Gözdaňdy oýnuny oýnaýar ýaşlar
Tutan oglan posa alýar muzduna.
Tutup bir-biregi ogşaýar ýaşlar
Biz bu oýny oýnapdyrys mugtuna

Gözi daňlan aýlanyp ýör arada
Ol derleýär
ol sermeýär howany:
«Jadyly gyz, nirede sen
nirede?»
Nirede sen, onuň söýýän juwany?

Edebiýat, kararsyz tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir