Salam dostlar! Goşgy düzmegem birhili endik ýaly bolup barýar)). Goşgylamyň sany 10-a dagy ýetdi, nesip bolsa bir birden goýaryn, esasy bölegi söýgi hakda. Şu gezek dädem (kakam) hakda düzen goşgymy size ýetirmekçi. Okap düşünersiňiz. Pikirleriňizi ýazyň.

Hemmäňe ýüzlenip içimi dökýän,
Bir nurana dädemizem bolmady.
Ojak ody öçse täzeden ýakýan,
Aladaçyl dädemizem bolmady.

Işe gidip maşgalany ekleýän,
Daşa gitse bize sowgat getirýän,
Kyn ýagdaýda işimizi bitirýän,
Jogapkärli dädemizem bolmady.

Uly kiçilere görelde bolýan,
Agy hem garany saýgaryp bilýän,
Eger toýa gitse içmäni gelýän,
Gözleri dok dädemizem bolmady.

Bar dädemiz duşmanlary güldirýän,
Ejem janyň güler ýüzün soldyrýan,
Şeýtanyň ýoluna özün aldyrýan,
Towa etýän dädemizem bolmady.

Şeýle alsaň erbedem dal hasýeti,
Çaý başynda berýar ençe wesýeti,
Içmen diýer içen günüň ertesi,
Sözün haklan dädemizem bolmady.

Ajy şerap däldir saňa saýawan,
Köpräk içseň pikirleňi zaýalar,
Şoň derdinden ençe adam nalaýar,
Düşünjeli dädemizem bolmady.

Edebiýat, Yaş Şahyr tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir