Kim niçik bada noş eder,
Kim bakar kimiň nepine?
Allahym, senden dilegim,
Goýma namardyň gepine!

Bimarlyk ukusy tutan,
Göwni açyk, sada ilim.
Seň ykbalyň görüp, Watan,
Boldy ýürek dilim-dilim.

Gark bolup gaflatda ýatmaz
Bu gün halal duzuň iýen.
Dagamanka asly ýurduň,
Oýan sen, türkmenim, oýan!

Ýüregi gyzgyn çägeden,
Ýurduň bigadyr giň däldir:
Lebap, Was, Mary, Şagadam,
Ortada gözel Ahaldyr.

Kim halkynyň derdin çeker,
Kim sermestdir baýlyk, puldan.
Är ýigitden är aýdymy,
Gul aýdymy çykar guldan!

Kim niçik bada noş eder,
Kim bakar kimiň nepine.
Allahym, senden dilegim,
Ili goýma il gepine!

Ak Welsapar

Edebiýat, kararsyz tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir