Hakyna tutma bagşylar,
Niçikdir bu gün halyňyz?
Ýamana ýaran ýagşylar,
Niçikdir bu gün halyňyz?

Namysyn küle atanlar,
Gaflat ukuda ýatanlar,
Haýp, duza gaçyp ýitenler,
Niçikdir bu gün halyňyz?

Ysyrganyp soraşanlar,
Ýeňi tygly görüşenler,
Ýallaklykda ýaryşanlar,
Niçikdir bu gün halyňyz?

Dilini ýuwdan dilçiler,
Ilinden doýgun ilçiler,
Diýmäýin diýsem... gylçylar,
Niçikdir bu gün halyňyz?

Ant içip, awy ýalanlar,
It kimin guýruk bulanlar,
Iňňän zäherli ýylanlar!
Niçikdir bu gün halyňyz?

Elipden şermende alymlar,
Kimdigi öňden mälimler,
Zaňňar, zaluwat, zalymlar!
Niçikdir bu gün halyňyz?

Erkek bolup maýalanlar,
Öz adyny zaýalanlar,
Gulatyny saýalanlar,
Niçikdir bu gün halyňyz?

Çyrmaşyk siz, ýok köküňiz,
Çüýrük saman bar ýüküňiz!
Çykdymy egsik çakyňyz,
Niçikdir bu gün halyňyz?

Din-imany ýuwutdyňyz,
Bil büküp, näme utduňyz?
Biçäre halky nätdiňiz…
Niçikdir bu gün halyňyz?

Parhy ýok Hydyrmy, hyrsmy?
Siz oňa gul: orsmy, pirsmi.
Aýdyň, ýa meň sözüm tersmi?
Niçikdir bu gün halyňyz?

Aýak astynda ýatanlar,
Namardyň atyn tutanlar,
Dünýäden diri ötenler,
Niçikdir bu gün halyňyz?

Ak Welsapar

Edebiýat, kararsyz tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir