Egerde ýagşylyk isleseň ile,
Küýüňde-köýüňde bolmasyn hile.

***

Bagtyňy zähmetden, derden gözlegin,
Näme ýitirseňem ýerden gözlegin.

***

Ynanmagyn, näçe etsede puşman,
Dönük bir sypdygy ýene bor duşman.

***

Näme etseň, çyndan etgin, taslama,
Uzaga gitmeýär ýalan toslama.

***

Söýmek bir zat, halamagam bir zatdyr, Gorkmak bir zat, sylamagam bir zatdyr.

***

Goňşyda saklansa, goňşyň açary,
Bir-birine penadyr iki içeri.

***
Eneňe-ataňa bermeseň wepa,
Görjegiň görgi bor, çekjegiň jepa.

***

Geplände gep oňarmadykdan boldy,
Ol ulalyp, oňalmadykdan boldy.

***

Diýlen sözüň many-mazmunna düşmän, Nadan bir danany saýyp dur duşman.

***

Menikli bolanda maşgalabaşy,
Aýdar-durar eken töwerek daşy.

***

Jübüsi pökgerip dikelse tumşuk,
Ilki bilen öýde bozular oňşuk.

***

Ýüküň tutsaň, haýyr bilen sogapdan,
Iki dünýäň azat sorag-jogapdan.

***

Başyň aman bolar, gulak goý, akla,
Diliňi dişiňden aňyrda sakla.

***

Dogan doganyndan bolmasyn yrak, Dogan doganyna bolsun şamçyrag.

***

Çäge bolsa böwsüp, daş bolsa ýaryp,
Bir akan ýerinden akarmyş aryk.

***
Mundan başga näme diýeýin eýse, Göwnübölek bolsaň, bogmarsyň sübse.


Çeśme Edebiýat we Sungat gazeti
Pikirleriñizi ýazmagyñyzy haýyst edyarin
Harpma harp yazmak ansat dusmedi

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir