýar. Azançynyñ ýakymly we gudratly sesi keremli daglarda, gaýalaryñ arasynda ýañ salyp gaýtalanýar.

Allaguly NURSÄHEDOW.

# "Ahal durmuşy" gazeti, 1999 ý.
# www.kitapcy.ga, 2019 ý.

Edebiýat, wagt tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir