Altynjan Hatyn romanynyñ sesli ýazgysy we başgalar..

Ýazyjy O.Ödäniñ halkymyzyñ arasynda giñden meşhurlyk gazanan "Altynjan Hatyn" roman-trilogiýasynyñ 3 kitaby Alp-Arslan teatrynyñ artistleriniñ ussatlyk bilen ýerine ýetirmeginde ilkinji gezek kitapcy.ml edebi saýtynda Siziñ üçin goýuldy.
Şeýle hem Magtymguly Pyragynyñ Diwany we Tûrkmenistanyñ Halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiñ öz okamagyndaky goşgulary saýtymyzyñ kitaphanasynda goýuldy.
Islendik adam olary özüne alyp, telefonunda, komýuterinde, awtoulagynda diñläp biler.
Audio-kitaplar kitap muşdaklarynyñ wagtyny tygşytlamak ýaly dürli artykmaçlyklary döredýär. Audio-kitaplar diñe bir kitaphonlary däl, ýönekeý raýatlary hem özûne imrindirip bilýän serişde. Bu mümkinçilikden peýdalanyñ!

(Biziñki mugt :)), sesli kitaplary ýûkläniñizde diñe internede girende döwlet tarapyndan saklanylyan pul ýygymy alynýar. Kitaplar üçin saýta hiç hili töleg ýok)

Edebiýat, wagt tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir