Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde ýerleşýän önümçilik kärhanalary özboluşly senagat ojagyny ýatladýar. Ösüşlere beslenýän şu şanly ýylymyzda ol ýerde açylyp, ulanylmaga berlen “Türkmen aýna önümleri” kärhanasy ýurdumyzyň senagat pudagynyň üstüni ýetirdi. Gürrüňi edilýän kärhanada bolanymyzda, önümçilik tehniki bölüminiň baş hünärmeni Maral Durdyýewa kärhanada alnyp barylýan işler barada şeýle gürrüň berdi:
Kärhanamyzyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň başynda açylyp, ulanylmaga berilmegi öndürijilikli zähmetimize hyjuw we ruhubelentlik çaýdy. Dogrusy, şol tolgundyryjy wakanyň täsirinden heniz hem çykyp bilemizok. Şeýle ajaýyp desgany gurduryp berendigi we döwrebap şertlerde öndürijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikler döredendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyzyň çägi ýok.
Kärhananyň çig maly baýlaşdyrma we taýýarlama, düz aýna önümçiligi, gaplyk çüýşe önümçiligi we aýnany senagat taýdan gaýtadan işlemek boýunça bölümlerine aýlanyp görseňiz, olarda işleriň gyzgalaňly alnyp barylýandygyna, türkmen ýaşlarynyň dünýäniň iň häzirki zaman kämil tehnologiýalaryna ezberlik bilen erk edýändigine göz ýetirip bolar. Şol ýaşlaryň aglabasynyň Ýewropanyň ösen döwletlerinde bolup, ugurdaş kärhanalarda okuwlary geçen hünärmenlerdigini aýratyn nygtamak gerek.
Hünärmen Maral Durdyýewa hem Germaniýada gysga wagtlyk okuwy geçen ýaşlaryň biri. Ösen döwletlerde hünär kämilligini geçen şeýle ýaşlaryň bu gün ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna uly goşant goşýandygyna göz ýetirýärsiň.
Çig malyň baýlaşdyryş we taýýarlaýyş bölüminde ezber ýaşlaryň uly topary zähmet çekýär. Olaryň tagallasy bilen bu ýerde işler degişli talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Kwars çägesini gaýtadan işlemäge niýetlenen enjamlar aýratyn uly kuwwata eýedir. Bu ýerde ýylyň dowamynda 140 müň tonna kwars çägesini gaýtadan işlemäge mümkinçilik bar. Şol mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýan hünärmenler ulanylýan çig malyň öz ýurdumyzyň çäginden getirilýändigini guwanç bilen aýdýarlar.
Aýnany senagat taýdan gaýtadan işleýän bölümdäki enjamlara hem ýokary hünärli ýaşlar erk edýär. Ol ýerde öndürilýän laminirlenen, taplanan, örtük örtülýän aýnalara we aýna paket görnüşli önümlere isleg has-da uludyr. Şol önümler öndürilende olaryň ölçegleri we galyňlygy buýrujylaryň islegi göz öňüne tutulýar. Olar tozanlanma arkaly reňk berýän enjam bilen dürli galyňlykdaky aýnalary reňklemekde joşgunly zähmet çekýärler. Hünärmeniň aýtmagyna görä, bu bölüm ýylda 1 million inedördül metre barabar aýnany tozanlama esasynda reňklemek mümkinçiligine eýedir.
Düz aýna önümçilik bölümi esasy bölümleriň biri bolmak bilen, onda öndürilýän önümler gysga wagtyň içinde uly meşhurlyk gazandy. Ol ýerde aýnalaryň dürli görnüşi öndürilýär.
Aýna önümlerimize içerki bazarda-da, daşarky bazarda hem isleg uly. Geçen gysga döwrüň içinde önümlerimiz Özbegistana, Gazagystana we Täjigistana eksport edildi. Daşary ýurtlaryň başga-da, birnäçesi türkmen aýnalaryna uly isleg bildirýär. Aýnalaryň hiliniň ýokarydygyny içerki sarp edijileriň barha artýan islegleri hem görkezýär. Bölümimizde öndürilýän laminirlenen aýnalar, aýratyn-da, gurluşyk işleri üçin niýetlenendir. Olar ymaratlaryň aýna üçekleri, liftler, awtobus duralgalary üçin has ygtybarlydyr. Her ýylda şeýle aýnalaryň 100 müň inedördül metrini öndürmäge mümkinçiligimiz bar. Aýna paket önümlerimiz binalaryň penjireleri, gapylary üçin has amatlydyr. Bölümimizdäki enjam şeýle önümleriň ýylda 400 müň inedördül metrini öndürmäge mümkinçilik berýär. Taplanan aýnalarymyz bolsa adaty aýnalardan 4-5 esse berkdigi bilen tapawutlanýar. Enjamlarymyz dürli galyňlykdaky şeýle aýnalary öndürmek mümkinçiligine eýe. Bu ýerde 900-den 1220 millimetre çenli bolan kiçi ölçegdäki, 3210 millimetrden 2600 millimetre çenli bolan uly ölçegdäki aýnalary taýýarlap bolýar. Örtük üçin niýetlenen aýnalarymyz has-da uly islege eýedir. Aýnanyň bu görnüşiniň artykmaçlygy gün şöhlesiniň 80 göterimi töweregi yzyna serpikdirýändigi bilen baglanyşyklydyr. Öndürýän aýnalarymyzyň ýene-de bir görnüşi dury düz aýnalardyr. 3 millimetrden 12 millimetre çenli galyňlykdaky bu aýnalarymyz binalaryň äpişgeleri, mebeller, interýerler üçin amatlydyr. Şol aýnalary buýrujylaryň islegine görä dürli ölçegde kesmäge hem mümkinçilik bar - diýip, düz aýna önümçilik bölüminiň hünärmeлери aýdýar.
Gaplyk çüýşe önümçiligi boýunça bölümde bolanymyzda, ol ýerde çüýşe gaplaryň dürli görnüşleriniň öndürilýän pursatlaryna şaýat bolduk. Ýeri gelende, bu bölümiň ýylyň dowamynda 14 müň 400 tonna dürli görnüşdäki çüýşe gaplary öndürmäge niýetlenendigini bellemek gerek. 0,25 millilitrden 3000 millilitre çenli gaplyk çüýşe öndürmäge mümkinçilik berýän enjamlaryň hyzmatyndan örän netijeli peýdalanylýar. Olar içerki bazarlarda uly islege eýe boldy. Döwlet kärhanalarynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň buýurmasy boýunça önümler yzygiderli taýýarlanylýar. “Berzeňňi” ýarlykly mineral suwlary öndürýän kärhana üçin çüýşe gaplarynyň hem şu ýerde öndürilýändigi aýratyn bellärliklidir. Mundan başga-da, azyk senagatyna, şol sanda gaýtadan işleýän senagata degişli gaplama önümlerini öndürýän kärhanalar üçin taýýarlanylýan dürli ölçegdäki çüýşe gaplary diňe bir berkligi bilen däl, gelşikliligi bilen hem ünsi çekýär. Alkogolsyz içgileri öndürýän kärhanalaryň-da çüýşe gaplara islegi ýokarlanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek we möçberini artdyrmak boýunça öňde goýýan maksatlarynyň amala aşýandygyny bu kärhananyň mysalynda-da görmek bolýar. Ýakynda kärhanada ýolagçy otlularynyň wagonlaryna niýetlenen aýnalaryň önümçiliginiň ýola goýulmagy hem munuň şeýledigini subut edýär. Olaryň hili degişli hünärmenleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Täzelikler, yashalym tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir