Daşoguz welaýatyna jogapkär ministr Orazgeldiýew Esenmyrat we bu welaýatyň häkimi Baýramgulyýew, galybersede welaýat üçin jogapkär beýleki düzümler welaýatyň halkynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin hiç zat etmeýärler,tersine bu düzümler welaýatyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin niýetlenen serişdeleri öz kisesine urup ýatyrlar.Meniň bu aýydanymy Gurbansoltan eje etrabyna gelip görseňiz bilersiňiz.Bu etrabyň halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň agyrdygyny subut edýän ýagdaýlar köre hasa bolp durandyr.Welaýat ýolbaşçylary halky iş bilen üpjün etmek üçin hiç zat etmeýär.Welaýatda parahorluk,tarapgöýlik, arakhorluk,tanyşlyk endikleri sowatsyzlyk, hukuksyzlyk,nalajedeýinlik bilen utgaşýar.Welaýat düzümleri önümçiligi ösdüremegiň hasabyna paýtagtdan kredit alyp,alynan krediti ýenede önümçiligi we söwdany ösdürmelidigini bilmeýärler.Soňra bu pullaryň bir bölegini kim welaýaty ösdürmäne gatnaşan bolsa şol adamlaryň zähmeti üçin tölenmelidigni hem bilmeýärler.Eger bilip hem şu işleri etmeýän bolsalar onda bu düzümler welaýatyň halky bilen dälde jenaýat ýolundadygy görünip dur.Welaýat ýolbaşçylary ulumsy, gopbamsy akylsumak.Olar özlerine ýüz tutýan adamalara ters,ýagny syrtyny garadyp durýarlar.Adamlaryň ýüz tutmaleryna olaryň ýüzini çawlap jogap berýärler,olaryň ýüz tutmalaryny ýaňsylaýarlar,üstinden gülýärler.Bolýar işiňi bitireris diýip jogap berip ýüz tutan adam gidenden soň bütin bir gün oňa sögüp,gargynyp oturýarlar.Işi bolsa bitirmän ýüz tutan adamy köp wagtlap gatnadyp janyndan doýurýarlar.Daşoguz welaýatynyň iň çökehi ,ýykyndysy,harabasy bu Gurbansoltan eje etraby.Etrap ýolbaşçylary bu etrapda gul eýeçilik döwrini girizmegi maksat edýäne meňzeýärler.Etrap ýolbaşçylary kärende pagta ýeriň bir gektary üçin 10 mln.manat para alyp kärende ýerlere gaýry ekinleri ekmäne rugsat berip jemlän pullaryna iýip-içiip semräp ýatyrlar.Pagta üçin niýetlenen kärende ýerlere jöwen,şaly ekmäne rugsat berýän elbetde häkimler,arçynlar.Bu etrapda ýer satyp pul işlemegiň ähli görnüşi höküm sürýär. Bu hem hemmesi däl .Ýer satmakdan düşýän pullar indiki jenaýatlaty etmek üçin esas bolup durýar.Mysal üçin maşgalasy bozulyp ärden aýrylyp oturan ýaş gelinleri hem tora düşürmekde hem ýer meselesi giňden ulanýlýar.Mysal üçin Gurbansoltan eje etrabynyň Agzybirlik daýhan birleşiginiň arçyny Ballyýew Allamyrat Gözel atly iki çagaly dul aýaly men saňa mellek ýeri bölüp alyp berýen diýip aldap bu aýaly hemmäniň gözüniň öňünde azdyryp bir topar uýatsyzlyklary etdi.Bu wagt welaýatyň häkimi Gurbannazarow bolup bu häkim arçyn Ballyýew Allamyradyň eden jenaýatyndan habarly bolsada dul aýaly Allmyradyň penjesinden goramady.Tersine hut Gurbannazarowyň özi dul aýal Gözeliň kyn günini gowulandyrman gaýta tersine bu aýaly köçä zyňdylar.Ine saňa halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaly adamlaryň edýän işi.Dul aýal Gözeli köçä zyňmaklykda welaýatyň köp düzüm birlikleri gatnaşdy.Bu baradaky habarlary häli köp gezek eşidersiňiz. Ýolbaşçylaryň ýer satmagy etrap daýhanlaryny bütinleý azdyrdy.Kärendçiler hem özini ekleýän kärende ýerlerini ujypsyz pula satyp soňra garyny üçin pully adamlaryň gapysynda hyzmatkär ýaly pes düşünjelere girip gidýärler.Adam aňynyň, mertebesiniň, abraýynyň nähili pese düşýändigini göreýin diýseňiz Gurbansoltan eje etrabynyň Agzybirlik daýhan birleşigine gelip görüň.Daýhan birleşigiň halky hökümetden öler ýaly gorkýarlar.Olary şeýle pes düşünjelere iteklän kim.Elbetde Daýhan birleşigiň arçyny Ballyýew Allamyrat we onuň orunbasarlary.Arçyn Ballyýew Allamyrat ogry,künti,arakhor,kezzap.Ol parahorluk bilen öz wezipesini saklap otyr.Ondan para alýan kim.Welaýatyň we etrabyň käbir ýolbaşçylary.Gurbansoltan eje etrabyny çökermekde hut ministr Orazgeldiýew Esenmyradyň hem eli bar.Etrapda parahorlugyň ösmegine Orazgeldiýew hem günäkär.Etrabyň pagta,bugdaý,şaly ekilmeli ýerine Orazgeldiýew ýer astyndan jöwen ekmäne buýruk berip otyr.Bu hemmesi däl.Etrapdaky kemçilikleri ýazyp gutarar ýaly däl.Ýer satmak biz daýhanlary ýere degirdi.Kimiň puly bar bolsa näkanunu ýer satyn alýar.Şonuň üçin daýhanlar hökümetiň olaryň öňünde goýan borçnamasy bilen gyzyklanmaýarlar.Daýhanlar hem ýer alyp satyp pul işlemek bilen kowalaşýarlar.Olar gün-günden pagtada işlemek höwesini ýitirýärler.Daýhanlar hem şarlatanlyk, kezzapçylyk, saman astyndan suw göýbermek häsiýetlerini özleşdirip günini zähmet çekip görmekden ýüz dönderýärler.Meniň şu iberen ýüzlenmämi kabul edip alan adamalr meniň sözüme ters düşününmäň.Men biiniň üstinden gülýän adam däl.Meniň bu ýazgylarymda öz bäyhbidim ýok.Meniň bu zatlary ýazýanymyň esasy sebäbi gowy adamalar bilen eginme-egin ýaşamak meniň üçin hem zerur.Meni ggurşap alan adamlar gowy bolsa men hem gowy ýaşaýaryn.Häzirlikçe hoş,adamlar.Merni okan adamlar maňa kömek ediň.Men hem siziň ýaly bitewi,jebis,ösjek ýurdyň adamy.Bizi bitewi ýurt Türkmenistan birleşdirýär.
Edil şu wagt şu setirleri ýazýan wagtymda welaýat häkimi Baýramgulyýew Gurbansoltan eje etrabynyň Agzybirlik daýhan birleşiginde barlagda gezip ýör diýýärler.Welaýat häkimi özi bilen birnäçe tonna gerbisidi getirip pagta meýdanlaryna näkanunu ekilen ekinleri gerbisid bilen guratmak bilen owarra diýýärller.Emma öziňiz hem bilýansiňiz gerbisidi köp mukdarda ulanmak ýeriň gögerdiş ukybyny peseldip hemde ösimlikleri ýok edip ýenede janly-jandary gyryp daşky gurşawa zyýan ýetirýär.Adamlaryň Baýramgulyýew barada aýydýan bu sözi dogry bolsa diýmek hut welaýat häkiminiň hem sowatsyzdygyny görkezýär.Umuman aýdanyňda welaýatdaky kemçilikleriň,yza galak düşünjeleriň,emelsizligň, biparhlygyň esasy sebäbi sowatsyzlyk,onsoňam uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän hukuksyzlyk..Welaýatda adamlary okumyşly etmek üçin hereket edýän birjikde edara ýada gurama ýok.Welaýatda habar beriş serişdeleri umuman işlemeýär.Aşgabatda bar bolan ýurdyň habar beriş seişdeleri adamlary dogry maglumatlar bilen üpjün etmeýär.Olar Daşoguz welaýatyna gelmeýärler, gelselerde etrap merkezlerine,daýhanbirleşiklere barmaýarlar,obalary aýlanyp görmeýärler.Onsoňam hut habar beriş wseişdeleriň özleri baran ýerlerindäki kemçilikleri halkdan gizläp hemme zat gülala-güllik diyip ýalan hasabatlary berip halkdan we prezidentden ýene bir gezek hakyky ýagdaýy gizleýärler.Adamlar dogry maglumatlaryň ornuna özlerini myş-myşlaryň hasabyna iýmitlendirýärler. Welaýatyňhukuk goraýjy düzümleri hem ýalan hasabatlary berýärler.Mysal üçin,biziň daýhan birleşigimiziň hemme dükanlarynda diýen ýaly arak,çilim,nas arkaýyn hiç kimden gorkmazdan satylyp dur.Aýratynam arak,çilim,nas satmakda Agzgybirlik daýhan birlşigibniň içinden geçýän uly ýoluň üstinde ýerleşýän Gylyçbaýew Artyga we Amangeldiýew Serdara degişli dükanlar bu gadagan edilen aragy,çilimi,nasy nireden getirip satýandygy belli däl.Hezillik kim üçin.Gara gün kim üçin.Halkyna gowy günleri wada beren hökümet indi halkdan bizar boldy öýüdýän.Bu sözi aýytmagymyň esasy sebäbi hiç zat ýok ýerden,halka aýytmazdan zadyň bahasynyň birnäçe esse galmagy.Daşoguz welaýatyndfa işsizlik iň bolmanda halkyň ýarysyndan artykdyr.Şu ýagdaýa garamazdan welaýatyň halkynyň näme bilen gün görjegi barada oýlanman zadyň bahasynyň galmagynyň sebäbi näme.Näme üçin zadyň bahasy galdy.Zadyň bahasy galdyrylandan jemlenen pullar nämä sarp edilýär.Näme üçin zadyň bahasy galdyrylanda ýurdyň konstitusiýasy hasaba alynmady.Mysal üçin meniň maşgalamda alty adam iş bilen üpjin edilmeli, emma halkyň hal-ýagdaýyna jogap berýän bir edarada halyň niçik diýip soramaýar.Meniň perzentlerim pully adamlaryň hyzmatynda gul bolup işlemeli.Hökümet edaralaryna işe girmek üçin bolsa para bermeli.
Dowam edýäs.Bu gezek men size diňe Gurbansoltan eje etrabynyň Agzybirlik daýhan birleşigiň halkynyň hal-ýagdaýy bilen tanyşdyrmak isleýärin.Bu örän wajyp.Meniň bu habarymy üns bilen okap aýydan sözlerimiň manysyna doly girişmegiňizi haýyş edýärin.Bu daýhan birleşik barada öň hem ýazylypdy emma netijesi bolmandy.Bu daýhan birleşikdäki agyr ýagdaý ýurduň köp jogapkär adamlaryna mälim bolsada entek bu ýeriň halkyny agyr ýagdaýdan çykarjak bolup hiç kim synanyşmaýar.Hemmeler garaşyp tomaşa edýär halk nähhili edip özüniň düşen ýagdaýyndan çykar diýip, onsoňam köneden gelýän ýaltalyk, biparhlyk bu ýeriň halkynda endik döreden.Ýagdaýdan elbetde Aşgabadyň hem habary bar.Emma olar öz köçelerini süpürmek bilen owarra,çünki ýurtda bitewilik düşünjesi pes,her kim öz garnyny otarsa bolany.Hemmäni ýumşak düşek ,mazaly we köp iýim-içim,arkaýyn agnap ýatmak,agzyňa gelenini sarnap akyl satmak gyzyklandyrýar.Ähli akyl satýan adamlar bolsa ýurdyň ýokary wezipelerini eýeläp halkyň agzyny süýji sözler bilen suwjardyp olara boş wadalary berip emma halk üçin degerli iş etmän ýalan sözläp günini geçirmek bilen owarra.Şeýle ýaramaz adamlaryň sözlerini bir ýere jemläp ýalany hakykata öwürjek bolup synanyşýan edara bolsa ýurdyň telewidwniýesi hasaplanýar.Oturan kabinetinden çykyp hakykaty gözi bilen görüp ýazýan jurnalist ýada habarçy ýurtda umuman ýok.Göz öňüne getiriň.Bütin bir ullakan döwletde bir adam hem hakyň hatyrasy üçin agyz açyp ýurtdaky aýak teýinde çaşyp ýatan kemçilikleri,jenaýatlary, akmak ýagdaýlary aýdyp bilmeýärt.Haçana çenli agzyňyza suw alan ýaly bolup oturarsyňyz.Bir gün dogry sözüň üstinden barsaňyz näme etjek.Kim size geplemäni gadagan edýär.Belki özüňizde aýyp bardyr.Haçan siz dogry sözi aýytjak bolup synanyşan ýagdaýyňyzda seniň özüň bizden hem birnäçe esse köp ogurladyň,ýada küntiçilik etdiň ýada başga bir eden aýyplaryyzy özüňize ýüklärler öýüdüp gorkýarsyňyzmy.Ýöne siz hakykatdan hem durmuşda hemişe ters işleri eden bolsaňyz bu eden ters işleriňizer jogap bermän sypmarsyyňyz.Häzirki meniň ýazýan we siziň okaýan şu habaryňyz bolsa edil şu yema degişli bolup Gurbansoltan eje etrabynyň Agzybirlik daýhan birleşiginde uzak ýyllaryň dowamynda halky talap aç-ýalaňaç goýan, halky azdyran, olary hudaýyň öňünde imansyz eden kanundan sypyp jogapkärçilikden şu wagta çenli sypyp gelýän adamsumak jenaýatçylar barada söz açylar.Diňläň we gyzykly söhnetden lezzeta alyň.Birinji aýytjak sözüm ýer bilen baglanyşykly jenaýatlar.Kärende ýerleri mellek üçdin satmakdan düşýän pullar kimiň kisesine baryp düşýär.Siziň ýaşaýan ýerleriňizde hem ýer satmak arkaly pullanýan adamlar barmy.Bu hilli ýagdaýlar siziiň ýaşaýan ýeriňizde nähili.Bu barada dynman habar beriň we ýer satmak arkaly nebsiňe kowalşmanyň soňuna çykyň.Bu sogap iş we elbetde ýurdymyzyň kanunlary hem ýer satmaklygy gadagan edýär.Yurtda kimiň näçe puly bar.iň baý adam kim.Bu adamlar köp puly haýsy ýollar bilen tapdylar.Olar bu pullary nämä sarp edýärler.Bu barada hem ýazyň.

Täzelikler, beyik yazyjy tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir