Salam dostlar! Bulam şol gyza düzen 2nji goşgym.

Men sensiz bolamok gulak sal maňa
Haýyşt etýän menden ýüzüň öwürme
Gözümde uky yok gijeden daňa
Gaýrat edip menden ýüzüň öwürme!

Dilim gulply hiç zat gürläp bilemok
Men ýalançy sana diýsem söýemok
Men ýaly hiç kimem söýer öýdemok
Ýalbaraýyn menden ýüzüň öwürme!

Dünýa maňa tasin görnüp başlady
Ýüzlerimde gülki döräp başlady
"Unyt" diýen sözüň gözüm ýaşlady
Maňa seret menden ýüzüň öwürme!

Haýpyň gelsin bu ýaraly halyma
Uzaklardan geçdiň, gelmän ýanyma
Ýakymly owazyň ýokýar janyma
Söýdüm seni, menden ýüzüň öwürme!

Aşyk aýdar bejer meni, hassany
Ýadyňa düşürme gaýgy gussany
Diňe sensiň meniň göwnüm isläni
Şepagat uýasy, ýüzüň öwürme!

Edebiýat, Yaş Şahyr tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir