Işde yörkam pikirimde diňe sen
Seni pikir etmän nädip ýaşaýyn
Öýde ýörkäm göz öňümde diňe sen
Seni gaýgy etmän nädip ýaşaýyn?

Saher turup yylgyranyň bilmesem
Ýürek urup, dem alyşyň duýmasam
Bagt suwuny bulguryňa guýmasam
Onda bu dünýade nadip ýaşaýyn?

Gelnim edip bagt ojagy gurmasam
Ýaşabam bilemok seni gormesem
Kes dilimi eger ýalan sozlesem
Barlygyňy duýman nädip ýaşaýyn?

Edebiýat, Yaş Şahyr tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir