KERBELA PAJYGASY HAKYNDA HAKYKAT

Kerbela pajygasyny her kim birhili düşündirýär. Käbir çeşmeler bolsa toslama hekaýatlar düzüp, okyjylaryñ añyny bulaşdyrýarlar, adamlaryñ ynançlaryny garym-gatym edýärler we toslama hekaýatlar bilen okyjylary özleriniñ bozuk ygtykatlaryna tarap itekleýärler. Hut şular ýaly düşnüksizlikler sebäpli Kerbela pajygasy barada her kimiñ birhili düşünjesi bolupdyr, her kimem öz düşünjesiniñ dogrudygyna ynanypdyr. Beýik hindi taryhçysy Muhammet Abdyşükür Mirzapuri bu jedelli temany birnäçe ýyllap içgin öwrenipdir we meseläniñ dogry çözgüdi barada "Şehadet-i Hüseýin" ("Hüseýiniñ şahadaty") atly kitap ýazypdyr. Päkistanyñ Karaçi şäherindäki yslam medresesiniñ talyby Gulamhaýdar Faruky bu kitaby urdu dilinden pars dilen terjime edip, 1975-nji ýylda Karaçide neşir etdirýär. Kitabyñ sözbaşysynda şeýle diýilýär:

"Yslam dininde ilkinji bolup dörän we dinimize uly zyýan ýetiren, häzire çenli millionlarça musulmanyñ dinden çykmagyna sebäp bolan pitneler, hurafalar, toslamalar şahsy bähbitler üçin döredilen zatlardyr. Bu agzalalygy Ýakup Küleýniniñ ogly döretdi. Ol Abdylla ibn Sebe atly ýewreýiñ bozuk sözlerine ynanypdyr. Hatda ol yslamy içinden ýykmak, musulmanlary aldawa salmak üçin ýörite kitap ýazdy. Soñra Tusy, Mejlisi ýaly ýoldan çykanlar ol kitapdaky nädogry taglymatlary wagy edip, musulmanlaryñ arasyndaky agzalalygy güýçlendirdiler. Bu adamlar "takiýe" diýen ikýüzliligi diniñ esasy prinsipine öwürdiler. Olar hemme ýykgynçylykly işlerini takiýe perdesiniñ astynda amala aşyrdylar. Takiýeçileriñ baş şygary Ehli beýt söýgüsidir. Bu gözboýagçylykly "söýgi" bilen olar millionlarça musulmanyñ ýoldan çykmagyna sebäp boldular. Musulmanlary bularyñ hilegärçilikli duzagyna düşmekden goramak üçin hemme zatdan ötri "Ehli-beýt söýgüsi" takiýesiniñ asyl maksadyny orta çykarmak gerekdir.
Muhammet pygamberiñ (s.a.w) ýoluna ygrarly we Sahabalaryñ giden ýolundan ýöreýän hakyky musulmanlara Ehli-sünnet diýilýär. Ehli sünnet ýolunyñ alymlary "Ehli-beýt söýgüsi" sözüniñ manysyna diñe bir oñyn baha bermek bilen çäklenmändirler, olar Ehli-beýti söýmegiñ imanyñ bir parçasydygyny aýdypdyrlar. Ýoldan çykan akyma eýerenler ynançlarynyñ düýp binýadynyñ Ehli-beýti söýmekdigini aýdýanam bolsalar, her bir eden işleri, her bir hereketleri bilen özlerini Ehli-beýte duşmandyklaryny görkezmekden başga zada ýaramadylar. Biziñ bu sözümize gowy düşünmek üçin "Hezreti Hüseýini sünniler şehit etdimi ýa-da ýoldan çykanlar?" diýen soragy mazaly öwrenmek gerek. Akylly-başly adamlar Pygamberimiziñ (s.a.w) agtyklaryny sünnileriñ şehit edendigine ynanmagy mümkin däldir. Nadan adamlary aldawa salmak üçin olar Hezreti Mugawyýanyñ we Ýezidiñ adyny tutaryk edinýärler. Emma bu pajygaly wakany gürrüñ berýän kitaplaryñ hiç birinde-de bu iki halyfyñ Hezreti Hüseýiniñ mübärek ganyna galandygy barada açykdan-açyk beýan edilen ýeri ýokdur. Hezreti Mugawyýanyñ Hezreti Hüseýiniñ şehit edilmegine goşulandygy barada ýazgy bolmaýşy ýaly, onuñ bular ýaly emir berendigi barada hem hiç hili maglumat ýokdur. Taryhçylaryñ hemmesi Hezreyi Hüseýiniñ şahadatynyñ Mugawyýanyñ döwründe bolup geçmändigini biragyzdan tassyklaýarlar. Ýokarda ady agzalan Bakir Mejlisi Hezreti Mugawyýanyñ aradan çykanda ogly Ýezide şeýle wesýet edendigini ýazýar:

- Ymam Hüseýiniñ Resulallaha bolan ýakynlygyny bilýänsiñ. Ol Onuñ (s.a.w) mübärek bedeninden bir parçadyr, Ol Onuñ (s.a.w) etinden we ganyndan hasyl bolandyr. Meñ düşünşime görä, Yrak jemagaty ony öz ýanlaryna çagyrarlar. Emma ýardam etmän, ony ýeke goýarlar. Eger, seniñ eliñe düşse, Onuñ gadryny bil! Resulallanyñ (s.a.w) Oña bolan ýakynlygyny we muhabbetini ýatdan çykarma! Onuñ eden işine garşy çykma! Onuñ aramyza guran berk baglanyşygyny goparaýma! Ony ynjytmakdan, Ony gynandyrmakdan ägä bol!

Hezreti Mugawyýanyñ Ýezide eden bu wesýeti şaýylaryñ "Jilaül-uýun" kitabynda beýan edilýär. Bu kitaby Muhammet Bakir ibn Murtada Feýzi Horasany ýazypdyr. Şaýy ruhanylaryndan Muhammet Taky Hanyñ pars dilinde ýazan "Nasih-ut-Tewarih" kitabynda-da Mugawyýanyñ ogly Ýezide eden wesýeti barada şeýle ýazylypdyr:

- Oglum, nebsiñe we haýu-höwesiñe uýma! Özüñi Hüseýiniñ hakyny iýmekden gora! Erte Hakyñ huzuryna baran wagtyñda, Hüseýin ibn Alynyñ ganynyñ boýnuña düşmezligi ýaly juda ägä bolgun! Ýogsam ol gün rahatlyga we huzura gowşup bilmersiñ! Soñsuz azaplara uçrarsyñ!

Şol kitabyñ 6-njy tomunyñ 111-nji sahypasynda Abdylla ibn Abbasyñ gürrüñ beren hadysy ýerleşdirilipdir:

"Ýa Rebbi, Hüseýiniñ hormatyny we abraýyny saklamakda gowşak çemeleşene bereket berme!"

Hezreti Mugawyýa Hezreti Hüseýine degişli aýdan sözleriniñ ählisinde elmydama edebi we hormat-sylagy saklaýşy ýaly, hatlarynda-da Oña bolan edebi saklapdyr. Hezreti Hüseýin Mugawyýa ugradýan hatlarynda tankydy sözleri ulanarmyşyn. Hatda Ýezit bilen Abdylla bu hatlary okap, Mugawyýa "Senem şeýle jogap ber!" diýenlerinde, Mugawyýa gülüp:

"Ikiñizem ýalñyşýarsyñyz. Men Hüseýin ibn Alyny nädip aýyplap bilerin? Meniñ ýaly biriniñ bir kişini aýyplamagy we her kesi muña ynandyrmaga çalyşmagy akylly adamyñ etjek işi däldir. Nädip Hüseýini aýyplap bilerin? Alladan ant içýärin, Onuñ aýyplar ýaly zady ýokdur. Oña hat ýazaryn. Emma Oña haýbat atyjy, gynandyryjy zatlary ýazmaryn" diýipdir.

Hut şaýy alymyñ özü-de "Nasih-ut-tewarih" kitabynyñ 6-njy tomunyñ 78-nji sahypasynda Mugawyýanyñ "...Hüseýini ynjytjak bir zat ýazmandygyny" boýun alypdyr.
Hezreti Mugawyýa Hezreti Hüseýine hemişe edepli çemeleşişi ýaly Oña hyzmat etmegi-de özüne kiçilik bilmändir. Ady agzalan kitapda, onuñ Hezreti Hüseýine her ýyl müñlerçe dirhem kümüş ugratmagy däbe öwrendigini, mundan başga-da gymmatbahaly egin-eşikleri we sowgatlary ugradandygyny ýazylypdyr. Bular ýaly hyzmatlary edip ýören wagtynda-da, ol Hezreti Hüseýinden tankydy sözleri eşidýänem bolsa, eşitmezlige we bilmezlige salypdyr.
Bir gezek Ýemenden Mugawyýa hyraç hökmünde ýygnalan zatlar ugradylypdyr. Zatlary alyp barýan kerwen Şama barýarka, Medinäniñ üstünden geçýär. Hezreti Hüseýin kerweniñ zatlaryny alyp Ehli-beýte we ýakyn adamlaryna paýlaýar hem-de Mugawyýa: "Üsti ýükli düýeleri Ýemenden Şama äkidip barýan ekenler. Maña gerek bolandygy üçin hemmesini ellerinden aldym. Wessalam!" diýip hat ýazýar. Hezreti Mugawyýa bolsa Hezreti Hüseýine: "O kerwene degmedik bolsañam, seniñ paýyñy aýrardym. Emma, eý doganym, senden gysganjak zadym ýok. Meniñ döwrümde saña adamdan zyýan ýetmez. Çünki seniñ gadryñy, belent mertebäñi bilýändirin. Her eden işiñi hoşallyk bilen kabul ederin" diýip jogap ýazýar.
Bu hatlar "Nasih-ut-tewarih" kitabynyñ 57-nji sahypasynda ýazylgy durandyr.
Emir Mugawyýa Şama gelip özüne sögünenlere-de mylakatly çemeleşipdir. Olara mal, haýyr-yhsan eçilipdir. Ýokarda agzalan şaýy kitaby-da 38-nji sahypasynda muny tassyklaman bilmeýär:

"Hezreti Alynyñ ýanyndan Şama gelenler Mugawyýa erbet sözler bilen sögünerdiler. Ony ynjydardylar. Ol bolsa bulary Beýtul-maldan sowgat-peşgeşler bererdi. Şeýdip olaryñ hiç kime zyýansyz yzlaryna dolanyp gitmeklerini gazanardy".

Bu delilleri görübem, Hezreti Hüseýiniñ şehit bolmagyna sebäp boldy diýip, Hezreti Mugawyýany tankytlamak, juda aýylganç töhmetçilik we ullakan ýalançylykdyr.
Mugawyýa barada ol Hezreti Hasany zäherledi diýip ýamanlamaga çalyşmagam bolmajak zatdyr. Çünki şaýylaryñ "Jilaül-uýun" kitabynyñ 323-nj sahypasynda Hezreti Hasanyñ: "Alladan ant içýärin, maña garşy Mugawyýa bulardan has gowudyr. Bular şaýydyklaryny aýdýarlar. Munuñam üstesine meni öldürmäge synanyşdylar we mallarymy ogurladylar" diýen sözi getirilýär.
Şaýy kitaplary Ýezidiñem bu jenaýatlara goşulmandygyny we onuñ pikir edilişi ýaly zalym bolmandygyny ýazypdyrlar. Ol kakasynyñ Hezreti Hüseýin barada eden wesýetini hiç wagt unutmady. Hezreti Hüseýini Kufe şäherine çagyrmak üçin hat ýazmady. Oña kast etmäge synanyşmady. Şehit edilmegi üçinem emir bermedi. Hezreti Hüseýiniñ şehit edilendigi baradaky habary eşdeninde bolsa, juda gynandy, aglady. Onuñ ýasyny tutmak üçin emir berdi. Ony şehit edenlere gazaply daraşdy. Hezreti Hüseýine we Ehli-Beýte sylag-hormatyny ýitirmedi. Ymam Hüseýiniñ maşgalasynyñ Şamdan Medinä gitmekleri baradaky haýyşlaryny kanagatlandyryp, yzzat-hormat we gorag astynda ugratdy. Bu zatlar şaýylaryñ öz kitaplarynda ýazylgydyr.
Meşhur şaýy alymy Bakir Mejlisi "Jilaül-uýun" kitabynyñ 424-nji sahypasynda şeýle ýazýar:

"Ýezit Ehli-beýte eden ýagşylyklary bilen tanalan Welid ibn Ukbe ibn Ebu Sufýany Medinä häkim edip belledi. Ymam Hüseýine we çagalaryna duşmançylyk eden Merwan ibn Hakemi bolsa wezipeden boşatdy".

Kitabyñ şol sahypasynda ýene-de:

"Ýezit Ymam Hüseýiniñ duşmany bolsady, Onuñ duşmanyny häkimlikden boşadyp, ýerine Onuñ dostuny goýmazdy" diýilýär, şeýle-de dowamynda:
"Welid bir gije Ymam Hüseýini çagyrdy we Ýezidiñ ugradan hatyny görkezdi. Hatda Mugawyýanyñ aradan çykandygy we Ýezidiñ tagta geçendigi barada aýdylýardy. Ymam Hüseýin habary eşidip: "Inna-lillah" aýatyny okaýar" diýip ýazylypdyr.

Bu ýazylanlar Hezreti Hüseýiniñ Mugawyýa duşmançylyk etmändigini we ony hakyky musulman hökmünde tanaýandygyny görkezýär. Eger beýle bolmasa, bu ajy habary eşdeninde "Inna-lillah" aýatyny okamazdy.
Zejir ibn Kaýs Ymam Hüseýniñ şehit edilendigini Ýezide buşlanynda, ol başyny egip dymyp durýar. Soñra başyny galdyryp: "Hüseýini öldürmän, oña ytagat etmegiñizi isleýärdim. Eger ol ýerde bolsadym, Hüseýini bagyşlardym" diýendigi "Nasih-ut-tewarihiñ" 269-njy sahypasynda ýazylgydyr.

Eýranda neşir edilen "Nehjül-ahzan" kitabynyñ 321-nji sahypasynda: "Biri gelip, Ýezide "Gözüñ aýdyñ! Hüseýiniñ kellesi geldi" diýeninde, oña azgyryldy we "Seniñ gözüñ hiç aýdyñ bolmasyn!" diýdi", 229-njy sahypasynda:
"Şymr Ziljöwşen Ymam Hüseýiniñ mübärek başyny Ýezidiñ öñünde goýup:
"Düýämiñ horjunlaryny altyn-kümüşden doldur, ene-atasy taýdan adamlaryñ iñ gowusy bolan birini öldürdim" diýip öwünmäge duranda", ol:
"Menden hiç ýagşylyga garaşma!" diýýär. Şymr gorka we howsala gaplanyp yzyna dolanýar. Şeýdip ol ne dünýäden, ne ahyretden nesibini aldy", 272-nji sahypasynda Ýezidiñ:
"Ony öldüreni Hudaý tutsun!" diýendigi barada maglumatlar bar.

Şaýy kitaplary Hezreti Mugawyýanyñ we Ýezidiñ Hezreti Hüseýiniñ mübärek ganyna galmandyklary barada açyk ýazyşlary ýaly, Ibni Zyýadyñ, Ibni Sadyñ we hatda Şymryñam Ony şehit edenleriñ arasynda bolmandygyny ýazýarlar.
"Hüseýiniñ şahadaty" kitaby şaýy kitaplarynyñ özünden mysal alyp şu delilleri berýär:

1. Ymam Hüseýine garşy söweşenler şamlylar we hyjazlylar däldi. Olaryñ hemmesi kufelilerdi. (Seret: "Hulasat-ül-mesaib", sah 201);

2). Ymam Hüseýini yraklylar şehit etdi. Aralarynda şamlylar ýokdy. Ehli-beýte zulum edenler kufelilerdi. (Seret: Mesudy);

3). Ymam Hüseýini şehit edenleriñ arasynda şamlylaryñ ýokdugy mazaly bilindi (sah 21);

4). Ebu Mahnef, Ibni Zyýad goşunynyñ 80.000 esgerden ybaratdygyny mälim etdi. Olaryñ hemmesi kufelilerdi. ("Nasih-ut-tewarih", t 6, sah 173);

5). Şol wagt Kufeden başga ýerlerdäki şaýylaryñ hiç birisi ymama kömege gelmedi. Ýogsam bolmasa Ymam Hüseýin kufelileriñ hatlaryna jogap ýazanda, basralylara-da hat ugradyp, özüne kömege gelmeklerini sorapdy. Basra şaýylary bolsa kömege geljekdiklerini ýazypdylar. (Seret: "Jilalül-uýun").
Ymam Hüseýini Kerbelada şehit edenler has owal Hezreti Ala we Yman Hasana hem dönüklik edipdiler. 12.000 adam birigip Ymam Hüseýine hat ýazyp, Ony Kufä çagyrdylar. Kömek etjekdiklerine äht etdiler. Emma Ymam Hüseýiniñ ugradan adamy, agasynyñ ogly Müslim ibn Ukaýly şehit etdiler. Ymam Hüseýin gelip ýetensoñam Ýezidiñ esgeri sypatyna girip, Ony Kerbelada şehit etdiler. Müseýýib ibn Nuhbe atly bir şaýynyñ Omar ibn Sad bilen bile Kerbela gidendiklerini "Mejalis-ül-müminin" atly şaýy kitabynyñ özi aýdýar;

6). Şis ibn Rebi Omar ibn Sadyb buýrugy bilen 4.000 şaýa baş bolup ymama hüjüm etdi. ("Jilaül-uýun");

7). Ymamyñ mübärek başyny kesmek üçin atyndan ilki bolup inen Şis ibn Rebidi. ("Hulasat-ül-mesaib", sah 138);

8). Ymam Hüseýin özüne hüjüm edenleriñ arasynda Müjar ibn Hajeri ee Ýezit ibn Harisi görüp: "Maña ýazan çakylyk hatyñyzy unutdyñyzmy?" diýdi. (sah 138);

9). Ymamyñ tarapdarlarynyñ çep ganat korpusynyñ serkerdesi Habyp ibn Müzahir ymam şehit bolan wagtynda jak-jaklap güldi we "Aşyr güni şatlyk we baýramçylyk wagtydyr" diýdi.

10). Tanymal şaýy alymy, kazy Nurulla Şüsteri-de Ymam Hüseýini şehit edenleriñ şaýydygyny ýazypdyr.

Ahmet FARUK "Eshaby Kiram"

Alynan çeşme: kitapcy ga

Edebiýat, wagt tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir