TOPRAGA DUWLANAN ÄGIRT

(Roman)
                                                       
♣ Pälwanyň ýaşlygy.       

Sakarçäge etrap Akýap  obasynda Altymyradyň adyny göterýän  sport  kluby bar. Bir topar çaga  garabaşynagaý bolup, gezekli-gezegine  demir göterýärler hem-de birek-biregiň berekellasyny ýetirýärler. Olar edep bilen salam berdilerde, klubyň ýapykdygyna garamazdan  özleriniň ýygnanandyklaryny, basym, pälwan Altymyradyň hatyrasyna geçiriljek  ýaryşa taýýarlyk görýändiklerini  guwanç bilen gürrüň berdiler, aralaryndaky ýaş, ştanganyň ezber  ýigidini, gelejekki “Altymyratjyk” bilen tanyşdyrdylar. Göwünleri açyk, ýüzleri nurana, hyjuwly, gujurly sagdyn ýaşlara begendim. Il ykbalynyň  şeýle  güýçli gollarda boljagyny  göreniňde  begenmän durup boljak däldi. Şol gün ýaşlaryň tälimçisi, Altymyradyň agasy Orazberdi Orazdurdyýewe gabat geldim. Ol: “Ýaşlaryň sporta, aýratyn hem ştanga götermek görnüşine bolan höwesini hiç zat bilen deňär ýaly däl. Inim Altymyrat olaryň köňüllerinde öçmejek ody ýakdy. Indi şular ýaly baýramçylyk günleri hem  sapakdan, öý işlerinden sypan wagtlary göni  sport merkezine gelip, höwes bilen türgenleşik geçýärler. Olary çagyryp getirmek gerek däl. Ýogsam, men olara baýramçylykda dynç alalyň diýipdim, emma şonda-da ýygnanypdyrlar. Men ýaşlaryň agyr atletika bolan höweslerini artdyrmakda  janymy gaýgyrmaýaryn. Olar arak, nas, çilim, neşe ýaly  ýaramaz endiklere baş  goşmasyn diýýärin. Häzir-ä, görşümiz ýaly, ýagdaýlary gowy. "Gowy niýet-ýeňişe ýarty" diýýärler. Pälimiz-niýetimiz gowy, galanam gowy bolar, enşalla!" diýdi.
Oba ýaşlarynyň  Altymyradyň hatyrasyny belentde saklap, ýadawsyz türgenleşip, sporta jan-ten bilen ýapyşyp ýatmaklary gaty begendirýär hem-de, oýa batyrýar. Saçlary buýralanyp duran, gözleri hyjuw bilen uçganaklaýan Altymyradyň ýaşlyk ýyllary göz öñümde janlanýar.  
Bir  adam hakda  gürrüň gozgalanda, köplenç onuň ata-babalary  agzalýar, sebäbi, nesiller pederlere bagly bolýar. "Ogul ata çeker" diýlen nakyl ýönelige döredilmändir. Altymyradyň babasy Şalar pälwanyň  Orazbibi, Oguldurdy, Ogulbike  atly gyzlary bolan.
Şalar türkmeniň dört künjeginde ady belli, ýetmişe ýakyn  pälwanyň biri. Onuň kakasy Öwezberdi pälwanyň  sekiz ogly, üç gyzy bolan. Şalar pälwanyň  syrtlaşyp  duran murtam, garadygyň,  howuňy basýan hyýyrsyz   ýüzem, guşak ýetmez bilem, at maýrar  agramam ýok, ýöne,  güýji bilen daýaw öküzi ýykyp bilýanlerden. Ýüzünde dogum ody  oýnaklap  duran orta boýly  çeňk ýaly adam! Aitymyrat edil bir almany iki bölen ýaly  babasyna meňzeş. Onuň ejesi  Oguldurdy Şalar pälwanyň  üç gyzynyň  biri,mamasy  ýaly, ýumşakdan mylaýym, orta boýly aýal,kakasy Orazdurdy aga bolsa uzyn boýly, gujur-gaýratyna bäs gelip bilmän ýören, Oraz, Aşyr, Çary atly doganlaryň  biri. Ol pagta bazasynda işleýän döwri,arkasy  ganarly pagta tümmeginiň depesine durman çykýar. Bir käse gowurdak bilen ýarty nany iýer, soňam ýoldaşlary bilen deň iýişip oturandyr. Ol şeýle bolmalam. Göwresi  ony talap edýär. Altymyradyňam näme, göwres-ä ejesine, güýjem kakasyna çeken bolmaly.
1969-nji ýylyň gyşy  gazaply  geldi. Ol asyl, bir günem gowşamasa nädersiň. Ähli zat doňňara-daşa döndi. Hiç kim öýünden  çykyp bilmedi, asla çykar ýaly bolmady. Şonda-da, galjaň adamlaryň matasyndan bolan Orazdurdy aga, ekin meýdanlara aýlanyp ýörkä, bir gulak suwuň zeýkeşe akyp ýatanyny görüp, sogaply bolansoň, durup bilmän, gatlanyň öňüniň buzuny aýyrmakçy bolýar. Ýogsam, bu jelegaýlarda, onuň  ekin  ýeri hem ýokdy. Buzy döwjek bolanda ýaba  ýykylyp, ölümiň öýünde suwdan çykdy, 25-30  derejeli sowukda, öl-myjjyk halyna öýüne gaýtdý. Ýöremeli ýeri hem ep-esli bar. Öýüne ýetse-de ýetdi welin, öýken sowuklama zerarly  bary-ýogy baş aý  ýaşady. Gyş örän uzaga çekdi. Beýle gyşy görmedik adamlar gaty kösendiler. Orazdurdy aga hat-da  işigindäki baglary, ejesinden galan köneje sandygy hem peje salmaga mejbur boldy. Altymyrat kakasynyň kyrky  güni dünýä indi. Enäniň agyr hasraty  çaga ýaramaz täsir eden bolmaly, sebäp Altymyrat doglan gününden çyrçykly boldy, maşgalada doglan altynjy ogul bolany üçinem  Altymyrat adyny aldy, ýogsam kakasy ölmänkä: "Arçmandan şypa tapdym, oglum bolsa adyna Arçman dakaryn" diýipdi.
"Geçen gyşyň üýtgeşik sowugy şu balamyň dünýä inmegi netijesinde dörän hadysa" diýmegi halaýan ejesi, kinniwanja, çyrçykly  çagany  buýsanç bilen eline alyp, emdirip otyrka, uly ogly Tirkiş çagajygyň aýajyklaryny  sypalady-da: "Eje, munyň garagol, lälik bolar, goňşylara ot ýakdyrmaz!" diýdi."Sen ýaşlykda öz eden garagollygyňy az görýärmiň? Oguljygym garagol bolmaz, ölmese  bir käriň başyny tutar-da ejesini begendirer" diýip, ejesi jogap  berdi. Dogrudanam, dokuz çaganyň iň kiçisi bolany üçin Altymyrat   hasam  läliksiredilipdi. Hemmeler onuň göwnüni görjek, diýenini etjek, aýdan zadyny tapjak. Dokuz çaganyň hersiniň bir häsiýeti bar, hersiniň hem dilini tapmak enä bagly. Käte Kakabaý: "Eje,sen, agam Tirkiş bilen Altymyrady bizden gowy görýärsiň, olaryň diýen zatlaryny alyp berýärsiň, biz bolsa galan zatlary geýmeli, iýmeli" diýýärdi. Oguldurdy daýza "Ýok, oglum, ol göwnüňedir, beýle däldir" diýse-de, garaz, her bir ene özüniň ilkinji dünýä inen çagasyny, birem soňky çagasyny beýlekilerden ileri tutýanlygy hakykata ýakyndy. Hasam ol Altymyrady gowy görýärdi. Bir ýere çykaýsa dagy onuň gonjuna gor guýlana dönýärdi, howsala düşýärdi, elewreýärdi, gaýga batyp gara jany galmaýardy. Ol enäniň iň süýji, mähriban çagasydy. Käbiriňiz "Mundanam bir gürrüň bolarmy? Heý-de, ene öz bagryndan önen çagalaryny tapawutlandyrarmy?" diýersiňiz. Belki şeýledirem, ýöne Oguldurdy ejäniň Altymyrada aýratyn göz bilen bakmasynyň özüne ýetik sebäbi bardy. Bu syr adamsy öleli bäri enäniň diňe özüne mälimdi.
Orazdurdy aga suwa gaçyp  öýüne gelende, adamsynyň gany gaçan ýüzünden gorkan enäniň göwresindäki iki aýlyk çaganyň  aýrylmak howpy döredi. Lukmanlar hem çagany aýyrmaly diýip maslahat berdiler, bularyň üstesine enäniň saglyk ýagdaýy  hem pese düşdi, böwregiň işleýşi  bozuldy. Ýaraman ýatan Orazdurdy aga: "Sekiz çagany dünýä inderdiň, şolar sag-aman ösüp ulalsalar besdir, lukmanlaryň diýeni bilen bolaý!" diýip, maslahat berdi. Ýöne, göwresindäki indi gymyldap ugran perzent welin, bütin durky bilen enäni özüne maýyl etdi. Şonda-da, lukmanlaryň: "Indi bäbekleseň janyň üçin howply,diňe aýyrtmaly" diýmeklerine razy bolup, ertesi irden keselhana barmaklyga boýun boldy... Gije enäň düýşüne çagajyk  girip, garaja gözleri bilen naýynjar bakdy-da: "Eje, indi sen meni şeýdäýjekmi?" diýdi. Bu söz onuň ýüreginden parran geçen ok bolup göründi. Şol sebäpli hem ene: "Ýok, balam jan, men ony etmen. Ýok" diýip, çirkin gygyrdy. Öz sesine özi hem oýandy. Oýaly-ukuly ýatan Orazdurdy aga: "Otja, näme boldy? Çagalaryň ýüregin-ä ýardyň?" diýip seslendi. "Ýok, men hiç ýere gitmerin, ony etmerin" diýip, ene ýaňagyndaky ýaşyny aýasy bilen syldy-da,jogap berdi. Adamsy onuň näme diýjek bolýanyna düşünmän gözüni mölertdi-de: "Otja, goýun ýüňünden, geçi sakgalyndan, eşek ýalyndan, at gerşinden, it burnundan, sygyr şahyndan, düýe ardyndan, çaga elinden, ýigit dyzyndan, zenan yzyndan, goja süýeginden üşär" diýleni, onsuzam uzakly gije üşäp ýatyp bilmedim, seňki näme?" diýip, soragly nazaryny oňa gönükdirdi. Ene jogap bermän, öz diýenini gögertdi, netijede bolsa kemlije hem bolsa altynjy çaga dünýä indi. Ene çagajygy bagryna basyp: "Taňrym, heý-de bujagazymyň dogmazlygynyň öňüni alyp bolarmy? Ak ýüzlijäm, gara gözlüjäm, buýra saçlyjam maňa şeýle mähirlije bakyp ýylgyrmazmydy?" diýip,hopukdy, atanlykda, heniz dünýä inmedik eziz jigerbendine tasdanam kast etmeli bolandygyna öz ýanyndan müýnürgäp aňyrsyna çykyp bilmedi. Belki, şonuň üçindir, körpesini eý görüşi?  Belki, şonuň üçindir, adatça eneler  bir-ik ýaşda çagasyny süýtden aýyrýan bolsa, Oguldurdy eje bäş-alty ýaşyna çenli Altymyrady ene emmesinden kesmedi. Bu bolsa  onuň  kiçilikden derde garşy  göreşip, ösüp-örňäp gitmegine oňaýly täsir etdi.
Çagalar, men muny  üstüne goşamok, bolan zady bolşy ýaly  aýdýaryn. Belki, siziň araňyzda-da  ejesini şeýdip emenler bardyr, bolsa aýby ýok. Ol aýyp däldir. Altymyrat welin, bu sözi eşidenden: "Duruberiň bakaly, men size kimiň emziklidigini görkezerin” diýýärdi.
Indi, Orazdurdy aga barada  kelam agyz  durup geçeliň!
Daşoguzyň gadymy Akdepe topragynyň günbatarragynda “Ýemreli oý” diýen bir ýer bar. Ýemreli ýomutlaryň uly tireleriniň biri bolup, Wasyň içine süsňäp girýän ýerinde, uzak ýyllaryň dowamynda  ýaşandyklary üçin ýokarky ady alypdyrlar. Ýemrelileriň  Anna baý  atly  il öňüne düşýän  kethudasy bolupdyr. Pespäl, garybyň hossary, mesele çözmekde diýseň adyl bu adam jomartlygy bilenem tanawutlanypdyr.Onuň myhmany bolan Jüneýit hanam: ”Saňa döwletli-nobatly diýip gulagyma degsede, beýle berekediň  bardyr öýdmeýärdim” diýip, ony hormatlapdyr. Soň ol Jüneýit hanyň yzy bilen Eýrana, Owgana aşypdyr. Anna baýyň Gara Batyr atly hyzmatçysynyň kesp-käri daýhançylyk bolansoň, ol bir gulak suwuň üstünde dörän agzalalyk zerarly heniz Eýrana göçülmänkä “Ýemreli oýy” taşlap, ýany bilen  inisini we aýal doganyny alyp, Sakarçägäniň “Akýap” obasyna göçüp gaýdypdyr. Häzir şolardan ýaýranlar “Akýap” obasynda müňe ýakyn adam  bolup otyrlar. Altymyradyň kakasy Orazdurdy aga hem şol ýemrelileriň neslieriniň  biri ...
Orazdurdynyň kakasyna Aýdogdy batyr diýýärdiler. Aýdogdynyň Nazar atly inisi hem bardy. Ikisi etrabyň merkezinde et satýardylar. Şalar pälwanam gassapçylyk edip,olary et bilen üpjün edýärdi, hem  et satyşýardy. Şalar pälwanyň ortanjy gyzy Oguldurdy öýünde nahar bişirip,gündelik kakasyny naharlamak üçin gelerdi. Şeýle günleriň birinde Nazar: ”Pälwan, sen şujagaz gyzyňy bize beräý! Orazdurdy öýlenip bilmän gezip ýör" diýip degişdi, Şalaram oňa: ”Geregiň gyz bolsun!” diýdi. Oýunlyk bilen aýdylan sözüň yzy çyna ýazdy. Aýdogdy batyryň uly ogly Orazdurdy Watançylyk urşundan sag aman gaýdyp gelen, 25 ýaşlaryndaky syratly,edenli ýigitdi. Bir näçe wagtdan soň ol Şalar pälwanyň ikinji gyzyna, Oguldurda öýlendi.
Etrap merkezinde, şol et satylýan ýeriň ýakynynda, taýzaryp duran murtyny palta kesmez, gözleri ýanyp duran, Annageldi Murt diýen adam ýaşaýardy. Ol ölemen awçydy. Öz döwründe ol “üçlük”diýilýän hökmürowan toparyň agzasy bolanlygy üçin: ”Baý, köp adamyny ýygnandyryn-ow!” diýip, öwünmäni halaýardy. Onuň iki gyzy,bir ogly bardy. Gyzlarynyň ulusy mekdepde okan döwründe, ökde woleýbolçy Akmyrat çepbe bilen halaşyp,soň oňa durmuşa çykypdy. Akmyrat çepbe bilen Şalar pälwan goňşy ýaşaýardylar. Ine, onsoň Akmyrada aýal bolup gelen Bossan, Şalar pälwanyň üçünji gyzy Bikäni öz  jigisi Merede alyp bermekçi boldy. Orazdurdy muňa kes-kelle göwnemedi, gaýyn atasy Şalar pälwanyň ýanyna baryp: ”Gyzyňy olara berme, berseň aglap geler durar!”diýip, duýdurypdy. Emma oňa gulak asman Bikäni Merede durmuşa çykardylar. Meret üýtgeşik jalaý, awçy, kän bir hojalygyň aladasy bilen bolman, keýpi-sapa bilen gününi geçirýän adamdy, ýöne, özüniň ugr tapyjylygy, ýamanlygy, ýeserligi, gözüni gyrpman garşydaşyny aldap bilýänligi bilen tapawutlanýardy. Çagalaryny welin hor etmeýärdi,aw eti onuň öýünde mydama tapylýardy. Onuň ýeserliginden bir mysal-ýokary wezipelerde işleýän adamlaryň käbirleri oňa näme üçindir: ”Polkownik Meret Gurbanowiç!” diýip ýüzlenýärdiler, naharhanalara girse-de,” näme gerek?” diýişip, öňünde ylgaşlap ýördüler, ýangyç nokatlaryna, ýag guýmaga barsa-da, ýagdaý şeýledi. Ol adamlary edil jadylaýan ýalydy.Hiç kim onuň nirede, nähili işde işleýänini bilmeýärdi, ýöne ol wezipelidi, onda-da uly wezipelidi..
Indi gürrüňi Altymyrat barada dowam edeliň!
Bir gün Altymyrat işikdäki sekide ejesini  emip otyrka agalary  Kakajan bilen Tirkiş türgenleşikden gaýdyp geldiler. Kakajan öýe girip gitse-de, Tirkiş hemleli: 
- Bes et, eý sen, utanaňokmy?- diýdi.
- Beýle diýme, jan balam, ene süýdi ähli derdiň dermany - diýip,ejesi jogap berdi.
-Ýigit çykansoňam şeýdip, emdir-de ýör...
- Gerek bolsa emdirerin, balamy. Ol  her  bir enäniň borjy. Ine, görersiň, ene süýdi  muny pälwan ýigit edip ýetişdirer.
- Aý, bilmedim-dä, eje, şunyň ýarty nan bilen şöhradyň, ýa-da Alaşa  piriň pälwany bolaýmasa...
- Entäk diýiber, diýiber, jan balam. Muňa  Aly  Şir huda  goltgy berer!
- Men pälwan bolaryn - diýip, heniz pälwanyň nämedigini hem bilmeýän Altymyrat emmeden agzyny aýryp, jogap berdi.
- Elbetde, bolarsyň-diýip, Tirkiş  Altymyradyň ugrundan gopan boldy. - Sen garşydaşlaryň ählisini, ýere däl-de garnyň üstüne ýykarsyň, şeýdip, meni, ejemi masgara edersiň - diýip, ha-ha-haýlady.
- Ýere ýykaryn, ýere pylçap-pylçap uraryn!
- Şeýder, meniň balam, şeýder. Munuň   horjalygyna seretme, süýtden gowyja doýsa   garynlak, erinlek  bolar - diýip, Oguldurdy daýza Altymyradyň başyny sypady.
- Ine, muny bildiň eje, garynlag-a bolar, özem aýaklyja garpyz ýaly bolaýsa gerek!
- Aýakly garpyz ýaly-ha bolmaryn!
- Biziň adymyzy arşa göterer, meniň bujagaz balam! - diýip, Oguldurdy  daýza çagasyny bagryna basdy.
' Her-nä, şeýle bolsun-da - diýip, Tirkiş ejesiniň ugrundan gopdy. - Indiden beýläk muny özüm taplap başlaryn, duruber bakaly - diýip, ol öýe girip gitdi.
Dogrudanam, şondan soň Tirkişdir Kakajan ikisi  Altymyrada göz bolup başladylar, uly ýapda-noburyň ýalpak güzerinde  ýüzmäni  öwretdiler, ylgamagyň peýdasy barada gürrüň berdiler. Ýöne Altymyrat doganlarynyň öwredişi ýaly ylgasy  gelenokdy, öz ýoldaşlary bilen oýnasy gelýärdi.
Ol  şeýle hem etdi. Kowdum-gaçdym oýnaýan çagalara  goşuldy. Birdenem meýdançadaky gür otlugyň içinden bir zatjagaz aldy-da: ”Oglanlar, tapdym!” diýip, zut gaçdy. Oglanlar  nebir zat tapandyr öýdüp  yzyndan kowdular, kowalap-kowalap ýetdiler-de, eliniň aýasyny açyp gördüler, onda eplem-eplem inçejik simdir ýa-da nurbatjyklar. Onuň demre bolan höwesi gaty täsindi. Ol kän bir geplemäni hem bilmezdi. Göni garagyna bakyp soraýmasaň gürrüňe goşuljak bolubam ýörenokdy. Käte bolsa çagalar, şaýlyk tapandyr diýip  onuň yzyndan  kowalap ýumrugyny açdyrsalar ol: "A-na, sim uçup gitdi!” diýip, elini asmana göterip, gözüne ýaş aýlardy.
Bir günem sekide Tirkiş bilen Kakajan Altymyrady çagalykdan sporta gönükdirmek barada  pikir alyşyp, sportyň haýsy  görnüşiniň  oňa peýdaly boljakdygynyň  gürrüňini edýärdiler. Ýüpden  boşanan göläniň yzyndan  Altymyradyň erjellik bilen ylgaýşyny  synlan Kakajan: ”Altymyrady ýeňil atletika bilen meşgullandyrmak gerek” diýen pikiri orta atdy.  
- O-da bolsa bolar, ýüreginiň urşy, dem alyşy  gowy, ýöne bir azajyk ýaşyrak-da.  
- Ýaşyna laýyk hereket etdirmeli  bolar-da...
- Ejem göwnemezmi-kä diýýärin.        
- Hany diýip göreli-diýdi-de, Kakajan ullakan waharmany goltuklap gelen ejesine ýüzlendi. - Eje, Tirkiş  bilen maslahat etdik, Altymyrady sporta ýazsak diýýäs, ylgamaga...
- Wiý, balam, ol häzir ylganokmy? Gün-uzyn  onuňky öňňürdikde,ýorga ahyr...
- Ol  ylgawdan peýda ýok, eje, ylgaw düzgün, tertipli bolmaly.
- Düzgünli-tertipli  bolsa, gowy bolsa gowudyram welin, ol entäk ýaş.  
- Ýaşlykdan başlasa  beýn-ä siňýär, bedeni gowy gataýar - diýip, Kakajan janykdy.   
- Bir-hili nebsim agyrýar-da, balajygyma. Özüňem ýokary bilimli lukman welin, aýňalyp gidibereňok-da! - diýip, ene Kakajana igendi.
- Eje,meni gaýgy etme! Çagaň köçäniň täsirine  düşäýse, soň giç bolar!  
- O diýýäniň-ä dogry balam. Onsoňam näme siz onuň öňünde parlak ýyldyz. Ol siziň yzyňyza eýererem.
- Ine, munyň boldy. Eje, tabyň niçikdir? Sen öz aladaňy etmän şu mürtügiň gürrüňini kän edýärsiň.   
- Tüweleme, ejem hiç kime eýgerder ýaly däldir, tüweleme, tüweleme, göz degmesin. Kakamyzyň yzynda ýene bir ömürjik ýaşaýsam diýýär. Çynyňy aýt, nädip araňy sazlap bildiň? - diýip, Tirkiş mylaýym ýylgyrdy.  
- Balam jan, kim bilen arany sazlanmyşym?
- Eje,bilmedik bolmasna. Ezraýyl perişde bilen,dagy kim bolsun! - diýip, Tirkiş jogap berdi. Edil şol pursat baglaryň ýapraklaryny  şabyrdadyp, Altymyrat göründi. Onuň elindäki waharmandan üst-başyna  şire akyp, öl-myjjyk edipdir. Ol dört bölek bolan waharmany sekiniň bir çetinde goýup:
- Elimden gaçdy-da-diýip, madyrdady.
- Gaçsa zeleli ýok, balam jan, dişimizden gaçyp bilmez, juda hapalanan bolsa mala bereris— diýip, ejesi onuň başyny sypady, soňam:-Wah, balam jan, suwa düşüpdir, geýimlerini çalyşaýmasaň bolmaz-la! - diýdi.
Altymyrat gidiberjek bolandan Tirkiş:
- Eje, muňa ýaňky pikirimizi aýdaly - diýdi.
- Wiý, özüňjik aýdaý, ogul! Kakaň ýogalansoň öýüň diregi sen - diýip, Oguldurdy daýza uludan demini aldy.
- Hawa,ogul sen! - diýip, oňa tiňkesini dikdi.
Tirkiş  gülümsiräp Altymyrada seretdi.
- Eşitdiňmi inim, ejem-ä rugsady berendir.Indi senden-çig hamyrdan  çörek bişirmeli. Ol çörek ýalpyldap duran owadan  bolmaly  hem juda tagamly bolmaly.  
- Gyzlar üçinem tagamly bolmalydyr-diýip, Kakajan degişdi.
- Diňe gyzlar üçin däl, tutuş halk üçin tagamly bolmaly - diýip, Tirkiş  sözüni dowam etdi. - Indi owsaryň elimizde. Ýaňy “gawun elimden gaçdy” diýdiň. Gawunyň- saglygyň, gawunyň-baýlygyň, gawunyň ömrüň, ony eliňden gaçyrmaly däl. Kakam pahyr “Gawunyň sopusy mazy, itiň sopusy tazy, şa sopusy kazy” diýmäni halardy. Ertirden seniň bilen berk türgenleşip başlarys, eliňden gawunyň gaçmaz ýaly edip terbiýeläris. Bilmeýän zadyň bolsa öwrederis. Ýarym-ýalta bilmek bilmezlikden pesdir. Bolýamy?
- Bolýa, ýöne men näme etmeli?
- Biziň aýdanymyz bilen bolmaly.
- Aýdýanyňyz ýaramasa öz  aýdanymy ederin. Şoňa razy bolsaňyz ..- diýip, Altymyrat sümügini çekdi...  
Tirkiş doganlaryň ulusydy. Ol orta mekdebi gutaryp,ýokary okuw jaýyna girip bilmän Aşgabatda işläpdi,boş wagtlary agyr atletika bilen meşgullanypdy. Bir ýyl geçip-geçmänkä ol ştanga götermekde ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony boldy, köp ýaryşlara gatnaşyp, daş götermegiň iki görnüşi boýunça ussatlyga dalaşgär boldy.Bu üstünlikler oňa şol wagtky M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bedenterbiýe bölümine okuwa girmägä kömek etdi, okuwy 1970-nji ýylda gutaryp Sakarçäge etrabynyň “Kolhozçy” meýletin sport jemgiýetinde agyr atletika boýunça tälimçi bolup yşe başlady. Bu jemgiýet kolhozlardan gelýän harajatlaryň hasabyna öz işini alyp barýardy. Tirkiş häzirem şol ýerde, ştanga  bölüminiň ýapylanlygy sebäpli, woleýbol   bolüminde işleýärdi, ýaşuly, ýaşkiçileriň arasynda sylanýardy. Şonuň üçinem onuň daşyna ýaşlar ýygnanýardylar...

* * *

Amanmuhammet NEPES.

* * *

(Romanyñ doly görnüşi www.kitapcy.ml edebi-çeper saýtynyñ "Kitaphana" bölüminde goýuldy. Kitaby özüñize ýüklap almak üçin saýta agza bolmak gereklidir).

Edebiýat, wagt tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir