DEÑIZ GIJESI / hekaýadan bölekler

…Süýtreňk gije…
…Ýabany kenar…
…Mylaýym tolkunlar, misli pynhanlyga päsgel berýändigine uýalýan dek assaja şyrpyldap-galtaşyp deňelerinden ötýär…

…Çar-töweregiňem endamyňy mähir bilen sypap-sypap goýberýän ýyljajyk duzly suw…
…Garaňkylyga beslenen deňizli-şemally dünýäniň orruk-ortarasynda-da iki sany sudur…
…Suwdan diňe kelleleri çykýar…
…Göýä biri-birine ebedilik sepleşen mysaly, çolaşyp-çyrmaşyp, söm-saýak durlar…

…Birinde eşik ugrundan diňe gulakhalkasy bilen ýüzügi bar...
...Beýlekisi ondanam mahrum...

-Dodagyň şorja ekeni!-diýip pyşyrdaýar.
-Sendenem deňziň ysy gelýär!-diýip jogap berýär. Birdenem öz-özünden tebil tapýar:
- Çagalaryň ýeke özleri gorkaýmazlar-da?!-diýip hol alysda çyralarynyň zynatly-ýiti ýagtysyny ýalpyldadyp duran myhmanhana garşy ýaltaklaýar.

- Gyzgyn demiň ýakyp barýar! - diýip beýleki pyşyrdaýar.
- Ysyň janymy aldy!- diýip jogap berýär.
...Mylaýym-mähirli suwuň astynda gozgalaň tapýarlar...
-Wiý, bi oglany! Aý oglan, owalam-a ýaňyja...-diýeninden geplemäge maý berilmän şorja dodaklardan öpülýär. Sojap alynýan demiň arasyndanam pessaýja pyşyrdy eşidilýär:-On bäş ýyl bäri ysyň huşumy başymdan uçurmagyny bes etmeýär...

…Mylaýym tolkunlar, misli pynhanlyga päsgel berýändigine uýalýan dek assaja şyrpyldap-galtaşyp deňelerinden ötýär…


* * *

Ýazyjy Serdar Ataýewiñ bu hekaýasyny doly okamak üçin www.kitapcy.ml edebi saýtyna geliñ ýa-da şu aşakdaky görkezilen linke basyñ:

http://kitapcy.ml/news/deniz_gijesi_hekaya/2019-03-11-5759

Edebiýat, wagt tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir