Salam mähriban ildeşler. Ýadyňyza düşýän bolsa arada goşgy düzüp çykardym, ýöne goşgy düzmekde has ussat agzalarymyz kemçilik tapdylar we öwretdiler. Örän minnetdar! Indi ýene bir goşgyny paýlaşasym geldi. Bu goşgyny bir gyz "maňa ýazma"diýenden soň düzdüm. Baha beriň.

Senä maňa ýazma diýdiň,
Menem saňa ýazjak diýdim.
Senä maňa gelme diýdiň,
Menem saňa geljek diýdim.
Seň mährini duýmasamda,
Güler ýüzüň görjek diýdim.
Başym belent bolsada,
Seň ýanyňda egjek diýdim.
Sesim ýogyn bolsada
Seň ýanyňda inçe diýdim
Özüm alçak emma ýöne
Meň gözümde gowşak diýdiň
Senä meni söýmeseňde
Menä seni söýjek diýdim
Seň yşkyňda alow ýaly
Yşk odyna köýjek diýdim
Seň ugryňda boldum däli
Sensiz "şatlyk" gussa ýaly
Sagdyn ýöne hassa ýaly
Menä seni aljak diýdim!

Edebiýat, Yaş Şahyr tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir