Jynsy gatnaşygy onuň geçiş ýygylygyny köpeldip ýa-da ünsüňi döli dökmede däl-de, başga pikirlerde jemleme, prezerwatiw geýme ýaly çäreleriň kömegi bilen uzaldyp bolar. Bu ýagdaýlaryň siz üçin oňaýsyz bolan halatlarynda, derman senagaty ujyda ganyň köp mukdarynyň inip saklanmagyny üpjün edýän serişdeleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär. Biziň dermanhanalarymyzda bu meseläni çözmek üçin wiagra, siagra, sialis, lewitra, danoksetin serişdeleri satylýandyr. Bu dermanlaryň 1 gerdejigini garaşylýan jynsy gatnaşykdan 1-2 sagat öň kabul etmek maslahat berilýändir. Dermany öndürijiler serişdeleri aýda 4-5 gezekden ýygy ulanmakdan saklanmalydygyny ündeýärler. Bu serişdeler diňe bar bolan oňaýsyzlygy aradan aýryp, onuň bolup biljek sebäbine täsir edip bilmeýärler

Çeşme::saglyk.org

Perhat Sabirow

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir