Bagyşla mähriban, söýenim üçin
Hemem gaharlanma, ýazamok indi
Seni ýatlamaga höwesim gaçdy
Birem seni küýsäp gezemok indi,

Bagyşla gadyrdan, hemme zat üçin
Yşgyñda müñ hyýal guramok indi
Söwdama, baýlyga ýüzümi urdym
Mähriñe boýnumy buramok indi!

Bagtly bol dönenim, bagt üçin gitdiñ
Menem bagtsyzlykdan nalamok indi
Söýmeseñem süýkendigim geçmişden
Juda köp endigim halamok indi

Perhat Sabirow

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir