SAHYPAMYZYÑ KITAPHANA BÖLÜMINDE INDIKI GOÝULJAK ÇEPER ESERLER

"Türkmen edebiýaty" ady bilen açan www.kitapcy.ml edebi-çeper saýtymyz gysga wagtyñ dowamynda edebiýat muşdaklarynyñ hemrasyna öwrüldi diýip ynamly aýdyp bileris. Muny sahypamyza agza bolmaga isleg bildirýän, döredijiligini köpçülik bilen paýlaşmak isleýän ýaşlardan we ýönekeý okyjylardan gelip gowuşýan elektron hatlar doly güwä geçýär. Sahypamyzyñ döredijilik topary bu ynama mynasyp bolmak üçin ýaşuly ýazyjylarymyzyñ heniz kitap bolmadyk çykmadyk we halka ýetirilmedik, şol sanda köne gazet sahypalarynda galyp, kitap bolmadyk çeper eserleriñ iñ gowularyny alyp okyjylarymyza ýetirmek bilen birlikde sag-gurgun ýaşap ýörenleriniñ özi bilen duşuşyp, olaryñ eserlerini çap etmäge mümkinçiliginiñ bardygyna ýa ýokdugyna garamazdan ählisini wirtual sahypamyzyñ okyjylaryna ýetirmek üçin elimizden gelenini edýäris we ýene-de ederis. Bu asylly işe goşant goşmak isleýänlere, şol sanda öz döredijligini sahypamyzda paýlaşmak isleýänlere saýdymyzyñ gapysy hemişe açykdyr.
Bu asylly maksat eýýäm öz miwesini berip başlady. Ýaşuly ýazyjylarymyzdan eýýäm sahypamyzyñ kitaphana bölümine onlarça kitap gelip gowuşdy. Olaryñ arasynda heniz okyjylar köpçüligine mälim bolmadyk täze romanlar hem bar. Olardan "Alp-Arslan", "Ýere duwlanan ägirt", "Ýazgyt" romanlaryny mysal getirip bolar. Goýmaga taýýar täze eserler ýene-de bar.
Ynha, şeýle pikirler bilen biziñ döredijilik toparymyz ýakynda ýaşuly ýazyjy, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Öwezdurdy Nepesow bilen duşuşyk geçirdi. Ö.Nepesow kim? Onuñ edebiýatdaky orny näderejede? Geliñ, biz ilki bilen Öwezdurdy Nepesowyñ geçen durmuş we döredilik ýoluna gysgaça göz aýlalyñ.

♣ Öwezdurdy Nepesow kim?

Ö.Nepesow 1947-nji ýylyň 1-nji iýulynda Garrygala (Magtymguly) etrabynyň Gerkez geñeşliginiñ Garaganly obasynda (il arasynda "Sowhoz" diýip tutulýar) Nepes hojanyñ we Ene daýzanyñ çopan maşgalasynda dünýä inýär. Gelejekki ýazyjynyñ özünden öñ alty dogany bolup aýrylansoñ, ene-atasy onuñ adyna Öwezdurdy dakypdyrlar. At ýerine düşýär. Öwezdurdynyñ yzyndan iki ogul bolýar.
Gelejekki ýazyjy ýaşlykda ýetim galyp, kyn güzeran başyna düşýär. Ol çekene çopany, bagban, sakçy bolup işlemeli bolýar, hatda orta mekdebi hem doly okamak mümkinçiligi bolmaýar. Şeýle-de bolsa, oba mekdebiniñ adminstrasiýasy oña ýagşylyk etmek bilen maksady bilen mekdebi gutardyş attestatyny beripdirler. Öwezdurdy aganyñ soñ-soñlar ýatlamagyna görä, oba adamlary ýaşajyk çekene çopanynyñ goşgy düzýändigini bilýänem bolsalar, bular ýaly derejä geler diýseler, megerem hiç kim ynanmazdy.
1963-nji ýylda Nebitdagyň ( Balkanabat) şäherindäki 3-nji gurluşyk uçilişesiniň agaç ussaçylygy bölümine okuwa girýär we gapdalyndan şäheriň agşamky işçi-ýaşlar mekdebinde okaýar. Okuwyny gutarandan soň oba gurluşyklarynda kerpiç örüji, suwagçy, agaç ussasy bolup işleýär. Soň 1966-njy ýylda etrap merkezindäki birinji orta mekdebi tamamlaýar. Ol ýaşlykda watanymyzyň iň gözel künjegi bolan Sumbar jülgesiniň ajaýyp tebigatynyň, bu jülgäniň adamlarynyň mähribanlygyndan ýagşy ganýar. Olara gatyşyp-garyşyp, bulut ýaly gara baglyklarda zähmet çekýär.

♣ Ylyma tarap uzalan ýoluñ tylla işiginde

1967-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Uniwersitet kalby hyjuwdan doly ýaş ýigide ylmyň, bilimiň dürli ugrunyň tylla işigini açýar. Ol hut talyplyk ýyllaryndan şygryýet, ylym bilen çynlakaý meşgullanyp başlaýar. Ýoldaşlary ýaş ýigidiň ýazýan goşgularynyň diliniň şirinden duýgylylygyny, suratkeşligiň, duýgyny obrazly beýan etmegiň güýçlüdigini, pelsepe öwüşgünlerine baýlygyny belläpdiler. Emma ol juda az ýazýardy. Ol 1972-nji ýylda bu ýokary okuw jaýyny tamamlap, "Türkmenistan" neşirýatynda korrektor, Türkmen döwlet Kitap palatasynda bibliograf bolup işleýär.
1973-nji ýyldan "Türkmenistan" gazetinde habarçy bolup işe başlaýar. Aşgabatda ýaşap, belli gazetiň redaksiýasynda uly habarçy, bölüm müdiri bolup işlemek, onuñ üçin uly döredijilik mekdebi boldy. Ol respublikanyň belli ýazyjy- şahyrlary bilen duşuşyp, olaryň döredijiligi, özleribilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alypdy.
Indi onuň özem goşgular, poemalar döredip, olary merkezi metbugatda çap etdirip başlaýar. Öwezdurdy respublikan konkurslara gatnaşyp, olarda ýeňiji bolýardy. Şol döwürde ol ylym bilen hem meşgullanyp, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Öde Abdyllaýewiň ýolbaşçylygynda „Berdi Kerbabaýewiň döredijiliginde monumentallyk” diýen temada dissertasiýanyň üstünde işläp başlaýar. Ol gazetiň ýeňil bolmadyk hysyrdyly işiniň daşyndan şygyr, publisistika, ylym bilen utgaşdyryp işleýärdi. Şol günleriň birinde bolsa onuň "Uzak-uzak ýyllar" romany respublikan konkursda üçünji baýraga mynasyp boldy. Öwezdurdy Nepesow 1984-nji ýylyň başynda "Sowet edebiýaty", häzirki „Garagum” žurnalyna jogapkär kätip bolup işe geçýär. Ol bu ýerde 1988-nji ýyla çenli işläp, "Uzak-uzak ýyllar”, "Jylawsyz sähra" romanlaryny bu žurnalda çap etdirýär. Onuň "Daş-Y" atly pýessasyny Daşoguzyň Andalyp adyndaky sazly-drama teatrynda goýýarlar. Onuň "Aýdere" poemasy hem respublikan konkursda baýrak alýar.

♣ "Uzak-uzak ýyllaryñ" getiren şöhraty

Ol "B.Kerbabaýewiň döredijiliginde monumentallyk" diýen temada jemagat öňünde dissertasiýa goraýar. Onuň bu dissertasion işi respublikamyzyň ylmy jemgyýetçiligi däl, şol wagtky soýuz derejesinde bu ugurdan edilen ilkinji ajaýyp iş hökmünde ykrar edildi. Onuň şahyrana kyssa bilen ýazylan "Uzak- uzak ýyllar" romany özbaşdak kitap bolup, okyjylara gowuşdy. Oňa Türkmenistan Ýazyjylar guramasynyň prawleniýesiniň "B.Kerbabaýew" baýragy berildi. Uruş ýyllarynda tylda bolup geçýän dramatiiki wakalary çeper beýan edýän we durmuş hakykatyndan susulyp alnyp ýazylan bu ajaýyp roman okyjylaryñ gyzgyn seslenmesine mynasyp bolýar. Ýazyja bu barada gelýän hatlaryñ sany-sajagy bolmaýar. Hatda Mary welaýatynyñ obalarynyñ birinden "Biziñ obamyzda bolup geçen wakalary ýazyjy nireden bilip ýörkä?" diýip, Öwezdurdy aganyñ kursdaşy, Türkmenistanyñ Halk ýazyjy Atamyrat Atabaýewdenem soran ýaşulylar bolandygyny, Atamyrat aganyñ hut özi bize gürrüñ beripdi. Ýazyjynyñ aýaly hem romany okan okyjylaryñ "Romandaky wakalar uruş ýyllarynda adamyñyzyñ başyndan geçen wakalarmy?" diýip ençeme gezek sorandyklaryny ýatlaýar. Diñe şunuñ özü-de Öwezdurdy Nepesowyñ her ýazyja miýesser bolmaýan synçylygyndan, halkylygyndan, seýrek we ussat ýazyjydygyndan habar berýär.

♣ Iş bilen utgaşan öndümli döredijlik ýoly

Ö.Nepesowy 1988-nji ýylda Ýazyjylar guramasynyň agzalygyna kabul edýärler. Şol döwürde ony döwlet işine çekýärler. Emma Öwezdurdy döredijilik bilen meşgullanmagyny goýmaýar. Ol romanlary, hekaýalary, powestleri, poemalary, goşgulary yzygiderli döredip durýardy.
1990-njy ýylda ol Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň guramaçylyk sekretarlygyna saýlanýar. Ol bu ýerde indi ýazyjy-şahyrlar bilen gönüden-göni iş alyp barýardy.
Ýazyjylar guramasynyň döwür bilen aýakdaş gitmegine ýardam edýärdi. Sähel wagtdan ol Türkmenistanyň Prezidentiniň geňeşiniň ylym-bilim, medeniýet, sungat işleri baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine, soñra Türkmenistanyñ Ministrler kabinetiniň medeniýet we döredijilik işgärlerini dolandyrmak bölüminiň müdirligine işe çekilýär.
Soñky ýyllarda ol Golýazmalar institutynda işledi we şol ýerdenem pensiýa çykdy.

♣ Türkmen edebiýatynda ilkinji bolup...

Ö.Nepesow Ýusup Balasagunlynyñ bütin dünýäde meşhur "Kutadgu bilig" eserini "Bagta besleýji bilim" ady bilen dolulygyna, hem kyssa görnüşinde, hem şygyr görnüşinde häzirki zaman türkmen diline geçirdi. Munuñ özi türkmen edebiýatyna bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr. "Bagta besleýji bilimden" bölekler "Mugallymlar gazetinde" birnäçe gezek çap hem edilipdi.

Geliñ indi bolsa, onuñ eserleriniñ käbiriniñ atlaryna göz aýlalyñ:

♣ Romanlary:

1). "Uzak-uzak ýyllar"
2). "Jylawsyz sähra"
3). "Garry töññäniñ baldaklary"
4). "Pyragy"
5). "Hemişelik dogan gün"
6). "Parlamentiñ synmagy"
7). "Bedew dünýäsi"
8). "Döwletbaşy"
9). "Zyýarat"
10). "Kyýamat-magşara çenli"
11). "Gyrnak" ("Garagum" žurnaly, 1997 ý, N"10, 11-nji sanlarynda);
12). "Iñ soñky tomus"
13). "Ak guwlary atmañ"
14). "Dirilik suwy"
15). "Köne mülk"

(Bu diñe ýarsyna golaýy. Ýazyjy bilen bolan gürrüñdeşlikde ol 30-a golaý romanynyñ bardygyny aýtdy).

♣ Powestleri:

1). "Güjüm"
2). "Garawul"
3). "Didar"
4). "Süýji dünýä"
5). "Gara gaplañ"

♣ Pýessalary:

1). "Daş"

♣ Poetiki ýygyndylary:

1). "Käbe"
2). "1000" (goşgularynyñ doly ýygyndysy)

♣ Publisistik kitaby:

1). "Çyn bedewler meýdanynda bellidir"

♣ Hakynda ýazylanlar:

1). Anna Paýtyk "Basyrylgy talantyñ döreýşi", ("Garagum" žurnaly, 1997 ý, N"7)
2). Şadurdy Çarygulyýew "Gowy adamlar niredekä?", (tankydy makala), "Watan" gazeti, 1997 ý.
3). Baýram Taganow "Şygryýet bossanyñ bagbany" (70 ýaşy mynasybetli);

♣ Bu ýokardakylar hemmesimi?

Elbetde, ýok. Alym, ýazyjy Öwezdurdy aga 71 ýaşyndalygyna garamazdan, döredijiliginiñ gülläp ösýän iñ bir manyly, mañyzly we joşgunly döwründe. Onuñ öýünde - döredijlik otagyndaky kitaplaryny, şahsy kompýuterindäki taýyn edilip goýlan täze çeper eserleri, ylmy makalalary, terjimeleri... heniz-heniz edebiýat muşdaklaryna saldamly işleri wada berjege meñzeýär. Ol sahypamyza häzirlikçe "Ak guwlary atmañ", "Dirilik suwy", "Köne mülk" romanlaryny, "1000" goşgular ýygyndysyny, "Emgek" powestini sowgat berdi. "Emgek" powestini eýýäm sahypamyzda okyjylarymyza ýetirdik. Eseri okanlar ýazyjynyñ döwrümiziñ wawwaly meselelerini çeper dil arkaly nähili batyrgaýlyk we ussatlyk bilen gozgaýşyna şaýat bolandyrlar.
Ýakynda onuñ "Ak guwlary atmañ", "Köne mülk" we "Dirilik suwy" romanlaryny kitaphana bölümimizde okyyjylar üçin elýeterli ederis. Onuñ yzyndan bolsa "Gyrnak" we "Uzak-uzak ýyllar" romanyny, Ýusup Balasagunlydan terjime eden "Kutadgu bilig" poemasyny (dolulygyna) goýarys.


www.kitapcy.ml

kitaplary ýûklap almak û.n saýta agza bolmak hokmanydyr.
Sahypamyzdan aýrylmañ!

Edebiýat, wagt tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir