Ýenede salam hormatly okyjylar, aradaky TM HYZMAT-dan täze TM RECORDS atly kino, seriallary sargyt edip bolýan internet dükanynyň ýakyn wagtda açyljagy barada gürrüň beripdim. Ine indi bolsa dükan üstünlikli açyldy we TM HYZMAT ilkinji sargydy kabul edip, üstünlikli tabşyrdy. bu barada tm hyzmatyň özi aýdyp berýär.

TM FILMS programmanyň obnowlenýasy TM RECORDS dükany öz içine alýar, şonuň üçin programmadan ulanmak isleýänler TM FILMS täzeden ýükläp ýa-da obnowit edip bilerler.

Islendik kino, seriallar we multiklary sargyt edip, öýüňize ýa işiňize getirdip bolýan hyzmatyň açylmagy ÝALTA atly programma bäsdeşlik döredýär we ÝALTA programma garanyňda bahalar has hem amatly görünýär, online söwda-satuw ugrunda uly tejribesi bolan TM HYZMAT ulanyjylaryň göwnünden turmagyň usulyny bilýän bolsa gerek.

Ilkinji sargydyň üstünlikli tabşyrylmagy aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bize diňe üstünlik arzuw edip, işleriniň rowaç almagyny dilemek galýar.

Siz hem kino almak isleýän bolsaňyz:

http://records.tmhyzmat.com

ýa-da Plaý Marketda TM HYZMAT FILMS programmasynyň soňky wersiýasyny ýükläň!

Üns berip diňläňiniz üçin minnetdar!

Täzelikler, Trikenok tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir