Meshhur içgileri öndüriji Coca-Cola shereketiniñ Ýaponiýadaky bölümi öz öndüren içgisiniñ satuwdaky 830 müñ sany çüýshesini yzyna aldy. Muña içginiñ ýedi görnüshiniñ düzüminden az mukdarda metal külkäniñ tapylmagy sebäp boldy.

Shereketiñ Ýapon bölüminiñ wekili Kota Takasuginiñ aýtmagyna görä, müshderilerden saglyk ýagdaýyñ ýaramazlashandygy barada ýeke arznama gelip gowushmadygam bolsa, Coca-Cola çüýshelerini yzyna almaly diýen netijä gelipdir.

Görkezilen içgiler Ýaponiýanyñ günbataryndaky zawodda öndürilipdir.



Çeşme--ZAMAN

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir