Türkmeniň ykbaly – dagyň ykbaly!
Kän asyrlap onuň düýbün köwdüler.
Ýerde durup öwüp bolmaýan ýaly,
Basgylap, üstüne çykyp öwdüler.

Türkmeniň ykbaly – çölüň ykbaly!
Öz inine siňmedi öz ekini.
Akdyr gara, mawy altyn köwdürip,
Mis teňňeden tölediler hakyny.

Türkmeniň ykbaly – derýaň ykbaly!
Pagta bilen damagyny çaldylar.
Bu dünýäde başga jeza ýok ýaly,
Oň elinden mertebesin aldylar.

Türkmeniň ykbaly – merdiň ykbaly!
Ol pany dünýäni etdi owarram.
Onuň “owarramy” kime ertirlik,
Kime günortanlyk, kime boldy – şam.

Türkmeniň ykbaly – dünýäň ykbaly!
Demir guşak bilen guşap bilini,
Haýyrdyr-şer, doga ekizler ýaly,
Bil tutuşyp, torç edip ýör ilini.

Ak Welsapar

Edebiýat, kararsyz tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir