Hususy - özüniň tutýan ýeri boýunça az bolup, başga faýllaryň içine özüni göçürýän, şeýle-de zäherleýän we kompýuterde ýakymsyz işleri edýän programmadyr. Ilkinji wiruslar 1980-nji ýyllaryň başlarynda ABŞ-da döräpdir. Içine wirus geçen programma “zäherlenen” diýilýär. Haçanda şolar ýaly wirus geçen programma işe goýberilende ilki programmany wirus dolandyrýar.

Wiruslaryň aglaba böleginiň işi özüni kompýuterde ýaýratmak, başga programmalary tapmak, olary zäherlemek ýa-da kompýuterde ulanyja ýakymsyz işleri etmek bolup durýar. Mysal üçin faýllar zaýalanýar, kompýuterdäki programmalaryň işlemegi haýallaýar, köp programmalar belli bir wagtdan işlemän başlaýar ýa-da nädogry işleýärler, ekranda her hili hatlar, simwollar ýüze çykyp başlaýar we ş.m.

Kompýuter zäherlenmeleri wiruslar, internet gurçuklary, troýan atlary, rutkitler, reklama programmalary, şpion programmalary, howply we gereksiz bolmagy ähtimal programmalar ýaly görnüşlere bölünýär.

Wiruslaryň arasyndaky görnüşleriniň biri makrowirusdyr. Ol Maýkrosoft Ofis programma toplumynda bolýar. Esasanam, Maýkrosoft Word-da köp duş gelýar. Dokumeti açanyňdan soň, ol işläp başlaýar we şablony zaýalaýar.Şeýlelik bilen, ol indiki açyljak täze dokumentlerede öz täsirini ýetirýär.

Kompýuter wiruslaryndan goranmagyň ýollary

Kompýuteri ulanmagy gowulandyrmak.
Wagtal-wagtal faýllaryň nusgasyny alyp durmaly. Muny etmek kompýuter diňe bir wiruslar bilen zäherlenende däl eýsem, kompýuteriň işlemeginde näsazlyk dörände hem faýllary dikeltmäge mümkinçilik berer.

Kompýutere elýeterliligi azaltmak. Operasion ulgamda ulanyja kod goýmak we ş.m.

Kompýuterde işlenilende has ünsli bolmak. Daşky ýat gurluşlar(Fleşkalar, diskler) birikdirilende, içindäki ulanyljak faýllaryň adyna, giňeltmesine, we ölçegine üns bermek. Sebäp diýseň wirus hakyky faýly gizläp ýa-da ony ýok edip, deregine şol faýlyň şekilini özüne alyp biler. Beýle ýagdaý kataloglarda has köp duş gelýär.

Öňüni almak ýoly(profilaktika).
Operasion ulgamy sazlamak, ulanylmaýan programmalary we faýllary öçürmek. Wagtal-wagtal gaty diskleri ýörite barlagdan geçirmek. Defragmentirlemek.

Wiruslardan goranmak üçin -aýratyn programmalary ulanmak.
Kompýuteriň huşundan wiruslary tapyp, olary zähersizlendirýän ýa-da ýok edýän progammalara antiwiruslar diýilýär. Beýle programmalaryň döremeginiň sebäbi, wiruslaryň ummasyz köplügidir. Antiwiruslary öndürýän şereketler gündeki çykýan wiruslar hakda maglumatlary öz bazasyna ýazýarlar. Antiwirusy ulanýan ulanyjy bu bazany öz kompýuterinde internetiň üsti bilen täzeläp durmaly bolýar.

Antiwirus programmalaryny ulanmak wiruslardan goranmagyň gowy ýoly hasaplanýar. Antiwirus ulanylýan kompýuter antiwirus ulanylmaýan kompýutere görä howpsyzrak hasaplanýar. Emma, antiwiruslaryň hem ejiz durýan ýeri bolýar. Mysal üçin, eger wirus hakda antiwirusyň bazasynda maglumat ýok bolsa, antiwirus ol wirusy tanamazlygy mümkin. Şonuň üçin antiwirusyň bazasynyň wagtal-wagtal täzelenip durulmagy maslahat berilýär.

Häzirki döwürde antiwirus programmalaryň ençeme görnüşleri bardyr.Olaryň köp ýaýranlary: NOD32, Kaspersky, Dr.Web, Panda, Avast, Avira, ZoneAlarm, Symantec we beýlekiler.
Şeýle-de, wiruslary ýok edýän birnäçe uly bolmadyk programmalar(utilitalar) hem bardyr. Olar özüne belli bolan kesgitli wiruslary tapýarlar. Olardan mysal edip, Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň uly mugallymy Maksat Çüriýewiň döreden we ulanyşda bolan “Antitroýan” atly programmasyny mysal getirip bolar. Bu programma Halkara türkmen-türk uniwersitetinde geçen taslama bäsleşiginde 1-nji oruna eýe boldy. “Antitroýan” programmasy belli bolan 100-den gowrak aýrylmasy kyn bolan wiruslaryň hötdesinden gelýär.Antiwirus programmalaryň görnüşleriniň köpdügini bileniňden soň, şu ýerde bir sorag ýüze çykýar: “Haýsy antiwirus programmasyny ulanmaly?” Bu soraga şeýlärek jogap bersek bolar. Antiwiruslaryň programmalaryň içinden göwnümize ýaranyny ulanyp bileris. Ýöne, esasy üns bermeli zadymyz, şol saýlan antiwirusymyzyň bazasynyň täzelenip durulmagy. Iň gowy antiwirus bazasy ýygy-ýygydan täzelenip durulýanydyr.

Perhat Sabirow

Tehnologiýa, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir