Bilşimiz ýaly, harby gulluga çagyryşyň ýazky möwsümi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» Permany esasynda, Türkmenistanda harby gulluga çagyryş möwsümi üstünlikli amala aşyrylýar. Ýagny, 18-den 27 ýaş aralygyndaky harby gulluga ýaramly erkek raýatlar 2 ýyl möhlet bilen harby gullugyň hataryna alynýar.
Şu günki günde harby wekillikler tarapyndan harby gulluga çagyrylan raýatlar okuw, türgenleşik we zehin aýratynlyklary boýunça degişli harby bölümlere paýlanýar. Harby wekillikleriň esasy maksady – Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine peýda getirmek we şol sebäpli-de täze gelen esgerleri olaryň öz ukyp-başarnyklaryna laýyklykda harby bölümlere ugratmakdyr.
Türkmenistanyň «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Kanunyna laýyklykda raýatyň harby wekilligiň çagyryş nokadyndan harby bölüme ugradylan güni harby gullugyň başlanan güni hasap edilýär. Soňra, 24 aýdan soň çagyryş boýunça gullugy tamamlanan diýlip hasaplanylýar we raýat öz ýaşaýan ýerine degişli harby wekillikde harby hasaba alynýar.
Şondan soň raýat ätiýaçlyga goýulýar we ýokarda agzalanan Kanunyň 3-nji maddasyna laýyklykda harby-okuw ýygnanyşyklaryna iki ýylyň dowamynda öwrenen harby hünärlerini özleşdirmek maksady bilen çagyrylyp biler. Munuň bilen ätiýaçlyga ugradylan raýatlar harby bilimlerini we öwrenen tälimlerini ýatdan çykarmaýar.
Gulluk geçýän esger ilki bilen birnäçe günläp umumygoşun taýýarlygyny geçýär, ondan soňra onuň adyna haýsam bolsa bir harby wezipe bellenilýär. Mysal üçin – pulemýotçy, tankçy, atyjy we ş.m. Iki ýyl gullugyň dowamynda esgere bellenen wezipesini ýokary derejede ýerine ýetirmek üçin okuw we tejribe sapaklary yzygiderli geçirilýär.
Berkidilen wezipesi boýunça üstünliklere ýeten esgerlere harby derejeler berilýär. Ondan başga-da, çagyryş boýunça gullugy geçen raýatlara öz hünäri boýunça görkezen ýokary üstünliklerini görkezýän häsiýetnama berilýär. Umuman, 2 ýyl möhlet bilen çagyryş boýunça Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde gulluk edýän esgerlere harby ugurdan bilim almaga, serkerdeler düzüminde öz hünäri boýunça işlemäge ähli mümkinçilikler döredilýär.

«Milli goşun».

Täzelikler, yashalym tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir