Pikirleriň ahyry yok, soňy yok,
Aýdyp bersem mazmuny yok many ýok,
Goşgylamyň sozleri bar sazy ýok,
Pikirlerim şeýleräkdir geň görmäň.

Öňki dostlaň käbiri bar käsi ýok,
Toýa barsaň serhoş barda wäşi ýok,
Bu naharyň tüwisi bar mäşi ýok,
Oýlanmalam şeýleräkdir geň görmäň.

Ol gyzyňa aňy bolsa görki yok,
Bunda bolsa sypat barda erki yok,
Söýgülisi belkide bar belki ýok,
Gaýgylarym şeýleräkdir geň görmäň.

Käbiriniň söýeni, bar ýary yok,
Howasynyň sowygy bar gary ýok,
Derdiň aýtsaň gürlänleriň bary ýok,
Zeýrençlerim şeýleräkdir geň görmäň.

Yigit aýdar guwanmaga zadym yok,
Şükür ýöne ýaman ýerde adym ýok,
Bu kellede soňky döwür ýadam yok,
Aytjaklarym şeýleräkdir geň görmäň.

Edebiýat, Yaş Şahyr tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir