Üç zatdan gorkýaryn men bu dünýäde,
Üstüme atyljak agyr töhmetden,
Perzentsiz däl ýarsyz ýeke ötmekden,
Mundan oňa toba kylmaý gitmekden.

Üç zatdyr aladam ýagty jahanda.
Aladam namardy duş getirmezlik,
Aladam - özümi hiç ýitirmezlik,
Aladam - ömrümi puç ötürmezlik.

Ine şu üçlükler ýalňyş işlerim,
El bermejeklere ýene ynanmak,
Bolmajak işlere ýene synamak,
Gadyr bilmejege ýene gynanmak.

Guwanjymdyr şu üç zatlar mydama,
Guwanjym - ALLAHYM meniň ýoldaşym,
Guwanjym - Asuda günüm-durmuşum,
Guwanjym - öňümde ömrüm, ýaşlygym,




Umman

Täzelikler, Umman tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir