Eý, Taňrym, niçiksi zamana boldy,
Merdi neçün namartlara gul etdiň?
Daglar, daşlar sarsyp amana geldi,
Keremli derýany neçün çöl etdiň?

Öňe saldyň binamysy jemleýip,
Gören muňa başyn ýaýkar geňleýip,
Iliň-günüň otyr seniň eňreýip,
Neçün ah-pygany beýle bol etdiň?

Niçeler gezmişdir wezipe diýip,
Il-günüň bähbidin ardynda goýup.
Mert ýigitleň ýüregine gan öýüp,
Neçün namartlaryň keýpin gül etdiň?

Hany sende kerem? Hany adalat?
Neçün asman sary okyr il nälet?
Ne söwdadyr munyň, ne-de hyýanat,
Bar zadyň ölçegin kagyz pul etdiň!

Toprak aglar ak dabanlaň astynda,
Namartlar kükreşer kürsi üstünde,
Dogan-dogan bir-biregiň kastynda,
Mertleriň ýüregni üýşmek kül etdiň!

Şahyr bagry başly aýdar halyny,
Pes tutar ol niýetini, pälini,
Çar tarapa çeker ýaly malyny,
Türkmeniň ýurduny kime ýal etdiň?!

Ak Welsapar

Edebiýat, kararsyz tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir