18.Etrap häkimliginiň dökün bilen üpjiň ediş böliminiň işgäri şeýle gürriň berýär.Ruhybelent etrabynda tut nahallarynyň ýetişdirilişini görmäne Aşgabatdan ýörite barlagçy geldi.Etrap häkimligi bu barlagçyny meniň ýanyma göýberipdir.Meniň bolsa Aşgabatdan gelýän barlagçylaryň agzyny gapmana uly tejribäm bar.Men bu barlagçyny görüp gezip ýören samsykdygyny bildim.Men oňa;-Ruhybelende gitmek gerek däl,ol ýerde ýekeje düýip tut nahaly hem ýok.Gowusy säňäp ýörmän öýe gidip iýip içeli.Soňra sen öz Aşgabadyňa git,menem öz işime diýdim.Emma ol etmedi we men ony Ruhybelende äkitdim.Aýdyşym ýaly bu etrapda tut plantasiýa ýok.Ekilen tut plantasiýä ideg edilmäni üçin gurap galan,mal, goýun-geçi depeläp ýok eden. Bu plantasiýa öň hem barlanypdy.Öňki barlagçylar hem ýok plantasiýany bar diýip hasabat beripdiler.Men bu ýagdaýy bu barlagça aýytdym.Ýene men oňa aýytdym,özimiň edýän işimi. Meni diýdim,etrap häkimligi seniň agzyňy gapmak üçin iberdi diýdim.Bu ýigit meniň bu sözüme köp manyly tyrjaýdy.Onda men dowam etdim.Seniň dogry hasabatyňdan kime näme peýda, emma meniň aýdanymy etseň, ýagny ýok plantasiýany bar diýseň biz seniň gadyryňy bileris,dost bolarys, bizden kömek gerek bolan wagty biz hem tamany ödäris.Häzir bolsa gidip garnymyzy doýuraly,keýip edip oturaly. Diýdim.Barlagçy razylaşdy. Menden öňkiler ýalan hasabat beren bolsa maňada dogry hasabat gerek däl.Ýor oturyşma gideli-diýdi.Şundan soň men ýörite barlagçylar üçin niýetlenen ýere getirip onuň eşek garnyny doýurdym we ol şu ýerde meniň gözümiň öňünde ýalan hasabat ýazdy.Ýalan hasabatyň bir kagyzyny menGurbansoltan eje etrabynyň häkimligine getirip berdim ýagny meniň işleýän etrabym şu .Ynha ýagdaýlar şunuň ýaly.Hasabatda men dökinçi,emma edýän işim welaýatdan bolsun,paýtgtdan bolsuň,gelýän barlagçylaryň agzyny gapmak. Onsoň bu adam öz agasynyň işi barada şeýle diýdi.Agamy daýhan birleşigiň başlygy edip goýjak boldular.Emma ol razylaşmady .Birinjiden başlygyň işi kyn.Daň blen turup gitmeli.Kärendeçiler bilen gygyryşmaly.Ondan mekdep direktorynyň işi gowy.Aýlygy gowy,işi aňsat.Mekdebe baryp gelsen bolany.Üstesine gapdaldan hem gowy düşýär.Bu adamyň maňa bu sözleri aýdyp bereninden bäri üç-dört ýyl geçdi.Dek iýun aýynyň ahyrynda maňa onuň ine şol direktor agasyhyň jynazasyna aýdyldy. Ol şu ýyl okuwy gutarýan gyzy zorlapdyr.Eşidişime görä onuň agasy okuwçy gyza,men seniň şahadatnamaňa bäşlik bahalar goýup bereýin,sen bolsa meniň bu eden ýagşylygyma meniň aýdanymy edip bir ýatyp turarsyň,mundan seniň ýitirýän zadyň ýok,barybir Aşgabada barsaň senden meniň soranymy sorarlar, ol ýerde okuwa girmek üçin hem gyzlar mugallymlar bilen ýatyp turýarlar diýipdir.Emma gyz onuň bilen razylaşmandyr we onuň agasy okuwçy gyzyň bir özini çola ýere aldap getirip, şadatnamaňy şu ýerde alyp git diyip aldap ýeke gelen gyzy güýç bilen zorlapdyr.Zorlanan gyz ýerinden turup öziniň direktor tarapyndan zorlananyny şu ýerden ata-enesine habar beripdir.Mekdep direktory gyzyň ata-enesine habar edenini eşidipdir.Gyzyň arkasynyň güýçlidigini bilýän direktor gorkunjyna jenaýat eden ýerinden gaçyp gelip öziniň mal ýatagynda sygyryň ýüpini kesip alyp özini asypdyr. Şu jenaýatyň nirede bolup geçenini aýydaýynmy.Gurbansotan eje etrabynda. Indi şu bolan jenýat hakynda Aşgabada habar edilendir öýüdýäňizmi.Elbetde ýok.Aşgabat hem şeýle maglumatlary ýygnamaz.Eger ýygnamaly bolandada Aşgabat şeýle maglumaty nirede ýygnar. Sorag gelip cykýar. Näme üçin olar ýalan hasabat berýärler.Ýalan hasabatyň üsti açylsa nähili bolar diýip gorkmaýarlarmy.Bu ýerde barlagçynyň özi hem ýalan hasabat berýär. Bu soraga jogap şeýle.Sebabi bu adamlar hiç haçan dogry sözlän adamlar däl.Beýle adamlarda dogry söz bela getirýär diýen düşünje bar.Bu adamlar dogry işläp peýda gören adamlar däl.Bu adamlar arkama-arka ýalan sözläp, hemişe saman astyndan zuw göýberen adamlar.Olar ömrini diňe para berip iş bitiren adamlar.Üstesine olar hiç haçan ynsaply, halal adama duşan adam däl, duşsalarda olary diňlän adamlar däl.Olaryň ata-eneleride halal adamlar bolmadyk.Olaryň mugallymlaryda ýaňy mysal getirilen haramzadalardan bolan. Ýalan hasabat bermek bolsa hemme edaralarda giňden ýaýran.Ýalan hasabatyň döremeginiň birnäçe uly sebäbi bolýar.Şolardan biri bu iş etmegiň uslybyny bilmezlik,ýagny bu ýagdaý ýene parahorluga baryp direnýär.Parahor okuwy pul bilen gutardy we ol işlemäni bilmeýär.Ol diňe ýalan sözlemäni bilýär.Parahorlar dogry durup zähmet çekip gün görenden ýalan sözläp,her dürli dinden çykmalar edenlerini gowy görýärler.Şonuň üçin olar barlagçynyň agzyny gapmak üçin ýörite iş geçirýärler.In sada barlagçy üçin bir oturyşma edýärler.Eger gelen barlagçy muňa kanagat etmese we onuň barlaýan işi wajyp bolsa we üsti açylyp jogapkärçilige çekilmek mümkinçiligi bolsa onda bu barlagça para hökmünde pul hödürleýärler. Barlagçy puly hökman alaýmaly.Bu diňe berilýän paranyň mukdaryna bagly.Eger barlagçy berilen puly az görse indi onuň üstinden arz etmek başlanýar .Munuň üçin şeýle sözler aýdylýar.Köplenç barlagçynyň öz göýberilen edarasyna arz edilýär ýada bu hilli işi bitirýän araçylara ýüz tutulýar.Araçylar dürli hilli edaralara degişli bolup biler.Araçylar öň para berip iş bitien adamlar.Araçylar bolup käwagt aýallar, barlagçynyň ýakyny, her hili jenaýatçylar hem bolup biler.Her dürli ýol bilen barlagça täsir etmek başlanýar.Eger barlagçy soraýan puluny azaltmasa onuň özini garalamak işi başlanýar.Ony her dürli jenaýatlarda aýyplap indi onuň özini barlamaly edýärler.Gorkan barlagçy berilen pula razy bolup işi kanagatlanarly edip ýapmaly bolýar.Käbir barlagçylar puldan daşary para almanyň başga görnüşlerini hem edýärler.Şolardan has köp ýaýrany bu küntiçilik .Bu ýagdaýda barlanýan edara özini satýan aýal-gyzlar bilen gepleşip oňa ýörite aýal tapyp berýärler. .Biz Aşgabatdan gelen barlagçynyň garnyny mazaly doýuryp Aşgabada gidýän otla mündirip goýberdik.Şeýdip biz ýene bir barlagçydan sypdyk. Şu sözlere gelenimde men özime,diňe parahorluk barada sözläp hemmäni bizar edäýdim öýüdýän,şonuň üçin okyjylara başga näme hödürlesemkäm diýip oýlanyp,gel okyjylara Soýuz döwüri barada käbir maglumatlary bereýin,çünki talyplar Soýuz döwüri barada hem bilse gowy bolar diydim we bu barada ýazmana başladym.Häzir goýup gidýän temamyza bolsa biz häli gaýdyp geleris,eger maňa päsgel bermeseler, emma siz goldasaňyz maňa hiç kim päsgel bermez.Siziň goldawyňyz meniň üçin möhüm.Meni okaýan adamyň sanynyň köp bolmagy bu meniň goldawym.Dowam edýäs.Soýuz döwüri barada ýatlamalar meni ilkinji bolup sary rus gyzlaryna tarap alyp gidýär.Bu barada birinji ýatlama meni bäşinji synpda okýan wagtymda keselhana düşüp şol ýerde gören rus gyzyna äkidýär.Turuwbaşdan aýytmaly,rus gyzlary biziň türkmen gyzlarymyzdan tapawut berýär.Bu gyz eger çyksa medsestra bolup işleýän gyzdy we men bu gyzy görsem oýnap ýören oýnumy goýup ol gyza seredip galýardym.Eger men bu gyzy söýdim diýsem onda meniň ýagdaýy uladyp aýytdygym bolar,emma men bu gyza üns berip men ondan näme gözlänimi häziki döwürde hem aýdyp biljek däl.Eger çyksa men eýýäm şol döwürde aýalzadyň başga zatlardan näme bilen tapawut berýändigine düşünjek bolup synanyşan bolmagym mümkin.Eýýäm men 9 we 10-njy synpda okaýan wagtymda indiki duşan rus gyzyna seredip başladym we edil şu wagt kelläme geldi rus gyzlary türkmen gyzlardan uly tapawut bermeýär emma men birnäçe setir mundan öň rus gyzlary türkmen gyzlardan tapawut berýär diýdim we bu sözmiň bir bölegini yzyna gaýdyp alýaryn.Haçan men ruslar barada aýydanymda meni lkinji bolup rus aýal-gyzlary barada aýytjak,çünki Orsýeti saklap duran,bu döwleti güýçli döwletleriň hataryna goşup duran elbetde rus aýal-gyzlary.Rus aýal-gyzlarynyň bir böleginde watançylyk duýgusy örän ösen.Watançylyk düýgusy näme bilen ölçenilýär bu elbetde maşgala bolup oturmak,nesil terbiýeläp ýetişdirmek,aýalyň erkege bolan söýgisi, watana hiç bir tölegsiz hyzmat etmek.Watana tölegsiz hyzmat etmek biz türkmenlerde ruslara garanda örän pes we biz bu ýagdaýy nazara alyp öňe hereket etmeli ýagny geljekde watana tölegsiz hyzmat etmäni bilmeli.Soýuz barada gürrüň etjek bolsaň Orsýet barada gürrüň etmän bolmaýar,çünki Soýuzyň diregi häzirki Rus döwletidi.Näme üçin Soýuz dargady diyip birinji sorag gelip çykýar we biz bu soraga şeýle jogap berýäris.Ykdysady taýdan güýçli ösen Sowet Soýuzyna 80-nji ýyllara gelip ýurdy ýurt edýän,adamy adam edýän ýene bir möhüm soraga jogap bermeli boldy we şol wagtyň hökümeti bu soraga ters jogap berdi. Bu sorag ynsan hukuklary baradaky soragdy.Öňden tejribesi bar bolan Orsýetiň bu soraga ters jogap bermegi umuman düşüner ýaly zat däl,sebäbi ynsan hukuklary baradaky uniwersitet Orsýetde eýýäm ýüz ýyldanda köp wagt öz işini dowam edýär we eger çyksa şol wagtyň hökümet ýolbaşçysy bu ýagdaýy hasaba almady we Soýuzy dargatjak güýçlere itergi berdi.Soýuzy dargatjak güýçler bolsa ýok däldi we şolardan biri bu paraholukdy.Görýäňizmi, biz ýene parahorluga gelip direndik.Indi Soýuz hähili ýaşamaly diýen soraga şol döwüriň hökümeti şeýle jogap berdi ýagny;-Soýuz köp milletli döwlet, bu millrtler ösişiň dürli basgançaklarynda durýarlar we adam hukularyny olar üçin deň berip bolmaýar,ösişiň pes basgançaklary üçin hukugy bermek mümkin däl diýdi we bu sözler halkyň arasyna ýaýrady.Soýuzyň halkynyň arasynda agzyalalyk başlandy. Milletler bir bolup bir döwletde ýaşamakdan ýüz dönderdi.Bu ýagdaýdan Soýyzyň dargamagyndan peýda görýän gara ghüýçleriň pajarlamagy gelip çykdy we agzyalalygy öňkidende beter ösdirip dawa-jenjellere getirdi.Ýurtda her dürli hukuk bozulmalar ýaýrady Aýratynam milletara dawalar, halkyň halys degnasyna degdi we olar bölünmäne başlady.Dargaýan ýurdy Orsýet bitewi alyp galjak bolup synanyşmady, tersine Orsýetiň hökümeti ýurdy dargadýan karary çykardy we Soýuz dargady.Haçan Soýuz dargandan soň Soýuzy dargadanlar ýalňyşanyny bildiler emma giç boldy. Sebäbi Soýuz dargap onuň ornuna gelen täze hökümet indi öz eýelän ýumşak kreslony hiç kime beresi gelmedi.Ynsan hukulary düşünjesi Soýuzyň dargamagynyň esasy sebäbi bolup durýar, emma hukuk barada ters düşnjeleriň emele gelmeginde hökümet kararlarynyň bärden gaýytmalary, syýasy düjünjesizlik,ykdysady ösişleriň pesligi,ulyly-kiçili jenaýatlar, halk arasynda ýaýraýan yza galak düşünjeler sebäp bolýar.Soýyzyň düziminde 15 respublika we 30-dan gowurak awtonom respublika, awtonom okrug bardy.Soýuzyň paýtagt şäheri Moskwady.Haçan Soýuz darganda 15 respublika özbaşdak boldy.Emma awtonom respublika we awtonom okruglar özbaşdak bolup bilmediler.Orsýet häzirki döwürde özbaşdak boljak bolup synanyşan awtonom milletleri öz düziminde güýç bilen saklaýar.Bir milletiň başga bir milleti dürli hilli ýollar bilen güýç bilen tabyn etmegi bu dünýä ýüzünde az ýagdaý däl. Onsoňam siz bilmelisiňiz.Mysal üçin,häziki döwür gul eýýeçilik döwüri däl.Bu kagyz ýüzünde köp gezek köp döwletler tarapyndan tekrarlanan. Şuňa garamazdan häzirki döwüre çenli aýal-gyzlaryň jynsy taýdan gul edilmegi saklanyp gelýär.Munuň özi nämäni görkezýär, gul eýeçilik döwriniň täzeden gelmeginiň ähtimallygynuň ýokarydygyny, eger siz şu ýagdaýa garşylyk görkezmäne taýyn bolmasaňyz.Kabul edilen kanunlar öz-özinden hereket etmeýar.Bu kanunlaryň berjaý edilmegi üçin kanunlary amala aşyrýan adamlar topary we pul gerek.Pulsuz häziki döwürde birjikde kanunyň amala aşjagyna ýnam ýok.Eger pulsuz amala aşyrmaly bolsa onda döwlet öň aýdyşym ýaly watana, halka tölegsiz hyzmat edýän adamlary, adamlar toparyny ösdirip ýetişdirmeli.Gynansakda biziň ýurdymyzda şeýle toparyň döredilenine ynam az.Eger bar bolsada bu topar işlemeýär, edil biziň deputalarymyzyň hiç bir işi etmeýşi ýaly.Öziňiz güwä ,dek şu ýylyň içinde Türkmenistan boýunça deputatlar saýlawy bolup geçdi.Bu deputatlar telewideniýede çykyp gepläp beribilen wadalaryny berip,meni deputat edip saýlasaňyz men size şu ýagşylyklary ederin diyip ýaňradylar.Emma biz öz deputatymyzyň ýüzünäm görmedik,ol biziň bilen duşyşyk geçirmedi,biz ony saýlamadyk,biz saýlawada barmadyk.Saýlawlary saýlawy gäçirýän komissiýa saýlaw kagyzyny guta taşlamak bilen geçirdi.Saýlawlara 92-97 göterim adam gatnaşdy diyip aýydýan Türkmenistanyň saýlaw merkezinin hasabaty ýalan.Bu saýlaw merkezi piliň gulagynda uklaýan sam-sam adamlar toparyndan durýar.Olar bütin türkmen halkyny utanmazdan göz-görtele aldaýar.Olar hemişede aldap gelýär, biziň halkymyz bolsa olaryň ýalan sözleýändigini bilsede ýalan sözleýänlere sen ýalan sözlediň diýmeýär.Gördiňmi biziň ýurdymyzda halkyň hukuk derejesiniň nähili pesdigini.Deputatlar bolsa çyna berimsiz ýalandan deputat bolmak oýnuny oýnaýar. Bu olaryň entek deputat bolmanka aýydan sözlerinden belli.Üns berýäňizmi olar näme diýýär.Olar halka şeýle şert goýýar ýagny, eger siz meni deputat edip saýlasaňyz men size şu aşakdaky ýagşylyklary ederin diýýär,ýogsa ol öz halky üçin hiç zat etjek däl eken.Olar entek deputat bolmanka olaryň halka tölegsiz hyzmat etmek endigi bolmasa, olar nähili ýol bilen deputat bolandan soň halka tölegsiz hyzmat etjek ekeni , bu zatlaryň üstine eýýäm ol deputat bolmanka indi etjek işi üçin halkdan töleg soraýar.Meniň näme diýýänime düşindiňizmi.Düşünen düşünmedige nähili dogry düşünmelidigini aýytsyn. Ýene bir gezek deputatyň nähili sýlanmalydygyny aýydaýyn. Deputat halka siz meni saýlasaňyz diyip şert goýmaly däl.Halka deputat hökmünde hyzmat etmek olaryň arassa ýüreginden tölegsiz gelip çykmaly we eýýäm deputat bolmanka ençeme ýyllar halk üçin mugt, tölegsiz işleri eden bolmaly,emma biziň saýlanan deputatlarymyzy hiç haçan görmändigimizi nazara alsaň onda olar özlerini halkdan ýokary goýýandygy görinip dur we olar deputatlyk borjyny halk üçin dälde öz hususy aladasy üçin eýeländigi belli. Deputatlaryň halk üçin hiç zat etmeýäniniň ýönekeý subutnamasy hökmünde şu ýagdaýy mysal getireýin.Öziňiz bilýäňiz Türkmenistn gurak ýurt hasaplanýar we tomsuna biziň ýurdymyzda ýgalyň ýoklugy sebäpli aýratynam oba ýerlerde tozan köp turýar.Bu ýerlerde tozanyň turmagynyň ýene bir sebäbi bar.Bu agyr tehnikalaryň oba ýerlerde köp işlemegi.Tozan biziň üsti-başymyzy zaýalaýar, tamymyza girip öý goşlaryna siňýär, tehnikalarymyzy zaýalaýar, saglygymyza zyýan ýetirýär, iş önderijiligimizi peseldýär.Şuňa garamazdan ne döwlet tarapyndan nede hususyýetçiler tarapydan köçelere suw sepilmeýär,emma deputatlar wada berdi ahyry, siziň ýaşaýyş derejäňizi ýokarlandyrarys diýip.Köçä suw sepip bilmedik deputat başga bir çylşyrymly işleri nähili etsin.Näme üçin olar ýalan sözleýärler. Töwerefgiňize serediň deputatlaryň halk üçin wajyp bir işi edenini gödüňizmi. Yok.Häzirki getirjek delilim deputatlarymyzyň umuman wadasynda tapylmaýanynyň ýene bir subutnamasy.Soňky döwür näkanuny ýer eýelemek möwç urýar.Eger öňler näkänuny boş ýatan ýerler eýelenýen bolsa indi boş ýatan ýerleriň galmandygy üçin ýollar, kanallar ýaplar,baglar,köpriler,zeýkeşler,hajathanalar, dükanlar, mekdeplere,çagalar bagyna drgişli ýerler eýelenýär.Iň ýamany kärende ýerlere barylýan ýollaryň eýelenmegi.Indi öz ýeriňe baryp ýygan pagtaňy alyp çykmak üçin ýol ýok,çünki bu ýollar eýelenýär, ekin ekilýär. Üstesine bu ýoliarda agyr hususy tehnikalaryň toprak we çäge daşaýany üçin pyýadanyň,eşek arabanyň, ýeňil maşynlaryň ýöräp bilmeýänligi sebäpli ýetişdirilen pagta we bugdaý hasylyny ýol ýok sebäpli çykaryp bolmaýar we iň soňunda mal iýip gidýär.Arçynlyklar bu iş bilen meşgullanmaýar,emma deputatlar näme edýär.Bu hilli guramaçylyk işleri olara hem degişli we daýhanlara ýerden ýokary hasyl almak ýüçin olar hem kömek etse bolardy ahyry.Ýetişdiren hasylyny ýol ýok sebäpli döwlete tabşyryp bilmeýän daýhanlaryň eli işden sowaýýar we hasyl meýdanda galýar.Onsoňan nämä üçin arçynlyk bolsun,deputatlar bolsun ýada hukuk goraýjy edaralar bolsun näkanuny ýer eýeleýänler bilen göreş alyp barmaýar. Näme üçin Türkmenistanyň näkanunu ýer eýelemek,ýer näkanunu alyp-satmak baradaky jenaýat kodeksiniň maddalary işlemeýär.Indi bolsa Soýuzyň düziminde bolan Ata watan barada aýydaly. Ata watan barada bilmek zerur.Onuň häzirki döwrinäm,geçmişinäm bäş barmagyňy sanap bilişiň ýaly bilmeli.Bu hem hemmesi däl,öz ýurdyň geljegi barada hem oýlanmaly.Öz ýurdyň gelgegini öz eliň bilen gurnajak bolup çytalaşmaly,çünki sen şu ýurtda ýaşamaly.Bu ýurtda sen öleniňden soň seniň nesilleriň hem ýaşamaly.Ýurdyň ykbalyna sowuk sala bolmak öz ýkbalyňa tüýkürmek.Öz ýurdyň parhyna barmazlyk, onuň abraýyny we mertebesini goramazlyk, ýurduňa zyýan ýerirmek diýmek bu wagty gelende öz ýurdyňdan dynyp ýurtsyz galmagy aňladýar.Öz watany ücin hic zat etmeän adam köp.Bu adamlar köplenç nägile bolýarlar, ýurtda bar bolan kemiliklerden.Ýöne olaryň özleride ýurtda gowy bolmagy üçin hiç zat etmediler.Bu eýýäm öz-özünden bellidir,öz ýatyp turjak ýeriňi özüň arassalamasaň başga biriniň arassalap bermejegi.Onsoňam bu hilli adamlar başganyň hasabyna ýaşajak bolup azara galýarlar.Dogrusyny aýytsam başganyň azabyna ýaşaýan adam azam däl, bu hilli adamlar hemme ýurtda bar şol sanda biziň ýurdymyzda hem.Talyp ýaşlar okuwyny gutaryp iş ýerine bararlar.Şol ýerde bolsa olar her hilli adamlara duşarlar. Ýene bir gezek tekrarlavan biziň türkmen ýaşlarymyzyň göreşijilik ukyby pes.Şu wagta çenli türkmen ýaşlarynyň haýsydyr bir ýurt bähbitli,halk bähbitli şygary öňe sürüp çykyş eden wagty ýok.Tükmenistanyň ýaşlarynyň dünýä arenasynda hem bitiren işleri bilen ady tutulmaýar.Ýöne bir zat.Hemişe biparh bolup ýaşap bolmaýar.Öz ýurdymyzyň içindede olaryň iň bolmanda özleri üçin edýän işleri halka mälim bolmalydyr.Iň bärkisiTürkmenistanyň okuw sistemasyndaky parahorluk, tarapgöýlik,sowatsyzlyk ýaly kemçilikler bilen ýaşlaryň özleri göreşip bilerdiler. Munuň üçin amatly şertler ýok däl.Internet olar üçin göreşmegiň guraly bolup bilerdi.Ýaşlaryň parahorluk bilen göreşmegi birinji nobatda özleri üçin gerek. Hakykatdan hem ýaşlar parahorluga garşy göreşip tejribe artdyrsalar soňabaka olar başga ugurlarda hem göreş alyp bilerdiler we häziki döwürde nesil yzarlaýan haramlygy biraz wagtdan ýok ederdiler.Häzirki döwürde türkmen ýaşlarynyň örän köp bilmegi, örän köp zada dogry düşünmegi we örän köp işlemegi zerur.Şonda olar käbir üstinliklere eýe bolmagy mümkin.Olar meniň bu aýydanlaryma ýaltaçylyk bilen hem jogap berip bilerler, ýöne bu ýagdaýdan olaryň özleri utularlar.Türkmen ýaşlary häzirki döwürde köp kynçylyklary başdan geçirýärler. Bu olaryň mundan öň öz durmuşyny gowylandyrjak bolyp synanyşmanlygyndan. Häzirki döwürde türkmen ýaşlarynyň ykbaly bilen gyzyklanýan ,olaryň görýän kynçylyklaryny ýeňletjek bolýan birjikde gurama ýok,bar bolan ýaşlar guramalarybolsa biziň ýurdymyzyň ähli hökümet edaralaryna däp bolan ýalan hasabatlary berip otyr.Häzirki döwürde hökümeti, halky aldamaýan edara Türkmenistanda ýok bolsa bolsa gerek.- Türkmenistan Soýuzyň düziminde bolan ýurt.Taryhdan bilişime görä Türkmenistan 1924-nji ýyldan Türkmenistan Soyuz Sowet Respublikasy adyny alyp SSSR-iň düziminde 1993-nji ýyllar aralygynda boldy.Siziň üçin has öwrenimän galan aralyk şu bolýar.Dogry bu döwür barada ýazyjy-şahyrlar, taryh,edebiýat käbir maglumatlary berýär,ýöne bu maglumatlar diňe döwletiň bähbitleri üçin berilen we bu döwürde döwletiň, hökümetiň göýberen ýalňyşlyklary dolulygyna berilmeýär.Mysal üçin, döwletimiziň sol döwür üçinem, häziki döwür üçinem göýberýän, ulu bir ýalňyşlygy bar.Gürrüň kolhoz gurluşygy döwründäki edilen genaýatlar barada gidýär.Siz aýdarsyňyz,häzirki döwüriň jenaýatlary yzarlanmaýarka köne döwüriň jenaýatlaryny yzarlamak nämä gerek.Göräýmänä bu söz dogry ýaly, ýöne men size şu bilýänlerimi aýydaýyn welin meniň bu sözümde jän bär ýaly duýular.Muny men öz ýaşaýan ýerimiň taryhynyndan mysal getirip aýytsam size has hem düşnikli bolar.-Meniň dogduk mekanymda kolhoz gurluşygy 1928-nji ýbylda başlanypdyr.Kolhoz gurulmazdan ozal bu ýerde oturymly,ýeterlik gurply ýaşaýyş bolup esasy girdeýji şol bir ekerençylykdan we maldarçylykdan alynypdyr.Sowda hem ýaman däl eken.Bu ýeriň söwdägärleri zatlaryny Aşgabada hem äkidipdirler we Aşgabatdan zat hem äkelipdirler.Bu ýere ol döwürde umumy bir at berilipdir ýagny Horezm ülkesi diýilipdir.HaçanTürkmenistan özbaşdak respublika bolandan soň,paýtagt Aşgabadyň bu ýere tasiri güýçlenipdir we indi Daşoguzuň halky öziniň köp meselelerini Aşgabatdan çözipdir.Kolhoz gurluşygy ýyllary galagoply ýyllar bolup biziň bu ýerimiz hem ölim-ýitimli bolupdyr.Bu döwür barada bize ýetip gelen gürrüňler öziniň sadalygy we birmeňzeşligi bilen tapawutlanýar, munyň sebäbini bolsa şeýle düşündirse bolar.Ol döwürde hem gören zadyňy gördim diýip dogry durup aýytmak kyn eken edil biziň häzirki döwrümizdäki ýaly,onsoňam gören zadyňy hökümet adamlary edýän bolsa has bete rbu ýagdaýy aýdyp bolmaýan eken, üstesine hökümetiň bu adamlary kanundan çykma işleri etselerem bu barada maglumat berýan adamlar olara aýyplama ýüklemäniň ornuna olary öwüp çykyş etmeli eken edil biziň döwrimizdäki ýaly.Eger kimdir birine dogry sözi aýytmak we ýaýratmak başartsa bu adamy yzarlap ony janyndan doýurýan ekenler we iň soňunda bu adam bu ýeri taşlap gidýän eken.Bolup geçen wakalary bolsa hiç kim dogry söz bilen aýdyp bilmeýän eken.Dogry sözi aýytmak diňe Aşgabatda ýaşaýan ýada Aşgabatda güýçli arkasy bolan adamlara başardýan eken,ýöne olaryň aýydan dogry sözi bütin ýurt boýlap ýaýramandyr,sebäbi käbir etrap häkimleri we kolhoz başlyklary Aşgabatdan gelýän buýruklardan gorkmandyrlar.Aşgabadyň buýruklaryny ýerine ýetirmäniň ornuna olar para berip özüne ynalynan ýerlerde gul-feodal gatnaşyklaryny girizip halka çendençykma näkänuny azar beripdirler. .Aşgabat olaryň edýän jenaýatlaryny bilmändir diýmek ýalňyş, ýöne Aşgabada bu haramlardan iberilýan paranyň mukdary örän köp bolup Aşgabat üçin bu pullar örän zerur bolupdyr, sebäbi Aşgabat şeýle köp mykdardaky pullary önimçiligi ösdürmäniň ýada söwdanyň hasabyna tapyp bilmändir we bu ýagdaý biziň ýurdymyüzda häzire çenli saklanyp gelýär.Indi size düşnikli bolandyr,näme üçiň biziň ýurdumyzda paranyň saklanyp galýanynyň sebäbi.Döwlete öz strukturalaryny saklamak üçin pul gerek.Döwlet bolsa pu pullary nireden aljagyny bilmeýär çünki döwletiň wezipeli adamlarynyň köpisi bu işi para berip eýeledi we olarda işläp pul tapmana ukyp ýok.-Edil şu sözleri size ýazýan günüm Daşoguzyň baý bazaryna gitdim .Birinji bolup benzin bilen ot orýan orak üçin zerur bolan ätiýaç şaýyny almana girişdim.6-7 sany satyjy ady tutulan orak üçin ätiýaç şalaryny satyp otyr.Maňa iki hilli şaý gerek.Birinji satyjydan bu şaýlary sorasam birinji şaýy 5 manat,ikinji şaýy 70 manat diýdi.Ikinji şaýyň bahasyny gymmat görüp bahany gaýdyp bermegini soradym.Ol ýok diýdi.Men ony öz aýdanyma yrjak bolup dogry gelen söwdany gaçyrmazlygyny soradym.Ol indi maňa gaharlanyp;-Almasaň alma,ot-suw islänok, durubersin diýdi.Men ony yryp bilmedim we başga bir şaý satyan dukanyna girdim.Birinji şaý onda ýok eken we men ondan ikinji şaýdan gaýdyp bermegini soradym.Onda ol meni sylaýan ýaly edip;-Ýaşuly, sen ýene bir gezek aýlanyp gel diýdi.Onda men oňa edil şu sözi ýene bie satyjynyň aýdanyny we olara meni bazarda aýlandyrmakdan ne peýdadygyny,iň bolmanda bu ýeriň şehitlik ýada öwülýä däldigini aýytdym.Meniň bu sözim oňa ýokdy öýüdýan ol ýylgyryp 70 manatdan 5 manat gaýdyp bu şaýy maňa berdi.Men indi ýene yzyma gaýdyp gelip 5 manatlyk birinji şaýy satyn almak üçin başdaky satyjynyň ýanyna geldim we şol şaýy maňa satmagyny soradym. Emma indi ol maňa bu şaýyň bahasynyň 8 manat bolandygyny aýytdy.Men garşylyk görkezdim.Men oňa ýaňyja bu şaýa 5 manat dyiyp baha kesendigini, indäm bolsa 8 manat diyip nähak baha galdyrýandygyny aýytdym.Ilki bilen ol meniň bu sözümi ýaňsylap yrjaýdy soňra maňa gaharlandy.Ol öziniň şeýle etmäne hakynyň bardygyny we şeýle etjekdigini maňa aýdyp,soňra maňa kemsidiji sözleri aýytdy ,ýagny meniň elimden gelse onuň üstine asmany çekmelidigimi,öziniň bolsa hiç kimden we hiç zatdan gokmaýandygyny aýdyp maňa haýbat atdy.Bu birinji başdan geçirme.Indi ikinji başdan geçirme. Daşogyzyň köne uniwermagynyň girelgesi 2sany bolup olaryň biri ileri tarapda.Ine şu girelgeden geçip barýarkam uruşýan 4-5 aýallaryň üstünden bardym.Olaryň biri erkek adam bolup olar jem bolup bir aýaly süýräp,çekeläp hem urup durdylar.Bu uruşýanlaryň hemmesi özbeklerdi. Aýalyň satyn alan zatlary şu ýerde pytrap ýatyrdy.Nen urulýan aýalyň ah-wahyna durup bilmän olary araladym we meniň dawa goşulanymy gören erkek adam aýaly urmasyny goýup gaçyp gitdi.Gepiň gysgasy hem uranlar hem taýak iýen aýal bu ýerden gidip galdy.Olaryň ornuna şu uniwermagyň dukançysy maňa gygyryp ugrady.Bu aýal özbek bolup onuň ýanynda gyzy hem bardy.Men ondan näme üçin ol aýaly urandyklaryny sorasam biz ol aýaly urmadyk diýdi.Onda men olaryň bu aýaly urandyklaryny gözüm bilen görendigimi aýytsam,bu satyjy gyzy bilen meni itekläp uniwermagdan kowup başlady.Men olara dukandan kowmana hakynyň ýokdugyny aýdanymda bu uniwermagy olaryň satyn alandygyny, meniň bolsa olaryň dükanyndan güm bolmagymy,meniň elimden hiç zadyp gelmezligini,çünki olar hiç kimden gorkmaýanyny aýdyp dükandan itekläp çykardylar.Gördüňizmi,şaý satýan bilen uniwermagyň dükançysynyň maňa aýydan sözleriniň birmeňzeşdigini,ikisäm maňa seniň eliňden hiç zat gelmez diýýärler.Munuň özi hakykat.Men olaryň üstinden arz edip görjek boldum we oýlanyp otursam elimden hiç zat gelmejekdigini bildim.Eger men arz edenimdede kime arz etmeli.Bazaryň polisiýa bölimine bolsa gerek ýada prokuraturamy.Ýöne göz öňüne getiriň. Menden öň näçe adam olaryň üstinden arz edendir we her gezek bazar polisiýasy olardan para alyp goýberendir.Biziň ýurdymyzda para berimeýän ugur ýok ahyr.Bazar ýolbaşçylarynyň we bazar polisiýasynyň para alýandygy eýýäm bazara girip töweregiňe seredeniden belli.Mysal üçin, söwda etmek Soýuzyň döwründe okap diplomy bolan adamlaräa rugsat berilýärdi,emma Daşoguzyň bazarlarynda söwda edýänlerden diplom sorasaň olar seniň ýüzüňe seredip diplom diýýäniň näme diýjegi belli.Ynha Soýuzyň birinji üstinligi.Soýuz döwründe söwda etmek gaty kyndy.Okuwçy ýaşlara bolsa umuman mümkin däld.Soýuz döwründe okaýan adamlar okuwdan başga zada ünsini sowmaly däldi.Olara diňe pagta ýygym döwründe pagtaçykşlara kömek bermäne rugsat berilýärdi.Bar bolany şu.Soýuz döwründe okuwçynyň okuwdan galmagy gaty kyndy.Mekdeplerde partalar dolup durmalydy.Emma biziň häzirki döwrimizde mekdebe gelip synp otagyna girýän okuwçýnyň sany käwagt bire deň bolýär.Okuwçylrdan okuwa gatnaşyk barada sorasaň olar gülkünç zatlary aýydýarlar.Alty aýlap bir gezegem mekdebe barman , a harpyny tanaman, ýazyp, okap bilmän , mekdebe barmanyň ornuna goýun-geçi bakyp ýada gurlyşykda işläp ýada gapy hyzmatkäri bolup ýören okuwçy ýaşlar Soýuz döwründe ýokdy. Görýäňizmi Soýuzyň üstinligini.Meniň mekdebe gatnan gyzymdan mekdepden derrew gaýdyp gelmeginiň sebäbini sorasaň bu gün klasdlarynyň mekdebe gelmänligini, onuňam bir öziniň mekdepde oturmana utanýandygyny aýdardy.Ynha şu ýagdaý Gurbansoltan eje etrabynyň 53-nji orta mekdebinde bolup dur.Ýadyňyza düşýämi eger biz adam hukularynda şu wagta çenli gazanan üstinliklerimizi goramasaňyz gul eýeçilik döwri derrew bizi basmarlar diýenim.Özäm hut mugallymlaryň özi býirinji bolup gul eýeçilik döwrini girizerler çünki okuçylary gapy hyzmatkäri edýän bu mugallymaryň özi. Ady tutulan mekdebiň direktory Babaýew Amangeldi we onuň aýaly Mamagül eýýäm näçe ýyllardan bäri gapysynda uly ýaşly okuwçylary hyzmatkär edip saklaýar,edil şu wagt hem olaryň gapysynda ýatarlaýyn11-nji synp okuwçysy işleýär.Bu okuwçy mekdebe barmaýar diýen ýaly.Meniň bu aýydanym bu mekdep mugallymlarynyň ýeke-täk edýän edýän jenaýatlary däl,men bu mekdep barada size giňişleýin aýdaryn,çünki bu mekdepde bir wagt özüm okadym.Ine meniň Daşoguzyň baý bazarynda başdan geçiren wakam we oýlanmalarym.Indi üçinji başdan geçirme.Baý bazaryň içinde biwagt turan tüweleý ýaly bolup ýörişime aptekden derman alyp gideýindiýip ýol ugruna dogry gelen aptege girdim.Aptekçiden analgin soradym.Aptekçi aýal meniň öňüme diklofenak tabletkasyny pyzgydyp goýberdide pul bererime garaşdy.Men bolsa oňa diklofenak dälde analgin soranymy aýytdym.Aptekçi analgin ýok diýdi.Onda men näme üçin analgin ýok diýdim.Onda aptekçi maňa şu ýerden daş bolmadykl aptekde analginiň satuwda bardygyny aýytdy. Onda men ondan salgy berýän apteginde analginiň bardygyny nireden bilýändigini soradym.Ol jogäp bermedi .Onda men oňa aýydýan apteginde analgin bar bolsa näme üçin onuň öz apteginde analginiň ýokdugyny, onuň hem analgini getirip goýanda gowy boljakdygyny aýytdym.Emma ol ýene hiç zat diýmän ters bakyp otyrdy.Onda men ondan analgini gapdala satan bolma diyip soradym.Ol ýok diydi.Onda men oňa seňiň aptegiňde ýok dermanlary ýeriň teýinden gymmatbaha satyp oturan adamlar bar diydim.Ol ýene hiç zat diýmedi.Edil şu wagt meniň ýadyma içagyra garşy dermanyň hem gerekdigi ýadyma düşdi we men indi Lopap soradym.Aptekçi bu dermanyň hem ýokdugyny aýytdy we men indi ýöne hiç zat diýmän gaharlanyp çykyp gaýytdym.Ine şu ýagdaýa Jelaleddin Rumydan bir söz aýydaýyn.Bir gezek bir gysganjyň öýüne diwana gelip ondan dilegçilik edipdir.Dilegçi başda ondan pul sorapdyr.Gysganç mende pul ýok diyipdir,onda diwana ondan çörek sorapdyr, gysaganç ýene mende çörek ýok diyipdir,diwana indi ondan suw sorapdyr, gysganç suw hem ýok diyipdir.Gepiň gysgasy diwana näme sorasa gysganç hem bilegöra şol zat ýok diyp diwananyň üstinden gülüpdir.Diwana onuň bilegörä edýänini bilip birden onuň jaýynyň içine böküp girip derrew tezekläpdir.Gysganç onuň ýakasyndan tutup edýäniň näme diyipdir.Diwana eden işini delillendiripdir.Ol gysganja;-Men haýsy zady sorasam sen bu zat mende ýok diýdiň we men bu öýi umuman boş jaýdyr diyip oýladym we boş jaýyň bardygyny eşidip meniň içagyrym birden gozgady we men içagyryma erk edip bilmän seniň jaýyňa tezekledim diyipdir.Rumynyň şu sözündfen ugur alsaň baý bazaryňam köp dükanlaryny hajathana edäýmäne dogry gelýär. Meniň bu sözimi tassyklaýan örän bir wajyp, çendenaşa masgaraçylykly ýagdaý Daşoguzyň awtobus wokzalynda bolup gecýär.Hiç kime bildirmän assajykdan bu ýerde nämäniň bolup geçýänini öziňiz görüň.Gündiziň güni hemmäniň gözüniň öňünde erkekler we aýallar awttobus wokzalyna gelip hajathana tapman şu ýerde bar bolan transformator bekediniň arkasyna gizlenip hajat edýärler.Hajat edýänler özleriniň Magtymguly şaýolyndan geçýän ýolagçylara görünip duranlaryny bilmärler.Bilselerde olrda alaç ýok. Öýüne gitmäni maksat edip bu ýere gelen adamlar indi yzyna gaýdyp bazaryň içinde bar bolan hajathanalara gitmäne ýaltanýarlar ýada bazar içindäki hajathanalaryň hemmesi tölegli.Bu ýerde bolsa olar mugt hajat edýärler,ýöne masgara bolýarlar.Galanyny öziňiz göräýiň.Meniň bu aýydanym Daşoguzlylara has gyzykly bolsa gerek.Kimde mümkinçlik bolsa şu awtowokzalyň üstünden düşüp şeýle masgaraçylygy döredýän jogapkär adamlara jeza bereniňizde has gowy bolardy.Ýeri gelende aýydaýyn.Şeýle masgaraçylykly ýagdaý Daşoguzda häkim bolan Orazgeldiýewden bäri dowam edýär.Ondan soňra Daşoguza Gurbannazarow häkim boldy.Gurbannazarowdan soňra Baýramgulyýew.Adamlara hajathana gurup berip bilmeýän Orazgeldiýew we Gurbannazarow prezidentiň orunbasary boldular.Görýäňizmi,biziň ýurdymyzda elinden iş gelmeýän, halky masgara edýän adamlar ýokary wezipelere galýarlar.Siz näme şeýle masgaraçylygy Magtymguly şaýolyndan güni bilen iki ýana at çapyp ýören häzirki Daşoguzyň häkimi Baýramgulyýew we onuň garamagyndaky halkyň hal- ýagdaýy üçin gogapkär adamlar görmeýändir öýüdýaňizmi.Göňrýändirler.Emma olaryň biride bu awtowokzala gelip bu ýerden hajathana gözlemeýärler çünki olar bir ýere gelmeýärler hem,olar bu ýykyndy haraba gelip garamaýak adamlara goşulyp bir ýerlere gitmani özlerine kiçilik bilýärler, bu adamlar özlerini geljekde Türkmenistanyň baý adamlary we wezipeli adamlary bolarys diyip tama edýärler.Hakykatdan hem geljekde Türlmenistan baý-garyp döwletine öwrülse gerek,edil Hindistan,Pakistan,arap ýurtlary ýaly. Ýöne Türkmenlerde gadymdan gelýän däp bar.Bu däbe görä baýyň oguly baý bolýandyr.Eger siz ata-baba garyp bolan bolsaňyz nähili edip öňden gelýän däbi üýütgederis öýüdýäňiz ýada bu ýagdaý üçin hem bir zat oýlap goýduňyzmy, ýöne şeýle etmäne sizde gözýetim ýok,ýogsa siz meýdana hemmäniň göziniň öňünde balagyny aşak edip masgara bolup ýören türkmenleri görerdiňiz.Siziň bu bolup ýörişiňizi daşary ýurtlular görmeýändir öýüdýäňizmi ,ýene Türmenistanyň ösişi barada agyz dolduryp daşary ýurtlara takal okajak bolýaňyz.Ilki bilen hemme halkda kabul edilen,syrtyňy görkezmek aýyp diýen ahlak düşünjesine eýerip, hajathana gurup,hajaty şol ýerde edip, hajatdan çykyp eliňi ýuwup onsoň adamlara öwüt etseň dogry bolýandyr.Daşary ýurtlylar kör däl,olar biz barada biziň özimizden gowy bilýärler.Türkmende baý adyny almak kyn.Muny siz eýýäm baý adyny aljak bolup synanyşan adamlardan sorap görüň we biziň ýurdymyzda baý adyny alanyň özi barmy.Kimdir bir adamyň adynyň yzyna baý lakamy tirkeldimi.Onsoň siz bir şeýtançylyk bilen emläk ýygnap men baý diýeniň hiç zady aňlatmaýar,güni gelende siz bir gün hem baý bolmadyk ýaly bolarsyňyz.Şonuň üçin atyňyzy gury çapman, adam saýlamaň, men baý ol garyp diýmän häzirki gowy güniňize şükür ediň.Bu hilli was-was düşünjäniň ornuna öz kalbyňyza hemmeler bir türkmen diyen şygary giriziň, diňe öz ýurdyň halkyny däl eýsem ýer şarynda ýaşaýan ähli milletleri türkmenler diýiň.Olary türkmenler diýmek bize geljekde gerek bolar.Eger hakykaty bilmeýän bolsaňyz bilip goýuň.Gadymy milletleriň hemmesi köpisi akkadlar,şumerler,inkler, maýalar, wawilonlylar üýütgeýän tebigy we jwmgyýetçilik talaplaryna öz ýaşaýyş şertlerini dogry getirip bilmän ýok bolup gitdiler.Olar bilen bir şertlerde ýaşan türkmen taýpalaryna kynçylyk bilen bu ýagdaýdan aman,gyrylman galyp soňra san taýdan köpelip ýer şaryny doldurmak başartdy.Meniň şu aýydanymy maňa kim aýdandyr öýüdýäňiz.Elbetde Lakaşa Süýek.Siz bu ady uzak gürrüňleriň başyndan tapyp bilersiňiz.Meniň bu Uzak gürrüňlerime doly we dogry düşünmek üçin ,bu eseriň näme maksat bilen ýazylýanyny biljek bolsaňyz, uzak gürrüňleri ürç bilen okaň we siz tizara hiç haçan taryhda aýdylmadyk we indi boljak wakalaryň üstünden bararsyňyz we elbetde siz söýgiý temasynyň üstinden baryp biz hali söýginiň nämedigini bilmändirik diýersiňiz ,sebäbi siz meniň uzak gürrüňlerimi okap meniň söýgime mynasypsyňyz we Siz hemmen sizi gowy gürrüňler bilen sylagalaryn.Siz meniň uzak gürrüňlerimi okap içiňiz gataýança gülersiňiz we elbetde käbir gahrymänlaryň halyna gynanyp aglarsyňyz.

Täzelikler, beyik yazyjy tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir