Men Sähragül bilen halaşyp durmuş gurupdym. Agzybirlikde,bir-birimizi goldap,il aýtmyşlaýyn "Gül ýaly" ýaşap,işläp ýördük.

Ine,bir günem işimden bir kemçilik tapdylarda,meni işden boşatdylar.Uzakly günlerimi öýde oturyp geçirmeli boldum.Öňler Sähragül ikimizem işde bolup,seretmäge adam ýoklugy üçin obada ýaşasagam mal-gara saklamyzokdyk.Iş tapylýança öýde güýmener ýaly obadan bir sygyr aldyk. Şonuň otuna suwuna seredip geziberdim. Ýöne jany sag,özüne göwni ýetýän her bir erkek adamyň aýalyny işledip,özi öýde oturmany namys edişi ýaly,menem öz düşen ýagdaýyma näme alaç etjegimi bilmän kösenýärdim.
Meni az-owlak köşeşdirýän zat hem Sähragülüň maňa bolan gatnaşygynyň öňküsi ýaly üýtgemän galmagydy. Käbir gelinler ýaly özüniň işläp,meniň bolsa işsiz,getirenini iýip ýatanymy aýdyp gyjalat bermeýärdi...

Bir günem Sähragül işden wagty bilen gelmedi.Jaň etsemem,belgisine hiç düşüp bolmady.Daşarda bolsa howa bulaşyp,ýagyş ýagmaga başlady.Men yzyny üzmän Sähragüle jaň edip otyrdym.Ahyrynam gije sagat 11-den işlänsoň onuň gözlegine çykmak üçin gapa baran wagtym Sähragülüň özi geläýdi.Süllümbaý ezilipdir,sowukdan ýaňa "digdirikläp" dur.
—Näme edip ýörsüň şu wagta çenli? Nirede bolduň şu ýagyşda?-diýip gaharly beren soragyma:
—Işdeş gelinleriň biriniň doglan güni ekeni.Bagyşla,habar edeýin diýsemem telefonymam öçüp galypdyr."Lakgyldaşyp" oturyp giç bolanynam bilmändirin-diýdi.Sähragül bu sözleri şeýlebir äheň bilen aýtdy welin gahar-gazabym öz-özünden aýrylyp gidiberdi.
Eşiklerini çalşyransoň,bile çaý-nahar edinip ýatmakçy bolduk.Emma şol gije ikimizem ýatyp bilmedik.Sähragül ot bolup,gyzdyryp çykdy.Menem başujynda oňa seredip çykdym.Ertesi ir bilen keselhana alyp gitdim.Emma keselhanadada Sähragülüň ýagdaýy gowylanybermedi.Şol sowuk gijede ýagyşa ezilip,erbet sowuklany üçinmi ýa-da owaldan ömri gysga ekenmi,bilmedim. Keselhanada uzak ýatman jan berdi...

Bu maňa erbet urgy boldy."Orta ýaşda aýalyň ölmesin" diýilýändir welin,orta ýaşa ýetmänkäň aýalyň ölsede aňsat däl eken.
Sähragülüň ýedisi sowulansoň,ýogalaly bäri öýümizde bolup ýören dogan-garyndaşlarymyzam öýli-öýüne dargaşdylar. Uly öýde ýeke özüm galdym.Ýeke galsaňam kelläňe gelýän zat diňe ýatlamalar.Sähragül bilen geçen günlerimi ýatlap gijäniň bir wagtyna çenli oturdym...
Irkilipdirin.Beýleki otaglaryň birinde aýak sesi eşidilen ýaly boldy."Sähragül geläýdimikä?" diýip pikirlendimde:"Sähra!...Sähragül geldiňmi?..." diýip gygyrdym.Emma jogap beren bolmady.Birdenem Sähragüli gonamçylykda jaýlap gaýdanymyz ýadyma düşdide birhili hopukdym."Sähragülüň ýeke özi ol ýerde gorkýandyr ahyryn. Gije hasam gonamçylyk gorkuly bolýandyr.Howada sowuk.Sähragüli ýeke goýup bolmaz" diýip oýlanyşdymda,gonamçylyga tarap ugradym.Dogrusy gonamçylyk diýlen zat gündizligine gapdalyndan geçende adamyň ýüreginde birhili gorkymy,wehimmi düşüniksiz duýguny döredýär.Ýöne men şol wagt gorkynyda,beýlekinide bilmän gonamçylygyň bir çetinden girdim.
Mazarlaryň arasyndan birazyrak ýöränimem şoldy welin jalbarymyň aşagyndan bir zat asylyşdy. Aýyň ýagtysynda ünsli seretsem-el.Hawa hakyt adamyň süňk bolup galan eli,mazardan çykyp jalbarymdan asylyp dur.Gorkudan hem haýran galmakdan aljyrap gaçjak bolup ýykyldym.Dik oturyp ýaňky ele we onuň mazaryna seretdim.El süýem barmagy bilen "Beýläk seret" diýen yşaraty edip,öz mazarynyň başujunda goýlan daşy görkezdi. Daşyň ýüzünde merhumuň ady,familýasy,doglan,ölen wagty ýokdy.Oňa derek:"Men öz ejemiň gadryna ýetmedim.Onuň öz hasabyndan derman getirip ber diýip beren pullaryny haram keýp üçin sowup,ejeme başga arzan dermanlary getirip berdim.Haýyş edýän,meň günäm geçilmegi üçin dileg ediň!" diýlen ýazgy bardy.Men gözlerime ynanman,ýazgymy gaýtadan okajak bolup otyrkam,arkama bir zadyň degeni bilip,atylyp beýläk düşdüm.Yzyma seretsem ýaňky meň turup gaýdan ýerimdäki mazaryň daşynda şeýli ýazgy bardy:"Men ýaşlara mugtuna narkotik öwredip,soňam ony puluna satyp gezdim.Meň günäm geçilmegi üçin dileg ediň!".Gorkudan hemem haýran galmakdan ýaňa başym aýlanyp başlady.Bolup geçýän zatlara hiç düşünüp bilemokdym. Beýleräkdäki daşyň ýüzünde obany çürkäp gezen ogry,özi üçin dileg etmegimi haýyş edýär.Aňyrrakda parahor,ondanam aňyrrakda daşyň ýüzündäki ýazgydan okaýşyma görä: ýaş gyzlary aldap,namysyna degip,soňam taşlan oglan...Beýlekilerä okamagam gorkunç.
Birdenem men bu hadysa az-owlak düşünen ýaly boldum.Bular ömürboýy günäsini syr edip saklap ölen adamlar,maňa syrlaryny açyp,günälerini aýdyp,günäsiniň ýeňlemegi üçin meniň dileg etmegimi haýyş edýärdiler.
Eger şeýle bolsa Sähragül...
Ahyryn Sähragülüň mazaryna ýetdim.Gorky bilen mazaryň daşyna seretdim.
"Men şol gije işdeşimiň doglan gününde bolmandym.Başga erkegiň ýanyndan gelipdim.Meni bagyşla! Meň üçin dilegde bol!"...
Gursagymyň çep tarapynda dörän güýçli agyra döz gelip bilmän,gapdala agdym.Kelläm bir gaty zada degdi...
Gözümi açsam,başujumda obamyzyň lukmany otyrdy.Beýlede agalarym,iň uly gelnejem gözüniň ýaşyny süpürip...Aýakuç tarapyragymda bolsa müjewür...


Soňy.

Perhat Sabirow

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir