Azat Myradowic yasy kyrka yetip baryan agymtyl sacly adamdy.Ony abrayly bir edaranyn mudiri wezipesine bellediler.Ol ilkibasda halal isledi...Yone,orunbasary yanyna koprak gelip,onun kellesini bulasdyrdy.Azat Myradowic dura-bara orunbasarynyn beryan peydaly maslahatlaryna nadip gulak gabardyp baslandygyny ozem duyman galdy.Kisesi onkuden agraldy,masyny tazelendi...


Yone,gunlerde bir gun...Ele dusdi, gitdi gozenegin anrysyna 12 yyllap...Gozenegin anrysyndaky durmus bir basga eken.Okundi,yone eyyam gic.Tussaghanada hem kynlyk bilen bolsa-da,garaz durmus dowam edyar.Azat Myradowic bir gun hammamda yuwunyp durka dowuk yuz gorulyan aynadan ozuni gorup,ayylganc gygyrdy...Onun gozleri yokdy,gozlerinin ornuna onun cagalykdan bari mydama gorkup yoren gozleri oturdylypdyr.Ol gozler owadandy,kirpikmendi,yone juda-juda sowukdy,ozi-de ol gozlerin icinde hamala ot alawlap yanyp duran yalydy...Azat Myradowic ozunden gitdi...Gozuni acanda tussaghananyn hassalar saklanyan yerinde yatyrdy.Ol cagalykdan gorkup gezen gozlerini yada saldy.Yatlamalar ony gecmise alyp gitdi...


Ol ilkinji gezek ol gozleri oz ejesinde gorupdi.Ol wagt Azat 6 yasly oglanjykdy.Kakasy 15 gun is saparyna gidipdi.Ertirem gelmeli gunudi.Azatjyk dasarda oynap yordi.Birden kakasynyn gelyanine gozi dusup,oynap yoren cagalaryn yanyndan saylanyp ylgap gaytdy.Kakasy ony yokary goterdi,tegelejik sokolad berdi.Azat kakasy bilen tirkesip oye geldi.Bar basagaylyk sonda boldy.Gapyda natanys bir erkek adamyn kowsi durdy.Oye girdiler.Azadyn sonda yadynda galan zatlar bir-a kakasynyn ashanadan pycak alyp,ol adama topulany,bir-de ey goryan ejesinin mahirli gozlerinin uytgap,ol gozlerin ornuna yanky icinde ot yanyan gozlerin gecmegidi.Ol gozler juda gorkuncdy.Bir gorsen-a ol gozler aglayan yalydy,bir gorsenem gulyan yalydy.Ol gozler ahli zada,hatda oz bagryndan onen perzendine-de juda sowuk bakyardylar.Azat son kakasyny gormedi.Ah,kakasynyn gozleri duybunden basgacady.Ol gozler mylayymdy,ol gozler ozune seredende Azatjygyn gowrumi ginap rahatlanardy.Yone,ol gozlerin eyesini milisiya esikli adamlar garanky masyna mundurip uzaklara alyp gitdiler.Azadyn sowuk gorkunc gozli ejesi bolsa ony kop cagalaryn uysup yasayan yerine eltdi.Azatjyk sol yerde ulalyp,kemala geldi.Ol kawagt duysunde hem sol gorkunc gozleri goryardi.Bir gun cagalar oyunin mudiri olary howlynyn icine toplady.Anyrdanam geynuwli 2 sany adam geldi.Ol adamlar olara bir kagyza gol cekdirdiler.Azat gije koridora cykyp,mudirin otagynyn yanyndan gecip baryardy.Otagyn gapysy calarak acyk durdy.Mudirin onunde petde-petde pul durdy.Sol wagt garasylmadyk bir waka boldy.Mudirin gozleri Azadyn mydama gorkup yoren gozlerine owrulip,ot bolup yandy.Azat eyyam yetginjek oglan bolsa-da gorkup,oz otagyna geldi.Uka gidip baryarka-da mudirin yanyp duran gozleri goz onune geldi durdy.Ertesi guni mudiri tussag etdiler.Onun dowletden yetim cagalar ucin goyberilyan pullaryn kop bolegini oz hasabyna gecirendigi anyklanyldy.Azat son yokary okuw jayyna girdi.Ony gyzyl diplom bilen gutardy.Ise baslady.Ine,sondan son Azat yanky yaly gorkunc gozli adamlary gaty kop gordi.Gorup otursa,icinde ot yanyan, ayylganc gozli adamlar dumly-dusda aylanysyp yoren ekenler.Azat ylayta-da seyle gozli adamlara toylarda kop dusyardy.Onun jana-jan dostlary hem toya ya oturylysyklara gidende oz gozleri bilen gidyanem bolsalar,toya baranlaryndan son gozleri gorkunc gozlere owrulyardi.Azat sol hilli gozlerden uly adam bolsa-da oran gorkyardy.Yone,name-de bolsa ertesi guni onun dostlary yene oz gozlerine gaydyp gelyardiler.Herna ona satasan gozelin gozleri sol bir durkundady,asla uytganokdy.Mydama mahirlidi,olar toy edenlerinden son hem ol gozler uytgemedi.Azat Myradowic ozunin tussag edilen gununi yatlady.Sol gun ony isde otyrka alyp gaytdylar.Azat Myradowic yzyna ganrylyp bakanda oz orunbasarynyn gozlerininem sol gorkunc gozlerdendigini gorup hopukdy.Ozunin sunca wagt orunbasarynyn gozlerini synlamandygyna gen galdy.Bilen bolsa onun bilen yakyn gatnasyk etmezdi.Ol gozlerde sowuk gulki bardy we hemisekisi yaly ot yanyardy...


Ine,in gorkyan zady alnyna geldi.Onun oz gozlerem sol eymenc gozlere owrulipdir.Olar hacan uytgedika? Sol haram pullara gyzygyp,isini bulasdyranda bolsa gerek?... Ya-da mahirli ayalyny unudyp,yas katip gyz isgarini agsam naharyna cagyrandamyka?... Ya-da yalbarmasyna garaman garry bagban isgarini isden kowup,onun yerine orunbasaryn isyakmaz,mydama isden gija galyp,isine sowuk-sala seredyan yegenini ise alandamyka?...Ya-da on icgini agzyna almayan halyna,sonky wagtlarda her gun icip,serhos bolandamyka?...Ya-da?...Ya-da?...Gorup otursa onun eden yalnys hereketleri sonky dowurde gaty kopelipdir...


Ol indi aynadan seretmage gorkyardy...Nadip gozlerini onki durkuna getirip bolar?Oran eymenc yagday...Oz gozlerinden ozun gorkup yasamak...Bir gun onun yanyna taze tussag geldi.Yuzi-gozi nurana yasuly.Ol ona namaz okamagy owretdi.Azat omrunde ilkinji gezek namazlyga munen guni,onun yanky gorkunc gozleri patlap,onune gacdy...Azat Myradowic ol gozlerden gorksa-da, sandyrap namaz okamagyny dowam etdi.Ol gozler bolsa,yanyp-yanyp,gitdigice ulalyp,ullakan bir sekile owruldiler.Ol. Sekil tutus otagyn icini tutdy.Ozem sol dursuna otdy.Azadyn gulagyna kimdir biri pysyrdap ,,Sen şeytany yendin,yendin!!!" diyyan yaly boldy...Gorup otursa,onun mydama gorkup yoren gozleri şeytanyn gozleri bolsa natjek...

Awtor-nabelli
Perhat sabirow

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir