Saña.
Allam seni ýaradypdyr nur eýläp
Ähli gözelligi özüñde jemläp
Waspyña söz ýetmez ýazsamda ýyllap
Tañrym ömür bersin gözel gyz saña.

Gijelerne görküñ aý ýüzün ýapar
Aý uýalyp senden janyny ýakar
Gündizler nurly gün gaşyny kakar
Aşyklygyn aýdyp dil açar saña.

Diýýändirler"Görkli"jennetiñ Hüýri
Señ ýanyñda şolam ýönekeý biri
Aşygyñ daşyñda ýanyp ýör diri
Ýöne meñ halymdan habar ýok saña.

Bu dünýe bir ýana, senem bir ýana
Dünýäñ ýüzi ýetmez seniñ bahaña
Indi sen deý gelmez ýagty jahana
Bir dilegim nazar degmesin saña.

Señ üçin gursagym arzuwdan doly
Aýdyp bilmän galdym wagty däl häli
Waspyñ ýazan barmy Kakajan ýaly
Bar bolsa"Bagyşla"diýeýin saña.

©Annagurban Annagurbanow

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir