Salam dostlar! Bir gyza aşyk bolup 4-5 sany goşgy düzdüm şoňa bagyşlap. Ýone gynansakda bu goşgylar oňa täsir etmedi, näçe ýalbardym garaz bolmady..
Belkide bu goşgy siziň söýgiňize ýetmäge kömek eder.

Diňle Altyn aýtsam yurek derdimi
Senden özge gyzy beýle söýmedim
Seň öňüňde baý hem elin serdimi
Senden başgasyny beýle söýmedim.

Boýuň uzyn, sada, periden peri
Sora nirde onuň, ýaşaýan ýeri
Utanjymdan yaňa basdyla deri
Senden özgesini şeýdip söýmedim.

Ynan mundan owal ýaşamokdym men
Söýgiň nämedigni bilemokdym men
Özüme söýerin diýemokdym men
Senden basşgasyny beýle söýmedim

Ýatsam tursam pikirimde diňe sen
Diňle meni "yok" sözüňi diýme sen
Bar bolanja umydymy üzme sen
Senden gaýrasyny beýle söýmedim.

Umydym geljekde bolarys bile
Durmuşyň tagamyny duýarys bile
Gülki şatlyk bilen garrarys bile
Senden başga gyzy şeýdip söýmedim.

Edebiýat, Yaş Şahyr tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir