Balkanabat şäheriniň gözel künjekleriniň birinde «Altynnur» dynç alyş merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylyp, bagtyýar çagalaryň hyzmatyna berildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Ahmet Annaýewiň «Altynnur zamany» hususy kärhanasynyň serişdeleriniň hasabyna şu kärhananyň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen dynç alyş merkeziniň mümkinçilikleri örän giňdir. Daşarky önüm öndürijileriň häzirki zaman oýun enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hem-de bir gektar meýdany eýeleýän merkez çagalar otlusyny, gämi şekilli hiňňildigi, awtoulag sürülýän zaly, keseligine aýlanýan hiňňildigi, kompýuter oýunlary we ýel berlip, üstünde bökülip oýnalýan batut zallaryny, suwa düşülýän emeli howzy, çagalara doňdurma, teşneligiňi gandyryjy dürli içgileri, süýjülikleri hödürlemek üçin niýetlenilen 150 orunlyk kafeni özünde jemleýär. Ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri, dürli görnüşli suw çüwdürimleri, owadan yşyklandyryjylar bilen bezelen dynç alyş merkezi birbada 300-den gowrak çagany kabul etmäge ukyplydyr.
«Altynnur» dynç alyş merkeziniň täsin güýmenjeleri bagtyýar çagalaryň ruhy-aň kämilligine, ugurtapyjylygyna, beden sagdynlygyna, çeýeligine netijeli itergi bermek bilen bir hatarda, sport bilen işjeň meşgullanmak endiklerini kemala getirmekde, bir sözde aýdanyňda bolsa, olaryň mynasyp dynç almak babatdaky isleg-arzuwlaryny utgaşdyrmakda döwrebap mümkinçiliklere eýedir.
Açylyş dabarasynda bu ýerdäki kafede röwşen geljegiň eýeleri bolan çagalar üçin baýramçylyk saçagy giňden ýazyldy hem-de bagtyýar nesilleriň arasynda şadyýan oýunlaryň bäsleşikleri geçirilip, olara gatnaşan çagalara sowgatlar gowşuryldy.

Täzelikler, yashalym tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir