Adamyñ bir mätäç zady - Hoş sözdür,
Hoş söz aýdyñ - tepesinde täç bolar.
Dirilikde aýdyñ , Dirikä sylañ,
Kim bilip dur-bir yyldan soñ giç bolar.

Gowa-Gowy diyiñ entek dirikä
Gerek yerde yyly söz bir - guyç bolar
Hòkman ölerine garasyp durmañ
Kim bilip dur - bir hepdeden giç bolar.

Kalby çoyuñ-alkyş alyñ adamlar.
Alkyşynyñ işi rowaç bolar.
Erte tapylanok bu gun gorenok.
Su gun çoyuñ-erte belki giç bolar.

Sahawatsyz ömür-gury bir töññe
Sahawatsyz ömrüñ soñy puç bolar
Sylañ bir-biregi wagtyñyz barka
Mumkin...yene bir sagatdan giç bolar

Perhat Sabirow
+99364290174

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir