Bilýan bu durmuşyň aladalary
Ýatdan çykarmagyn Ýaradanyňy
Hemde ejeñ janyň aýdanlaryny
Bilip goýgyn hijem ýatdan çykarma

Mekdepde okadan mugallymyňy
Türgeniňi, göreşmäni öwreden
Hemde ýüregiňde söýgi döreden
Ol gyzy hiç haçan ýatdan çykarma

Gerek wagt hemişe ýanyňda bolan
Agyr ýagdaýyňda elini beren
Eger ýakalşsaň arkaňda duran
Gowy dostlaryňy ýatdan çykarma

Ýykylsaň tur diýip, üstüňi kakan
Aladaňy eder, bolsaňda ýatan
Gaharlanan wagtyň göwnüňi tapan
Mähriban käbäňi ýatdan çykarma!

Derejaňe ýetip bolsaňam ussat
Bolsada mesele seň üçin hiç zat
Gymmat eşik geýip sürseňem Nissan
Owal kimligiňi ýatdan çykarma!

Daşary döwletde gezseňem okap
Haka şükür edip, okagyn kitap
Nirede bolsaňam gezgin sen sapa
Dogdyk mekanyňy ýatdan çykarma!

Edebiýat, Yaş Şahyr tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir