Ilkinji uniwersitetiniñ gapysyndan àtlàmde rus dilini hiç hili diyen yaly bilemokdym. Yurtdaky yokary okuw jayyna üç yyl synanşyp ahyr daşary yurda gaytmaly boldym. Muña hem sebap bolan Aysenem bilen Orazmyrat boldy. Meniñ parallel klasdaşymdy. Şularyñ kömegi bilen hem men uniwersitetiniñ talyby boldym. Men giren yylym bular üçunji krusa geçipdiler. Talyplyk yyllary hem, kynçylygy bolsada Aysenem bilen Orazmyradyñ kömegi bilen baş alyp çykyardym. Aysenemiñ doga yureginde kemi bardy Ol doga yurek kemisligi bilen dunya inen hem bolsa, wagtly wagtynda alynyan bejergiler sebapli özuni gaty sagdyn duyyardy. Bu tayda hem mydama bejergi almaly wagty alyardy. Biz Orazmyrat bilen oña göz gulak bolyardyk. Ayyñ gunuñ geçmegi bilen men Aysenemi söydüm we oña söz aytdym, iki yyljyk garaşsañ okuwymy dynyp toy ederis diyip, bir birimize wada berişdik. Orazmyrat bize mydama goldawyny berip duyyardy, dostym mydama biz bilendi. Şeyle söygi, şeyle dost gatnaşyk bilen olar okuwyny tamamlap gaytdylar we Orazmyrada şaherde litseyde iñlis dili mugallym bolyp, Aysenem bolsa öz obamyzda rus dili mugallym bolyp işe başladylar. Men olarsyz geçen iki yylym on yyla döndi. Günde diyen yaly Linede habarlaşyp dursamda Aysenemiñ Orazmyrat ikimize Aynabat ( Aysenemiñ komnatdaşy) ikisiniñ bişirip beryan manty, böregin we palowyn hiç yadymdan çykaryp bilemok, tagamy heniz hem agzymdan gidenok. Seyle yagdayda men hem dynyp yurda elim diplomly aeroporta geldim, bar bolan wakada şu uçar meydançasyndan başlady. Men uçar meydançasynda Ayseneme jañ etdim, ol hem garşylamaga aeroporta barjaklygyn aytdy, men hem - Guşjam sahel salym galdy ezizim, barayyn diplom toyym bilen durmyş toymyz bile ederis! -Jan howlykma hazirjek bol aeroporta, her hili yagday bolýandyr, yuregim gursuldemesi çaltlaşyar, bir zada howlykýan yalyda men - Gaygy etme gulum sanlyja sagatdan gujagyna baryan, nesip bolsa aya yetmän toymyz ederis ejem bar zady tayynlap diñe garaşyp otyr, seni gowy tanansoñ Aysenem yaly gelnim bolsa, çagajyklara sapak berip yorse menem agtyjyklarym alyp gudam bilen çaylamaga gitsem armanym yok oglym, diyip yañja ejem bilen gepleşemde aytdy - Bor guşym garaşaryn, basymjak gel - Bor gulum garaş hazir münyan Men şey diyip telefonym goyanyma mahetdel yanymda biri - Dost Turkmenistana baryamyñ - Salam, howa hazir uçyan - Dost hayyş barda - Ayt hany - Meniñ şujagaz yukümi àkidip bersene barden hazir, tölemeli pullaryn özum töleyan Turkmenistanda öñiñden çykarlar we alarlar, geçirip beriniñ üçin hem ynha 100$ pul azap hakyñ - Dost munyñ içinde name bar eyle beyle zat yokdyra - Yok dost biriki blok çilim bilen ejem üçin derman bar, özum hazir barden geçirip berjek sen đüşeñde bizinkilere berseñ bolyar -Aý onyñ yaly bolsa bolyar, diyip boyn boldym, tayynjak yerden 100$ içime depyami diyip Turkmenistana geldim, gelen badyma hem daşymy gabadylar, men aljyradym, näme etjegim bilemok yük meñki dàl diyip duşundirip bilemok, elime naruşnik ildirdiler, öye jañ etmage ruhsat soradym oña hem ruhsat bermediler Aeroportada Aysenemi görup has hem aljyradym. Ol name boldy diyip bir özelenip bir aglayardy weli tutyş aeroportdakylar bize seredişyardi we gozum alynda Aysenem çaşdy, bir gygyryan skora şagyryñ yireginde yurek agyrsy bar diyip,emma meniñ sesim diñlan bolmady Men şondan soñ Aysenemi görmedim. Maña sud edildi we yyl kesildi hiç hili dokazat edere mende şayat yokdy. Meniñ geçiren sumkamda ol oglanyñ ejeme derman diyip aydan dermany ulanmak gadagan, diñe lukmanyň görkezmesi boýunça hasapda duran we HMAT- dan ( hemayata mataj adamlaryñ topary) geçen nasaglara berilyan tramodol ukollyk we tramadolyñ tabletkasy ekeni. Ondan daşary hem gyzylja derman we ploklap çilim eken Bu zatlar uçun yorute buyruk çykyp Turkmenistanda 2018- nji yyla çenli çilimden we nasdan arassalanmaly diyip buyruklar çykan ekeni Ynha meniñ düşen yagdayym, Indam bolsa 3 yyl tussaglykda Durmyşa yenil çemeleşdim, añsat eklenje baş goşjak boldym we 100$-a enem atamy, dost yarlarymy, abraymy, iñ esasy zat hem maña garaşyp gözun dikip otyran söyen gyzym yitirdim Indi barden çykasym gelenok, çykdymamda indi Aysenem bu dunyade yok?! Men onsyz yaşap bilmen, ol bu agyr urga yuregi çydamady we şo çaşandan soñ özune gelman bu dunyaden ötdi Onyñ aradan çykanyn Orazmyratdan başga hiç kim aydyp bilmedi?!!!!!!!!!!!!!! Awtordan Màhriban talyp joralar dostlar gys kanikuly yetip gelyar, yekejañiz hem daşyndan yekeje geçirip berayiñ diyen iki gozuñ biri bolaysyn yekeje adama hem ynanyp sumka bärik geçirip beraymañ!!

Perhat Sabirow

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir