ÝÖR, ÝOLLAR SÖKELI!

Türkmenistanyñ Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

~ Watanymyzyñ taryhynda Beýik Ýüpek ýolunyñ orny hem juda uludyr. Gadymy ýoluñ Hazar deñzinden günbatara, Amyderýadan gündogara, Üstýurt düzlüginden demirgazyga, Köpetdagyñ gerişlerini aşyp günorta sary uzaýan ýollaryñ ugry dünýä ýaýrady, oguz paýhasynyñ kökleri yklymlara uzady.

▶ ROWAÝATLAR MEKANYNDA

Türkmenistanyñ çäginden geçip, yklymlara aşylýan gadymy Ýüpek ýoly yzarlap, Merwden, Ürgençden, Amuldan, Sarahsdan, Dehistandan ötüp, Nusaýa ýa-da Şährislama (Ýazyra) gelen kerwenler Durundan (Täk galadan) geçensoñ, Köpetdagyñ dag jülgeleriniñ geçelgeleri bilen Arwaz (Araz) çaýynyñ boýuny syryp, Nohur galasynyñ üsti bilen Gezdepä, Sumbar çaýyndan ötüp ýa-da Ýumurdepe bilen Etrek çaýyndan aşyp, Şirwan, Nyşapur, Sebzewer, Maşat, Tähran, mahlasy, Günorta aşylýan iñ ýakyn ýol bilen Eýran, Arap, Kawkaz ýurtlaryna kerwen gurap, bezirgenlik, jahankeşdelik edipdirler. Munuñ hut şeýledigine "Egrem-egrem jülgelerden ýol öter kerwenleri", "Bezirgenleri ýöredi, bu daglaryñ, bu daglaryñ" diýen ýaly, halk döredijiligine siñen ençeme meşhur setirler, aşakda gürrüñ ediljek rowaýatlar delil delil bolup biler.
2017-nji ýylyñ 21-nji noýabrynda Arkadag Prezidentimiz Diýarymyzyñ gözel künjekleriniñ biri bolan, ençeme gadymy rowaýatlary, täsin ýer-ýurt atlaryny özünde jemleýän, Günorta-Günbatar Köpetdagdan aşylýan gadymy Ýüpek ýolunyñ şahamçasynyñ ugrundaky Manaman gerşiniñ üstüne çykyp, bu ýerleriñ jana şypa howasynyñ, süýji suwlarynyñ, syýahatçylygy ösdürmek üçin gaýtalanmajak täsin tebigatynyñ bardygyny, onuñ syry açylmadyk gymmatly baý taryhyny ylmy adamlar tarapyndan içgin öwrenip, halka ýaýmagyñ, nesillere ýetirmegiñ, döwrüñ möhüm talabydygyny aýtdy. Manaman dag gerşiniñ iñ belent depesinde gadymyýetde gurlup, şu günlere gelip ýeten gadymy gözegçilik-goranyş diñiniñ (garawulhanasynyñ) ýanynda durup, bu ýeriñ taryhy bilen bagly ýer-ýurt atlaryna degişli gadymyýetden şu günlere gelip ýeten gyzykly rowaýatlary gürrüñ berdi.
Çardagly Çandybilde doglup, kemala gelen Görogly beg türkmeniñ namalarynda agzalýan "Çeşme çaýlary dolup akýan", "Dereleri däli silli", "Synasy gyş, ýaz aýlarynyñ ahyryna çenli gar saklaýan", "Tomsuñ golaýlamagy bilen daglaryñ gary eräp, çaýlary dolduryp akýan", "Jülgeleri injir-narly", "Egrem-egrem, basganç-basganç ýolly", "Agyr kerwenler gatnawly", "Derbentleri saklanylýan", "Dereleriniñ arasyndan çykyp bolmaýan", "Bek zawlary şir peleñli", "Aklyñy haýrana goýýan ümür-dumanly", "Berimsiz baýlardan ýeg görülýän", "Özge ýurtlardan gözel tebigatly", "Türkmen il-ulsuna baky pena beren, arka berip sygnylan", "Är ýigitleri kemala getiren" türkmeniñ bu täsin, keremli gojaman daglarynyñ arçaly jülgelerinde gadymyýetde san-sajaksyz galalar gurlup, köp adamly ýaşaýyş bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyñ "Türkmenistan ~ Beýik Ýüpek ýolunyñ ýüregi" atly kitabynda: "Köpetdagyñ etekleriniñ oñaýly tebigy şertleri, süýji suwlarynyñ bollugy bu ýerlerde ýaşaýşyñ iññän gadymyýetde döremegini şertlendirýär" diýip bellemegi onuñ aýdyñ subutnamasydyr.
"Her bir halkyñ taryhy uly derýalaryñ çeşmelerden başlanyşy ýaly başlanýar" diýlişi ýaly, hormatly Arkadagymyzyñ täsin rowaýatlary gürrüñ beren bu garawulhana diñiniñ etegindäki jülgede mesgen tutan häzirki Garry Nohur obasy gadymyýetde Nohur gala diýlip atlandyrylypdyr. Obanyñ ortarasyndaky beýik depäniñ üstünde Erk gala (Gala işik), günbatarynda Gäwür gala (Uly gala), demirgazyk tarapynda Ötük gala, Bekzaw gala ýa-da Kapyr gala, Peleñzaw gala, şonuñ ýaly-da birnäçe az sanly adamlar üçin niýetlenen, düýbi daşdan, ýokarsy saman ýa-da geçi çöpüri garylan çig kerpiçden örülen minara görnüşli beýik diñler, obanyñ çar tarapyndaky daglaryñ iñ beýik çümmüklerinde bolsa, biri beýlekilerini görüp biler ýaly ýagdaýda edilip, berk daşlardan inli edilip, laý bilen suwalan garawulhana diñleri (Manaman diñi, Nohur köwi diñi, Geldi mergen diñi, Çopanyñ diñi, Jirjis diñi, Köneşow diñi, Ökdüşaran diñi we ş.m) gurlupdyr. Olarda gije-gündiz nobatçylyk çekip, bu amatly geçelgede ýaşaýan halk we kerwen ýoldan ötýän ötegçiler goralypdyr. Şonuñ ýaly-da Manamanyñ günorta-günbatarynda Ypaý gala, Garawul gala, Garkyn gala, Kent ýeri, Diñgalan gala, Zäkli gala, Mustapa gala, Soltanbibu gala, Garry gala (Hozly dagynda), Kesir gala (Husny polat), Goja gala (Hoja gala), Tutly gala, Täze gala, Nury gala, Magtym gala, Emir Süleýman galasy, Patmanyñ ýurdy ýaly onlarça galalar, kentler gurlup, bu galalary ilat jany-teni bilen daşarky duşmanlardan gorapdyrlar.
Ady täsin taryhy rowaýatlara beslenen Kuhi Manaman dag gerşiniñ iñ belent ýerinde gurlan garawulhana diñiniñ gadymyýetde bu ýerli halky bela-beterlerden goramakda örän uly ähmiýeti bolupdyr. Bu garawulhana diñinden çar taraplardaky dag gerişleriniñ beýik ýerlerinde gurlan beýleki garawulhana diñleri görünýär. Öz gezeginde beýleki diñlerdäku garawullar bolsa, alysdaky gözýetimiñ ähli ýerlerini bir günlük ýol aralykdan saýgaryp-görüp bilýär. Şeýlelik bilen, howpuñ bardygyny añan garawulhana diñindäki gözegçi gündizine ot ýakyp tüsseledipdir. Gijesine bolsa uly ot ýakypdyrlar. Şunlukda, Manaman diñindäki gözegçi howp abanýandygy baradaky añlatmany görüp, öz gezeginde ol hem ot ýakypdyr. Obanyñ günbataryndaky dagyñ gap bilinde gurlan Çopanyñ diñindäki garawul hem muny görüp, öz gezeginde ot ýakyp, Erk gala habar berip ýetişipdir.
Bu dagly mekan we onuñ gaýduwsyz ýigitleri şeýle teswirlenýär:

"Daglylar öz obasyny diýseñ gowy görýärdi. Bu obanyñ müñ ýyllyk taryhy bolup, üstünde döwüş bary gurlupdy. Emma ne-hä uzakdaky, ne-de goñşuçylykda ýaşaýan feodallar onuñ ruhuny syndyryp bilipdi. Olar öz oññutlaryndan razydylar, asman şasy bürgüt kimin buýsançlydylar. Ýanbermez ruh olaryñ ganynda bardy. Ýöne olaryñ gözsüz batyrlygy welin çeniñ-çakyñ däldi. Ynha, olary dyza çökermek üçin ýagy döküler. Ol türkmen obalaryna golaýlap ugrar welin, daglaryñ berk ýerindäki garawulhanalarda ot ýakylardy. Onsoñ üstüni gapyl basdyrmajak bolup, obalar aýaga galardy. Mert ýigitler jülgäniñ ýokary başynda zawy eýeläp, ganyma garaşardy. Güýçler hiç wagt deñ bolmaýardy. Serbazlar kändi, ýaraglary şaýlydy, ýüreklerinde bolsa gahar bilen öçli zabunlyk. Türkmen atlylary, elbetde, san taýdan azdy, ýöne yza dönmez edýän bir ýagdaý bardy ~ olar öz topraklarynyñ üstünde durdular ahyryn! Zawlar, uçutlar, elýetmez gaýalar haýsydyr bir gara daş däldi, toply-tophanaly ýygyndy, olar ata-babalarynyñ ruhy bilen ýaşaýardy. Ýokaryk, bulutlara tarap göterilýärdiler. Ganym olaryñ mekgesine münüp barýandyr. Daglylar säginmez, bala-çagalary, mal-garasy bilen, hamana, bürgüt höwürtgesinde düşlejek ýaly göge dyzaýar.
Şeýle ýagdaý bir ýa iki däldi. Ýöne her näme-de bolsa, olar zorluk eýlenip göçürilen ýurda dolanardylar..."

Bu gadymy taryhly mekan barada dilden-dilw geçip, şu günlere gelip ýeten halk döredijiliginden hem käbir parçalary şu ýerde mysal getirilse maksadalaýyk bolsa gerek.
1999-njy ýylda "Magaryf" neşirýatynda çap edilen "ARZUW" atly kitapda Durdy şahyryñ goşgusyndan käbir setirler:

Dört ýany derbentdir, hiç ganym ýokmaz,
Sapaly jaýlary bardyr Nohuryñ...

Erk galasy berk kemeriñ üstünde,
Ýagy tap getirmez, durmaz destinde,
Ýigitleri gezer duşman kastynda,
Gözsüz batyrlary bardyr Nohuryñ.

Taryhy maglumatlaryñ güwä geçmegine görä, Eýran ~ Turan aralygyndaky gadymy kerwen ýolunyñ şahamçasynyñ Köpetdagdan aşylýan çatrygynda mesgen tutan Nohur gala obasy geçen müñ ýyllyklaryñ dowamynda üstünde sansyz döwüşler gurlup, näçe ýowuz daralsa-da, onuñ merdemsi halky göbek ganynyñ daman serhet ýaka ýurduny terk etmän, ony jany-teni bilen gorap, türkmeniñ ruhuny arşa göteripdir.
Türkmenistanyñ içinden geçip, yklymlara uzaýan häzirki zaman awtomobil ýollarynyñ ~ gadymy kerwen ýoluñ Köpetdagdan aşylýan şahamçasyna-da Nohurdan geçip, Manaman diñiniñ deñine çenli barýan ýol hakyt "eliñ aýasy" diýilýän asfalt ýola öwrüldi. Bu ýoly Sumbar boýuna çenli dowam etdirmek üçin gyzgalañly işler alnyp barylýar. Eger-de şu ýol gatnawy ýola goýulsa, onda Arçmandan Sumbara ýetmek üçin bary-ýogy 60 kilometr ýol geçmeli bolýar. Munuñ nähili peýdaly, düşewüntli ýol boljakdygyny göz öñüne getirip görüberiñ!
Manaman dagyndaky ýer-ýurt atlaryndan şu günlere gelip ýeten käbir rowaýatlar okyjy köpçüligine ýetirilse, ýerlikli bolsa gerek. Çünki taryhçylaryñ, etnograflaryñ aýtmagyna görä, ýer-ýurt atlarynyñ ýüze çykyşy, olaryñ añladýan manylary has irki döwürlerden tä şu günlere gelip ýetmek bilen, ylmyñ dürli pudaklary üçin gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Etnograflar: "Geografik atlar adamzadyñ taryhy ýazylan kitapdyr" diýip, kesgitleme berýärler. Şeýle hem olar: "Jemgyýetçilik taryhyndan üzñe dörän at ýokdur, çünki ýer-ýurt atlary olary döreden halkyñ taryhy bilen gös-göni baglanyşykly ýüze çykýar" diýip belleýärler.
Her bir halkyñ öz taryhynyñ bolşy ýaly, türkmen halkynyñ hem her bir daban ýeriniñ geçmiş bilen bagly rowaýatlara öwrülip giden taryhy atlary bardyr. Gynansak-da, olaryñ aglabasy ýazgylarda galmandyr. Emma begençli ýeri, bu rowaýatlaryñ birnäçeleriniñ dilden-dile geçip, şu günlere gelip ýetmegidir. Bu taryhy atlaryñ ençemesi rowaýatlara öwrülip, ertekiler dünýäsine siñip gidipdir.
Medeni mirasymyzyñ gymmatly çeşmeleriniñ biri hasaplanýan ýer-ýurt atlary bilen bagly bu täsin rowaýatlar geçmişine sarpa goýýan türkmeniñ şu günki güni üçin zerur bolan ruhy isleglerini kanagatlandyryp biljek, bahasyna ýetip bolmajak kämil taryhy gymmatlyklardyr.
Arkadag Prezidentimiz Manaman dagyna ýörite baryp, bu ýerleri özüniñ paýhasly nazaryndan geçirip, köp taryhy wakalardan söhbet açýan gymmatly maglumatlary aýtdy. Bu gadymy ülkäniñ geçmiş taryhyny ylmy nukdaýnazardan öwrenmegiñ wajypdygyny nygtady. Şundan ugur alyp, biz hem halkyñ dilinden ýazylyp alnan käbir ýerli rowaýatlary okyjylara ýetirmeji müwessa bildik.

▶ NUH-UR ROWAÝATY

Gadymy kitaplaryñ birinde: "Türkmen halkynyñ Nuh aleýhissalamdan gaýdýan ýoly bar. Nuh aleýhissalam öz ogullaryndan Ýafesiñ zürýatlaryna Türkmenistan yklymyny ýer-ýurt edip berdi" diýip nygtalsa, "Görogly" eposynda:

Musulan doganlar kiştige doldy
Nuh öz kowmundan aýrylmadymy

- diýip bellenýär.
Görnüşi ýaly, Nuh pygamber hakda gadymdan gelýän dessanlarmyzda-da, nusgawy şahyrlarymyzyñ döredijiliklerinde-de söz açmaýany ýok. Türkmen ýurdunda Nuh aleýhissalamyñ adynyñ şeýle ýörgünli bolmagynyñ, belkäm, ýerli taryhy ýagdaýlar bilen bagly, özboluşly bir sebäbi bar bolaýmasyn?!
Rowaýat etmeklerine görä, manamanlylaryñ (manlaryñ) Nuh gämisi (kiştisi) ençem aýlap suwuñ ýüzünde ýüzýär. Wagtyñ geçmegi bilen Ýer üstündäki suwlar çekilip başlaýar. Şol pursatlarda Ýeriñ ýüzündäki iñ beýik daglar köñüllerine men-menlik getirip: "Indi adamzat kowmy Ýeriñ ýüzünde ýaşamaklygy meniñ üstümden başlar" diýip öwnüpdirler. Emma Tañry men-menlik etmegi halamandyr. Tañrynyñ gudraty bilen Nuh gämisi suwuñ ýüzünde aýlanyp ýörşüne, köñlüne men-menlik getiren, başy göge ýetip duran beýik daglardan daşlaşyp, göwni pespälli bir daga suwuñ ýalpak ýeri bilen baryp, emaý bilen durupdyr.
Suwuñ ýüzünde ençeme aýlap ýüzüp ýören Nuh kowmy gäminiñ gury ýere urup durandygyny bilip, şatlykdan: "Nuh-ur!" diýşip gygyryşypdyrlar. Şeýlelik bilen, şol ýeriñ adyny "NUHUR" diýip atlandyrypdyrlar. Bu sag gerşini bolsa tutuşlygyna "NUHY MEN-AMAN" soñra "KUHY MEN-AMAN" diýip atlandyrypdyrlar.
Daşoguz welaýatynyñ Boldumsaz etrabynyñ Dyşgyn obasynda ýaşap, 1958-nji ýylda 97 ýaşynda aradan çykan meşhur mirasgär hem ozan Gurbangylyç Çakan ogly Molla öz miras kitabynda Nuhuñ gämisi Türkmenistanda Garry Nohuryñ daglarynyñ depesinde ýere degipdir diýip, ýazgy galdyrypdyr.

▶ NO-HUR ROWAÝATY

Rowaýat etmeklerine görä, Nuh gämisiniñ ilkinji sapar gury ýere uran (galtaşan) Manaman dagynyñ goýnunda ýerleşýän Nohur obasynyñ ady "Nuh-ur" (Nuh-urdy), "Now-hur" (täze ýurt) diýen sözlerden emele gelipdir diýýärler.
Nohur sözi arap ýurtlarynda Nähur ýa-da Naahur, parslarda Nahor, ýene bir ýerlerde Nohur, Nuhur, Nowhur diýip, dürli ýerlerde dürlüçe tutulypdyr.
"No-hur" arap dilinde "no" dokuz, "hur" bolsa "hüýr, peri" diýmekdir. (Edebi dilde aýdylýan "hüýr" sözi nohur şiwe dilinde "hur" diýlip aýdylýar). Hur (hüýr) sözi arap dilinde "Gara gözli" sözünden bolup, jennetde ýerleşýän behişdi gyzy añladýar. Gurhanda hüýrlere päk aýallar hem diýilýär. Olar gözelligi boýunça ýakut we dür bilen deñeşdirilýär. Has soñraky rowaýatlarda hüýrler zagpyrandan, hoşboý ysly müşki anbardan ýaradylan adam diýip aýdylýar.
Nohur ýurdunyñ gözelligi, hoşboý ysly howasy, gözel tebigaty, bir jülgäni emele getirýän 9 sany goýny jennet mysaly dereleri we olaryñ hersiniñ gadymyýetde ýaşap geçen taryhy şahsyýetleriñ ady bilen baglanyşykly Türkmenistanyñ bu künjegine "JENNET ÝURDY" hem diýilýär. Şonuñ ýaly-da Alla tarapyndan jennetden iberilen 9 hüýr Gyzbibileriñ bu ýurtda ýaşamagy bilen Nuh-ur sözünden No-hur sözüne öwrülip, "Dokuz hüýrleriñ mekany, jennet hüýrleriniñ mekany" diýen at galypdyr diýip hem rowaýat edýärler.

▶ MANAMAN ROWAÝATY

Ençeme aýlap suwda ýüzüp ýören Nuh gämisiniñ ilkinji sapar gury ýere urup (galtaşyp), togtap duran ýerinde gämiden (kiştiden) Nuh kowmundan bolan Ýafesi maşgalasy bilen düşürýärler. Şol pursatda garşydan (Akgaýadan) ösen güýçli şemal uly tolkun getirip, gämini ýene-de "Ýelli gädikden" aşyryp, Arçmana tarap umman suwuna alyp ötägidýär.
Gämide galanlar gury ýerde düşüp galan Ýafesden "Ýagdaýlar niçik?" diýip, gygyryşyp soraýarlar. Ýafes "Men aman" diýip jogap berýär. "Men aman" sözi gaýalara ýañ berip, "a...man, a...man" bolup eşidilip, yzly-yzyna ýañlanyp gaýtalanypdyr. Soña baka "aman-aman" sözüniñ başky "a" harpy hem düşürilup, "Manaman" diýlip atlandyrylypdyr diýip, rowaýat edýärler.
Alymlaryñ ylmy taýdan tassyklaýan pikirlerine salgylansañ, gadymyýetde Köpetdagyñ gap etegine çenli Garagum çölli, mahlasy, türkmen sährasy tutuşlygyna deñiz, belki-de umman bolandygyny, şol deñziñ adyna bolsa "SARMAT deñzi" diýlendigini bilmek mümkin. Bu akademik A.Geldiýewiñ "Garagum ~ hazynaly hum" kitabynda has anyk düşündirilýär.

▶ MANAMAN KERAMATLARY

Köpetdagyñ Türkmenistandaky çäklerinde Manaman dagy Tagarow we Üçguýy beýiklerinden soñ, iñ uly gerişleriñ biridir. Ol deñiz derejesinden, takmynan, 1700 metre golaý beýiklikdedir. Ady rowaýatlara öwrülen bu dag demirgazykdan günorta tarap uzalyp gitmek bilen, beýleki dag gerişlerine sepleşýär. Bu ýerde ýaşaýan ýerli ilat ençeme ýüz ýyllyklaryñ dowamynda Gün şöhlesiniñ bu daglara düşüşi bilen demirgazygy, kyblany, bäş wagt namazyñ wagtyny kesgitläpdirler. Ýañy-ýañylara çenli hem melleklere suw tutulanda, her kimiñ paýyna ýetýäm wagty kesgitlemek üçin bu dagdan peýdalanyp gelipdirler.
Bu dag gerşinde täsin rowaýatlara öwrülip giden gudratly, keramatly, şepagatly saýylýan Söýgi dagy (Nyýazbike uçan), Jirjis (pygamber) deresi, Gyzbibi (Jennet hüýr gyzlary) öwlüýäsi, Nuhuñ gämisiniñ uran ýeri, Şiş deresi, Ybraýym Halylyllanyñ eken çynarlary, Hezret Alynyñ dynç alan ýeri, Peýdalan baba öwlüýäsi, Şyh Şerip öwlüýäsi, Enegüliñ äpet çynary, Şyh Öwez weli, Zerdigan ata, Benduwan ata, Gümmez öwlüýä, Garry öwlüýä (häzirki Goçmyrat ahun gonamçylygy), Öwez pir ýaly keramatly we şepagatly saýylýan zyýarathanalar, Kör çeşme, üzüm suwy geçirilen täsin toprak, küýze ýasamak, tam öýleriñ içine akgenç suwagynda ulanmak üçin ýokary temperaturada gyzdyrylyp taýýarlanylýan toprak, Gözbaşy çeşmeleri, Hüýr-hüri şaglawugy ýaly tebigatyñ döreden täsin gözellik dünýäsi bar.
Bu dagyñ etegindäki oýdan, ýeriñ göwsüni böwsüp çykan buz ýaly jana şypaly sowuk suwly Nohur çaýy jülgäniñ içi bilen onlarça kilometre akyp gidýär. Manamanyñ gap biliniñ ençeme ýerinden damja-damja bolup çykýan, düzümi köp elementli, kesel bejeriş ähmiýetli çeşmejikleriñ birnäçesi bar.

▶ ÝAFES ROWAÝATY

Ýafes maşgalasy bilen gämiden gury ýere düşüp galandan soñ, ýaşamak üçin amatly ýee gözläp, Manaman dagynyñ gerşi bilen ilerligine tarap ugraýar. Az salym ýol ýöränsoñ, jülgäniñ ugrundaky daşlaryñ arasyndan çogup çykyp, balkyldap akyp duran, durnanyñ gözi ýaly dury, baldan süýji, buz ýaly sowuk suwly çeşmeleriñ üstünden barýar. Ol çeşmeleriñ golaýyndaky dag gowaklaryndan maşgalasy bilen amatly ýer tapyp, mesgen tutup ýaşaberýär. Şonuñ üçin bu ýeriñ adyny Gözbaşy, ýagny adamzat kowmunyñ bu yklymda ýaşaýşynyñ ilkinji başlanan ýeri, ýaşaýşyñ gözbaşy diýip atlandyrypdyrlar.
Türkmen milletiniñ Nuh pygamberiñ Ýafes atlt oglundan gaýdýandygy barada yslam dininiń beýik wekili, keramatly we halatly pir Hoja Abdylla Ensary mundan müñ ýyl töweregi owal özüniñ "Keşf-ul asraf" atly eserinde aýdypdyr.  Abulgazy bolsa "Şejereýi-terakime" eserinde Ýafesiñ sekiz öwladynyñ adyny sanaýar.
Gözbaşynyñ golaýyndaky ýanaşyk deräniñ ady bolsa, Adam atanyñ soñky ogly Hezreti Şiş aleýhissalamyñ adyny göterýär. Sowuk suwly Şiş deresi Manaman dagyny Ikigat (Jübüt) dagy bilen birikdirýän jüljedir. Bu jülge Akgaýanyñ düýbünden başlap, soñra aşaklygyna dowam edip, Nohur jülgesine birigýär. Onuñ oba birigýän ýeri Oguz deresi diýlip atlandyrylýar. Bu at hut Oguz han nesilbaşymyzyñ ady bolmak bilen, onuñ nesilleriniñ hem ençemesiniñ atlary bu ýerlerde şu günlere çenli saklanyp galypdyr.

▶ ŞIŞ ROWAÝATY

Kuhy Manaman dagy Nohur obasynyñ günorta-günbatarynda "IKIGAT" (Jübüt) dagy bilen sepleşýär. Ikigat dagynyñ arkasynda Gözbaşy bilen ýanaşyk deräniñ adyna Şiş deresi diýilýär. Bu ýerler ~ gaýnap, çogup çykyp duran sowuk suwly çeşmäniñ töwerekleri örän gadymy döwürlerde otyrumly ýerler bolmak bilen, onuñ ady hem Hezreti Şiş aleýhissalamyñ ady diýip rowaýat edýärler. ŞIŞ ~ bu haýbatly diýmegi añladyp, Adam atanyñ nesilleriniñ içinde Hudaýtagalanyñ hökümini özgelerden gowy bilýän adam bolansoñ, Allatagala Şiş pygambere hormat üçin ilkinji sapar mata (tara) dokamak hünärini beripmiş diýýärler. Köpetdagda ýaşaýan türkmenler gadymdan gelýän tara dokamak sungatyny Şiş pygamberden bäri dowam edip gelinýän hünär diýip hasaplaýar.
Ikigat dagynda Hezreti Şişiñ adynyñ barlygy barada gadymy türkmen şahyry Gulaş şahyryñ 1980-nji ýylda neşir edilen "GÜLDESSE" atly kitapda ýerleşdirlilen "Amanmy?" atly goşgusyndan alnan aşakdaky bentde şeýle diýilýär:

Otlag bolar dereleriñ içleri,
Ýaýlag bolar hylwat haryñ başlary,
Taryp etsem, Soñudagy, daşlary,
Ikigatda Şiş pygamber amanmy?

Bu bentde aýdylýan dag atlary Köpetdagyñ Manaman dagyndan Soñudagyna çenli bir-birine sepleşip gidýän dag gerişleridir.

▶ JIRJIS ROWAÝATY

Jirjis deresi Manaman dagynyñ gerşindäki Nuh gämisiniñ uran ýeri diýilýän gäminiñ düýbüne meñzeş çöketlikden başlaýar we Nohur çaýyna birigýär.
Rowaýat etneklerine görą, Jirjis Nuhdan soñky pygamberleriń biri bolupdyr. Ol köp horluklara sezewar edilip öldürilse-de, gudrat bilen ýene dirilenmiş.
Bu ýerdäki äpet dag gerişleriniñ öz-özünden para-para bolup dargaýşynda Jirjisiñ para-para taşlanyşy kimin bir ruhy meñzeşlik duýulýar.
Örän gadymyýetden şu güne gelip ýeten bu at türkmenlerde örän ýörgünlidir. Muña mysal edip, "Gül-Bilbil" dessanyndan "Ýa tutup, Jirjis kibi para-para etseler", "Seýpelmelek-Methaljemal" dessanyndan "Ýa Jirjis kibi jan ýolunda çaglasam" ýaly setirleri mysal getirmek bolar.
"Jirjis" atly ýer Köpetdagda (öñki Gyzylarbat) etrabynyñ Hojagala obasynda hem bar. Bu adyñ manysy belli däl. Oba ýaşululary ony Jirjis pygamberiñ ady hasaplaýarlar. Alym Soltanşa Atanyýazowyñ "Türkmenistanyñ geografik atlarynyñ düşündirişli sözlügi" kitabynda belleýşi ýaly, ýerli ýaşaýjylar obanyñ iki kilometr demirgazygynda ýerleşýän öwlüýädäki köne guburda hem şol şahsyýetiñ jaýlanandygyny gürrüñ berýärler.

Aşyrmuhammet SEÝITNUROW.
Ahal welaýatynyñ Bäherden etrabyndaky "Halal lukma" daýhan hojalygynyñ eýesi.

"DIÝAR" žurnaly, 2018 ý.

http://www.kitapcy.ga/news/nohur_rowayatlary/2018-06-11-158

Edebiýat, wagt tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir