Bilşimiz ýaly, harby gulluga çagyryşyň ýazky möwsümi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şol nukdaýnazardan, biz hem döredijilik toparymyz bilen ýazky çagyryş möwsüminiň alnyp barlyşy, raýatlarda harby gulluga bolan oňyn jemgyýetçilik garaýşyny döretmek dogrusynda alnyp barylýan işleriň netijeliligi bilen tanyşmak üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Baş guramaçylyk-mobilizasiýa müdirliginiň uly ofiserleri podpolkownik Anna Annaýew, maýor Merdangeldi Nohurow bilen söhbetdeş bolduk.

– Ýoldaş ofiserler, söhbetimiziň başynda gürrüňe içgin aralaşmagy makul bildik. Türkmenistanyň degişli Kanunyna laýyklykda, çagyryş boýunça harby gullugyň kesgitlenen 2 ýyl möhleti nämä esaslanýar?!
Podpolkownik A.Annaýew:
– Gowy sorag berdiňiz. Her ýurduň öz kada-kanunlarynyň bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem çagyryş boýunça harby gullugyň 2 ýyl möhleti Kanun tarapdan kesgitlenen. Ol hem esasan, ýurduň ilat sanyna we Ýaragly Güýçleriniň alyp barýan wezipesine bagly bolup durýar. Biziň ýurdumyzyň ilat sany we alyp barýan diňe goranmak häsiýetli Harby doktrinasy 2 ýyl harby gullugyň zerurlygyny ýüze çykarýar. Häzirlikçe, ol möhleti üýtgetmäge – azaltmaga ýa köpeltmäge hiç hili zerurlyk ýok. Ýaragly Güýçleriniň hataryna alnan raýatlar 2 ýylyň dowamynda haýsy hem bolsa bir harby hünäri doly ele almaga mümkinçilik gazanýarlar.
– Häzirki wagtda harby gulluga çagyryşa degişli raýatlaryň köp böleginiň ýokary bilimlidigini nazara alsak, olary öz bilim alan hünär ugruna laýyklykda, harby bölümlere paýlamak mümkinçiligi näderejede ýola goýlan?!
Maýor M.Nohurow:
– Hakykatdanam, soňky ýyllarda ýokary hünär derejesine eýe bolup, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän raýatlaryň sany görnetin artýar. Çagyryş möwsüminiň dowamynda harby wekillikler tarapyndan harby gulluga çagyrylan raýatlaryň ählisi okuw, türgenleşik, zehin we hünär aýratynlyklary boýunça degişli harby bölümlere paýlanýar. Harby wekillikleriň öňünde durýan esasy wezipesi hem şol – Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine täze gelen esgerleri olaryň öz ukyp-başarnyklaryna laýyklykda harby bölümlere ugratmak. Netijede, harby gulluga çagyrylanlarçagyryş boýunça harby gullugyň 2 ýylynyň dowamynda ähli babatda doly taplanýarlar, köp zatlary öwrenýärler, harby tälimleri özleşdirýärler, belli bir hünäri ele alýarlar. Ozal ýokary bilimi bilen bir hünäri ele alanam bolsa, öwrenen hünärini ýatdan çykarmazlygy, ony gulluk döwründe-de has-da kämilleşdirmegi üçin ähli şertler döredilip berilýär. Käte şeýle ýagdaýam bolýar, ýokary bilimli raýatlardan haýsy ugur boýunça gulluk etmek isleýänligi soralanda, öz bilim alan hünärine asla kybap gelmeýän ugry saýlaýarlar. Olam bir hasap. Çünki ata-babalarymyzyň «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» diýşi ýaly, gerçek ýigitler harby gullugyň dowamynda iki we ondan köp hünäriň eýesi bolýarlar.
– «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda raýatyň dürli sebäplere görä, 26 ýaşy dolýança harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürtmäge hukugy bar. Şu ýagdaý ýokary okuw bilen bagly bolanda Kanun esasynda nähili çemeleşilýär?!
Podpolkownik A.Annaýew:
– Türkmenler ata-babalarymyzdan gelýän gahrymanlygy, mertligi we Watanyny goramaga taýynlygy ýaly asylly häsiýetlerini şu güne çenli saklap gelipdirler. Ony türkmen ýaşlarynyň goşun gullugyna bolan gyzyklanmalaryndan hem görmek bolýar. Beren soragyňyz, ýagny çagyryş möhletini okuw zerurlygy sebäpli yza süýşürmekligiň Kanun esasynda nähili amala aşyrylýandygy bilen esasanam, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan harby gulluga çagyryşa degişli bolan raýatlar has köp gyzyklanýar. Ýokary ýa-da orta hünär okuw mekdebinde okaýan raýatlara ozal şeýle okuwda okamadyk bolsalar, 26 ýaşy dolýança, çagyryş möhleti okuwyň möhletine barabar yza süýşürilýär. Raýat okuwyny dynmanka 26 ýaşy dolýan bolsa, onda özüniň Konstitusion borjy esasynda harby gullugyny geçmegi hökmany bolup durýar. Okuwyny doňdurmak, harby gullukdan soň dowam etdirmek her ýurduň içki kada-kanunyna laýyklykda alnyp barylýar. Eger-de, raýat Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan bolsa, degişli Kanunlar esasynda okuwy saklanýar we raýat harby gullugy geçenden soň, okuwyny dowam etdirmek mümkinçiligine eýe bolýar. Daşary ýurtlarda bolsa, mümkin boldugyndan şeýle bökdençlikleri aradan aýyrmak üçin degişli ilçihanalar tarapyndan raýata gerekli ýardamlar, maslahatlar berilýär. Galyberse-de, raýat ilkibaşda ýokary bilim aljak ýurduny saýlanda, hökmany suratda ýurduň içki kada-kanunlaryny doly öwrenmeli we şoňa görä karara gelmeli. Şu meseleleriň döremezligi, kanun bozmalaryň ýüze çykmazlygy üçin Türkmenistanyň Goranmak ministrligi ýurdumyzyň baýry edaralary bolan Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde zerur çäreleri geçirýär.
– Çagyryş möwsüminiň alnyp barlyşy barada has giňişleýin aýdyp beräýseňiz...
Maýor M.Nohurow:
– Hemmetarapdan üstünlikli alnyp barylýar diýip bileris. Möwsüme girişmezden ozal, ýaşlary harby gulluga çekmek üçin ähli çäreler göz öňünde tutuldy. Ilki bilen biz köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde – gazetlerde, žurnallarda, telewideniýede wagyz-nesihat işlerini üstünlikli geçirdik. Bu babatda degişli edaralaryň web-saýtlaryndan hem giňden peýdalandyk. Geçirilen bu işler raýatlary harby gulluga çekmek, olary höweslendirmek babatda çagyryş möwsümi ýetip gelende oňyn netijelerini berdi.
– Çagyryş hatyna garaşman, harby wekilliklere meýletin ýüz tutýanlar barmy?
Podpolkownik A.Annaýew:
– Elbetde. Türkmen ýaşlarynyň harby gulluga höweslidiklerini görüp buýsanýarsyň. Deň-duşlaryndan galmajak bolup, biri-birinden öň esger lybasyny geýmäge howlugýan ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Muny Ýaragly Güýçlerimizde döredilýän mümkinçilikler bilen düşündirse bolar. Meselem, belli bir hünäri ele almak, ýokary harby okuw mekdebine dalaşgär bolmak, Ýaragly Güýçleriň düzüminde işe galmak mümkinçilikleri durmuş ýoluna gadam basmaly ýigdekçeleriň hiç birini biparh goýmaýar. Ýene bir mysal, çagyryş boýunça 2 ýyl gullugyny tamamlap, ätiýaçlyga goýberilen raýatlar öz ýaşaýan ýerindäki harby wekillikde harby hasaba durmak üçin baranlarynda, ýokary harby okuw mekdebine girmäge höwesleriniň bardygyny duýdurmaklary, şeýle höwesjeň ýaşlaryň yzygiderli artmagy ýurdumyzda watançy ýaşlaryň kemala gelýändiginiň ýene bir subutnamasydyr.
– Ýaragly Güýçlerimiziň hataryny doldurýan ýaş esgerleriň saglygyna nähili baha berýärsiňiz?!
Maýor M.Nohurow:
– Çagyryş boýunça harby gulluga degişli raýatlaryň berk bedenli, sagdyn, dogumly ýaşlardygyny aýratyn bellemegi zerur hasaplaýaryn. Bu ýagdaýa düşünmek kyn däl. Çünki bular hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek syýasatynyň, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmeginiň, Milli Liderimiziň hut özüniň şahsy göreldesiniň miweleri.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň meselelerine, täze, döwrebap hassahanalaryň we şypahanalaryň açylmagyna aýratyn üns bermegi, beýleki tarapdan ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda sport toplumlarynyň, stadionlaryň ýapyk we açyk sport meýdançalarynyň yzygiderli gurulmagy harby gulluga çagyrylýan ýaşlaryň saglygynyň ýylsaýyn ýokarlanýan görkezijilerinde öz beýanyny tapýar. Şeýle mümkinçiliklerden, ajaýyp şertlerden peýdalanyp taplanan ýaşlar özlerini harby gulluga doly taýýar hasaplaýarlar. Harby gullukda bolsa, özüňe bolan ynam esasy zat.
Şeýle hem möhletli gulluk edýän esgerler goşunda gulluk wagty harby hünärlere, diňe durmuşda zerur bolan endiklere eýe bolmakdan başga-da, sport bilen meşgullanmak hem-de ýokary derejeli ýaryşlara gatnaşmak mümkinçiligine hem eýe bolýarlar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine wekilçilik edýän türgenler sportuň köpsanly görnüşleri boýunça ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň düzümine girýärler.
– Ýoldaş ofiserler, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň. Alyp barýan jogapkärli işiňizde mundan beýlägem üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!
– Sag boluň!

Täzelikler, yashalym tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir